Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ikiýüzli durmuşymy goýmalymy?

Ikiýüzli durmuşymy goýmalymy?

16-NJY BAP

Ikiýüzli durmuşymy goýmalymy?

□ Spirtli içgileri içmegi

□ Ene-ataň erbet hasaplaýan adamlary bilen gatnaşmagy

□ Ýaramaz aýdymlary diňlemegi

□ Erbet oturyşyklara gitmegi

□ Gizlin söýüşmegi

□ Zalymlykdan we ahlaksyzlykdan doly filmleri görmegi ýa-da wideo oýunlary oýnamagy

□ Hapa sözleri aýtmagy

GEÇEN sahypa göz aýla. Sen hem şol ýerde agzalanlaryň birini ene-ataňdan gizlin edýärmiň? Eger şeýle bolsa, edýän zatlaryň nädogrudygyna düşünýänsiň. Belki, munuň üçin ynsabyň hem ezýet berýändir (Rimliler 2:15). Ýöne sen şonda-da ene-ataňa edýän zatlaryňy aýdasyň gelýän däldir. Bu hakda aýtjak bolanyňda bolsa: «Alada edip, ýüregini agyrtmaz ýaly, olara muny bilmek hökman däl» diýip, özüňi aklaýansyň. Ýöne sen şeýtmek bilen ikiýüzli durmuşy alyp barýandygyňy görkezmeýärmiň? Aslynda, şeýle etmegiňe näme sebäp boldy?

Özbaşdak bolmak islegi

Mukaddes Ýazgylarda gyzyň hem, oglanyň hem iru-giç ene-atasyndan aýry boljakdygy aýdylýar (Gelip çykyş 2:24). Şol sebäpli sen hem ulaldygyň saýy, özüň pikirlenip, özüň karara gelmek isleýänsiň. Haçan-da ene-ataň käbir zatlary erbet ýa-da nädogry hasaplap, ony etmäge rugsat bermese, olara garşy çykýansyň.

Dogrudan-da, käbir ene-atalar gaty talapkär ýaly görünmegi mümkin. Kima atly ýaş gyz: «Bize hiç hili kino görkezmeýärler. Kakam-a aýdym diňlemäge-de rugsat berenok» diýip zeýrenýär. Şeýle talaplar sebäpsiz ýere goýulýar diýip, käbir ýaşlaryň köpräk erkinlik berilýän deň-duşlaryna gözi gidip başlaýar.

Mundan başga-da, käbir ýaşlar klasdaşlaryna ýaranmak üçin ikiýüzli durmuş alyp barýarlar. Temi atly ýetginjek gyz şeýle gürrüň berýär: «Men mekdepde klasdaşlarymdan saýlanmajak bolup, hapa sözleri aýdyp başladym. Çilim çekmegi hem-de içmegi öwrendim. Şeýle bir köp içýärdim welin, aýak üstünde-de durup bilmeýärdim. Soň bolsa ene-atamyň gaty tutup, söýüşmäge rugsat bermeýändigi üçin, gizlin söýşüp başladym».

Piter atly ýetginjek hem şeýle zatlary başyndan geçiripdi. Ol şeýle diýýär: «Men mesihçi maşgalada önüp-ösdüm. Ýöne klasdaşlarymyň üstümden gülmegini islemeýärdim. Olar meni kemsitmez ýaly, özümi deň-duşlarym ýaly alyp barýardym. Baýramçylyklarda bolsa, näme üçin sowgat almaýandygymy düşündirmek üçin, ýalan zatlary toslap tapýardym». Şeýdip, Piter kiçi zatlardan başlap, soňra çynlakaý meselelerde-de Hudaýyň kada-kanunlaryny bozýar.

Hiç zat gizlin däl

Gadymy döwürde-de ikiýüzli adamlar bolupdyr. Mysal üçin, gadymy Ysraýylda käbir ikiýüzli adamlar özüni dogruçyl görkezjek bolupdyr. Ýöne Işaýa pygamber şeýle adamlara: «Öz niýetlerini Rebden gizlemäge çalyşýanlaryň, dat gününe! Işleri garaňkylykda bolup, olar: „Bizi kim görýär? Bizi kim tanaýar?“ diýýärler» diýip duýduryş berdi (Işaýa 29:15). Ysraýyllylar Hudaýyň hemme zady görýändigini ýatdan çykardylar. Emma wagty gelende, Hudaý olardan eden işleri üçin hasabat sorady.

Hudaý häzirem ähli zady görýär. Sen edýän işleriňi ene-ataňdan gizläp bilseňem, Ýehowadan gizläp bilmersiň. Sebäbi Ýewreýler 4:13-de: «Hiç kim we hiç zat Hudaýyň nazaryndan gizlin galýan däldir. Ähli zat onuň öňünde açyk hem aýdyňdyr, biz hem oňa jogap bermelidiris» diýilýär. Onda nämedir bir zady gizlemegiň peýdasy barmy?! Sen göz üçin ýygnak duşuşyklaryna baryp, Hudaýy aldap bilmersiň. Ýehowa özüne «diňe dilinde sarpa goýup, emma ýürekleri ondan gaty uzakdakylary» tanaýandyr (Markus 7:6).

