Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ömrümi nämä bagyş etmeli?

Ömrümi nämä bagyş etmeli?

38-NJI BAP

Ömrümi nämä bagyş etmeli?

«Ilkibaşda, men geljegimi alada etmeýärdim. Ýöne mekdebi gutarmagyma wagt azaldygy saýyn, günümi görmek üçin işlemeli boljakdygyma düşünýärdim». Aleks

AÝDALY, sen uzak ýere syýahata gitmekçi bolýarsyň. Belki, sen şeýle ýagdaýda, ilki bilen, gowy ýol tapmak üçin karta seredersiň. Gelejegiňi planlaşdyrmagy hem şu mysala meňzetse bolýar. Häzir Ýehowanyň Şaýatlarynyň filialynda gulluk edýän Maýkl atly ýetginjek: «Saýlamaga zat gaty köp» diýýär. Ýöne nämäni saýlamaly? «Saýlajak zatlaryň goýan maksadyňa bagly» diýip, Maýkl sözüni dowam edýär.

Goýan maksatlaryňa edýän syýahatyňdaky barmaly ýeriň hökmünde seret. Eger boş ýere aýlanyp ýörseň, maksadyňa ýetip bilmersiň. Şol sebäpli kartany alyp, barjak ýeriňi belleseň gowy bolar. Süleýmanyň tymsallary 4:26-da şu bilen baglanyşykly şeýle duýduryş berilýär: «Aýagyň ugruna dykgat et». Şeýle-de bu aýat Mukaddes Ýazgylaryň käbir terjimelerinde: «Nirä gitjekdigiňi bil» diýlip terjime edilen.

Sen basym Hudaýa sežde etmek, iş, durmuş gurmak, maşgala we başga-da şuňa meňzeş zatlar babatynda wajyp kararlara gelmeli bolarsyň. Eger sen nirä gitmek isleýändigiňi, ýagny nähili maksat goýmak isleýändigiňi bilseň, dogry karara gelmek aňsat bolar. Şonuň üçin durmuş ýoluny saýlanyňda wajyp bir zady unutmaly däl.

«Özüňi Ýaradany ýatla»

Hakykatdan bagtly bolmak üçin akyldar Süleýman patyşanyň: «Juwanlygyňda... özüňi Ýaradany ýatla» diýen sözlerini ýürekden kabul etmeli (Wagyz kitaby 12:1). Başga söz bilen aýdanyňda, karara geleniňde, ilki bilen, Hudaýy razy etmek islegi bolmaly.

Bu näme üçin wajyp? Ylham 4:11-de: «Gudratygüýçli Hudaýymyz Ýehowa, sen şöhraty, hormaty, alkyşy almaga mynasypsyň. Sebäbi ähli zady sen ýaratdyň, olar seniň islegiň bilen ýaşaýandyr we döredilendir» diýilýär. Gökde we ýerde ýaradylanlaryň ählisinde Hudaýa minnetdar bolmaga sebäp bar. Senem «ýaşaýşy, demi we hemme zatlary» berendigi üçin Oňa minnetdarmy? (Resullaryň işleri 17:25). Mundan başga-da, Ýehowanyň beren ähli zatlary üçin yzyna bir zatlar bermek islemeýärsiňmi näme?!

Ýaradyjyny ýatlaýandyklary üçin Ýehowanyň Şaýatlarynyň arasyndaky ýaşlaryň köpüsi öz durmuşyny uzak wagtly gulluga bagyş etdiler. Belki, sende-de gullugyň ajaýyp görnüşleriniň birine gatnaşmaga mümkinçilik bardyr. Gel, olaryň käbiri hakda bileli.

Pioner gullugy. Pionerler wagtynyň köp bölegini wagyz edip geçirýärler. Olar tälim alyp we tejribe toplap, Hudaýyň Sözüni ökdelik bilen öwredýärler.

Kömek gerek ýerlerde gulluk. Käbirleri Patyşalygyň wagyzçylarynyň az ýerine göçýärler. Başgalar bolsa täze dil öwrenýärler we öz döwletinde şol dildäki ýygnakda gulluk edýärler. Hatda käbirleri başga ýurda hem göçýär a.

Missioner gullugy. Saglyk ýagdaýy gowy we çydamly bolan ökde pionerlere daşary ýurtda gulluk edip bilmekleri üçin ýörite bilim berilýär. Missionerleriň durmuşy gaty gyzykly.

Beýtel gullugy. Beýtel maşgalasynyň agzalary Ýehowanyň Şaýatlarynyň filialynda gulluk edýär. Käbir döwletlerde olar Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlary çap etmek we ugratmak bilen meşgullanýarlar.

Halkara gurluşyk işi. Halkara gurluşyk işinde gulluk edýänler başga döwletlere gidip Ýygnak jaýlaryny, Kongresler köşgüni we filiallary gurmaga kömek edýärler.

Gullugy kämilleşdiriş mekdebi. Bu mekdepde öýlenmedik ýaşululara we ýygnak hyzmatçylaryna guramanyň işlerini gowy ýerine ýetirip biler ýaly hem-de ýygnakda nutuk bilen çykyş edip biler ýaly, olara tälim berilýär. Bu mekdebi gutaranlaryň käbiri başga ýurtda gulluk etmäge bellenilýär.

Öňünden taýýarlan

Uzak wagtly gulluk—gaty gowy maksat. Bu sanap bolmajak köp bereketleri berýär. Ýöne uzak wagtly gulluga başlamak üçin öňünden oýlanmaly we planlaşdyrmaly. Mysal üçin, özüňe şeýle sorag ber: «Özümi ekläp biler ýaly mende nähili ukyp we başarnyk bar?»

