Ölen adamlar ýaşaýarlar diýip, arwah-jynlar ýalan sözleýärler
Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, Şeýtan «bütin dünýäni azdyrýar» (Ylham 12:9). Şeýtan we onuň jynlary Hudaýyň Sözüne, ýagny Mukaddes Ýazgylara ynanmagymyzy islänok. Ölen adam o dünýäde ýaşaýar diýip, olar adamlary ynandyrjak bolýarlar. Olaryň nähili usullary ulanýandygyna seredeliň.
Ýalan din
Köp dinlerde adam ölenden soň, ruhy ýa-da jany o dünýä gidýär, adamyň jesedi galsa-da, ruhy ýaşaýar diýip öwredýärler. Şeýle-de, ruhy ýa-da jany hiç haçan ölenok diýýärler.
Ýöne Hudaýyň Sözi düýbünden başga zat öwredýär. Mukaddes Ýazgylardaky «ruh» sözüniň, esasan, «dem almak» diýen manysy bar. Ýöne «ruh» sözi, dem alaňda öýkendäki aýlanýan howadan has köp zady aňladýar. Meselem, Ýakup şägirt şeýle diýýär: «Beden ruhsuz ölüdir» (Ýakup 2:26). Diýmek, ruh — bedene dirilik berýän ýaşaýyş güýji bolmaly.
«Jan» barada Mukaddes Ýazgylarda diri adamyň ýa Markus 3:4; Ylham 8:9).
haýwanyň özüne «jan» diýilýär. «Jany» öldürip bolýar we ol ölüp bilýär (-
Mukaddes Ýazgylar adam ölende ondan bir zat çykyp, nirededir bir ýerde ýaşaýar diýenok. Gaýtam, Hudaýyň Sözi ölen adamda ne hereket, ne ýatkeşlik, ne-de gep-gürrüň bar diýýär:
-
«Diriler öljegini bilýärler, ölüler bolsa hiç zat bilenok, gaýdyp olara hak ýokdur, çünki olar ýatdan hem çykyp gitdi. Eliňden gelýän işi, güýjüň ýetdigiçe ediber; çünki seniň barjak gabryňda ne iş bar, ne oý-pikir, ne bilim bar, ne-de akyldarlyk» (Wagyzçy 9:5, 10).
-
«Ölüler, gabra inenleriň hiç biri Rebbe sena edýän däldir» (Zebur 115:17).
Ölümden soň ýaşaýan ruh ýa-da jan baradaky taglymat Mukaddes Ýazgylara esaslanmaýar. Bu taglymaty Şeýtan we onuň jynlary döretdi. Ýehowa dindäki ýalan düşünjeleri ýigrenýär (Süleýmanyň tymsallary 6:16-19; 1 Timoteos 4:1, 2).
Palçylar
Adamlary aldamak üçin Şeýtan palçylary hem ulanýar. Palçy - bu, ruhy dünýä bilen gös-göni habarlaşýan adam. Ençeme adamlar hem-de palçylar şol habarlary ölen adamlaryň ruhundan alýandygyna ynanýarlar. Ýöne Mukaddes Ýazgylardan bilşimiz ýaly, bu mümkin däl (Wagyzçy 9:5, 6, 10).
Onda şol habarlary kimden alýarlarka? Elbetde, jynlardan! Ölen adam dirikä, jynlar ony görüpdiler, netijede, jynlar onuň gürleýşini, daş-keşbini, nämäni bilendigini we näme edendigini oňat bilýärler. Şoňa görä-de, olar üçin ölen adama öýkünmek asla kyn däl (1 Patyşalar 28:3-19).
Ýalan gürrüňler
Ýalan gürrüňleriň kömegi bilen Şeýtan ölen adamlaryň ýagdaýy hakda ýalan zatlary ýaýradýar. Köplenç şeýle gürrüňler adamlary Hudaýyň hakykatyndan daşlaşdyrýar (2 Timoteos 4:4).
