Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Jynsy höwes bilen nädip göreşmeli?

Jynsy höwes bilen nädip göreşmeli?

29-NJY BAP

Jynsy höwes bilen nädip göreşmeli?

MAÝKL atly oglan: «Gülkünç görünýändir weli, ýanymda gyzlar bolmasa-da, olar kellämden çykanok. Käwagt hatda pikirimi jemläp bilemok» diýýär.

Senem Maýkl ýaly günuzyn gyzlar (oglanlar) barada pikirlenýärmiň? Eger pikirlenýän bolsaň, hamala kelläňde uruş gidip duran ýalydyr. Ahlaksyz pikirler edil duşman goşuny ýaly saňa hüjüm edýändir. Maýkl: «Şeýle pikirler özüne ýesir edýär welin, geçip barýan gowuja gyzy görüp, ýakyndan synlamak üçin, barýan ýoluňdan sowulýaň ýa-da şol gyzyň yzyndan dükana girýäň» diýýär.

Jynsy gatnaşyk etmek islegine erbet diýip bolmaz. Aslynda, Hudaý erkek bilen aýaly şeýle isleg bilen ýaratdy. Emma olar toý tutup, diňe är-aýal bolandan soň jynsy gatnaşyk edip bilýärler. Sen heniz durmuş gurmadyk bolsaň-da, käwagt güýçli jynsy höwes döremegi mümkin. Şeýle isleg döräýende-de, saňa erbet ýa-da ahlaksyz adam diýip bolmaz. Ýöne ahlak taýdan arassa bolmak seniň özüňe bagly! Munuň üçin pikirleriňe erk etmeli. Eýsem, pikirleriňe erk etmek üçin näme etmeli?

Gatnaşýanlaryňy saýla. Klasdaşlaryň ahlaksyz zatlar barada gürrüň edip başlasa, sen hem olardan kem galmajak bolýansyň. Belki, özüňe «akja jüýje» diýdiresiň gelýän däldir. Eger olaryň gürrüňlerini diňleseň, elbetde, pikiriňe erk etmek kyn bolar. Şeýle ýagdaýda näme edip bilersiň? Olaryň ýanyndan turup gidäýmelimi? Elbetde! Ýöne turup gidýäniňe hiç haçan utanma! Olara akyl satman, gaýtam, bir bahana tapyp ýanlaryndan gitseň, üstüňden gülmezler.

Filmleri we aýdym-sazlary saýla. Elbetde, her bir filme ýa aýdym-saza erbet diýip bolmaz. Ýöne häzir olaryň köpüsi ahlaksyz höwesleri oýarýar. Injilde bolsa: «Geliň, bedeni we ýüregi hapalaýan islendik zatdan özümizi arassalalyň, Hudaýdan gorkup, has-da mukaddes bolalyň» diýlip maslahat berilýär (2 Korinfliler 7:1). Şol sebäpli ýerliksiz, hapa, ahlaksyz islegleri oýarýan filmleri görme we şeýle aýdym-sazlary diňleme a.

Masturbasiýanyň zyýany

Käbir ýaşlar ahlaksyz höwesleri ýeňmek üçin masturbasiýa edýär, ýagny jyns organlaryny oýnap, bilgeşleýin sypalaýar ýa-da owkalaýar. Ýöne masturbasiýa etmek ýagdaýy has-da kynlaşdyrýar. Injilde mesihçilere: «Beden agzalaryňyzdaky ahlaksyzlygy, hapalygy, erk edip bolmaýan ahlaksyz islegleri, erbet höwesleri we butparazlyk bolan açgözlügi öldüriň» diýlip maslahat berilýär (Koloslylar 3:5). Masturbasiýa ahlaksyz höwesleri öldürmeýär-de, gaýtam, olary güýçlendirýär.

Masturbasiýa seni erbet höwesleriň guly edýär (Titus 3:3). Masturbasiýany ýeňmek üçin şol hakda ynamdar biri bilen gürleş. Birnäçe ýyl masturbasiýa bilen göreşen mesihçi şeýle gürrüň berýär: «Ýetginjek wagtym kynçylygym barada biri bilen gürleşmändigime ökünýän. Men köp ýyllap utanyp gezdim. Şol sebäpli adamlar bilen aram bozuldy. Iň erbedi bolsa, Ýehowa bilen dostlugyma zyýan ýetdi».

Sen masturbasiýa bilen göreşýändigiňi kime aýtmaly? Köplenç ene-ataňa içiňi döküp bilersiň. Ýa-da tejribeli mesihçi bilen gürleş. Gürrüňdeşlige başlamak üçin: «Meniň bir kynçylygym bar, şol hakda gürleşäýjekdim» diýip bilersiň.

