Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Geçmişden sapak. Dawut pygamber

Geçmişden sapak. Dawut pygamber

Geçmişden sapak. Dawut pygamber

Dawut aýdym-sazy gowy görýärdi. Ol ökde sazanda we aýdym düzmäge ukyplydy. Ol hatda saz gurallaryny hem ýasaýardy (2 Ýyl ýazgylary 7:6). Dawut şeýle bir ökdedi welin, Ysraýylyň patyşasy oňa köşkde saz çalmagy teklip edipdi (1 Şamuwel 16:15—23). Dawut hem onuň teklibini kabul etdi. Ýöne ol munuň üçin öwünmeýärdi. Şeýle-de ol aýdym-sazyň durmuşynda esasy zat bolmagyna ýol bermedi. Gaýtam, ol öz ukybyny Ýehowany şöhratlandyrmak üçin ulandy.

Senem aýdym-sazy gowy görýärsiňmi? Sen aýdym aýtmaga ýa-da saz çalmaga Dawut ýaly ökde bolmasaň-da, onuň göreldesine eýerip bilersiň. Ýöne sen: «Nädip?» diýmegiň mümkin. Durmuşyň bar manysynyň aýdym-saz bolmagyna we onuň Hudaýa ýaramaýan pikirleri hem-de işleri etdirmegine ýol berme. Munuň tersine, goý, aýdym-saz şatlanmaga we lezzet alyp ýaşamaga kömek etsin. Aýdym döretmek we ondan lezzet almak, dogrudan-da, Hudaýyň sowgady (Ýakup 1:17). Dawut pygamber bu sowgady Ýehowany begendirmek üçin ulandy. Sen hem şeýle edersiňmi?