Ýolbaşçylyk maslahatynyň haty
Mähriban imandaşymyz:
Bilşiň ýaly, Mukaddes Ýazgylarda, esasan, adamlar hakynda gürrüň berilýär. Hudaýa wepaly gulluk eden erkekdir aýallaryň köpüsi biziňki ýaly kynçylyklara duş gelýärdiler. Hawa, olaryň hem «biziňki ýaly duýgulary bardy» (Ýakup 5:17). Käbirleri kynçylyklardan we aladalardan ýaňa tapdan düşüpdiler. Başgalary maşgala agzalary ýa-da imandaşlary zerarly azap baryny çekdiler. Käbirleri bolsa eden ýalňyşlyklary sebäpli özlerini günäkärläp, ýüreklerine ýara saldylar.
Olar başyna düşen kynçylyklar sebäpli Ýehowany doly terk etdilermi? Ýok. Olaryň köpüsi: «Men ýiten goýun kimin ýoldan azaşdym; bendäňi agtar, çünki Seniň tabşyryklaryňy unutmaýaryn» diýen mezmurçynyňky ýaly duýgulary başdan geçirdiler (Zebur 119:176). Sen hem şeýle duýgulary başdan geçirýärmiň?
Ýehowa sürüden azaşan gullukçylaryny hiç haçan unutmaýar, gaýtam, öz gullukçylary arkaly olara yzyna dolanmaga kömek edýär. Geliň, Ýehowanyň öz gullukçysy Eýýuba nädip kömek edendigine seredeliň. Eýýubyň başyna ençeme betbagtçylyklar düşüpdi: ol mal-mülküni, söýgüli çagalaryny ýitirdi we agyr kesele uçrady. Şeýle-de özüni goldaýmaly adamlaryň awuly sözlerinden ejir çekdi. Eýýup pikirinde az wagtlyk Ýehowadan daşlaşan bolsa-da, Ony asla terk etmedi (Eýýup 1:22; 2:10). Eýsem, Ýehowa oňa nädip kömek etdikä?
Ýehowa Eýýuba Elihu atly gullukçysy arkaly kömek etdi. Eýýup biynjalyklanýan zatlary hakda aýdanda, Elihu ony diňledi, soňra özi-de gepläp başlady. Ol Eýýuba näme diýerkä? Elihu ony ýazgararmy, dogry ýola saljak bolup, günäkärlärmi, utandyrarmy? Aslynda, Elihu özüni Eýýupdan ýokary tutdumy? Elbetde, ýok! Ol Hudaýyň ruhy bilen ylhamlanyp: «Hudaýyň huzurynda menem edil seniň ýalydyryn, Menem toprakdan ýaradyldym» diýdi. Soňra: «Menden gorkmak gerek däl, hüjümim agyr bolmaz» diýip, ony rahatlandyrdy (Eýýup 33:6, 7). Hawa, ol Eýýubyň derdini agyrlaşdyrman, gaýtam, söýgi bilen maslahat berdi we gerekli sözleri aýdyp ruhlandyrdy.
Mähriban imandaşymyz, biz hem şu broşýurany taýýarlanymyzda, Elihunyň garaýşyna eýermäge jan etdik. Ilkibaşda biz sürüden daşlaşan dogan-uýalary diňledik, olaryň ýagdaýyna düşünjek bolduk we aýdýan sözlerini göz öňünde tutduk (Süleýmanyň tymsallary 18:13). Soňra doga edip, Mukaddes Ýazgylarda agzalýan kyn ýagdaýlara düşen adamlara Ýehowanyň nädip kömek edendigini ünsli öwrendik. Iň soňunda bolsa, ondaky wakalary we biziň döwrümizde bolan wakalary alyp, şu broşýurany taýýarlamagy makul bildik. Biz senden şu broşýurany gowy özleşdirmegiňi haýyş edýäris we ýürekden söýgimizi bildirýäris.
Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk maslahaty