Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Men duşumaga taýynmy?

Men duşumaga taýynmy?

1-NJI BAP

Men duşuşmaga taýynmy?

«Hemme gyzlaryň söýüşýäni bar. Owadanja oglanlaram gaty köp». Witniý

«Käbir gyzlar gözüni-gaşyny oýnadyp, alyp-ýolup barýar. Şeýle gyzlar bilen söýüşesiň gelýär. Ýöne bu hakda ene-atama aýtsam, olaryň näme diýjegi belli». Filip

BIR-BIRINI gowy görýän adamlar, hatda ýaşy kiçi bolsa-da, köp wagtyny bile geçiresi gelýär. Jenifer atly gyz: «11 ýaşymdakam hiç kim bilen söýüşmeýändigim üçin kemsinýärdim» diýýär. Britani atly gyz bolsa: «Mekdepde söýüşýäniň bolmasa, bir zadyň kem ýaly bolýar» diýýär.

Şeýle ýagdaýlarda sen özüňi nähili duýýarsyň? Duşuşmaga taýýarmyň? Muňa jogap bermezden öň, şu sorag hakda oýlan:

«Duşuşmak» näme?

Muny bilmek üçin aşakdaky soraglara jogap ber:

Sen şol bir oglan (gyz) bilen köp wagtyňy bile geçirýärsiň. Siz duşuşýarsyňyzmy?

□ Hawa

□ Ýok

Siz bir-biriňizi gowy görýärsiňiz. Günüň dowamynda birnäçe gezek SMS ýazyşýarsyňyz ýa-da telefonda gepleşýärsiňiz. Siz duşuşýarsyňyzmy?

□ Hawa

□ Ýok

Dostlaryň bilen bir ýere gideniňde, bar ünsüň şol bir gyzda (oglanda) bolýar. Siz duşuşýarsyňyzmy?

□ Hawa

□ Ýok

Belki-de, birinji soraga jogap bermek aňsat bolandyr. Ýöne beýleki iki soragyň üstünde oýlanmaly bolansyň. Aslynda, duşuşmak näme? Eger-de iki adam biri-birini halaýan we wagtyny bile geçirýän bolsa, olara duşuşýar diýse bolar. Diýmek, ýokardaky soraglaryň üçüsiniň hem jogaby hawa. Siz günde-günaşa ýüzbe-ýüz ýa telefonda, köpçülik ýerinde ýa-da ikiçäk gepleşip, bir-biriňize köp üns berýän bolsaňyz, onda siz duşuşýarsyňyz. Ýöne sen bu jogapkärçiligi almaga taýýarmyň? Indiki üç sorag muny bilmäge kömek eder.

Näme üçin duşuşmak isleýärsiň?

Köp ýurtlarda oglan bilen gyz bir-birini ýakyndan tanamak üçin duşuşýar. Emma duşuşmagyň maksady şol adam bilen durmuş gurmalymy ýa-da gurmaly däldigine göz ýetirmek bolmaly.

Köp ýaşlar duşuşmaklyga sowuk-sala garaýar. Olar köplenç durmuş gurmak islemese-de, gowy görýän adamy bilen wagt geçirmegi halaýar. Käbirleri bolsa, başgalaryň ýanynda öwünmek ýa-da özüni görkezmek üçin duşuşýarlar. Ýöne şeýle gatnaşyklar köplenç uzaga çekmeýär. Heter atly gyz şeýle diýýär: «Deň-duşlarymyň arasyndaky söýüşýänleriň köpüsi entek iki hepde bolmanka, bir-birini taşlaýar. Olar wagtyny geçirmek üçin söýüşýärler. Belli bir manyda, bu olary maşgala gurmaga däl-de, aýrylyşmaga taýýarlaýar».

Şeýle-de duşuşýan wagtyň beýleki adamyň hem duýgusynyň bardygyny unutma. Şonuň üçin niýetiň gowy bolsun. Aýdaly, biri seniň duýgularyňy oýunjak ýaly oýnap, soňam taşlaýar. Sen özüňi nähili duýardyň? Elsi atly gyz şeýle diýýär: «Käte duşuşmaklyga ýöne bir güýmenje ýaly garaýaryn. Ýöne duşuşýanlaryň biri muňa çynlakaý garap başlasa, güýmenje diýip bolmaz».

