Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Internet arkaly dostlaşmak howplumy?

Internet arkaly dostlaşmak howplumy?

11-NJI BAP

Internet arkaly dostlaşmak howplumy?

Sen adamlar bilen gepleşmegiň haýsy görnüşini halaýarsyň?

□ Ýüzbe-ýüz

□ Telefonda

□ Internetde

Saňa kimler bilen gepleşmek aňsat?

□ Klasdaşlarym

□ Maşgalamdakylar

□ Dogan-uýalar

Sen nirede gepleşeniňde özüňi arkaýyn duýýarsyň?

□ Mekdepde

□ Öýde

□ Ýygnak duşuşygynda

GEL, ilki bilen, birinji sorag barada gürrüň edeli. Belki, senem köpler ýaly ýüzbe-ýüz gürleşeniňden, Internet arkaly gepleşmegi halaýansyň. Şonuň üçin «Internetde» diýen jogaby saýlansyň. Ýaşlaryň köpüsi Internet arkaly dost gözleýär. Eleýn atly gyz şeýle gürrüň berýär: «Internet arkaly dünýäniň dürli künjegindäki adamlar bilen tanşyp bolýar. Şeýle gowy mümkinçilik başga hiç ýerde ýok». 19 ýaşly Tina atly gyz bolsa, şeýle gürrüňdeşligiň özüne çekiji tarapyny belläp: «Internetde gepleşeniňde özüňi isledigiňçe tanadyp bolýar. Ýöne şol adam bilen ýüzbe-ýüz gürleşeniňde seni halamasa, hiç zat edip bilmeýärsiň» diýýär.

Indi bolsa ikinji we üçünji sorag barada gürrüň edeli. Ahmal, saňa dogan-uýalara garanyňda, klasdaşlaryň bilen gürleşmek aňsat bolýandyr. 18 ýaşly Jasmin şeýle gürrüň berýär: «Gyzyklanýan zatlaryň we ýagdaýlaryň deň gelýänler bilen dil tapyşmak aňsat. Şonuň üçinem mekdepde derrew dost tapyp bolýar».

Ýokardakylary göz öňünde tutsak, klasdaşlary bilen Internetde gepleşmek islegi hemmelerde bolýar. Tina hem şeýle edendigini aýdyp: «Klasdaşlarymyň ählisi Internetde gepleşýär. Menem olardan yza galasym gelmedi» diýýär a. 20 ýaşly Nataliýa joralary bilen habarlaşmak üçin web sahypa döredýär. Ol şeýle diýýär: «Tehnologiýa gitdigiçe ösýär, habarlaşmak üçinem täze zatlar çykýar. Bu hem şolaryň biri, men muny halaýaryn».

Nähili howp abanýar?

Elbetde, köpler Internet arkaly dostlaşmagy halaýandyr. Nataliýa: «Internetde ýazyşanyňda hiç zatdan çekinmeýärsiň» diýýär. Tina hem şeýle diýýär: «Utanjaň bolsaňam Internetde gepleşeniňde özüňi arkaýyn duýýarsyň. Sebäbi aýtjak zatlaryň hakda öňünden pikirlenmäge mümkinçilik bolýar».

Ýöne Internetde gepleşmegiň howply tarapy hem bar we oňa sowuk-sala garamasaň gowy bolar. Muny göz öňüne getirmek üçin şu sorag hakda oýlan: Sen howply ýerden gözüňi daňyp geçersiňmi? Şonuň ýaly hem nähili howp abanýandygyny bilmän, Internetde eýläk-beýläk girip-çykyp ýörersiňmi?

Internet arkaly dost gözlemek näme üçin howply? Öň nätanyş adamlar bilen Internetde ýazyşan Eleýn şeýle gürrüň berýär: «Internet arkaly päli ýaman adam bilen tanyşmagyň ahmal. Käbir adamlar heniz ýazyşyp-ýazyşmankaň, ahlaksyz zatlar barada gürrüň edýärler ýa-da: „Sen gyzmyň? Oral (agyz) jynsy gatnaşygyny edýärmiň?“ diýip soraýarlar. Käbirleri bolsa Internet arkaly ahlaksyz gürrüňleri etmegi (kiberseks) teklip edýär».

Ýazyşýan adamyňy gowy tanasaň-da örän seresap bolmaly. Jon şeýle gürrüň berýär: «Hatda ol meniň „ýöne bir dostum“ diýip pikir etseňem, ol gyz bilen köp ýazyşyp bilýärsiň. Köp ýazyşmak bilen bir-biriňe öwrenişýärsiň we onuň bilen gürrüň edilmeli däl zatlar barada gepleşip başlaýarsyň».

Ikiýüzlülerden gaça dur

Dawut patyşa erbet adamlar bilen gatnaşyk saklamaly däldigine gowy düşünýärdi. Ol şeýle ýazýar: «Ýalançylar bilen oturmadym, ikiýüzlüler bilen gatnaşyk etmerin» (Zebur 26:4).

Sen hem Internetde şeýle adamlara duş gelipmidiň? Adamlaryň haçan hakyky ýüzüni gizleýändigini ýaz. ․․․․․

Belki, Internetde ýazyşanyňda seniň özüň hem hakyky ýüzüňi gizleýänsiň. Öň Internetde ýazyşan Abigaýil şeýle diýýär: «Onuň kimdigini bilmesem hem, ilki, özüm ýazyp başlaýardym; onuň nämäni gowy görýändigini bilip, özümi tüýs şonuň diýýän gyzy ýaly edip görkezýärdim».

