Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ejem bilen kakam näme üçin aýrylyşdyka?

Ejem bilen kakam näme üçin aýrylyşdyka?

4-NJI BAP

Ejem bilen kakam näme üçin aýrylyşdyka?

«Kakam bizi taşlap gidende, men bary-ýogy 6 ýaşymdadym we näme bolup geçýändigine düşünmeýärdim. Men öýde telewizor görüp otyrkam, ejemiň aglap, kakama gitme diýip ýalbarýandygyny eşitdim. Bir salymdan kakamyň ýokarky otagdan eli goşly aşak düşüp gelýändigine gözüm düşdi. Ol ýanyma gelip, egildi-de: „Gyzym, kakaň seni gaty gowy görýändir“ diýip, meni mähir bilen ogşady. Şeýdibem, ol öýden çykyp gitdi. Şondan soň kakamy köp wagtlap görmedim. Şol wakadan soň ejemem meni terk eder öýdüp gorkup başladym». Elina (19 ýaşynda)

EGER seniňem eneň-ataň aýrylyşan bolsa, megerem, bütin dünýäň ýumrulyp, ýüregiňde bitmejek ýara galan ýaly bolandyr. Maşgalanyň bozulmagy köplenç çagalarda utanç, gahar, biynjalyklanma, ýeke galmak gorkusy, özüňi günäkärlemek, göwnüçökgünlik, uly ýitgi, hatda ar almak ýaly duýgulary döredýär.

Ejeň bilen kakaň ýaňy-ýakynda aýrylyşan bolsa, senem şeýle duýgulary başdan geçirýänsiň. Elbetde, seniň ýagdaýyňa düşünse bolýar, sebäbi Ýaradyjymyz Ýehowa çagalara enäniňem, atanyňam mähir siňdirip, terbiýe bermegini isleýär (Efesliler 6:1—3). Häzir bolsa sen ejeňden ýa-da kakaňdan aýra düşensiň. 7 ýaşyndaka ene-atasy aýrylyşan Daniýel şeýle ýatlaýar: «Men kakamy gaty gowy görýärdim, şonuň üçin onuň bilen galasym gelýärdi. Ýöne bize hossarlyk etmek hukugy ejeme berildi».

Ene-atalar näme üçin aýrylyşýar?

Köplenç ene-atalar öz aralaryndaky düşünişmezligi bildirmejek bolýarlar. Şonuň üçin olaryň aýrylyşmagy çagalaryna duýdansyz urgy bolýar. 15 ýaşyndaka ene-atasy aýrylyşan Reýçel: «Meniň depämden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. Men hemişe olar biri-birini gowy görýändir öýdýärdim» diýýär. Ene-atasynyň käte oňuşmaýandygyny görselerem, olaryň aýrylyşmagy çagalara gaty agyr degýär.

Köplenç ene-atalaryň aýrylyşmagyna olaryň biriniň zyna etmegi sebäp bolýar. Şeýle ýagdaýda Hudaý zyna eden adamyň ýanýoldaşyna aýrylyşmaga we täzeden maşgala gurmaga rugsat berýär (Matta 19:9). Käbirleri bolsa ýanýoldaşynyň «gahar-gazap, gykylyk, hapa sözler» bilen zorluk-sütem edýändigi sebäpli, çagalaryny we öz jan saglygyny goramak üçin aýrylyşýarlar (Efesliler 4:31).

Gynansak-da, käbirleri biderek zat üçin aýrylyşýarlar. Olar kynçylyklaryny çözmegiň deregine, diňe özlerini bilip: «Men indi onuň bilen oňşukly ýaşap bilmerin» diýip aýrylyşýarlar. Emma «aýrylyşmagy ýigrenýän» Hudaý şeýle ujypsyz zatlar sebäpli maşgalanyň bozulmagyny halamaýar (Malaky 2:16). Isanyň öňünden aýdyşy ýaly, käbirleri ýanýoldaşynyň mesihçi bolýandygy üçin hem aýrylyşýar (Matta 10:34—36).

