Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ruhlar birwagt ýer ýüzünde ýaşap, ölüp giden adamlar däl

Ruhlar birwagt ýer ýüzünde ýaşap, ölüp giden adamlar däl

Ruhlar, hakykatdan-da, bar! Göze görünmeýän ruhy dünýäde ýagşy ruhlar hem, ýaman ruhlar hem bar. Olar birwagtlar ýer ýüzünde ýaşap, ölüp giden adamlarmyka?

Ýok, beýle däl! Köp adamlaryň ynanyşy ýaly, adam ölende o dünýä gidenok. Biz muny nireden bilýäris? Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgy. Mukaddes Ýazgylar hakykat kitaby. Ony bize ýeke-täk hakyky Hudaý berdi. Onuň ady Ýehowa. Adamlar ölende näme bolýandygyny Ýehowa anyk bilýär, sebäbi adamlary onuň özi ýaratdy (Zebur 8:1; 2 Timoteos 3:16).

Adam ata toprakdan ýasaldy, topraga-da öwrüldi.

Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, Hudaý ilkinji adamy «ýeriň topragyndan» ýaratdy (Barlyk 2:7). Hudaý ony Jennetde, ýagny Erem bagynda ýerleşdirdi. Eger-de Adam ata Hudaýyň kanunyna boýun bolan bolsa ölmezdi, şu güne çenli Ýer ýüzünde ýaşardy. Ýöne Adam ata Hudaýyň kanunyny bilgeşleýin bozanda, Ýehowa şeýle diýdi: «Çünki [sen] topraksyň we topraga öwrülersiň» (Barlyk 3:19).

Bu sözler näme aňladýarka? Oýlanyp gör! Ýehowa Adam atany toprakdan ýaratmanka, ol nirededikä? Adam ata hiç ýerde ýokdy. Ol gökde ýaşaýan ruh däldi. Ol asla ýaşanokdy! Şeýlelikde, Ýehowa Adam ata «topraga öwrülersiň» diýende, Adam atanyň öljekdigini göz öňünde tutupdy. Adam ata o dünýä gitmändi. Adam ata ölende ýaşamagyny bes etdi, ol indi ýok. Şonuň üçin Mukaddes Ýazgylar adam ölende ondan bir zat çykyp, nirededir bir ýerde ýaşaýar diýenok.

Eýsem ölen beýleki adamlara näme bolduka? Olar hem ýaşamagyny bes etdilermikä? Mukaddes Ýazgylar şeýle jogap berýär:

  • «Ählisi [adamlaram, haýwanlaram] bir ýere barýar: ählisi toprakdan ýasaldy, topraga-da öwrüler» (Wagyzçy 3:20).

  • «Ölüler hiç zat bilenok» (Wagyzçy 9:5).

  • «Olaryň söýgüsi-de, ýigrenji-de, gabanjaňlygy-da ýok bolup gitdi» (Wagyzçy 9:6).

  • «Seniň barjak gabryňda ne iş bar, ne oý-pikir, ne bilim, ne-de akyldarlyk bar» (Wagyzçy 9:10).

  • Adam «topraga öwrülip, niýetleri şol günüň özünde puja çykar» (Zebur 146:4).

Diňe diri adamlar şu işleri edip biler.

Saňa şu aýatlar bilen ylalaşmak kynmy? Eger-de ylalaşmak kyn bolsa, oýlanyp gör, köp öýlerde maşgalasyny eklemek üçin atasy pul gazanýar. Ol ölende maşgala agzalary örän agyr ýagdaýa düşýär. Käwagt aýalydyr çagalary, hatda çörek puluny hem tapyp bilenok. Belki, ol adamyň duşmanlary indi olara rehimsiz daraýandyr. Özüňe şeýle soraglary berip gör: eger-de ol adam o dünýäde ýaşaýan bolsa, onda näme üçin maşgalasynyň aladasyny edenok? Näme üçin olary erbet adamlardan goranok? Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda dogry zat aýdylýar. Ol adam ýaşamagyny bes etdi, ol hiç zat edip bilenok (Zebur 115:17).

Ölüler aç adamlara kömek edibem, rehimsiz adamlardan gorabam bilenok.

Onda ölüler indi hiç haçan ýaşaýşa gaýdyp gelmezmi? Ýok, beýle däl. Direliş hakda biz biraz soňra gürrüň ederis. Ýöne bu mysal diri adamlaryň näme edýänini ölüleriň bilmeýändigini oňat görkezýär. Olar seni görüp ýa eşidip bilenok, seniň bilen gürleşip hem bilenok. Sen olardan gorkma. Olar saňa kömek edibem, zyýan ýetiribem bilmez (Wagyzçy 9:4; Işaýa 26:14).