Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ejem ýa kakam bolmasa-da bagtly bolup bilerinmi?

Ejem ýa kakam bolmasa-da bagtly bolup bilerinmi?

25-NJI BAP

Ejem ýa kakam bolmasa-da bagtly bolup bilerinmi?

«Ene-atasynyň ikisem bar bolan çagalaryň öz otaglary we täze eşikleri bolýar. Meniň bolsa aýratyn öz otagym ýok. Hatda halaýan zatlarymy hem käwagt alyp berýärler. Sebäbi ejemiň ýagdaýy ýok. Meniň çagalyk ýyllarym edil hyzmatkäriňki ýaly öý işleri bilen geçýär. Sebäbi ejem işde wagty men öýüň işlerini hökman edäýmeli». 13 ýaşly Şalonda

ELBETDE, ene-ataň ikisiniň hem bolmagy gaty gowy. Olar bilelikde saňa has gowy görkezme, gorag we goldaw berip bilýär. Mukaddes Ýazgylarda: «Iki adam bir adamdan ýagşydyr, çünki zähmetleri üçin ýagşy muzd alýarlar» diýilýär (Wagyz kitaby 4:9).

Ýöne şu günler ene-atasynyň ikisi hem bar bolan maşgalalar gaty seýrek duş gelýär. Şol sebäpli şeýle maşgalalary «Gyzyl kitabyna» salyberseňem bolýar. Mysal üçin, ABŞ-da 18 ýaşamadyk çagalaryň ýarysyndan köpüsi ejesiz ýa-da kakasyz ýaşaýar.

Muňa garamazdan, käbir ýaşlar ejesiniň ýa kakasynyň ýokdugyna utanýar. Başgalar bolsa, döreýän kynçylyklar sebäpli tapdan düşýär. Eger seniň ejeň ýa-da kakaň ýok bolsa, nähili kynçylyga duş gelýärsiň? Seni nämäniň biynjalyk edýändigini aşakdaky boş ýere ýaz.

․․․․․

Eger sen hemişe ejeň ýa-da kakaň söýgüsini we goldawyny görmeýän bolsaň, bu seniň bagtsyz adamdygyňy görkezýärmi? Elbetde, ýok. Ýöne köp zat seniň bu ýagdaýa garaýşyňa bagly. Mukaddes Ýazgylarda: «Görgüliniň ähli günleri ýamandyr; ýüregiň şatlygy bolsa üznüksiz baýramdyr» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 15:15). Diýmek, adam bagtlymy ýa-da ýok, bu onuň ýagdaýyna däl-de, garaýşyna bagly. Ejeň ýa-da kakaň ýokdugyna garamazdan, saňa ýürekden şatlanmaga näme kömek edip biler?

Nädogry garaýşy aýyr

Ilki bilen, başgalaryň aýdýan erbet sözlerine üns berme. Mysal üçin, käbir mugallymlar käbir çagalaryň ejesiniň ýa-da kakasynyň ýokdugy üçin gowy okamaýandygyny we edepsiz bolup ýetişýändigini belläp, olaryň ýüregine ýara salyp bilýän sözleri aýtmagy mümkin. Ýöne özüňe şeýle soraglary ber: «Şeýle sözleri aýdýan adamlar hakykatdan-da biziň maşgalamyzda näme bolup geçýändigini bilýärmi? Ýa olar bu zatlary ejesiz ýa-da kakasyz maşgalalar barada aýdylýan gep-gürrüňler esasynda şeýle diýýärmi?»

Şeýle-de Mukaddes Ýazgylarda «ýetim-ýesir» diýlen söze birnäçe gezek duş gelse bolýar. Ýöne hiç bir ýerinde şeýle çagalar kemsidilmeýär. Munuň tersine, Ýehowanyň ejesiz ýa-da kakasyz çagalaryň aladasyny edýändigi barada aýdylýar a.

Mundan başga-da, ýagşy niýetli adamlar «göwnüne alaýmasyn» diýip, seniň bilen örän seresaply gepleşýändir. Meselem, olar seni kemsindirmejek bolup, «eje», «kaka», «aýrylyşdy», «öldi» diýen sözleri ulanýan däldir. Olaryň şeýle etmegi saňa ýaramaýan bolsa, muny sypaýyçylyk bilen aýdyp bilersiň. 14 ýaşly Toni kakasyny hiç haçan görmändi. Ol käbirleriniň öz ýanynda käbir zatlar barada gürrüň edip bilmeýändigini belläp geçýär. Ýöne şol zatlar hakda Toniniň özi gürrüň edip başlaýar. Ol: «Goý, olar öz ýagdaýymdan utanmaýandygymy bilsinler» diýýär.

