Aýdym-saz meselesinde nädip paýhasly bolmaly?
31-NJI BAP
Aýdym-saz meselesinde nädip paýhasly bolmaly?
Seniň üçin aýdym näderejede wajyp?
□ Şonsuzam oňup bilýän.
□ Onsuz ýaşap bilemok.
Sen aýdymy haçan diňleýärsiň?
□ Ýolda
□ Sapaklaryma taýýarlananymda
□ Hemişe
Sen nähili aýdymlary gowy görýärsiň we näme üçin? ․․․․․
HEMME adamlar aýdym-saz diňläp lezzet alýarlar. Köp ýaşlar durmuşyny aýdym-sazsyz göz öňüne getirip bilmeýär. 21 ýaşly Ember şeýle diýýär: «Aýdym bolmasa öläýmesem. Öýleri arassalanymda, nahar bişirenimde, bir ýere gidenimde ýa-da sapaklarymy edenimde, garaz, hemişe aýdym diňleýärin».
Aýdym birnäçe sesleriň gaýtalanmagy esasynda dörese-de, ol adamyň içki dünýäsine we duýgularyna güýçli täsir edýär. «Ýerlikli sözüň... gowy» bolşy ýaly, ýerlikli wagty eşiden aýdym-sazlarymyz hem biziň göwnümizi göterýär (Süleýmanyň tymsallary 15:23). 16 ýaşly Jessika şeýle gürrüň berýär: «Käte seniň duýgularyňa hiç kim düşünmeýän ýaly bolýar. Ýöne men gowy görýän aýdymçylarymyň aýdymlaryny diňlänimde, menden başgalaryň hem göwnüçökgün bolýandygyna göz ýetirýärin».
Gohlaşarsyňmy ýa-da dil tapyşarsyň?
Belki, sen bir aýdymy gowy görýänsiň, ýöne ol ene-ataňa ýaraýan däldir. Bir ýetginjek oglan şeýle belleýär: «Kakam: „Öçür şonyňy. Kelläm çişip gitdi“ diýýär». Olaryň iňirdisinden ýadap, seniň üçin olar peşeden pil ýasaýan ýaly bolup görünmegi mümkin. Bir ýetginjek gyz: «Özleri ýaş wagty diňlemedilermikä? Olara-da ene-atasy şeýle zatlary diýdilermikä?» diýip zeýrenýär. 16 ýaşly Inga nägilelik bilen: «Olar köne pikirleri bilen ýaşaýar. Emma olar ýaşlaryňam aýdymdan biraz bolsa-da başynyň çykýandygyna düşünseler gowy boljak!» diýýär.
Inganyň aýdýanlarynyň jany bar. Bütin taryhyň dowamynda ene-atalar bilen çagalaryň arasyndaky düşünişmezlikler köplenç şahsy meselelerde, ýagny gowy görýän zatlary babatda bolupdyr. Emma bu aýdym-saz meselesinde pikirleriň deň gelmeýändigi üçin hemişe
gohlaşmalydygyny aňlatmaýar. Gaýtam, ene-ataň bilen dil tapyşyp, şeýle düşünişmezligi parahat çözüp bolýar. Eger ene-ataň Mukaddes Ýazgylara hormat goýýan bolsa, bu hasam aňsat bolýar. Näme üçin şeýle diýip bilýäris? Sebäbi Mukaddes Ýazgylar saňa we ene-ataňa Hudaýa ýaramaýan aýdym-sazy anyklamaga hem-de haýsysyny diňlemelidigini bilmäge kömek eder. Munuň üçin: 1) Diňleýän aýdymyň näme hakdadygyny, 2) her gün näçe wagt aýdym diňleýändigiňi barlamaly. Gel, ilki, bularyň birinjisi barada gürrüň edeli.Diňleýän aýdymym näme hakda?
Aýdym-sazy iýmit bilen deňeşdirse bolýar. Ýokumly iýmiti ýeterlikli iýmek saglygyň üçin peýdaly. Zaýalanan iýmiti az iýseňem, köp iýseňem ol barybir zyýanly. Gynansak-da, özüne çekiji aýdymlar köplenç zyýanly bolýar. Stiw atly ýetginjek: «Hemişe diýen ýaly aýdymyň saz-a gowy, sözlerini bolsa diňlär ýaly däl» diýýär.
