Ejem ýa-da kakam täzeden maşgala gurýan bolsa näme etmeli?
5-NJI BAP
Ejem ýa-da kakam täzeden maşgala gurýan bolsa näme etmeli?
SENIŇ kakaň a täzeden öýlenýän güni gaty bagtly görünýär. Ýöne seniň ýüzüňde şatlykdan nam-nyşan ýok. Näme üçin? Belki-de, sen eneň-ataň ýaraşyp, ýene-de bile ýaşar diýip tama edensiň. Indi bolsa bar umydyň puja çykandyr. Ýa-da mähriban ejeň ýaňy-ýakynda aradan çykan bolsa, kakaň täzeden öýlenmegi ýüregiňi paralaýandyr.
Kakaň täzeden öýlenende, sen özüňi nähili duýduň? Bu babatda aşakda görkezilen ýerde ✔ belligi goýup bilersiň.
Men özümi... duýdum
□ bagtly
□ ynamsyz
□ terk edilen ýaly
□ gaharly
□ öweý ejemi gowy görüp başlandygym üçin günäkär
Hawa, sen özüňi mähriban ejeňe dönüklik edýän ýaly
duýup, günäkär saýmagyň mümkin. Şeýle ýaramaz duýgular seni nädogry hereket etmäge iterýändir.Mysal üçin, sen öweý ejeň gününi bulajak bolup, eliňden gelenini edýänsiň ýa-da kakaň bilen arasyna çöp atyp, aýrylyşdyrmak üçin her zat oýlap tapýansyň. Emma Mukaddes Ýazgylarda: «Öýüni alada goýýanyň mirasy ýokdur» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 11:29). Şonuň üçin senem şeýle tora düşmejek bol. Kalbyňdaky ýaramaz duýgulary ýeňip, kynçylyklara döz gelmegiň has gowy usullary bar. Gel, olaryň birnäçesine seredeli.
1-nji kynçylyk: Öweý ejeňe tabyn bolmak
Elbetde, öweý ejeňe tabyn bolmak aňsat düşmeýär. Ol saňa bir zat etmegi tabşyranda: «Sen meniň ejem däl!» diýip, gödek jogap beresiň gelýändir. Şonda diýjegiňi diýip, biraz içiňi sowatsaňam, bu seniň düşünjeli hereket etdigiň bolmaz.
Munuň tersine, öweý ejeňe gulak assaň, Mukaddes Ýazgylardaky: «Ruhy taýdan ýetişen adamlar ýaly boluň» diýen maslahata eýerýändigiňi görkezersiň (1 Korinfliler 14:20). Aslynda, öweý ejeň enelik borjuny ýerine ýetirýär. Şonuň üçin ol seniň hormatyňa mynasyp (Süleýmanyň tymsallary 1:8; Efesliler 6:1—4).
Şeýle-de öweý ejeň seni söýýändigi we aladaňy edýändigi üçin temmi berýär (Süleýmanyň tymsallary 13:24). 18 ýaşly Iwona şeýle diýýär: «Öweý kakam bize temmi berýär. Elbetde, bu bolaýmaly zat, sebäbi ol öz borjuny ýerine ýetirýär. Eger men onuň terbiýesini kabul etmesem, gadyrbilmez adam bolaryn. Ol şunça ýyldan bäri bizi ekläp-saklap, ruhy taýdanam aladamyzy edip gelýär».
Ýöne seniň nägilelik bildirmegiňe degerli sebäpler bar bolmagy-da ahmal. Şeýle ýagdaýda Koloslylar 3:13-däki: «Eger biriniň başga birinden öýkelemäge sebäbi bolsa-da, sabyrly bolup, bir-biriňizi ýürekden bagyşlaň» diýen maslahata eýerip, düşünjeli hereket etjek bol.
Aşakda görkezilen ýerde öweý ejeň iki ýa-da birnäçe gowy häsiýetini ýaz.
․․․․․
Öweý ejeň gowy häsiýetleri barada oýlansaň, oňa ýürekden hormat goýmaga nädip kömek eder?
․․․․․
2-nji kynçylyk: Göwnaçyk bolup, agzybir ýaşamak
24 ýaşly Eron şeýle ýatlaýar: «Ejem ýogalansoň, kakam iki sapar öýlendi. Her gezegem maňa täze maşgala öwrenişmek kyn bolýardy. Olar meniň üçin kesekidi, maňa bolsa olary gowy görmeli bolarsyň diýýärdiler. Ýöne bu hiç akyla sygjak zat däldi».
Senem her dürli kynçylyga duş gelýänsiň. Meselem, sen öň maşgalanyň ulusy ýa-da ýeke çagasy bolsaň, häzir ýagdaý başgaçadyr. Belki-de, sen özüňi şu çaka çenli hojalygy dolandyrýan ogul saýansyň. Indi bolsa içeriň aladasyny öweý kakaň edýändir. Ýa-da sen Iwonanyňky ýaly duýgulary başdan geçirýänsiň. Ol şeýle gürrüň berýär: «Meniň hakyky kakam ejeme asla üns bermeýärdi. Şonuň üçin men köp wagtymy ejem bilen geçirýärdim. Ejem täzeden maşgala guranda bolsa öweý kakam oňa köp üns berip başlady. Olar haçan görseň bilediler, gürleşýärdiler, gülüşip-degişýärdiler. Şonda öweý kakam ejemi elimden alan ýaly boldy. Ýöne, wagtyň geçmegi bilen, bu zatlara öwrenişip başladym».