Näçe ýaşyňda?

Seniň pikiriňçe, näçe ýaşda duşuşyp başlasa bolýar? ․․․․․

Indi bolsa, bu soragy ene-ataňa ber we jogabyny ýaz. ․․․․․

Seniň ýazan sanyň ene-ataňkydan azdyr ýa-da deň bolmagam mümkin. Ahmal, senem köp paýhasly ýetginjekler ýaly ýetişip, özüňi gowy tanaýançaň duşuşmaga howlukýan dälsiň. 17 ýaşly Daniella atly gyz hem şeýle etmegi ýüregine düwüpdi. Ol şeýle diýýär: «Iki ýyl mundan öň gelejekki ýanýoldaşymda görmek isleýän zatlarym häzirkiden düýbünden tapawutlanýardy. Dogrymy aýtsam, häzirem özümiň näme isleýändigime doly düşünemok. Ýene birki ýyldan aň-düşünjäm goýalyşansoň, duşuşmak hakda pikirlensemem bolar».

Duşuşmaga howlukmazlygyň ýene bir wajyp sebäbi bar. Mukaddes Ýazgylarda jynsy höwesleriň we duýgularyň güýçli bolýan döwrüne «ýaşlyk höwesleri» diýilýär (1 Korinfliler 7:36). Eger-de ýaşlyk höwesleriň geçmedik bolsa, oglan (ýa-da gyz) bilen köp wagtyňy bile geçirseň höwesleriň güýjär we nädogry iş edip, ökünmegiň mümkin. Belki-de, deň-duşlaryň bu hakda pikirlenýänem däldir. Olaryň köpüsiniň kellesinde diňe jynsy gatnaşyk edip görmek islegi bardyr. Ýöne şeýle pikirlere özüňi aldatma! (Rimliler 12:2). Galyberse-de, Mukaddes Ýazgylarda «ahlaksyzlykdan gaça» durmak maslahat berilýär (1 Korinfliler 6:18). Ýaşlyk höwesleriň geçýänçä garaşsaň, «azapdan... daşlaşmak» başardar (Wagyz kitaby 11:10).

Durmuş gurmaga taýynmy?

Bu soraga jogap bermek üçin özüňi barlamaly. Şu zatlar barada oýlanyp gör:

Gatnaşyklar. Ene-ataň we doganlaryň bilen oňuşýarmyň? Köplenç gaharlanyp, olar bilen özüňi gödek alyp barýarmyň ýa-da ýaňsylaýjy sözleri aýdýarmyň? Gylyk-häsiýetleriň barada olar näme diýýär? Maşgala agzalaryň bilen özüňi nähili alyp barsaň, gelejekki ýanýoldaşyň bilen hem özüňi şeýle alyp bararsyň (Efesliler 4:31-i oka).

Garaýyş. Sen şadyýanmy ýa-da hemişe bir zatdan närazymy? Eglişik edýärmiň ýa-da kesirlik bilen öz diýeniňi tutup durýarmyň? Kyn ýagdaýda rahatlygy saklamagy başarýarmyň? Sen sabyrlymy? Häzirden Hudaýyň ruhunyň miwesini ösdürseň, gelejekde gowy ýanýoldaş bolarsyň (Galatýalylar 5:22, 23-nji aýatlary oka).

Pul. Sen puly tygşytly sowýarmyň ýa-da köplenç bergi edýärmiň? Bir ýerde uzak wagtlap işläp bilýärmiň? Eger ýok bolsa, bu iş sebäplimi ýa-da başlygyň? Belki, üýtgetmeli endikleriň we häsiýetleriň bardyr? Eger sen puly tygşytly sowup bilmeýän bolsaň, maşgalaňy nädip eklejek? (1 Timoteos 5:8-i oka).

Hudaý bilen dostluk. Sen Ýehowanyň Şaýady bolsaň, Hudaý bilen dostlugyňy berkitmek üçin näme edýärsiň? Hudaýyň Sözüni okaýarmyň, wagyz gullugyna we ýygnak duşuşyklaryna gatnaşýarmyň? Gelejekki ýanýoldaşyň ruhy taýdan ösen adama mynasypdygyny ýatdan çykarma (Wagyz kitaby 4:9, 10-njy aýatlary oka).

Näme edip bilersiň?