Käbirleri: «Goý, sözleri nähili bolsa bolsun, esasy zat, sazy gowy bolsa bolýar-da» diýmegi mümkin. Emma bu hakykatdanam şeýlemi? Muny bilmäge şu soraglar kömek eder: «Eger biri seni zäherlejek bolsa, ol zäheri tagamly zada goşup berermi ýa-da tagamsyz? Nämä garyp beräýende-de, ol saňa zyýan bermezmi?» Dogruçyl Eýýup pygamber: «Agzyň tagamy Eýýup 12:11). Şeýlelikde, aýdymyň sazyny ýa-da heňini halaýandygyň üçin oňa «göz ýummagyň», ýagny diňlemegiň deregine, onuň «tagamyna», ýagny adyna we sözlerine üns bermeli. Bu näme üçin şeýle wajyp? Aýdymyň sözleri garaýşyňa we hereketiňe täsir edýär.
dadyşy deý, gulagam sözleri seljermezmi?» diýýär (Gynansak-da, şu günler gowy görlüp diňlenýän köp aýdymlar ahlaksyzlyga, zorluga we neşe çekmäge höweslendirýär. Eger sen aýdymyň sözleri täsir etmeýär diýip pikir edýän bolsaň, onda zäher saňa eýýäm täsirini ýetirip başlapdyr.
Özüň karara gel!
Deň-duşlaryň seni giňden ýaýran erbet aýdymlary diňlemäge höweslendirmegi ahmal. Mundan başga-da, aýdym çykarýanlaryň özleri hem täsirini ýetirýär. Radionyň, Internetiň we teleýaýlymlaryň kömegi bilen aýdym-saz köp girdejili işe öwrüldi. Sende aýdym-saza bolan höwesi döredip, ony öz ellerinde saklamak üçin ökde hünärmenler işleýärler.
Deň-duşlaryň ýa-da aýdymlary reklama edýänleriň saňa ynandyrjak bolýan zatlarynyň täsirine düşseň, saýlamak erkinligiňi ýitirersiň. Sen daşyňdan erkin görünseň-de, pikiriňde olaryň guly bolarsyň (Rimliler 6:16). Mukaddes Ýazgylarda şeýle zatlarda bu dünýäniň täsirine düşmezlik maslahat berilýär (Rimliler 12:2). Şonuň üçin «ýagşyny we ýamany saýgarmak» ukybyňy terbiýelemeli (Ýewreýler 5:14). Emma muny aýdym saýlamak meselesinde nädip ulanyp bileris? Indiki maslahatlar muny bilmäge kömek eder.
Daşyna seret. Köplenç diskiň daşyndaky surata ýa-da ýazga seredip, içindäki zatlary bilip bolýar. Eger daşynda zorlukly, ahlaksyz ýa-da jadygöýlik bilen baglanyşykly suratlar bar bolsa, aýdymyň içinde-de şeýle zatlar bolar.
Sözlerini barla. Aýdym näme barada? Sen çyndanam şol aýdymlary diňläp, ondaky sözleriň kelläňde aýlanyp durmagyny isleýärsiňmi? Şeýle sözler seniň gymmat saýýan zatlaryňa we Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine garşy gelýärmi ýa-da ýok? (Efesliler 5:3—5). Eger diňleýän aýdymyň başga dilde bolsa, onda onuň sözleriniň ahlaksyzlygy öňe sürýändigini ýa-da sürmeýändigini anyklamak üçin köpräk tagalla etmeli bolar.
Nähili täsir edýändigini barla. Filip atly ýetginjek: «Diňleýän aýdymlarymyň köpüsiniň meni göwnüçökgünlige düşürýändigine göz ýetirdim» diýýär. Dogrudanam, aýdym adamlara her dürli täsir edýär. Senem diňleýän aýdymlaryň nähili täsir edýändigini bilmek üçin, 1 Korinfliler 15:33).
özüňe şeýle soraglary ber: «Bir aýdymy ýa-da sazy diňlänimde kelläme erbet pikirleriň gelip başlandygyny duýdummy? Aýdymdaky ýerliksiz (žargon) sözleri ulanyp başladymmy?» (Başgalaryň pikirini bil. Diňleýän aýdymyňy ene-ataň halaýarmy? Olardan pikirini sora. Şeýle-de ýygnakdaky dogan-uýalar bu aýdymy eşitseler özlerini nähili duýar? Olary oňaýsyz ýagdaýa salarmy? Başgalara hormat goýýandygyň üçin bir zady üýtgetmäge taýyn bolsaň, ruhy taýdan ösendigiňi görkezersiň (Rimliler 15:1, 2).