Andre Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnagynda ýaşuly bolup gulluk edýän bir dogan bilen gürleşýär. Andre şeýle gürrüň berýär: «Men ýaşula bar zady aýtdym. Diňläp otyrka, onuň gözüne ýaş aýlandy. Soňra ýaşuly dogan Ýehowanyň meni söýýändigini we şeýle kynçylygyň diňe mende däl-de, köp ýaşlarda bolýandygyny aýtdy. Ol menden habar alyp durjakdygyny, maňa kömek etjek edebiýatlary getirip berjekdigini söz berdi. Şondan bäri özümi saklap bilmän birnäçe sapar masturbasiýa etsem-de, ýaşuly dogan bilen gürrüňdeşlik endigime garşy göreşi dowam etmäge höweslendirdi».

Martin bolsa kakasy bilen gürleşýär. Kakasy Martini sabyrly hem ünsli diňleýär. Ol ogluna ýaş wagty hatda özüniň hem şeýle endik bilen göreşendigini aýdýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Kakamyň beren gürrüňi we ýagdaýyma düşünýändigi meni ruhlandyrdy. Eger kakam endigini ýeňen bolsa, men hem ýeňip bilerin. Kakamyň aýdan sözleri şeýle bir täsir etdi welin, göz ýaşymy saklap bilmedim».

Masturbasiýa endigiňi ýeňmek üçin Andre bilen Martin ýaly kömek soramaga çekinme. Endigiňi goýmak birbada başartmasa-da, ruhdan düşme! Masturbasiýa garşy göreşde sen hökman ýeňiş gazanarsyň b.

Pikirleriňe erk et

Pawlus resul: «Bedenimi horlap, ony gul edýärin» diýip ýazdy (1 Korinfliler 9:27). Eger kelläňe ahlaksyz pikirler girip başlasa, onda sen hem aýatda aýdylyşy ýaly, özüňe erk etmegi öwrenmeli. Erbet pikirler şonda-da kelläňden çykmaýan bolsa, onda biraz maşk edip gör. Injilde «beden maşkynyň» azda-kände peýdalydygy aýdylýar (1 Timoteos 4:8). Belki, çalt-çalt ýöreseň ýa biraz maşk etseň, erbet pikirlerden ünsüň sowlar.

Mundan başga-da, gökdäki Atamyzyň berýän kömegini ýatdan çykarma! Bir mesihçi: «Jynsy höwes güýjän wagty kyn bolsa-da, Hudaýa doga edýärin» diýýär. Şeýle höwesler hemişelik aýrylmasa-da, Hudaý saňa gowy zatlar hakda pikirlenmäge kömek eder.

[Çykgytlar]

a Şu kitabyň 8-nji bölüminde göwün açmak we dynç almak barada köpräk gürrüň berilýär.

b Masturbasiýa barada köpräk bilmek üçin I tomuň 25-nji babyny okap bilersiň.

ESASY PIKIRI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«Ýagşy, öwgä we şöhrata mynasyp zatlar hakda oýlanyň». Filipililer 4:8

MASLAHAT

Özüňi saklap bilmän ýene masturbasiýa edäýeniňde-de, göreşi dowam et! Muňa nämäniň sebäp bolandygyna düşünjek bol. Sebäbine düşünip, şol zatdan ägä bol.

BILÝÄŇIZMI?

Sen näme hakda pikir etseň, şol hem häsiýetiňe we özüňi alyp barşyňa täsir eder (Ýakup 1:14, 15).

SEN NÄME ETMEKÇI?

Ahlaksyz höwesleri kellämden aýyrmak üçin, men ․․․․․

Klasdaşlarym ahlaksyz zatlar barada gürrüň edip başlasa, men ․․․․․

Bu babatda ene-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․

SEN NÄHILI JOGAP BERERSIŇ?

● Jynsy höweslere näme üçin hemişe erbet diýip bolmaz?

● Jynsy höwesleriňe näme üçin erk etmeli?

● Dynç alşyň haýsy görnüşleri gyzlar (oglanlar) barada pikirlenmäge iterip biler?

● Ahlaksyz gürrüň edilýän ýerden näme üçin gitmeli?

[240-njy sahypadaky sitata]

«Jynsy höwes dörese, ony kellämden çykarmak üçin ünsümi başga zada sowýaryn. Biraz wagtdan şeýle pikirleriň aýryljakdygyny özüme ýatladýaryn» Skot

[239-njy sahypadaky surat]

Sen kompýuteriňe wirus geçirersiňmi? Onda kelläňi ahlaksyz pikirlerden doldurmak nämä gerek?!