Ýaradylyş — ylym we Mukaddes Kitap
Köp adamlar Mukaddes Kitaby okanlarynda ýer ýüzi bary-ýogy alty günüň dowamynda (her gün 24 sagady öz içine alýar) ýaradylandyr öýdýärler. Käbirleri bolsa: «Şeýle garaýyş ylma garşy gelýär. Ýer ýüzi uzak wagtyň dowamynda ýaradyldy» diýen pikiri öňe sürýär.
Aslynda, Mukaddes Kitap ylma garşy gelmeýär. Eger Töwrat kitabyny ünsli okasak, Ýer şarynyň uzak ýyllaryň dowamynda ýaradylandygyna göz ýetirse bolýar. Geliň, käbir subutnamalara seredeliň.
Töwrat kitabynda älem-jahanyň bary-ýogy alty günüň dowamynda (her gün 24 sagady öz içine alýar) ýaradylandygy aýdylmaýar.
Gök we ýer haçan ýaradyldy?
Töwrat kitaby: «Ilkibaşda Hudaý gögi we ýeri ýaratdy» diýen sada hem-de täsirli sözler bilen başlaýar (1 Musa 1:1). Mukaddes Kitaby öwrenýän alymlar şu sözleriň üçünji aýatda başlanýan ýaradylyş günlerine degişli däldigini aýdýarlar. Diýmek, Ýer şary we älem-jahan ýaradylyş günleri başlamazyndan öň hem bar eken.
Geologlar Ýer şarynyň 4 milliard ýyldan bäri bardygyny, astronomlar bolsa älem-jahanyň 15 milliard ýyldan bäri bardygyny çaklaýarlar. Şu çaklamalar 1 Musa 1:1-däki sözlere garşy gelýärmi? Elbetde, ýok! Gelejekde alymlar Ýer şarynyň ýaşynyň näçedigi hakda has anyk maglumatlary bilseler-de, garşy gelmez. Sebäbi Mukaddes Kitapda ýeriň-gögüň haçan ýaradylandygy anyk aýdylmaýar. Diýmek, Mukaddes Kitap ylma garşy gelmeýär.
Ýaradylyş günleri näçe wagt dowam edipdir?
Bir ýaradylyş güni näçe wagt dowam etdi? 24 sagatmy? Käbir adamlar Musa pygamberiň ysraýyllara beren tabşyrygyndan çen tutup, bir ýaradylyş güni 24 sagat dowam etdi diýip pikir edýärler. Sebäbi Musa ysraýyllara: «Ýehowa alty gün ýaradyp, ýedinji gün dynç aldy. Sizem alty gün işläp, ýedinji gün dynç alyň» diýip tabşyrypdy (2 Musa 20:11). Musanyň şu sözlerinden çen tutsak, bir ýaradylyş güni 24 sagat dowam etdi diýsek, dogry bolarmy?
Elbetde, ýok! «Gün» diýen gadymy ýewreý sözi 24 sagatdan has köp wagty öz içine alýar. Töwrat kitabynda Musa 1 Musa 2:4). Şeýle-de birinji ýaradylyş gününde «Hudaý ýagtylygy gündiz, garaňkylygy bolsa gije diýip atlandyrdy» (1 Musa 1:5). Şu aýatda «gün» diýen ýewreý sözi «gündiz» diýlip terjime edildi we 24 sagadyň bir bölegini öz içine alýar. Diýmek, Mukaddes Kitapdaky «gün» diýen söz diňe 24 sagady aňladýar diýsek nädogry bolardy.
alty ýaradylyş gününi bir gün hökmünde beýan edipdi (Her ýaradylyş güni näçe wagty öz içine alypdyr? Mukaddes Kitapda bu barada anyk aýdylmaýar. Ýöne 1 Musa 1, 2-nji baplara görä ýaradylyş güni uzak döwri öz içine alýar.
Alty ýaradylyş güni
Musa pygamber ýaradylyş hakdaky wakany ýewreý dilinde ýazdy we ýer ýüzünden asmana seredip duran adamyň garaýşy esasynda beýan etdi. Şeýle-de ýokarda belläp geçişimiz ýaly, älem-jahan ýaradylyş günleri başlamazyndan öň hem bardy. Şu zatlary göz öňünde tutsaň, Mukaddes Kitapda ýaradylyş hakda ýazylan zatlara dogry düşünse bolar. Nädip?
