Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýekeligi nädip ýeňmeli?

Ýekeligi nädip ýeňmeli?

9-NJY BAP

Ýekeligi nädip ýeňmeli?

Bu gün gaty gowy gün! Ýöne seniň hiç hili etsem-pessemiň ýok. Dostlaryň-a hezil edip wagtyny gowy geçirýärler. Sen bolsa ýene-de ýeke otyrsyň. Hiç kimiň çagyrmaýanyna kemsinýänsiň, munuň sebäbi hakda pikirleneniňde bolsa hasam gynanýansyň. Soň özüňe: «Meni näme üçin çagyrmaýarlar? Meniň bilen näme üçin hiç kim gatnaşmaýar?» diýýänsiň.

BELKI, sen hem şeýle ýagdaýy birnäçe gezek başdan geçirensiň. Deň-duşlaryň bilen araňda «uly jaýryk» ýa-da «boşluk» bar ýaly görýänsiň. Her gezek gürrüňe başlanyňda, diliň tutulyp galýandyr. Gepleşmäge mümkinçilik döräýende-de, utanjaňlygyň päsgel berýändir. Dostlaşmak näme üçin şeýle kynka?

Uçut gaýanyň bir tarapynda ýeke özüň duranyňdan, beýleki gaýada duran dostlaryňa tarap köpri gur. Gel, muny nädip etmelidigini bileli.

1-nji böwet: Özüňe bolan nädogry garaýyş. Ýaşlaryň käbiri özüni başgalardan pes hasaplaýar. Olar: «Meni hiç kim halanok we olar bilen näme hakda gürleşjegimi hem bilemok?» diýip, nädogry pikir edýärler. Senem özüň barada şeýle pikirdemi? Eger şeýle bolsa, onda özüňe bolan nädogry garaýşyň «uly jaýrygy» ýa-da «boşlugy» has-da ulaldýar.

Köpri: Gowy taraplaryň hakda oýlan (2 Korinfliler 11:6). Özüňe şeýle sorag ber: «Meniň nähili gowy häsiýetlerim bar?» Ukyplaryň ýa-da gowy häsiýetleriň barada oýlanyp, olary aşakdaky boş ýerlere ýaz.

․․․․․

Elbetde, kemçilikleriň bardyr we muny boýun almak gerek (1 Korinfliler 10:12). Ýöne gowy taraplaryň hem bardygyny ýatdan çykarma. Bu özüňe ynamly bolup, nädogry garaýşy ýeňmäge kömek eder.

2-nji böwet: Utanjaňlyk. Seniň gürrüňdeş bolasyň gelýär, ýöne mümkinçilik dörände aýdara söz tapmaýarsyň. 19 ýaşly Elizabet: «Men gaty utanjaň. Ýygnakda-da dogan-uýalar bilen gürleşmäge çekinýärin. Ýöne muny edip bilýänlere begenýärin» diýýär. Eger sen hem özüňi Elizabet ýaly duýýan bolsaň, muny başarmaryn diýýänsiň.

Köpri: Başgalar bilen ýürekden gyzyklan. Elbetde, bu seniň dünýäde iň alçak adam bolmalydygyňy aňlatmaýar. Sen, ilki, bir adam bilen içgin gyzyklanyp başla. Jorj atly ýetginjek: «Adamlaryň ýagdaýy ýa-da işi hakda sorasaň, olary gowy tanap bolýar» diýýär.

Maslahat: Diňe deň-duşlaryň bilen däl-de, başgalar bilen hem gatnaş. Mukaddes Ýazgylarda ýaşy tapawutlanýan adamlaryň hem gowy dost bolandygy aýdylýar. Mysal üçin, bu babatda Rut bilen Nagomy, Dawut bilen Ýonatan we Timoteos bilen Pawlus gowy görelde galdyrdy (Rut 1:16, 17; 1 Şamuwel 18:1; 1 Korinfliler 4:17). Gürrüňdeşlik—diňe bir adamyň gürlemegi däl-de, ikitaraplaýyn pikir alyşmakdyr. Adamlar diňlemegi başarýanlary gowy görýär. Şol sebäpli çekinjeň bolsaň, diňe özüm gürlemeli bolaryn diýip alada etme.

Ýakyndan tanamak isleýän iki sany uly ýaşly adamyň adyny ýaz.

․․․․․

Adyny ýazan adamlaryň biriniň ýanyna baryp, gürrüňdeşlige başla. Dogan-uýalar bilen näçe ýakyndan tanyşsaň, şonça-da ýekeligi çalt ýeňersiň (1 Petrus 2:17).