Kelliniň pioner bolup gulluk etmek üçin anyk maksatlary bardy. Ol iş barada öňünden oýlanýar. Kelli: «Men gullugyma päsgel bermez ýaly işi saýlamalydym» diýýär.

Kelli mekdebiniň soňky ýyllarynda gelejekde meşgullanjak işini öwrenip başlaýar. Bu bolsa oňa esasy maksadyna ýetmäge kömek edýär. Ol şeýle diýýär: «Meniň esasy isleýän zadym uzak wagtly gullukdy. Galan zatlar bolsa ikinji ýerde durýardy». Kelli gelen kararyna begenip: «Bu meniň gelip biljek kararlarymyň iň gowusy» diýýär.

Başgalardan sora

Eger sen nätanyş ýere syýahata gitseň, iru-giç kimdir birinden ýoly soramaly bolarsyň. Sen gelejegiňi planlaşdyranyňda hem şu usuly ulanyp bilersiň, ýagny başgalardan maslahat sorap bilersiň. Süleýmanyň tymsallary 20:18-de: «Maksatlar maslahat bilen berkarar bolýandyr» diýilýär.

Iň gowy maslahatçylaryň biri ene-ataňdyr. Şeýle-de sen Hudaýyň görkezmesine gulak asyp, paýhasly hereket edýän ruhy taýdan ösen adamlardan maslahat sorap bilersiň. 20 ýaşlarynda Beýtelde gulluk edip başlan Robert: «Ýygnagyňdaky ýa-da beýleki ýygnaklardaky ruhy taýdan ösen dogan-uýalardan görelde al» diýip maslahat berýär.

Hemmelerden beter Ýehowa seniň durmuşda iň gowy ýoly saýlap, bagtly bolmagyňy isleýär. Şol sebäpli gelejegiň babatda «Ýehowanyň isleginiň nämeden ybaratdygyna düşünmek» üçin ondan kömek sora (Efesliler 5:17). Durmuşyň ähli ýagdaýlarynda Süleýmanyň tymsallary 3:5, 6-daky şu maslahata eýer: «Rebbe bütin ýüregiň bilen bil bagla, öz düşünjäňe daýanma. Bütin ýollaryňda ony tana, Ol hem seniň ýodalaryňy dogrular».

Köpräk bilmek üçin «Ýaşlaryň sowallary — Ömrümi nämä bagyş etmeli?» (rus.) diýen wideofilmi gör. Bu film 30-dan gowrak dilde bar.

[Çykgyt]

ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLARY

«Meni... synap görüň. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Görüň, Men gögüň penjirelerini siziň üçin açyp, üstüňize dolup-daşýan bereket ýagdyrmarynmy?» Malaky 3:10

MASLAHAT

Köp ýyldan bäri uzak wagtly gulluk edýänler bilen gürrüňdeş bol. Olardan näme sebäpden şeýle ýoly saýlandygyny we Hudaýyň nähili bereketleri berendigini sora.

BILÝÄŇIZMI?

Käbir gurallaryň elektrik togunyň kömegi bilen işleýşi ýaly, Ýehowanyň mukaddes ruhy hem saňa köpräk gulluk etmäge güýç berer (Resullaryň işleri 1:8).

SEN NÄME ETMEKÇI?

Wagyz etmekden köpräk şatlyk tapyp biler ýaly, men ․․․․․bilen gepleşerin.

Bu babatda ene-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․

SEN NÄHILI JOGAP BERERSIŇ?

● Seniň nähili ukyplaryň bar?

● Ukyplaryňy Ýehowany şöhratlandyrmak üçin nädip ulanyp bilersiň?

● Şu bapda agzalýan uzak wagtly gullugyň haýsysyny gowy görýärsiň?

[313-nji sahypadaky sitata]

«Puldan kösensek-de, ene-atamyň yhlasly gulluk edýändigine we meni uzak wagtly gulluga höweslendirendigine haýran galýaryn. Bu maňa güýçli täsir etdi» Jerod

[314-nji sahypadaky çarçuwa]

Bellik depderçäm

Maksatlarym

Aşakdakylardan öňüňde goýmak isleýän maksatlaryňy saýla. Bu ýerdäki boş ýerlere goýan we goýmak isleýän maksatlaryňy ýaz.

Wagyz bilen bagly maksatlar

□ Her aý ․․․․․ sagat wagyz etmek

□ Her aý ․․․․․ sany edebiýat paýlamak

□ Hudaý ․․․․․ barada gürleşenimde Mukaddes Ýazgylary ulanmak

□ Her aý ․․․․․ gaýtadan ideg etmek

□ Biri bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlamak

Beýleki maksatlar: ․․․․․

Şahsy okuw bilen bagly maksatlar

□ Her gün Mukaddes ․․․․․ Ýazgylardan sahypa okamak

□ Her hepde ýygnaklara öňünden taýýarlanmak

□ Mukaddes Ýazgylaryň şu temalaryny öwrenmek: ․․․․․

Ýygnak bilen bagly maksatlar

□ Her duşuşykda azyndan bir gezek jogap bermek

□ Uly ýaşly birini ýakyndan tanamak üçin, onuň bilen gürleşmek

□ Ýygnakdaky gartaşan ýa-da kesellän dogan-uýalardan habar almak

Beýleki maksatlar: ․․․․․

Şu günki sene ․․․․․

Alty aýdan soň, goýan maksatlaryňa ýetip bildiňmi ýa-da ýok, barlap gör. Eger gerek bolsa, ýazanlaryňy üýtget ýa-da başga maksatlary goýan bolsaň, olary ýaz.

[312-nji sahypadaky surat]

Öňüňde maksat goýsaň, güýjüňi biderek ýere sarp etmersiň