Geçmişden sapak. Hizkiýa
Geçmişden sapak. Hizkiýa
Hizkiýa aljyraňňy ýagdaýa düşýär. Ol bary-ýogy 25 ýaşynda Ýahudanyň patyşasy bolýar. Ol gowy patyşa bolarmy? Ýa-da kakasy Ahaz patyşanyň erbet göreldesine eýerermi? Ahaz patyşa tä ölýänçä erbet işlerinden el çekmedi. Ol butparazlygy ýaýradyp, hatda Hizkiýanyň käbir doganlaryny ýalan taňra gurban getiripdi (2 Ýyl ýazgylary 28:1—4). Emma kakasynyň erbet täsiri Hizkiýanyň Ýehowa gulluk etmegine päsgel bermedi. Şeýle-de ol kakasynyň goýberen ýalňyşlaryny hökman gaýtalamaly bolaryn diýip pikir etmedi. Gaýtam, Hizkiýa Ýehowa «wepaly boldy» (2 Patyşalar 18:6).
Ejeň ýa-da kakaň Hudaýyň ýolundan ýöreýändigiň üçin seni ýazgaryp, garşy çykýan bolsa näme etmeli? Eger olaryň biri arakhor ýa-da neşekeş bolsa näme? Bu seniň olara meňzemelidigiňi aňlatmaýar. Hizkiýa maşgalasynda bolan zatlaryň öz durmuşyna täsir etmegine ýol bermedi. Dogrudanam, Hizkiýa gowy patyşa boldy, sebäbi ol barada: «Ýahudada öňki-soňky bolan ähli patyşalaryň arasynda onuň ýalysy ýokdy» diýilýär (2 Patyşalar 18:5). Maşgalaňdaky kynçylyklara garamazdan, sen bagtly bolup bilersiň. Munuň üçin bolsa, Hizkiýa ýaly Ýehowa «wepaly bolmaly».