3-nji böwet: Erbet häsiýetler. Käbir adamlar köpbilmişsiräp, başgalaryň kemçiliklerini aýdyp, üstünden gülýär we olary kemsidýär. Beýlekiler bolsa jedelleşip, başgalaryň hem özleriniňki ýaly pikirde bolmagyny isleýär. Şeýle adamlar özüni öte dogruçyl hasaplap, beýlekilerden öz dogry hasaplaýan zatlary boýunça ýaşamagy talap edýär (Wagyz kitaby 7:16). Elbetde, beýle adam bilen hiç kimiň dost bolasy gelmese gerek! Belki, seniň hem şeýle adam bolandygyň üçin dostlaryň gaçýandyr?! Mukaddes Ýazgylarda «akylsyzyň köp gepleýändigi» we «söz köplüginde ýazygyň azlyk etmeýändigi» barada aýdylýar (Wagyz kitaby 10:14; Süleýmanyň tymsallary 10:19).

Köpri: «Duýgudaş» bolmagy öwren (1 Petrus 3:8). Gürrüňdeş bolanyňda onuň bilen ylalaşmasaň-da, sabyrly bolup, soňuna çenli diňle. Gürrüňdeşligiň dowamynda garaýşyň deň gelýän zada üns berip, gürrüňi şol hakda dowam et. Ylalaşmaýan zadyň barada aýtmak isleseň, muny göwnüne degmän, ýumşaklyk bilen aýt.

Özüň bilen nähili gepleşmeklerini isleýän bolsaň, senem olar bilen şeýle gepleş. Mukaddes Ýazgylarda: «Hiç zady igenjeňlik we dawa-jenjel bilen etmäň» diýip maslahat berilýär (Filipililer 2:14). Adamlar bilen hemişe jedelleşseň, üstünden gülseň, kemsitseň ýa-da özüňe göwnüýetijilik bilen olary ýazgarsaň, özüňden daşlaşdyrarsyň. Ýöne «sözleriň ýakymly bolsa», adamlar höwes bilen gürleşer (Koloslylar 4:6).

Wajyp zatdan geçeniňe degýärmi?

Özüňi barlanyňdan soň, böwetden geçip, dost tapyp bolýandygyna göz ýetirersiň. Şeýle-de sen hemmeler bilen dostlaşyp bolmaýandygyna düşünmeli. Isa hatda käbir adamlaryň dogry iş edýänleri ýigrenjekdigini aýtdy (Ýahýa 15:19). Şol sebäpli dostlaşmak üçin wajyp zatlardan geçme!

Mundan başga-da, Mukaddes Ýazgylara esaslanýan kada-kanunlary bozmanam, adamlar bilen mähirli bolup bilersiň. Mukaddes Ýazgylarda agzalýan Şamuwel pygamber Hudaýa ýaraýan işleri etmegi ýüregine düwüpdi. Şeýdip, ol «Rebbiň we adamlaryň söýgüsini gazandy» (1 Şamuwel 2:26). Azajyk tagalla etseň, senem şeýle edip bilersiň!

ŞU TEMA BARADA KÖPRÄK BILMEK ÜÇIN I TOMUŇ 8-NJI BABYNA SERET

Köpräk bilmek üçin «Ýaşlaryň sowallary — Hakyky dostlary nädip tapmaly?» (rus.) diýen wideofilmi gör. Bu film 40-dan gowrak dilde bar.

INDIKI BAPDA

Iň gowy dostuň özüni ganym duşman ýaly alyp barsa näme etmeli?

ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«Sahy adam rowaçlanar; suwdan gandyrýanyň özi-de suwdan gandyrylar». Süleýmanyň tymsallary 11:25

MASLAHAT

Gürrüňdeşligi dowam etmäge çalyş. Eger biri: «Dynç günleriň gowy geçdimi?» diýip sorasa, oňa diňe bir: «Hawa, gowy» diýip jogap berme. Gaýtam, dynç günleriň näme üçin gowy bolandygyny gürrüň ber. Soňra onuň özündenem sora.

BILÝÄŇIZMI?

Mukaddes Ýazgylarda Musanyň, Ýermeýanyň we Timoteosyň hem çekinjeň bolandygy aýdylýar (Müsürden çykyş 3:11, 13; 4:1, 10; Ýermeýa 1:6—8; 1 Timoteos 4:12; 2 Timoteos 1:6—8).

SEN NÄME ETMEKÇI?

Meniň üçin iň uly böwet: ․․․․․

Şu ýagdaýda köpri gurmak üçin, men ․․․․․

Bu babatda ene-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․

SEN NÄHILI JOGAP BERERSIŇ?

● Käbir mesihçiler näme üçin özüni ýeke duýmagy mümkin?

● Nädogry pikirlere ýol bermän, özüňe dogry garaýyşda bolmaga näme kömek eder?

● Jigiň özüni ýeke duýýan bolsa, oňa nädip kömek edip bilersiň?

[88-nji sahypadaky sitata]

«Ýygnagymyzdan bir uýa meniň bilen dostlaşjak bolýardy. Başda ondan gaçyp, akmaklyk edipdirin. Ol menden 25 ýaş uly bolsa-da, iň gowy joralarymyň biri boldy» Mariýa

[87-nji sahypadaky surat]

Deň-duşlaryň bilen araňdaky «boşlukdan» geçmek üçin köpri gur