Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Mukaddes Ýazgylarda gomoseksualizm barada näme diýilýär?

Mukaddes Ýazgylarda gomoseksualizm barada näme diýilýär?

23-NJI BAP

Mukaddes Ýazgylarda gomoseksualizm barada näme diýilýär?

Sylag gowşurylyş dabarasynda kino sungatynyň meşhur ýyldyzlary bolan iki gyz sahna çykyp, hyjuwly ogşaşýar. Tomaşaçylar muňa birbada geň galyp, soňam şowhunly el çarpyşýarlar. Şonda gomoseksuallar gaty begenýär. Käbirleri bolsa muny köpçüligiň ünsüni çekip, at gazanmak üçin edilen zat hasaplaýar. Indi bu waka teleýaýlymlarda gaýta-gaýta görkezilip, habarlarda we telegepleşiklerde gürrüň ediler. Munuň wideosy Internet sahypalarynda peýda bolup, millionlarça adamyň ünsüni özüne çeker.

ÝOKARDAKY mysaldan görnüşi ýaly, meşhur adamlar özüniň gomoseksualdygyny açyk aýdanda, habar beriş serişdelerinde bu barada gaty köp gürrüň edilýär. Käbirleri gomoseksualdygyny açyk aýdýan adamlary batyrgaýlygy üçin öwýärler. Käbirleri bolsa olary bihaýalygy üçin ýazgarýarlar. Ýöne olaryň alyp barýan durmuşyny adaty zat hasaplaýanlar hem bar. 21 ýaşly Daniýel şeýle diýýär: «Mekdepde okaýarkam, hatda akylly-başly oglan-gyzlaryňam käbiri gomoseksualizmi halamasaň, seni düşünjesi pes ýa-da tankytçyl adam hasaplaýardylar».

Her bir döwrüň we ýurduň gomoseksualizme bolan garaýşy biri-birinden tapawutlanyp biler. Emma mesihçiler «adamlaryň ýalan taglymatlaryna eýerip, eýläk-beýläk çaýkanýan we ýel bilen her tarapa kowulýan gaýyk ýaly bolmaýar» (Efesliler 4:14). Olar Mukaddes Ýazgylardaky kada-kanunlara eýerip ýaşaýarlar.

Eýsem, Mukaddes Ýazgylarda gomoseksualizm barada näme diýilýär? Eger sen Mukaddes Ýazgylaryň ahlak kadalary boýunça ýaşaýan bolsaň, saňa düşünjesi pes, tankytçyl ýa-da gomoseksuallary ýigrenýän adam ýaly garamaklary mümkin. Gel, bu babatda başgalaryň saňa berip biljek soraglaryna nähili jogap bermelidigiňe seredeli.

«Mukaddes Ýazgylarda gomoseksualizm barada näme diýilýär?»

«Mukaddes Ýazgylarda aýdylmagyna görä, Hudaý diňe maşgala guran erkek bilen aýala jynsy gatnaşykda bolmaga rugsat berýär (Gelip çykyş 1:27, 28; Lewiler 18:22; Süleýmanyň tymsallary 5:18, 19). Hudaýyň Sözünde ahlaksyzlyk ýazgarylýar. Muňa gomoseksualizm we nikadan öň jynsy gatnaşyk etmek hem degişli» a (Galatýalylar 5:19—21).

«Gomoseksualizme sen nähili garaýarsyň?»

«Men gomoseksuallary ýigrenmeýärin, ýöne olaryň edýän işlerini makullamaýaryn».

Ýadyňda bolsun: Seniň Mukaddes Ýazgylardaky ahlak kadalar boýunça ýaşamaga hakyň bar, sebäbi muny özüň çözýärsiň (Ýeşuwa 24:15). Şonuň üçin öz garaýşyňy açyk düşündirmäge utanma (Zebur 119:46).

«Hudaýyň gullukçylary adamyň nähili durmuş alyp barýandygyna garamazdan, hemmelere hormat goýmaly dälmi näme?»

«Dogry aýdýarsyň, Mukaddes Ýazgylarda: «Ähli adamlara hormat goýuň» diýilýär (1 Petrus 2:17). Şonuň üçinem Hudaýyň gullukçylary gomoseksuallary ýigrenmeýärler. Olar ähli adamlar, şol sanda gomoseksuallar bilenem özlerini sylaşykly alyp barýarlar» (Matta 7:12).

«Sen gomoseksualizmi makullamaýan bolsaň, olaryň özünem halaýan dälsiň»

«Ýok, men gomoseksuallaryň özüni däl-de, olaryň edýän işini halamaýaryn».

Şondan soň sen şeýle diýip bilersiň: «Ine, men çilimem çekemok, şol barada asla pikirem edesim gelmeýär. Ýöne, aýdaly, sen çilim çekýärsiň, şonuň üçinem garaýşyň meniňkiden tapawutlanýar. Emma çilim çekmek babatda garaýşymyzyň deň gelmeýändigi üçin sen-ä meni ýazgarmarsyň, menem senden gaçyp ýörmerin, şeýle dälmi? Gomoseksualizme bolan garaýşymyz babatda hem şeýle diýse bolar».