Boş hyýal bilen ýaşama

Elbetde, ene-ataň aýrylyşsa ýa-da olaryň biri aradan çyksa gynanarsyň. Ýöne iru-giç bu ýagdaý bilen ylalaşmaly bolarsyň. Mukaddes Ýazgylarda şeýle maslahat berilýär: «„Geçen günler bu günden gowudy“ diýme» (Wagyz kitaby 7:10). 13 ýaşly Sofiýanyň ene-atasy ol 10 ýaşynda wagty aýrylyşypdylar. Ol şeýle diýýär: «Eger sen boş hyýal bilen ýaşap, her bir kynçylygyňy kakaň ýokdugyndan görseň ýa-da „olar aýrylyşmadyk bolsa hemme zat gowy bolardy“ diýip pikir etseň, öz ýagdaýyňy özüň kynlaşdyrýarsyň». Bu gaty gowy maslahat. Sebäbi gowy diýilýän maşgalalaryň hem özlerine ýetik kynçylygy bolýar.

Gel, bir mysala seredeli. Seniň maşgalaňy bir kürekçisi ýetmeýän gaýyk diýip göz öňüne getireli. Dogrudan-da, gaýykçylaryň her biri öz ýerinde bolsa, küreklemek hemmesine aňsat bolýar. Eger bir kürekçi, ýagny ejeň ýa-da kakaň bolmasa, topardaky beýleki kürekçilere biraz köpräk küreklemek gerek bolýar. Ýöne bu çykgynsyz ýagdaýmy? Siziň gaýygyňyz çümüp barýarmy? Elbetde, ýok. Toparyň, ýagny maşgalanyň beýleki agzalarynyň bilelikdäki tagallasy bilen siz maksadyňyza hökman ýetip bilersiňiz!

Öz borjuňy ýerine ýetir!

Öýüňdäkilere kömek etmek üçin sen näme edip bilersiň? Munuň üç usuly bar. Gel, bulary bileli.

Tygşytly bolmagy öwren. Ejesi ýa-da kakasy ýok bolan maşgalada, adatça, pul meselesi kynçylyk döredýär. Onda sen öýüňdäkilere nädip kömek edip bilersiň? Ýokarda bellenilip geçilen Toni şeýle diýýär: «Mekdepdäkileriň köpüsi ene-atasyna gymmat köwüş bilen köýnek alyp bermese, mekdebe gitmejekdigini aýdýar. Men bolsa ejem näme alyp berse, şony geýýärin. Eşigim gymmat bolmasa-da, arassa hem-de ütükli. Alnyp berlen zady aýawly saklaýaryn. Şonsuzam ejeme kyn, ýene-de ýagdaýyny kynlaşdyrmak maňa nämä gerek?!» Biraz tagalla etseň, «men ähli ýagdaýlarda baryma kaýyl bolmagy öwrendim... Ähli zatda we ähli ýagdaýda... ýaşamagyň syryny öwrendim» diýen sözleri aýdan, Pawlus resuldan görelde alyp bilersiň (Filipililer 4:11, 12).

Tygşytly bolmagyň ýene bir usuly—puly biderek sowmazlyk (Ýahýa 6:12). Rodneý atly ýetginjek oglan şeýle diýýär: «Men öýdäki zatlary döwmezlige we ýitirmezlige jan edýärin. Sebäbi döwsem ýa-da ýitirsem täzesini almak üçin pul gerek bolýar. Mundan başga-da, gerekmejek wagty togy öçürýärin. Bu elektrik toguna köp çykdajy etmezlige kömek edýär».

Özüňden bilip et. Çagalaryny ýeke terbiýeleýän ene-atalar, adatça, öýde çagalary üçin düzgün goýmaýarlar ýa-da öýdäki işleri etmelidigini aýtmaýarlar. Näme üçin? Sebäbi ejesiniň ýa-da kakasynyň ýokdugyny bildirtmejek bolup, çagalarynyň durmuşyny ýeňilleşdirjek bolýarlar. Olar: «Başga çagalar oýnap ýören wagty, öýde çagalarymyň işlemegini islämok» diýmekleri mümkin.

Belki, sen ejeň ýa-da kakaň şeýle pikir edýändiginden peýdalanasyň gelýändir. Ýöne şeýtmek bilen olaryň üstündäki ýüki ýeňilleşdirmeýäň-de, tersine, agyrlaşdyrýarsyň. Beýle etmegiň deregine, kömek etmegi teklip et. Toni şeýle diýýär: «Ejem hassahanada işleýär. Şol sebäpli onuň iş eşigi hemişe ütükli bolmaly. Men ejemiň eşiklerini ütükläp berýärin. Käbirleri „gyzlaryň işini edýärsiň“ diýmegi mümkin. Diýseler diýibersinler, men ejem jana kömek edýärin».