Ýokardaky maslahatlara eýerip, sen özüňe ýaraýan we şol bir wagtyň özünde ruhy taýdan zyýan ýetirmeýän aýdymlary saýlap bilersiň. Gel, indi bolsa barlamaly zadyň ikinjisi barada gürrüň edeli.
Çendenaşa köp diňleýärinmi?
Gowy aýdymy peýdaly iýmit bilen deňeşdirse bolýar. Emma Mukaddes Ýazgylarda: «Bal tapdyňmy? Diňe ýeterlik iý; aşa düşüp-de, gusaýma» diýlip, paýhasly maslahat berilýär (Süleýmanyň tymsallary 25:16). Bilişimiz ýaly, bal saglyk üçin peýdaly. Ýöne çeniňi bilmeseň, hatda peýdaly zadam zyýanly bolup bilýär.
Ýaşlaryň käbiri aýdym-sazy durmuşynyň esasy bölegi edýärler. Mysal üçin, babyň başynda agzalan Jessika munuň şeýledigini boýun alyp: «Men hemişe aýdym diňleýärin. Hatda Mukaddes Ýazgylary okanymda-da diňleýärin. Ene-atama aýdymyň ünsümi jemlemäge kömek edýändigini aýdanymda, olar maňa ynanmaýardylar» diýýär. Senem Jessika ýaly pikir edýärsiňmi?
Aýdyma näçe wagt sarp edýändigiňi bilmek üçin aşakdaky soraglaryň üstünde oýlan:
Her gün näçe sagat aýdym diňleýärin? ․․․․․
Aýdym üçin her aý näçe pul sowýaryn? ․․․․․
Diňleýän aýdymym maşgala agzalarym bilen gatnaşygyma täsir edýärmi? Eger şeýle bolsa, onda ýagdaýy nädip gowulandyryp biljekdigiňi ýaz. ․․․․․
Endigiňi üýtget!
Eger aýdymy köp diňleýän bolsaň, belli bir çäk goýup, şondan çykma. Meselem, hemişe nauşnikde aýdym diňlemek ýa-da öýe gelen badyňa aýdym açmak endigiňi goýsaň gowy bolar.
Dogrudanam, käwagt aýdym diňlemän oturmak lezzet berýär we sapaklaryňa taýýarlanmaga kömek edýär. Ýokarda agzalan Stiw şeýle diýýär: «Aýdymy öçürseň, sapaklaryňa gowy taýýarlanyp bolýar». Sen hem şeýle edip gör, şonda ünsüňi has gowy jemläp bolýandygyna göz ýetirersiň.
Şeýle-de Mukaddes Ýazgylary we oňa esaslanan edebiýatlary okap, özleşdirmäge wagtyň bolar. Isa-da doga edip, Markus 1:35). Senem okamak üçin asuda ýeri saýlaýarmyň? Eger şeýle bolmasa, ruhy taýdan ösüşiňe zyýan ýeter.
oýlanmak üçin käte asuda ýere gidýärdi (Dogry karara gel
Aýdym-saz — Hudaýyň sowgady. Emma ony nädogry ulanmaly däl. Marlina: «Disklerimiň arasynda zyňmalysy hem bar. Ýöne olar gowy aýdymlar» diýýär. Marlinanyň erbet aýdymlary diňläp, aňyna we ýüregine zyýan ýetirýändigi hakda oýlanyp, oňa meňzemejek bol. Aýdymyň pikiriňi zaýalamagyna we durmuşyňy ele almagyna ýol berme. Aýdym saýlanyňda ýokary ahlak kadalara eýer. Hudaýa doga edip, kömek sora we ynançlaryň deň gelýänler bilen dostlaş.
Aýdym diňläniňde gaýgy-aladaňy unudyp, özüňi rahat duýýarsyň. Özüňi ýeke duýanyňda bolsa, ol göwnüňi göterýär. Ýöne aýdym diňläniň bilen kynçylyklaryň çözülmeýär, ol saňa çyn dost hem bolup bilmeýär. Şonuň üçin aýdymyň durmuşyňda esasy orny eýelemegine ýol berme. Aýdym diňlemek gowy bolsa-da, onuň hem durmuşda öz ýeriniň bardygyny ýatdan çykarma!