Iwona ýaly saňa-da şeýle özgerişiklere öwrenişmäge näme kömek eder? Mukaddes Ýazgylarda: «Goý, siziň paýhaslylygyňyz hemmelere görünsin» diýilýär (Filipililer 4:5). «Paýhasly» diýip terjime edilen grek sözi «eglişikli» diýmegi aňladýar. Şeýle adam diňe öz diýenini gögertjek bolmaýar. Sen bu maslahata nädip eýerip bilersiň? 1. Maşgalaňyzyň öňki ýagdaýy barada çendenaşa köp oýlanma (Wagyz kitaby 7:10). 2. Göwnaçyk bolup, öweý ejeň hem-de doganlaryň bilen agzybir ýaşajak bol (1 Timoteos 6:18). 3. Olara keseki adam ýaly garama.
Sen bularyň haýsysynyň üstünde işlemeli? ․․․․․
3-nji kynçylyk: Öweý ejeň seni öz çagalary bilen deň tutmaýar
Tara atly bir gyz şeýle gürrüň berýär: «Öweý kakam öz çagalaryny gyz doganym ikimizden has gowy görýärdi. Ol çagalarynyň iýesi gelýän zatlaryny we göresi gelýän kinolaryny alyp berýärdi. Olaryň göwnüni tapjak bolup, näme diýseler edýärdi». Elbetde, şeýle ýagdaý gaty agyr degýär. Ýöne muňa döz gelmäge näme kömek eder? Sen öweý ejeň öz çagalaryny näme üçin has gowy görýändigine düşünjek bol. Aslynda, öweý ejeň olary bagryndan önen çagalary bolandygy üçin däl-de, durmuşyň ajysyny-süýjüsini bile görendigi üçin eý görýändir. Senem hakyky eneň-ataňy özüňe has ýakyn görýänsiň.
Emma çagalary deň tutmak bilen olaryň hersiniň göwnüni tapmagyň arasynda uly tapawut bar. Her bir adamyň özüne mahsus häsiýeti we zerurlygy bolýar. Şol sebäpli öweý ejeň seni öz çagalary bilen deň
tutmaýandygyna çendenaşa biynjalyklanman, onuň seniň üçin näme edýändigi barada oýlan.Öweý ejeň seniň üçin näme edýär?
․․․․․
Nämeleri etmeýär?
․․․․․
Eger öweý ejeň käbir zatlarda seniň aladaňy etmeýän ýaly görünse, oňa bu barada sypaýyçylyk bilen aýtsaň gowy bolmazmy?
«Sabyrly gul dura-bara şat bolar!»
Adatça, edim-gylymy we terbiýesi dürli-dürli bolan iki maşgalanyň agzalary biri-birine gowy öwrenişip, agzybir ýaşap başlaýança, birnäçe ýyl gerek bolýar. Şonuň üçin senem sabyrly bol! Maşgalaňyzda seni birbada mähir bilen gurşap alarlar diýip pikir etme. Şeýle-de gysga wagtyň içinde ähli zat gülala-güllük bolar öýtme.
Tomas atly bir oglan hem ejesi täzeden maşgala guranda özüni gaty erbet duýdy. Onuň ejesiniň 4 sany, öweý kakasynyň bolsa 3 çagasy bardy. Tomas: «Biz mydama urşup-sögüşip ýörýärdik, biri-birimiziň etini iýäýjek bolýardyk» diýýär. Ýöne, wagtyň geçmegi bilen, olar agzybir ýaşap başladylar. Eýsem, olara näme kömek etdikä? Tomas sözüni dowam edip: «Biz Mukaddes Ýazgylardaky maslahatlara eýerdik, bu bize ylalaşykly ýaşamaga kömek etdi» diýýär.
Eger süýtdeş doganlaryň bilen oňuşmaýan bolsaň näme etmeli?
[Çykgyt]
a Şu bapda, esasan, kakasy täzeden öýlenýän ýaşlar barada gürrüň edilse-de, ondaky prinsipler ejesi täzeden maşgala gurýan ýaşlara hem degişli.
ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR
«„Öňüm gelenden soňum gelsin“ diýlendir; sabyrly tekepbirden gowudyr». Wagyz kitaby 7:8
MASLAHAT
Seniň ýüregiňde öweý gyz (ýa-da oglan) doganyňa duýgy döremegi mümkin. Şonuň üçin ahlaksyz pikirlerden gaça durup, geýnişiň we özüňi alyp barşyň bilen onuň ünsüni çekmekden seresap bol.
BILÝÄRSIŇMI... ?
Seniň öweý doganlaryňa-da täze maşgala öwrenişmek kyn bolýandyr.
SEN NÄME ETMEKÇI?
Öweý ejeme bolan hormatym artar ýaly, men onuň maşgalamyz üçin eden şu ýagşy işleri barada oýlanmakçy (azyndan ikisini ýaz): ․․․․․
Eger öweý doganlarym meni äsgermezçilik etse, Rimliler 12:21-däki maslahata eýermek üçin şeýle ederin: ․․․․․
Şu mesele boýunça enem-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․
NÄHILI PIKIR EDÝÄRSIŇ?
● Öweý ejeň ýa-da doganlaryň siziň maşgalaňyzyň agzasy bolanda näme barada biynjalyklanmagy mümkin?
● Maşgalaňyzyň agzybir bolmagy üçin wagtyň gerekdigine düşünmek näme üçin wajyp?
[38-nji sahypadaky sitata]
«Ejem ikinji gezek durmuş guransoňam aýrylyşdy. Ýöne men öweý doganlarymy häzirem gowy görýärin. Olar bilen bir maşgala bolup ýaşan günlerimiz ömrümiň iň bagtly pursatlarydyr» Tara
[39-njy sahypadaky surat]
Iki maşgalanyň birikmegi suw bilen sementi garan ýalydyr. Tagalla edip, garaşmaly bolsa-da, netijede, maşgala berk we agzybir bolar