«Isa pygamber adamlara geçirimli bolmagy öwredip-dä! Onda Hudaýyň gullukçylary çendenaşa talap ediji bolman, gomoseksualizmi kabul etmeli dälmi näme?!»

«Isa şägirtlerine göwnüňe gelen zady edip ýaşamalydygyny aýtmady. Gaýtam, ol Hudaýyň „Ogluna iman eden adamlaryň“ halas boljakdygyny öwretdi (Ýahýa 3:16). Isa pygambere iman edýändigiňi görkezmek üçin, Hudaýyň ahlak kadalaryny, şol sanda gomoseksualizmden gaça durmak baradaky tabşyrygyny hem ýerine ýetirmeli» (Rimliler 1:26, 27).

«Gomoseksuallar garaýşyny üýtgedip bilmeýär, sebäbi şeýle duýgy olarda dogabitdi bolýar».

«Mukaddes Ýazgylarda gomoseksuallaryň duýgulary barada hiç zat aýdylmasa-da, erbet höwesleriň adamyň ýüreginde kök urup bilýändigi bellenip geçilýär (Efesliler 2:3). Käbirlerinde öz jynsyndaky adama duýgy dörese-de, Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň gullukçylarynyň gomoseksualizmden gaça durmalydygy aýdylýar».

Maslahat: Gomoseksuallarda döreýän höwesler barada jedelleşmän, Mukaddes Ýazgylarda olaryň edýän işleriniň ýazgarylýandygyny nygtap geç. Sen şeýle deňeşdirme getirip bilersiň: «Köpler gaharjaňlyk häsiýetiniň adamyň ganynda bardygyny, şonuň üçinem onuň gyzma bolýandygyny aýdýarlar (Süleýmanyň tymsallary 29:22). Ýöne bu şeýle bolaýanda-da, Mukaddes Ýazgylarda gahar-gazapdan saklanmalydygy aýdylýar (Zebur 37:8; Efesliler 4:31). Emma käbir adamlaryň gyzma häsiýeti bar diýip, şol tabşyrygy paýhassyz hasaplasak dogry bolarmy?»

«Hudaý gomoseksuallardan öz isleglerine garşy durmagy nädip talap edip bilýär? Bu zalymlyk bolýar-a!»

«Adamlarda öz erbet höweslerini basman, gaýtam, olara eýermeli diýen nädogry düşünje bar. Emma Mukaddes Ýazgylarda adamyň özi islese, ýaramaz duýgularyna we höweslerine garşy durup bilýändigi aýdylýar» (Koloslylar 3:5).

«Sen gomoseksualizme bolan garaýşyňy üýtgetmeli».

«Mysal üçin, men humarly oýunlary halamaýaryn. Ýöne bu millionlarça adamlaryň göwnüne ýaraýar diýip, sen meniň garaýşymy üýtgetmegimi talap etseň dogry bolarmy?»

Ýadyňda bolsun: Gomoseksuallar hem beýleki köp adamlar ýaly, käbir erbet işleri, meselem, aldawy, adalatsyzlygy ýa-da urşy halamaýarlar. Mukaddes Ýazgylarda-da bu zatlar ýazgarylýar. Ýöne olar bilen birlikde ahlaksyzlykdan, şol sanda gomoseksualizmden hem gaça durmalydygy aýdylýar (1 Korinfliler 6:9, 10).

Hudaýyň Sözünde talap edilýän zatlara paýhassyz diýip bolmaz. Ol başgalary ýigrenmäge-de höweslendirmeýär. Mukaddes Ýazgylarda ähli adamlardan talap edilişi ýaly, gomoseksuallaryň hem «ahlaksyzlykdan gaçmalydygy» aýdylýar (1 Korinfliler 6:18).

Aslynda, gomoseksual bolmadyk millionlarça adamlar hem Mukaddes Ýazgylardaky kada-kanunlara görä ýaşamak üçin, ýaramaz duýgularyna erk edip, synaglara garşy durmaly bolýar. Olaryň arasynda durmuşa çykmadyk we öýlenmedikler hem bar. Olaryň köpüsiniň maşgala gurmaga kän bir mümkinçiligi-de ýok. Käbirleriniň bolsa ýanýoldaşy keselçilik ýa-da başga sebäplere görä jynsy gatnaşyk edip bilmeýär. Muňa garamazdan, olar bagtly ýaşaýarlar. Gomoseksuallar hem Hudaýyň göwnünden turmak islese, ýaramaz duýgularyny ýeňip biler (Kanun taglymaty 30:19).

ŞU TEMA BARADA KÖPRÄK BILMEK ÜÇIN, II TOMUŇ 28-NJI BABYNY OKAP BILERSIŇ

INDIKI BAPDA

Käbir gyzlar halaşýan oglany bilen jynsy gatnaşyk etse, biri-birine has ysnyşaryn öýdüp, gaty ýalňyşýarlar. Şeýle aldawa düşmez ýaly näme etse bolar?