Käwagt dynç alasyň gelýändir. Mukaddes Ýazgylardaky prinsipler dynç alanyňda wagtyňy peýdaly ulanmaga nädip kömek edýär?
ESASY PIKIRI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR
«Agzyň tagamy dadyşy deý, gulagam sözleri seljermezmi?» Eýýup 12:11
MASLAHAT
Eger ene-ataň seniň gowy görýän aýdymlaryň we aýdym toparyň bilen gyzyklanmagyny isleseň, sen hem olaryň gowy görýän aýdymlary bilen gyzyklan.
BILÝÄŇIZMI?
Eger sen gowy görýän aýdymyňy ene-ataňa diňletmäge çekinýän bolsaň, bu diňleýän aýdymlaryň känbir gowy däldigini görkezýär.
SEN NÄME ETMEKÇI?
Aýdym meselesinde paýhasly bolmak üçin, men ․․․․․
Eger deň-duşlarym ýerliksiz aýdym diňletjek bolsa, men ․․․․․
Bu babatda ene-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․
SEN NÄHILI JOGAP BERERSIŇ?
● Diňleýän aýdymlaryňy saýlamak näme üçin wajyp?
● Saýlajak bolýan aýdymyň ýerliklidigini ýa-da ýerliksizdigini nädip bilmeli?
● Her dürli sazy gowy görmek üçin näme edip bilersiň?
[259-njy sahypadaky surat]
«Men diňläp oturan aýdymymyň erbetdigini bilen badyma, ony öçürýärin. Bolmasa, diňlär ýaly bahana tapmak gaty aňsat» Kameron
[258-nji sahypadaky çarçuwa]
Sazyň dürli görnüşi bilen gyzyklan
Belki, sen çaga wagtyň naharyň bary-ýogy iki-üç görnüşini halansyň. Häzir bolsa, halaýan naharlaryň gaty köpdür. Sebäbi sen täze tagamlary dadyp görensiň. Aýdym-saz barada hem şeýle diýse bolýar. Onuň diňe bir görnüşi bilen çäklenmän, eýsem, başga görnüşleri bilen hem gyzyklan.
Muny etmegiň bir usuly saz guralyny çalmagy öwren. Bu aňsat bolmasa-da, saňa lezzet berer. Şeýle-de sen köpçüligiň gowy görýän aýdym-sazlaryndan başga-da, onuň dürli görnüşleriniň bardygyna göz ýetirersiň. Ýöne munuň üçin nädip wagt tapyp bolar? Telewizor görmek we elektron oýunlaryny oýnamak üçin sarp edýän wagtyňy azaldyp bilersiň. Bu barada käbir ýetginjekler şeýle diýýär:
«Haýsydyr bir saz guralyny çalyp bilmek gowy zat. Bu duýgularyňy beýan etmegiň gowy usuly. Täze aýdym-sazlary öwrenip, men sazyň her dürli görnüşini halap başladym» (Gitara, deprek we fortepiano çalýan 18 ýaşly Braýn).
«Ökde bolmak üçin saz guralyny köp çalmaly. Elbetde, bu hemişe gyzykly däl. Ýöne öwrenmek islän sazyňy çalmagy başaranyňda, guş bolup uçaýjak bolýarsyň» (Alt saz guralyny çalýan 13 ýaşly Jedi).
«Men halys ýadap, keýpsiz bolanymda gitara çalýaryn. Men şeýdip ýadawlygymy ýeňýärin. Göwnüňi göterýän we kalbyňa rahatlyk berýän sazy çalmak nähili gowy!» (Gitara, pianino we klarnet çalýan 20 ýaşly Wanessa).
«Öňler biri saz çalanda: „Men-ä onuňky ýaly çalyp bilmerin“ diýýärdim. Men gaty köp tagalla etdim. Häzir bolsa ýalňyşman saz çalyp bilýärin. Bu bolsa maňa şatlyk berýär. Üstesine-de, men beýleki sazandalaryňam döredýän sazlarynyň gadyryny bilmegi öwrendim» (Gitara çalýan 20 ýaşly Jeýkob).
[255-nji sahypadaky surat]
Aýdymy iýmit bilen deňeşdirse bolýar. Ýokumly iýmiti ýeterlikli iýmek saglygyň üçin peýdaly. Zaýalanan iýmiti az iýseňem, köp iýseňem barybir zyýanly