Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Men enem-atamdan aýry ýaşamaga taýynmy?

Men enem-atamdan aýry ýaşamaga taýynmy?

7-NJI BAP

Men enem-atamdan aýry ýaşamaga taýynmy?

«Men henizem enem-atam bilen ýaşaýandygym üçin, daş-töweregimdäkiler maňa özüni oňarmaýan adam ýaly seredýärler. Hamala, özbaşdak ýaşamasaň uly adam däl ýaly hasap edýärler». Keti

«Men öýde öz isleýşim ýaly ýaşap bilmeýändigime gaharym gelýär. Şonuň üçinem öýden gitmekçi bolýaryn». Fiona

SEN eneň-ataňdan aýry ýaşamaga heniz taýyn bolmasaňam, erkinlik isleýänsiň. Elbetde, bu adaty zat. Şu kitabyň 3-nji babynda bellenip geçilişi ýaly, Hudaýyň niýetine görä, ýaşlar uly adam bolup, maşgala guranda, ene-atasyny goýup gitmeli bolýar (Gelip çykyş 2:23, 24; Markus 10:7, 8). Emma eneň-ataňdan aýry ýaşamaga doly taýyndygyňy nädip bilmeli? Munuň üçin üç wajyp soragyň üstünde oýlanmaly. Birinjisi...

Öýden näme üçin gitmekçi bolýaryn?

Aşakda agzalýan zatlara seredip, öýden näme üçin gitmekçi bolýandygyň esasy sebäplerini tertip sanlar bilen bellik et.

․․․․․ Öýdäki kynçylyklardan dynmak

․․․․․ Erkin ýaşamak

․․․․․ Dost-ýarlaryma ýaranmak

․․․․․ Dostum bilen bile ýaşamak

․․․․․ Kömek gerek ýerde meýletin gulluk etmek

․․․․․ Öz başymy özüm çaramagy öwrenmek

․․․․․ Enem-atama agram salmazlyk

․․․․․ Başga zatlar ․․․․․

Bu getirilen sebäpleriň hiç birine erbet diýip bolmaz. Ýöne belli bir karara gelmezden öň gowy oýlanmaly. Eger eneň-ataň gözegçiliginde ýaşamajak bolup, öýden gitmäge hyýallanýan bolsaň, hemme zat seniň pikir edişiň ýaly gowy bolar öýtme.

Meselem, Daniýela 20 ýaşyndaka öýünden aýry ýaşap, köp zada göz ýetirdi. Ol şeýle diýýär: «Biz nirede ýaşasak-da, käbir zatlar barybir islegimize görä bolmaýar. Özbaşdak ýaşanyňda, işiň aladasy we pul ýetmezçiligi sebäpli öňki edýän zatlaryňy edip bilmeýärsiň». 6 aýlap daşary ýurtda ýaşan Karmen atly gyz bolsa şeýle diýýär: «Enem-atamdan aýry ýaşanymda, köp zady öwrensemem, hiç zada ýetişip bilmeýärdim. Içerini arassalamak, döwlen zatlary bejermek, howludaky ekin-dikine seretmek, kir ýuwmak ýaly işler bilen başagaý bolup geçýärdim».

Başgalaryň gepine gidip, howlukmaç karara gelmejek bol (Süleýmanyň tymsallary 29:20). Öýden gitmäge degerli sebäpleriň bolsa-da, öz günüňi özüň görüp biler ýaly, käbir zatlary etmegi başarmaly. Şeýlelikde, munuň bilen bagly ikinji sorag ýüze çykýar.

Men öýden gitmäge taýynmy?

Eneň-ataňdan aýry ýaşamaklygy tokaýa gezelenje gitmeklige meňzetse bolar. Sen ot ýakmagy, nahar bişirmegi, çadyr dikmegi, kartany dogry ulanmagy öwrenmän, ýola düşersiňmi? Elbetde, ýok. Gynansak-da, ýaşlaryň köpüsi öz başyny özi çarap bilmese-de, öýünden gidýär.

Akyldar Süleýman patyşa: «Paýhasly adam... öz ädimlerine dykgat edýändir» diýdi (Süleýmanyň tymsallary 14:15). Senem eneň-ataňdan aýry ýaşamaga taýyndygyňa göz ýetirmek üçin, aşakdaky bölümlere seredip, başarýan zatlaryň gapdalynda ✔ belligi, üstünde işlemeli zatlaryňda bolsa ✘ belligi goý.