1 Musa kitabynyň 1, 2-nji baplaryny ünsli okasak, birinji ýaradylyş gününde ýaradylan zatlaryň beýleki ýaradylyş günlerinde hem dowam edendigine göz ýetirse bolýar. Meselem, birinji ýaradylyş güni başlanmazyndan öň, älem giňişliginde Gün bardy. Emma galyň, gara bulutlar sebäpli gün şöhlesi ýer ýüzüne düşmeýärdi (Eýýup 38:9). Birinji ýaradylyş gününde Gün şöhlesiniň öňündäki päsgelçilikler ýuwaş-ýuwaşdan aýrylyp başlady we atmosferada Gün şöhlesi görnüp ugrady. a
Ikinji güni atmosfera aýdyňlaşyp başlady. Ýokardaky gara bulutlar bilen ýer ýüzündäki ummanlaryň arasynda boşluk emele geldi. Dördünji ýaradylyş güni atmosfera hasam aýdyňlaşdy we «asmanda şamçyraglar», ýagny Gün hem-de Aý peýda boldy (1 Musa 1:14—16). Diýmek, Gün we Aý dördünji ýaradylyş güni ýaradylmandyr, olar öňem bardy. Emma olary indi ýer ýüzünden görüp bolýardy. Şu wakalaryň hemmesi ýuwaş-ýuwaşdan bolup geçdi.
1 Musa kitabynda aýdylmagyna görä, bäşinji ýaradylyş güni atmosfera has-da aýdyňlaşdy we asmanda mör-möjekleriň, ganatly jandarlaryň uçup ýörendigini görse bolýardy.
Mukaddes Kitapda ýaradylyş hakda ýazylan zatlardan çen tutsak, ýaradylan zatlaryň käbiri bir ýaradylyş gününde däl-de, beýleki günlerde hem dowam edipdir. Diýmek, olar derrew däl-de, ýuwaş-ýuwaşdan ýaradylypdyr. b
«Öz görnüşine görä»
Görşümiz ýaly, ösümlikler we haýwanlar ýuwaş-ýuwaşdan ýaradylypdyr. Onda Hudaý olary ewolýusiýa arkaly ýaratdymy? Elbetde, ýok! Mukaddes Kitapda ösümlikleriň we janly-jandarlaryň «öz görnüşine görä» ýaradylandygy ýazylan (1 Musa 1:11, 12, 20—25, çykgyt). Allatagala janly-jandarlary daşky gurşawa uýgunlaşmak ukyby bilen ýaratdymy? Bir görnüşli jandardan düýbünden başga görnüşli jandar döräp bilýärmi? Mukaddes Kitapda bu barada anyk aýdylmasa-da, janly-jandarlaryň görnüşine görä ýaradylandygy ýazylan (1 Musa 1:21). Diýmek, bir görnüşli jandarlaryň daş-keşbi sähel üýtgäp biler, ýöne olardan düýbünden başga görnüşli jandar döräp bilmez. Munuň şeýledigini gadymy tapyndylar we ylmy barlaglar subut edýär.
Käbirleri älem-jahan, Ýer şary, janly-jandarlar gysga wagtyň içinde ýaradyldy diýýär. Emma Mukaddes Kitap beýle öwretmeýär. Mukaddes Kitapda ýaradylyş hakda ýazylan zatlar soňky ylmy barlaglara gabat gelýär.
Köp alymlar Mukaddes Kitapda Allatagalanyň älem-jahany, janly-jandarlary ýaradandygy hakda ýazylan zatlar bilen ylalaşmaýarlar. Emma Töwrat kitabyny ýazan Musa pygamber älem-jahanyň başlangyjynyň bardygyny, janly-jandarlaryň uzak wagtyň dowamynda ýuwaş-ýuwaşdan dörändigini ýazypdyr. 3 500 ýyl mundan öň ýaşan Musa pygamber olar hakda nädip bildikä? Munuň ýekeje jogaby bar. Musa pygamber bulary asmany, zemini gudratly güýji we akyldarlygy bilen ýaradan Allatagalanyň ylhamy bilen ýazdy. Dogrudanam, Mukaddes Kitap Hudaýyň Sözüdir c (2 Timoteos 3:16).
Mukaddes Kitapda ýaradylyş hakda aýdylýan zatlara ynanmak wajypmy? Geliň, munuň wajypdygyny görkezýän subutnamalara seredeliň.
a Birinji ýaradylyş gününde asyl nusgada «or» diýen ýewreý sözi ulanylýar we ol «ýagtylyk» diýmegi aňladýar. Emma dördünji ýaradylyş gününde asyl nusgada «maor» diýen ýewreý sözi ulanylýar we ol «ýagtylygyň gözbaşy» diýmegi aňladýar.
b Meselem, Hudaý altynjy ýaradylyş güni adamlara: «Perzent dünýä indirip, köpeliň, ýer ýüzüni dolduryň» diýdi (1 Musa 1:28, 31). Emma Hudaýyň şu tabşyrygy şol «gün» däl-de, ertesi «gün» ýerine ýetdi (1 Musa 2:2).
c Köpräk bilmek üçin jw.org saýtyndan «Mukaddes Kitabyň Hudaýyň kitabydygyna ynansa bolýarmy?» diýen wideony görüň.