Geçmişden sapak. Lidiýa
Geçmişden sapak. Lidiýa
Lidiýanyň mesihçi bolanyna köp wagt geçmedik bolsa-da, onuň özi Pawlus bilen ýoldaşlaryny myhmançylyga çagyrýar (Resullaryň işleri 16:14, 15). Netijede, Lidiýa wepaly şägirtler bilen gürrüňdeş bolup bildi. Pawlus bilen Silasyň türmeden çykansoň nirä gidendigini bilýärmiň? Olar ýene-de Lidiýanyň öýüne bardylar (Resullaryň işleri 16:40).
Lidiýa ýaly senem başgalar bilen tanyşmak üçin ilki özüň ädim ädýärsiňmi? Muny etmäge saňa näme kömek edip biler? Az zatdan başla! Meselem, iň bolmanda, bir adam bilen gürrüňdeş bolmaga çalyş. Munuň üçin her gezek ýygnak duşuşygyna baranyňda bir adam bilen gürleşmegi maksat goýup bilersiň. Ýylgyr! Näme hakda gürrüň etjekdigiňi bilmeseň, oňa sorag ber ýa-da özüň barada gürrüň ber. Şeýle-de diňlemegi başar! Wagtyň geçmegi bilen, sözüňiz alşar. Köplenç mähirli we ýürekden aýdylan sözler adamlara güýçli täsir edýär (Süleýmanyň tymsallary 16:24). Lidiýa myhmansöýerdigi we dostlaşmaga taýyndygy üçin gowy dostlary tapdy. Sen hem ondan görelde alsaň, gowy dostlary taparsyň!