Puly tygşytly sowmak. 19 ýaşly Serena şeýle diýýär: «Meni enem-atam ekläp-saklansoň, hiç zada çykdajy etmeýärin. Eger öýden gitsem, öz günümi özüm dolap bilmerin öýdüp gorkýaryn». Sen puly tygşytly sowmagy nädip öwrenip bilersiň?

Mukaddes Ýazgylarda: «Akyldarlar bulary eşidip, bilimini has-da artdyrsyn» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 1:5, «Mukaddes Kitap terjime instituty»). Sen eneň-ataňdan bir adamyň ýatak jaýyna, iýmitine, ýol çykdajylaryna her aý näçeräk puluň gidýändigini sorap bilersiň. Olar saňa çykdajylaryňy hasaplap, puluňy tygşytly sowmagy öwreder a.

Öýüň işlerini etmek. Braýen atly 17 ýaşly oglan öýünden aýry ýaşasa, egin-eşiklerini ýuwmaklygyň oňa uly alada boljakdygyny aýdýar. Sen öz başyňy özüň çaramaga taýyndygyňa nädip göz ýetirip bilersiň? 20 ýaşly Eron şeýle maslahat berýär: «Öýde ýaşaýarkaň, bir hepdeläp özüňe gerek zatlaryň ählisini özüň edip gör. Iýjek çöregiň puluny özüň gazan, gerek zatlaryňy dükandan satyn alyp, naharyňam özüň bişir. Egin-eşigiňi özüň ýuwup, ütükle. Otagyňy hem özüň arassala. Nirä gitmeli bolsaň, eneň-ataňa maşynly düşürip geçmegi haýyş etmän, özüň git». Eger sen şu maslahata eýerseň, birinjiden, käbir zatlary özüň etmegi öwrenersiň, ikinjiden, eneň-ataň seniň üçin edýän zatlarynyň gadyryny bilersiň.

Adamlar bilen oňşukly ýaşamak. Sen eneň-ataň we doganlaryň bilen oňşukly ýaşaýarmyň? Eger bu saňa başartmaýan bolsa, dostuň bilen ýaşanyňda ähli zat gowy bolar diýip pikir edýänsiň. Ýöne 18 ýaşly Ewanyň aýdan sözleri barada oýlanyp gör. Ol şeýle diýýär: «Meniň iki joram bile ýaşady. Olar öň arasyndan gyl geçmez jorady, ýöne bile ýaşap başlanlarynda, asla oňuşmadylar. Olaryň biri öýi tertipli saklasa, beýlekisi kän bir arassaçyl däldi. Şeýle-de biri Hudaýa ýaramly ýaşamaga jan edýärdi, beýlekisi bolsa onçakly däldi. Şonuň üçinem olar ylalaşykly ýaşap bilmediler».

Mundan nähili netije çykarsa bolar? Erin atly 18 ýaşly gyz şeýle diýýär: «Öýde ýaşaýarkaň, başgalar bilen oňşukly ýaşamagy, kynçylyklary çözmegi we eglişikli bolmagy öwrenýärsiň. Ene-atasy bilen ylalaşmaýandygy sebäpli öýünden gidýänler düşünişmezligi çözmegiň deregine, ondan gaçmagy endik edinýärler».

Mukaddes Ýazgylary öwrenmek we Hudaýa sežde etmek. Käbir ýaşlar ene-atasynyň dinine uýmajak bolup, öýünden gidýärler. Käbirleri bolsa Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenip, Hudaýa gulluk etmegi berk ýüregine düwse-de, ene-atasyndan aýry ýaşap başlanlarynda, erbet işlere baş goşýarlar. Seniňem «imanyň heläkçilige uçran gämi kimin weýran bolmaz» ýaly näme edip bilersiň? b (1 Timoteos 1:19).

Ýehowa Hudaý iman edýän zatlarymyzyň hakykatdygyna doly göz ýetirmegimizi isleýär (Rimliler 12:1, 2). Şonuň üçin senem şahsy okuw geçirip, Mukaddes Ýazgylary çuňňur özleşdirmegi we Hudaýa sežde etmegi maksat goýup, oňa ýetjek bol. Hepdäniň haýsy günleri şahsy okuw geçirjekdigiňi, ýygnak duşuşyklaryna hem-de wagza gitjekdigiňi bellik et. Bir aýyň dowamynda bu zatlary eneň-ataňa diýdirmän edip bilýändigiňi barlap gör.

Indi bolsa üçünji wajyp soraga seredeli.

Öýden näme maksat bilen gidýärin?