Emma eneň-ataň saňa näme üçin aýrylyşýandygyny aýtmasa ýa-da açyk düşündirmese, bu olaryň seni gowy görmeýändigini aňlatmaýar. Maşgalanyň bozulmagy olaryň özüne-de agyr degýär, şol sebäpli olar bu barada gürrüň edesi gelýän däldir (Süleýmanyň tymsallary 24:10). Şeýle-de olar ýalňyşyny boýun almaga çekinip, özüni oňaýsyz duýýandyr.

Sen näme edip bilersiň?

Ýüregiňdäki gorkyny anykla. Eneň-ataň aýrylyşmagy seniň durmuşyňy düýbünden üýtgedip biler. Sen öňler asla oýlanmaýan zatlaryň barada biynjalyklanyp başlamagyň mümkin. Emma ýüregiňde näme sebäpli gorky döreýändigini anyklasaň, ony ýeňmek aňsat bolar. Şonuň üçin aşakda agzalýan ýagdaýlaryň haýsysy sende gorky döredýän bolsa, dörtburçlukda ✔ belligi goý ýa-da «Başga zatlar» diýen ýerde öz pikiriňi ýaz.

□ Ejem bilen kakam menem taşlar.

□ Biz özümizi ekläp bilmeris.

□ Enem-atamyň aýrylyşmagyna, belki, menem günäkärdirin.

□ Durmuş gursam, meniňem maşgalam dargar.

□ Başga zatlar ․․․․․

Biynjalyklanýan zatlaryňy aýt. Süleýman patyşa «geplemegiň öz wagtynyň» bardygyny aýtdy (Wagyz kitaby 3:7). Şonuň üçin senem amatly pursat tapyp, ýüregiňdäki gorkyny eneň-ataňa gürrüň ber. Olara iki oduň arasynda galandygyňy düşündirip, biynjalyklanýan zatlaryňy aýtsaň, olar saňa bolan zatlary açyk düşündirer. Şonda seniň biraz ýüregiň giňär. Emma eneň-ataň seni goldap bilmese, ruhy taýdan ýetişen dostuňa içiňi döküp bilersiň. Ýöne munuň üçin, ilki bilen, özüň ädim ätmeli bolarsyň. Seni ýürekden diňleýän adam bilen gürrüňdeş bolsaň, ýüküň ýeňlän ýaly bolar (Süleýmanyň tymsallary 17:17).

Sen, esasanam, «dogalary eşidýän» gökdäki Atamyza ýüregiňdäkini aýdyp bilersiň, ol seni ünsli diňlemäge hemişe taýyndyr (Zebur 65:2). Hudaýa doga edip, içiňi dök, «sebäbi ol seniň aladaňy edýändir» (1 Petrus 5:7).

Näme etmeli däl?

Öýke-kine saklama. Ýokarda agzalan Daniýel: «Ejem bilen kakam diňe özüni bilýär. Olar gelýän kararynyň bize nähili täsir etjekdigi barada oýlanmadylar» diýýär. Elbetde, Daniýeliň duýgularyna düşünse bolýar, onuň aýdýany dogry bolmagam mümkin. Ýöne sen aşakdaky soraglar barada oýlanyp gör. Soňra görkezilen ýerde öz jogabyňy ýaz.

Daniýel gaharyny basyp, öýke-kinesini aýyrmasa, bu oňa nähili zyýan ýetirip biler? (Süleýmanyň tymsallary 29:22-ni oka). ․․․․․

Daniýele aňsat bolmasa-da, ol ene-atasyny bagyşlasa näme üçin gowy bolardy? (Efesliler 4:31, 32-nji aýatlary oka). ․․․․․

Rimliler 3:23-däki wajyp hakykat Daniýele ene-atasyna dogry garaýyşda bolmaga nädip kömek eder? ․․․․․

Özüňi biedep alyp barma. Denni atly oglan şeýle diýýär: «Ejem bilen kakamyň aýrylyşmagy maňa şeýle bir agyr degdi welin, men göwnüçökgünlige düşdüm. Mekdepde-de sapaklaryma kän üns bermän, bir ýyl klasymdan galdym. Men diňe bozgaklyk edip, urşup-ýakalaşyp ýörýärdim».