Liýana hem mekirlige ýüz urupdy. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men başga ýygnakdaky bir oglan bilen hemişe Internetde ýazyşýardym. Biz soňabaka, bir-birimizi söýýändigimizi aýdyp başladyk. Kakam ýa-da ejem geçip barýan bolsa, olar görmez ýaly, şol sahypany ekrandan aýyrýardym. 13 ýaşly gyzynyň 14 ýaşly oglan bilen söýgi hatyny ýazyşýandygy olaryň kellesine-de gelen däldir».

Seresap bol

Elbetde, Internet arkaly gepleşmek hemişe nädogry däl. Meselem, köp adamlar, esasanam, ulular dostlary bilen Internet arkaly habarlaşýar. Eger senem şeýle edýän bolsaň, käbir zatlardan seresap bolmaly. Gel, olar barada bileli.

Internetde näçe wagt ýazyşýandygyňa ünsli bol. Ol saňa iň wajyp zatlary etmäge, meselem, ukyňy almaga päsgel bermesin. Braýn atly oglan şeýle diýýär: «Oglanlaryň käbiri daňdan üçe çenli Internetde oturandygyny aýdýar» (Efesliler 5:15, 16).

Diňe tanaýan adamyň bilen ýa-da kim bilen ýazyşýandygyňy bilip bolýan ýagdaýda ýazyş. Erbet adamlar öz bähbidi üçin ulanar ýaly ynanjaň ýaş oglan-gyzlary gözleýär (Rimliler 16:18).

Internet arkaly bir zat satyn alanyňda ýa-da satanyňda seresap bol. Aldawçylara ýa-da erbet ýagdaýlara duşmazlygyň üçin özüň barada maglumat bereniňde ägä bol (Matta 10:16).

Dostuňa surat ugratmazdan öň, özüňe şeýle sorag ber: «Suratdaky adam Hudaýyň gullukçysyna meňzeýärmi?» (Titus 2:7, 8).

Ýüzbe-ýüz gepleşeniňde etmeýşiň ýaly, Internetde ýazyşanyňda hem gürrüň edilmeli däl zatlara geçilip başlansa, gürrüňi bes et (Efesliler 5:3, 4).

Interneti gizlin ulanma. Eger sen ene-ataňdan bir zat gizleýän bolsaň, onda muny näme sebäpden gizleýändigiň hakda oýlan. Kari atly gyz: «Men ejemden hiç zat gizlemeýärin we Internetde näme edýändigimi görkezýärin» diýýär (Ýewreýler 13:18).

«Howlukmanym gowy bolupdyr»

Senem hemmeler ýaly dostuň bolmagyny isleýänsiň. Biz başgalar bilen gatnaşyp, şatlanmak üçin ýaradyldyk (Gelip çykyş 2:18). Hudaýyň bize şeýle duýgulary berendigi üçin seniň hem kimdir biri bilen dostlaşmak islegiň güýçli bolýar. Ýöne dost saýlanyňda seresap bolmaly.

Hudaýyň Sözündäki maslahatlara eýerip dost saýlasaň, hökman gowy dost taparsyň! 15 ýaşly bir gyz şeýle diýýär: «Ýehowany hem-de seni söýýän dostlary tapmak aňsat däl. Şeýle dostlary tapanyňda bolsa howlukmanym gowy bolupdyr diýýärsiň».

INDIKI BAPDA

Käbirleri: «Şony aýdanym bilen ölesi ýok» diýýär. Ýöne gybat adamyň ýüregine bitmejek ýara salýar. Sen gybat etmekden nädip saklanyp bilersiň?

[Çykgyt]

a Mekdepde dostlaşmak barada 17-nji bapda gürrüň ediler.

ESASY PIKIRI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«Ýalançylar bilen oturmadym, ikiýüzlüler bilen gatnaşyk etmerin». Zebur 26:4

MASLAHAT

Internet ulananyňda wagtyň nädip geçendigini bilmän galýarsyň. Şonuň üçin oňa näçe wagt sarp etjekdigiňi öňünden çöz we şoňa görä hereket et. Eger gerek bolsa, wagtyň bolandygyny duýdurar ýaly bir zatlar et.

BILÝÄŇIZMI?

Internetde diňe adyňy, haýsy mekdepde okaýandygyňy we telefon belgiňi ýazmak hem erbet niýetli adamyň seni tapmagy üçin ýeterlikdir.

SEN NÄME ETMEKÇI?

Interneti ulanmagymy hepdede ․․․․․ sagat azaltmak üçin, men ․․․․․

Nätanyş adam bilen Internetde ýazyşyp başlasam, men ․․․․․

Bu babatda ene-atamdan sorajak zatlarym:․․․․․

SEN NÄHILI JOGAP BERERSIŇ?

● Ýüzbe-ýüz gürleşmek bilen deňeşdireniňde, Internetde gürleşmegiň nähili peýdaly we zyýanly taraplary bar?

● Internetde gürleşeniňde hakyky ýüzüňi gizlemek näme üçin aňsat?

● Internete köp wagt sarp etmez ýaly näme edip bilersiň?

● Internet arkaly habarlaşmak haçan peýdaly bolup biler?

[103-nji sahypadaky sitata]

«Men tanamaýan we gatnaşmajak adamlarym bilen Internetde hat alyşmaýaryn» Jon

[101-nji sahypadaky surat]

Sen howply ýerden gözüňi daňyp geçersiňmi? Şonuň ýaly hem nähili howp abanýandygyny bilmän, Internetde eýläk-beýläk girip-çykyp ýörersiňmi?