Ajaýyp gelejek
Şeýtan we onuň jynlary indi gaýdyp adamzady aldamaz. Ýehowa olary eýýäm gökden zyňdy (Ylham 12:9). Ýakyn gelejekde Hudaý ýene-de Şeýtana we onuň jynlaryna garşy çäre görer. Hudaýyň beren görnüşinde Ýahýa resul, ine, şu zatlary gördi: «Onsoň gökden aşak inen bir perişde gördüm. Onuň elinde dowzahyň açary bilen bir uly zynjyr bardy. Perişde aždarhany, ýagny iblis ýa şeýtan diýlen ol köne ýylany tutup, müň ýyllygyna baglady. Müň ýyl dolýança, ikilenç milletleri azdyrmasyn diýip, ony dowzaha zyňdy, baglap möhür basdy» (Ylham 20:1-3). Soňra Şeýtan we onuň jynlary hemişelik ýok ediler (Ylham 20:10).
Erbet adamlar hem ýer ýüzünden ýok ediler (Zebur 37:9, 10; Luka 13:5).
Ölüler direler!
Şeýtan we onuň jynlary baglanan soň, Ýehowa adamlara köp-köp bereketleri berer. Ýadyňyzda bolsa, adam ölenden soň, ýaşamagyny bes edýär, ol indi ýok. Isa ölümi düýşsüz agyr uky bilen deňeşdirdi (Ýahýa 11:11-14). Ol ölen adamlaryň ýer ýüzünde ýaşamak üçin direljegini bilýärdi, şonuň üçin ölümi uky bilen deňeşdirdi. Ol şeýle diýdi: «Gabyrdakylaryň hemmesiniň Onuň sesini eşitjek wagtlary gelýär... [Olar] ýaşamak üçin direler» (Ýahýa 5:28, 29; Resullaryň işleri 24:15 bilen deňeşdir).
Ölüler ýer ýüzünde ýaşamak üçin direler. Ölüm baradaky şum habara derek, direliş barada şatlykly habarlar ýaňlanar! Ölüm ukusyndan oýanan ýakynlarymyzy garşy almak, gör, nähili şatlykly bolar!