Minnetdarlyk bildir. Ejeňe ýa kakaňa minnetdardygyňy diňe bir iş ýüzünde görkezmän, eýsem sözde aýtsaň hem begendirip bilersiň. Çagalaryny ýeke terbiýeleýän ene: «Işden ýadap gelenimde gyzymyň bir zatlar bişirip, saçak ýazyp ýörendigini görýärin. Oglum bolsa öňümden ylgap çykyp „eje jan“ diýip gujaklaýar» diýýär. Çagalarynyň şeýle etmegi oňa nähili täsir edýär? Ol: «Uzakly günki ýadawlygym zym-zyýat bolýar» diýip gürrüň berýär.

Ýokardaky üç maslahatyň haýsysyny has köp ulanmak isleýändigiňi ýaz. ․․․․․

Ene-ataň biriniň ýok bolmagy saňa duýgudaş bolmaga, başgalaryň peýdasyny gözlemäge we jogapkär adam bolmaga kömek eder. Mundan başga-da, Isa: «Bermek almakdan has bagtly edýändir» diýdi (Resullaryň işleri 20:35). Şeýle-de sen ejeňe ýa kakaňa kömek etseň, köp şatlyk tapyp, hakykatdan-da, bagtly bolarsyň.

Elbetde, wagtal-wagtal ejeňi ýa-da kakaňy küýsärsiň. Ýöne sen öz ýagdaýyňda eliňde baryny etmegi öwrenip bilersiň. Neýa atly gyz şeýle diýýär: «Kakam aýrylansoň biriniň maňa: „Bagtly bolmagyň häzirki ýagdaýyňa däl-de, seniň garaýşyňa we özüňi alyp barşyňa bagly“ diýen sözleri ýüregime jüňk boldy. Bu sözler maňa bolan ýagdaý sebäpli ruhdan düşmeli däldigimi ýatlatdy». Senem mundan wajyp zady öwrenip bilersiň: Bagtly bolmagyň ýagdaýa däl-de, oňa bolan garaýşyňa we kabul edişiňe bagly.

ŞU TEMA BARADA KÖPRÄK BILMEK ÜÇIN I TOMUŇ 4-NJI BABYNA SERET

[Çykgyt]

a Mysal üçin, Kanun taglymaty 24:19—21 we Zebur 68:5-nji aýatlara seredip bilersiň.

ESASY PIKIRI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«Diňe öz bähbidiňizi gözlemän, başgalaryňkyny hem agtaryň». Filipililer 2:4

MASLAHAT

Eger öýde etmeli işleriň gaty köp bolsa, ejeňe ýa-da kakaňa sypaýyçylyk bilen...

maşgalanyň her agzasynyň etmeli işlerini bir kagyza ýazmagy haýyş et.

gerek bolsa, öýüň işlerini bölüp bermegi haýyş et.

BILÝÄŇIZMI?

Adatça, ene-atasy bar ýaşlaryň öýde edýän işleri az bolýar. Ejesi ýa-da kakasy ýok bolan ýaşlar bolsa, öýde köp iş edip, jogapkär adam bolmagy ir öwrenýär.

SEN NÄME ETMEKÇI?

Erbet duýgular bilen göreşmek üçin, men ․․․․․

Käbirleri ýanymda käbir zatlar barada gürrüň etmäge çekinýän bolsa, men ․․․․․

Bu babatda ene-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․

SEN NÄHILI JOGAP BERERSIŇ?

Ejesi ýa-da kakasy bolmadyk çagalar hakda käbir adamlar näme üçin ters pikirde bolýar?

Ejeň ýa-da kakaň näme üçin saňa köp iş buýurmak islemeýän bolmagy ahmal?

Ejeňe ýa-da kakaňa minnetdarlygyňy nädip görkezip bilersiň?

[211-nji sahypadaky sitata]

«Ejem bilen kakam aýrylyşandan soň, ejem ikimiz ýürekden gürleşip başladyk we bir-birimize has-da ýakynlaşdyk» Melani

[211-nji sahypadaky surat]

Ejesi ýa-da kakasy ýok maşgala bir kürekçisi ýok gaýyga meňzeýär. Beýlekilere biraz kyn bolsa-da, bilelikde tagalla etseler maksadyna ýetip bilerler