Afrikada ölen adamy diriligine görendikleri hakda köp wakalary gürrüň berýärler. Köplenç olary ýaşan ýerinden uzakda görýärler. Emma sen özüňe şeýle sorag berip gör: eger-de ölen adam ölüler diýaryndan gelip bilýän bolsa, eýsem ol maşgalasyndan we dostlaryndan uzak bir ýere gidermi?
Belki-de, olaryň gören adamy ölen adama meňzeşdir. Meselem, bir gezek iki mesihçi obada wagyz edip ýörkä, bir ýaşulynyň birnäçe sagatlap olaryň yzyna düşüp ýörenini gördüler. Ol adam wagyzçylaryň birini görüp, birnäçe ýyl mundan öň ölen doganydyr öýdüpdir. Elbetde, ol ýalňyşýardy, ýöne ol adam şol mesihçiniň öz dogany däldigine ynanasy gelmedi. Ol bu waka barada dost-ýarlaryna we goňşularyna gürrüň beren bolsa gerek!
Görnüşler, düýşler we sesler
Belki, sen käbir adamlaryň görnüş, düýş we ses eşitmek ýaly geň zatlaryň şaýady bolandygyny eşidensiň. Şeýle geň wakalar adamlary gorkuzýar. Günbatar Afrikada ýaşaýan Mareýn atly bir aýal gijelerine bir wagt aradan çykan enesiniň sesini häli-şindi eşidýärdi. Mareýn gorkudan ýaňa gygyryp, bütin maşgalasyny oýarýan eken. Ahyrsoňy ol akylyndan azaşdy.
Eger ölen adamlar, hakykatdanam, ýaşaýan bolsalar, onda olar söýýän adamlaryny gorkuzarmydylar? Elbetde, gorkuzmazdylar! Bu gorkunç sesler jynlaryň sesi.
Eýsem, peýdaly ýaly bolup görünýän we göwünlik berýän habarlar barada näme aýdyp bolar? Mysal üçin, Sýerra-Leoneli Gbassaý atly bir aýal syrkaw ýatyrka, düýşünde aradan çykan kakasyny gördi. Ol bir agajyň ýapragyny suwda eredip, soňra şol suwy içmegi maslahat berdi. Şony içýänçä, ol hiç kim bilen gürleşmeli däldi. Ol aýdylyşy ýaly-da etdi we basym sagaldy.
Başga bir aýal aradan çykan adamsyny ertesi gije düýşünde görendigini gürrüň berdi. Onuň
sözlerine görä, ol owadan eşikli we oňat sypatlydy.Şunuň ýaly habarlar we düýşler zyýansyz, hatda peýdaly bolup görünýär. Şu zatlar Hudaýdanmyka? Elbetde, Hudaýdan däl! Ýehowa «hakykat Hudaýy» (Zebur 31:5). Ol hiç haçan bizi aldap, ters ýoly salgy bermez. Diňe jynlar şeýle edýär.
Gowy jynlar barmyka? Elbetde, ýok! Kämahal olar kömek edýän ýaly bolup görünseler-de, olaryň hemmesi zalym. Iblis How ene bilen gürleşende örän mylaýymdy (Barlyk 3:1). Ýöne onuň diýenini edenden soň, How enä näme bolduka? Ol öldi.
Sen bilýänsiň, erbet adam aldajak bolsa ýa-da ýalan sözlände, ol köplenç özüni mähirli alyp barýar. Türkmen nakyly şeýle diýýär: «Daşy jäjek, içi möjek». Hudaýyň Sözünde bolsa şeýle duýduryş berilýär: «Şeýtanyň özi-de nur perişdesiniň keşbine girýär» (2 Korintoslylar 11:14).
Hudaý indi adamlara ruhy dünýäden düýşler, görnüşler we sesler arkaly habar ibermeýär. Ol bizi «her bir oňat işe» taýyn etmek üçin Mukaddes Ýazgylar arkaly ýol görkezýär we öwredýär (2 Timoteos 3:16, 17).
Şeýlelik-de, Şeýtanyň duzaklary barada duýduryp, Ýehowa bize söýgüsini bildirýär. Ol jynlaryň howply duşmandygyny bilýär.