Sen öýüňizdäki kynçylyklardan dynmak ýa-da eneň-ataň gözegçiliginden azat bolmak üçin aýry ýaşamakçy bolýarmyň? Onda sen diňe şol zatlardan dynmak barada pikir edip, öňüňde saňa nämäniň garaşýandygy hakda oýlanýan dälsiň. Muny ulagy diňe yzky aýnasyna seredip sürmek bilen deňeşdirse bolar. Eger sürüji diňe yzyndaky zada seretse, öňünde näme bardygyny görmez. Bu mysaldan näme öwrenip bileris? Senem eneň-ataňdan aýry ýaşamakçy bolsaň, bar ünsüňi öýden gitmäge gönükdirmän, eýsem, nähili gowy maksatlara ýetip biljekdigiň barada oýlansaň peýdaly bolar.

Ýehowanyň Şaýatlarynyň arasyndaky kämillik ýaşyna ýeten käbir ýaşlar wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk etmek üçin öz ýurdunyň başga künjegine, hatda daşary ýurda hem göçýärler. Käbirleri bolsa ýygnak duşuşyklarynyň geçirilýän ýeriniň gurluşygyna gatnaşmak we Ýehowanyň Şaýatlarynyň filialynda gulluk etmek üçin öýünden gitmeli bolýar. Başgalar bolsa durmuş gurmazdan öň özbaşdak ýaşap görýärler c.

Sen nähili maksat bilen öýden gitmekçi bolsaňam, belli bir karara gelmezden öň gowy oýlan. Mukaddes Ýazgylarda: «Işeňňir adamyň pikirleri diňe bolçulyga getirýändir; alňasak adamlaryň barysy diňe garyplyga barýandyr» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 21:5). Şonuň üçin eneň-ataň maslahatyna gulak as (Süleýmanyň tymsallary 23:22). Ýehowa doga et hem-de karara geleniňde, Mukaddes Ýazgylardaky prinsipleri göz öňünde tut.

Esasy zat seniň öýden gitmegiň däl-de, öz başyňy özüň çarap bilmegiňdir. Eger sen muny başarýan bolsaň, onda eneň-ataňdan aýry ýaşap bilersiň.

[Çykgytlar]

a Bu barada köpräk bilmek üçin, II tomuň 19-njy babyna seredip bilersiň.

b Bu barada köpräk bilmek üçin, II tomuň 34, 35-nji baplaryna seredip bilersiň.

c Käbir ýurtlarda çagalar, esasanam, gyzlar durmuş gurýança, ene-atasynyň öýünde ýaşaýarlar. Mukaddes Ýazgylarda bu babatda jikme-jik görkezme berilmeýär.

ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«Erkek adam ata-enesini goýar». Matta 19:5

MASLAHAT

Öýde ýaşaýarkaň, iýjek-içjek zatlaryň, ýaşaýyş jaýyň we başga-da çykdajylaryň puluny eneň-ataňa ber. Eger çykdajylaryňy ödäp bilmeseň ýa-da muny etmek islemeseň, bu seniň eneň-ataňdan aýry ýaşamaga heniz taýyn däldigiňi görkezer.

BILÝÄRSIŇMI... ?

Degerli sebäp bolmasa-da öýden gitseň, eneň-ataňdan aýry ýaşanyňda bagtly bolup bilmersiň.

SEN NÄME ETMEKÇI?

Men öýden şu maksat bilen gitmekçi bolýaryn:․․․․․

Şu mesele boýunça enem-atamdan sorajak zatlarym:․․․․․

NÄHILI PIKIR EDÝÄRSIŇ?

● Maşgalaňyzda birek-birek bilen oňuşmak kyn bolsa-da, öýde ýaşasaň, saňa nähili peýda berer?

● Öýde ýaşaýarkaň, maşgalaňa kömek etmek hem-de öz günüňi özüň görmegi öwrenmek üçin näme edip bilersiň?

[52-nji sahypadaky sitata]

«Özbaşdak ýaşamak islegi adaty zat. Ýöne sen eneň-ataň goýýan tertip-düzgünine eýermejek bolup, öýden gitmäge hyýallanýan bolsaň, bu seniň özbaşdak ýaşamaga heniz taýyn däldigiňi görkezýär» Eron

[51-nji sahypadaky surat]

Eneň-ataňdan aýry ýaşamaklygy tokaýa gezelenje gitmeklige meňzetse bolar. Ýola düşmezden öň käbir zatlary öwrenmeli