Saňa ýaňy-ýakynda geçip başlan sapagyňdan ekzamen tabşyrmaly diýseler adalatsyz bolmazmy?! Sebäbi sapagy gowy özleşdirip, synaga taýýarlyk görmek üçin wagt gerek.

Duşuşmak hem edil şonuň ýaly. Diýmek, duşuşmaklyga sowuk-sala garamaly däl. Köp wagtyňy bir adam bilen geçirmezden öň, örän wajyp «zady», ýagny nädip hakyky dost bolmalydygyny öwren! Şonda sen mynasyp adama duşanyňda, gatnaşygyňyzy berkidip bilersiň. Bagtly maşgala — iki dostuň ýakyn gatnaşygydyr.

Duşuşmaga gyssanmasaň, erkinligiňi çäklendirmersiň. Gaýtam, «ýaşlygyňda şatlanmak» üçin köp mümkinçiligiň bolar (Wagyz kitaby 11:9). Şeýle-de gowy häsiýetleri ösdürmäge, has wajyby bolsa, ruhy taýdan ösmäge ýeterlikli wagtyň bolar (Ýermeýanyň agysy 3:27).

Häzir bolsa öz ýaşyňdaky oglan-gyzlar bilen wagtyňy gowy geçirip bilersiň. Nädip? Munuň üçin dynç alanyňda deň-duşlaryň arasynda uly ýaşlylar hem bolsun! Teými atly gyz şeýle diýýär: «Gaýtam, şonda gyzykly bolýar. Dostlaryň hasam köpelýär». Monika hem onuň bilen ylalaşyp: «Bu gaty gowy pikir. Dürli ýaşdakylar bilen dynç alyp, köpler bilen tanyşýarsyň» diýýär.

Galyberse-de, ýaş wagtyň birine göwün berseň, ýüregiňe ýara salmagyň mümkin. Şonuň üçin howlukma! Gaýtam, häzirden hakyky dost bolup, ony berkitmegi öwren. Duşuşmak kararyna geleniňde bolsa, özüňi gowy tanarsyň we nähili adam bilen durmuş gurmak isleýändigiňe düşünersiň.

ŞU TEMA BARADA KÖPRÄK BILMEK ÜÇIN I TOMUŇ 29, 30-NJY BAPLARYNA SERET

INDIKI BAPDA

Ene-ataňdan gizlin söýüşesiň gelýärmi? Munuň howply taraplary pikir edişiňden hem köp.

ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«Paýhasly adam bolsa öz ädimlerine dykgat edýändir». Süleýmanyň tymsallary 14:15

MASLAHAT

2 Petrus 1:5—7-nji aýatlary okap, duşuşmak we durmuş gurmak üçin taýýarlanmaga kömek etjek häsiýeti saýla. Bir aýdan soň, şol häsiýet barada näme öwrenendigiňi we ony näçeräk ösdürendigiňi barla.

BILÝÄŇIZMI?

Geçirilen barlaglara görä, 20 ýaşdan öň durmuş guranlar köplenç 5 ýyl geçip-geçmänkä aýrylyşýar.

SEN NÄME ETMEKÇI?

Durmuş gurmaga taýýarlanmak üçin ösdürmeli häsiýetlerim: ․․․․․

Şeýle häsiýetleri ösdürmäge kömek etjek zatlar: ․․․․․

Bu babatda ene-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․

SEN NÄHILI JOGAP BERERSIŇ?

Başga jynsdaky deň-duşlaryň bilen wagtyňy geçirmek haçan ýerlikli bolup biler?

Ýaş bolsa-da, söýüşmek isleýän jigiňe nähili maslahat bererdiň?

Durmuş gurmak niýetiň bolmasa-da, biri bilen duşuşýan bolsaň, bu oňa nähili täsir eder?

[18-nji sahypadaky sitata]

«Meniň pikirimçe, birini ýürekden gowy görüp, onuň bilen bütin ömrüňi bile geçirjekdigiňe göz ýetireniňden soň, duşuşsa bolýar. Muny ýöne bir söýüşmek üçin däl-de, şol adamy gowy görýändigiň üçin etmeli» Ember

[16,17-nji sahypadaky surat]

Durmuş gurmak maksadyň bolman biri bilen duşuşsaň, täze oýunjagy oýnap, soňam zyňyp goýberýän çaga meňzärsiň