Sen ikiýüzli durmuş alyp barsaň, Ýehowany gynandyrarsyň. Eýsem, ony gynandyryp bolýarmy? Gadymy Ysraýyl halky Hudaýyň kanunlaryna gulak asmakdan boýun gaçyryp, «Ysraýylyň Mukaddesini ynjatdylar» (Zebur 78:41). Şu günlerem «Ýehowanyň terbiýesi we öwüt-ündewi bilen ulalan» ýaşlar ogrynça erbet zatlary edenlerinde, Hudaý gaty gynanýar (Efesliler 6:4).

Ýagdaýy düzet

Hudaýa, ene-ataňa hormat goýýan bolsaň we özüňe gowy bolmagyny isleseň, gizlinlikde edýän işleriňi ene-ataňa açyk aýt. Elbetde, bu aňsat bolmaz. Birbada utanarsyň we temmi bererler diýip gorkarsyň (Ýewreýler 12:11). Meselem, ene-ataňy aldap ýören bolsaň, indi olar saňa ynanman, öňküdenem köpräk çäk goýmagy mümkin. Emma şonda-da edýän işleriňi açyk aýtsaň dogry bolar. Näme üçin?

Aýdaly, sen maşgalaň bilen gezelenje gidýärsiň. Ene-ataň saňa ýanyndan aýrylmazlygy tabşyrýar. Emma olar bir zada güýmenende, sen gulak asman, barýan ýoluňyzdan sowulýarsyň we azaşýarsyň. Birdenkä, sen batga çümüp başlaýarsyň. Şonda ene-ataňy kömege çagyrardyňmy ýa-da gulak asmandygyň üçin käýär öýdüp gorkup durardyň? Elbetde, sen bar sesiň bilen gygyrardyň!

Eger ikiýüzli durmuş alyp barýan bolsaň, senem şeýle kömege mätäç. Elbetde, geçmişi yza dolap bolmaýar, ýöne gelejegiň öz eliňde. Ikiýüzli durmuşyňy goýmak we ol hakda ene-ataňa aýtmak kyn bolsa-da, olardan kömek sora. Bolmasa hem özüň kösenersiň, hem ýakynlaryň köp ejir çeker. Eger sen eden işleriňe çyndanam ökünýän bolsaň, Ýehowa saňa rehimdarlyk eder (Işaýa 1:18; Luka 6:36).

Ene-ataňa ähli zady aýt we ýüregine ýara salandygyň üçin olardan ötünç sora. Olaryň düzedişlerini kabul et. Eger şeýle etseň, Ýehowany we ene-ataňy begendirersiň. Şeýle-de ynsabyň ezýet bermän, kalbyňda rahatlyk duýarsyň (Süleýmanyň tymsallary 27:11; 2 Korinfliler 4:2).

INDIKI BAPDA

Klasdaşlaryň bilen köp zatda pikiriň deň gelýär. Ýöne olar bilen dostlaşmak barada nämäni bilmeli?

ESASY PIKIRI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«Günälerini ýaşyrýan üstünlik gazanmaz; günälerini boýun alyp, oňa ökünýänlere bolsa rehim ediler». Süleýmanyň tymsallary 28:13

MASLAHAT

Ýalňyşym köp däl diýip özüňi aklama, emma özüňi öte hem günäkärleme. Ýehowanyň bagyşlamaga taýýardygyny ýadyňdan çykarma (Zebur 86:5).

BILÝÄŇIZMI?

Ynsaby ezýet berýän adam ýalňyşyny gaýtalamajak bolýar. Ýöne ol ynsabyny diňlemese, kütelip, edil dag basylan ýaly bolýar (1 Timoteos 4:2).

SEN NÄME ETMEKÇI?

Ikiýüzli durmuş alyp barýan bolsam, bu hakda ․․․․․bilen gepleşerin.

Islendik temmini kabul etmek üçin, şu zatlar hakda pikirlenerin: ․․․․․

Bu babatda ene-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․

SEN NÄHILI JOGAP BERERSIŇ?

● Käbir ýetginjekler näme sebäpden ikiýüzli durmuş alyp barýar?

● Munuň netijesi nähili bolar?

● Muny näme üçin bes etmeli?

[140-njy sahypadaky sitata]

«Meniň pikirimçe, ýaşlar mesihçidigini we Hudaýyň kada-kanunlaryna eýerip ýaşaýandygyny klasdaşlaryna näçe ir aýtsa, şonça-da gowy bolar. Sebäbi uzaga çekdirseň, ýagdaý hasam kynlaşýar» Linda

[141-nji sahypadaky surat]

Ikiýüzli durmuş atly batga çümen bolsaň, derrew kömege çagyr