[Çykgyt]

a Mukaddes Ýazgylardaky «ahlaksyzlyk» diýen söz diňe bir jynsy gatnaşygy däl-de, özara masturbasiýa, ýagny jynsy höwesi kanagatlandyrmak üçin, jyns organlaryny sypalamagy ýa-da owkalamagy, oral (agyz) ýa-da anal (täret deşigi) arkaly jynsy gatnaşygy hem aňladýar.

ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«Beden agzalaryňyzdaky ahlaksyzlygy, hapalygy, erk edip bolmaýan ahlaksyz islegleri, erbet höwesleri we butparazlyk bolan açgözlügi öldüriň». Koloslylar 3:5

MASLAHAT

Başgalaryň özüni alyp barşyna gaharyň gelýän bolsa-da, olary tankytlap, özüňi dogry görkezmekden saklanjak bol. Aslynda, seniň öz ýoluňy saýlamaga erkinligiň bolşy ýaly, olaryň hem nähili ýaşamalydyklaryny çözmäge haky bar.

BILÝÄRSIŇMI...?

I asyrdaky mesihçileriň käbiri öň gomoseksualizm bilen meşgullanýardy. Emma olar hapa işlerini taşlap, durmuşyny özgertdiler we Hudaýyň nazarynda «ýuwlup arassalandylar» (1 Korinfliler 6:9—11).

SEN NÄME ETMEKÇI?

Eger kimdir biri gomoseksualizm barada Mukaddes Ýazgylarda aýdylýan zatlary könelişen hasaplasa, men şeýle diýerin: ․․․․․

Men gomoseksuallaryň özüni däl-de, olaryň edýän işini halamaýandygymy şeýle düşündirerin: ․․․․․

Şu mesele boýunça enem-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․

NÄHILI PIKIR EDÝÄRSIŇ?

● Hudaýyň adamlara ahlak kadalaryny bermäge näme üçin haky bar?

● Mukaddes Ýazgylardaky ahlak kadalara görä ýaşamak saňa nähili peýda berýär?

[170-nji sahypadaky sitata]

«Mekdebimizdäki bir oglan ýaramaz durmuş alyp barýardy. Men onuň edýän işlerini halamaýardym. Şonuň üçin ol oglan men ony ýigrenýändirin öýdýärdi. Ýöne men onuň özüni ýigrenmeýändigimi we diňe bir gomoseksualizmi däl-de, ahlaksyzlygyň beýleki görnüşlerini hem makullamaýandygymy düşündirenimde, ol maňa hormat goýup başlady. Hatda başgalar maňa garşy çykjak bolanlarynda-da, ol meniň arkamy alýardy» Abri

[168-nji sahypadaky çarçuwa]

Adamda oglana-da, gyza-da duýgy dörese näme etmeli?

Iki jynsa bolan bu duýgy oglanlara garanyňda, gyzlaryň arasynda köp duş gelýär. Sebäbi olaryň köpüsi bilesigeliji bolýar. 26 ýaşly Liza şeýle diýýär: «Kinofilmler, telegepleşikler we aýdym-sazlar gyzlary biri-biri bilen ogşaşmaga höweslendirýär. Ýetginjekler hiç hili erbetligi ýokdur öýdüp, şol zatlary edip görjek bolýarlar».

Käbirleriniň ýüreginde bolsa, hakykatdanam, şeýle duýgy döräp bilýär. 13 ýaşly Wiki atly gyz şeýle gürrüň berýär: «Bir gezek men oturyşykda iki sany gyz bilen tanyşdym. Olar oglanlar bilenem, gyzlar bilenem halaşýan eken. Soňra joram şol gyzlaryň meni gowy görendiklerini aýtdy. Netijede, men olaryň biri bilen SMS ýazyşyp başladym we ýüregimde oňa duýgy döredi».

Sende-de Wikiniňki ýaly duýgular bolýarmy? Köpler bu duýgyňy basman, gaýtam, ony açyk aýtmaga höweslendirer. Emma öz jynsyňdaky adama bolan duýgynyň köplenç wagtlaýyn bolýandygyny unutma. Wiki hem munuň şeýledigine göz ýetirdi. 16 ýaşly Lizeta atly gyzam muňa düşünip, şeýle diýýär: «Duýgularymy enem-atam bilen paýlaşanymda, bu maňa gowy kömek etdi. Şeýle-de men biologiýa sapagynda ýetginjeklik döwri adamyň bedenindäki gormonlaryň güýçli depginde özgerýändigini bildim. Meniň pikirimçe, ýaşlar adam bedeniniň gurluşyny gowy öwrense, öz jynsyndaky adama döreýän duýgynyň wagtlaýyndygyna we gomoseksual bolmagyň hökman däldigine düşünerler».

Seniň ýüregiňdäki duýgular ýetginjeklik döwrüňde geçip gitmän, has uzaga çekýän ýaly görünse-de, Mukaddes Ýazgylarda seniň bir wajyp maksada ýetip biljekdigiň aýdylýar. Sen erbet höwesleriň ählisini ýeňip bilersiň.

[169-njy sahypadaky surat]

Mesihçiler köpçüligiň garşysyna gitmeli bolsa-da, garaýşyny düşündirmäge çekinmeýärler