Seniň pikiriňçe, Denni mekdepde bozgaklyk edip, kime zyýan ýetirjek bolduka? ․․․․․

Ol näme üçin urşup-ýakalaşyp ýördükä? ․․․․․

Senem özüňi biedep alyp baryp, eneň-ataňdan ar aljak bolýarmyň? Galatýalylar 6:7-däki prinsip saňa garaýşyňy düzetmäge nädip kömek eder? ․․․․․

Gelejege nazar sal

Biziň elimiz ýa-da aýagymyz döwülse, onuň doly bitmegi üçin ençeme hepde ýa birnäçe aý gerek bolýar. Şonuň ýaly-da, ýürek ýarasynyň bitmegi üçin wagt gerek. Käbir psihologlaryň aýtmagyna görä, aýrylyşmaklyk adama nähili agyr degäýende-de, onuň ýetirýän yzasy üç ýylda geçýär. Bu uzak wagt ýaly bolup görünse-de, durmuşyňda ähli zat kem-kemden ýerbe-ýer bolýança, köp özgerişikleri etmeli bolarsyň.

Mysal üçin, maşgalaňyzyň ýagdaýynyň üýtgändigi sebäpli, öýüň köp işlerini özüň etmeli bolarsyň. Ejeň bilen kakaňam özüne gelýänçä, wagt gerek bolar. Şondan soň olar saňa gerekli kömegi berip biler. Hawa, wagtyň geçmegi bilen, durmuşyň gitdigiçe gowulanyp, ähli zat gülala-güllük bolar.

ŞU TEMA BARADA KÖPRÄK BILMEK ÜÇIN, II TOMUŇ 25-NJI BABYNY OKAP BILERSIŇ

INDIKI BAPDA Ejeň ýa-da kakaň täzeden maşgala gurandygyna gaharyň gelýärmi? Şeýle ýagdaýda saňa näme kömek edip biler?

ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«Şypa bermegiň öz wagty bardyr». Wagyz kitaby 3:3

MASLAHAT

Eneň-ataň aýrylyşmagyna olaryň goýberen ýalňyşlary sebäp bolandyr. Eneň-ataň nämede ýalňyşandygyna düşünjek bol. Şonda sen maşgala guranyňda, olaryň ýalňyşyny gaýtalamarsyň (Süleýmanyň tymsallary 27:12).

BILÝÄRSIŇMI... ?

Eneň-ataň bagtly bolmasa-da, sen bagtly maşgala gurup bilersiň.

SEN NÄME ETMEKÇI?

Men ýüregimdäki gorkyny kime aýdyp bilerin? (içiňi döker ýaly ynamdar adamyň adyny ýaz) ․․․․․

Eger enem-atamdan ar almak üçin, özümi biedep alyp barmakçy bolsam, şu zatlar maňa garaýşymy düzetmäge kömek eder: ․․․․․

Şu mesele boýunça enem-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․

NÄHILI PIKIR EDÝÄRSIŇ?

● Eneň-ataň saňa aýrylyşmagynyň sebäbini düşündirmäge näme üçin ýaýdanýan bolmagy mümkin?

● Eneň-ataň sen sebäpli däl-de, öz aralarynda düşünişmändigi sebäpli aýrylyşandygyny ýatda saklamak näme üçin wajyp?

[32-nji sahypadaky sitata]

«Ejem bizi taşlap gidende, gaty göwnüçökgünlige düşüp, günde aglaýardym. Ýöne men köp doga edýärdim, başgalara kömek etmäge çalyşýardym hem-de ruhy taýdan ýetişen dost-ýarlarym bilen ýakyndan gatnaşýardym. Şeýdip, Ýehowa maňa kynçylyklaryma döz gelmäge kömek etdi» Natalýa

[33-nji sahypadaky surat]

Eneň-ataň aýrylyşmagyny eliň döwülmegi bilen deňeşdirse bolar. Ilkibada, agyryly bolsa-da, wagtyň geçmegi bilen, sagalarsyň