Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

8-NJI SAPAK

Ýoşyýanyň gowy dostlary bardy

Ýoşyýanyň gowy dostlary bardy

Seniň pikiriňçe, Hudaýyň halaýan işlerini etmek kynmy? ~ Köp adamlar kyndyr öýdýär. Mukaddes Ýazgylarda Ýoşyýa atly bir oglanjyga Hudaýyň halaýan işlerini etmek örän kyn bolandygy aýdylýar. Emma oňa dostlary kömek edýär. Gel, Ýoşyýa we onuň dostlary hakda köpräk bileli.

Ýoşyýanyň kakasynyň ady Amon. Ol Ýahudanyň patyşasydy. Ol örän erbet adamdy we butlara ynanýardy. Kakasy ölensoň, Ýoşyýa Ýahudanyň patyşasy bolýar. Şonda ol bary-ýogy 8 ýaşyndady! Seniň pikiriňçe, ol hem kakasy ýaly erbetdimi? ~ Ýok, ol erbet däldi.

Sefanýa adamlara butlara ynanmaly däldigini duýdurdy

Ýoşyýa örän kiçi bolsa-da, Ýehowa gulak asasy gelýärdi. Şol sebäpli ol diňe Ýehowany söýýän adamlar bilen dostlaşdy. Olar Ýoşyýa Hudaýyň halaýan işlerini etmäge kömek etdiler. Sen Ýoşyýanyň dostlarynyň kimdigini bilýärmiň?

Onuň bir dostunyň ady Sefanýa. Sefanýa pygamberdi, ol Ýahudada ýaşaýan adamlara butlara ynansalar, erbetlige eltjekdigini duýdurdy. Ýoşyýa Sefanýany diňleýär we butlara däl-de, Ýehowa gulluk edip başlaýar.

Ýoşyýanyň ýene bir dostunyň ady Ýermeýa. Onuň Ýoşyýa bilen ýaşy deňdi. Olar biri-birini gowy görýärdi, Ýermeýa hatda ony göresi gelip, ol barada aýdym hem ýazypdyr. Ýermeýa bilen Ýoşyýa bir-birine Ýehowany diňlemäge we onuň halaýan işlerini etmäge kömek edipdirler.

Ýoşyýa we Ýermeýa bir-birine Hudaýyň halaýan işlerini etmäge kömek etdiler

Sen Ýoşyýadan näme öwrenip bilersiň? ~ Ýoşyýa örän kiçi bolsa-da, Hudaýyň halaýan işlerini edesi gelýärdi. Ol diňe Ýehowany söýýän adamlar bilen dost bolmalydygyny bilýärdi. Sen hem Ýehowany söýýän adamlar bilen dostlaşsaň, olar saňa Hudaýyň halaýan işlerini etmäge kömek ederler.