11-NJI SAPAK
Olar Isa barada kitap ýazdylar
Suratdaky adamlary görýärmiň? ~ Olaryň atlary: Matta, Markus, Luka, Ýahýa, Petrus, Ýakup, Ýahuda we Pawlus. Olar Isanyň günlerinde ýaşapdyrlar we Isa barada ýazdylar. Gel, olar barada köpräk bileli.
Sen bu adamlaryň kimdigini bilýärmiň?
Resullaryň üçüsi hem Isa bilen bile wagyz edipdirler. Sen olaryň kimdigini bilýärmiň? ~ Olar Matta, Ýahýa we Petrus. Matta bilen Ýahýa resul Isany gowy tanandyklary üçin ikisi-de onuň durmuşy
barada kitap ýazdylar. Ýahýa resul Ylham atly kitaby we Birinji Ýahýa, Ikinji Ýahýa we Üçünji Ýahýa atly kitaplary ýazdy. Petrus resul bolsa, Mukaddes Ýazgylaryň iki kitabyny ýazdy. Olara Birinji Petrus we Ikinji Petrus diýilýär. Petrus ikinji hatynda Ýehowanyň gökden Isa barada: «Bu meniň söýgüli Oglum. Men ondan köp razydyryn» diýen sözleri hakda ýazdy.Suratdaky beýleki adamlar hem ýazan kitaplarynda Isa barada öwredipdirler. Olaryň biri — Markus. Ol Isany tussag edenlerinde, ýanynda bolup, bolýan zatlary gözi bilen gören bolmaly. Beýleki resulynyň ady Luka. Ol lukman bolupdyr we Isa ölensoň mesihçi bolan bolmaly.
Suratda görşüň ýaly, Mukaddes Ýazgylary ýazan adamlaryň ikisi Isanyň kiçi doganlary bolupdyr. Sen olaryň atlaryny bilýärmiň? ~ Olaryň biriniň ady Ýakup, beýlekisiniň ady bolsa Ýahuda. Başda olar Isa ynanmaýardy. Hatda olar Isanyň kellesi üýtgändir öýdüpdirler. Emma soňra olar Isa ynanyp, mesihçi boldular.
Ýene-de suratda Mukaddes Ýazgylary ýazan adamlaryň biri Pawlusy görse bolýar. Oňa mesihçi bolmanka, Saul diýýärdiler. Ol mesihçileri ýigrenýärdi we olara ýamanlyk edýärdi. Sen Pawlusyň nädip mesihçi bolandygyny bilýärmiň? ~ Bir gezek Pawlus Şam şäherine barýarka, ýolda gökden biriniň sesini eşidýär. Ol Isady! Ol Pawlusa: «Sen näme üçin maňa ynanýanlara ýamanlyk edýärsiň?» diýýär. Şondan soň Pawlus pikirini üýtgedip, mesihçi bolýar. Ol Mukaddes Ýazgylaryň Rimliler kitabyndan başlap Ýewreýler kitabyna çenli jemi on dört kitap ýazýar.
Biz Mukaddes Ýazgylary her gün okaýarys. Biz ondan Isa barada köp zatlary öwrenýäris. Seniň hem Isa barada köpräk bilesiň gelýärmi? ~