Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

DÖRDÜNJI BÖLÜM

Özüňi günäkär duýmak — «Meni... günämden tämizle»

Özüňi günäkär duýmak — «Meni... günämden tämizle»

«Täze işim maňa maddy taýdan has üpjün ýaşamaga mümkinçilik berse-de, dünýewi işlere baş goşmaga iterdi. Men baýramçylyklary belläp, syýasy işlere gatnaşyp, hatda buthana baryp başladym. Ýehowanyň Şaýady bolsam-da, ruhy taýdan gowşap, 40 ýyllap ýygnaklara barmadym. Ýüregimde Ýehowa meni bagyşlamaz diýen pikir gitdigiçe ornaşyp başlady. Men özümi bagyşlanmaga mynasyp görmeýärdim. Iň erbedi bolsa, men hakykaty bilip-de, şeýle nädogry ýola düşdüm» (Marta).

ÖZÜŇI günäkärläniňde, egniňden bir agyr ýük asylyp duran ýaly duýýarsyň. Dawut patyşa: «Ýazyklarym başymdan aşdy, olar agyr ýük kimin götererimden agyr» diýip ýazdy (Zebur 38:4). Käbir mesihçiler çendenaşa gam-gussa batyp, «Ýehowa meni hiç haçan bagyşlamaz» diýip pikir edýärler (2 Korinfliler 2:7). Eýsem, şeýle pikir etmek dogrumy? Eger sen agyr günäleri edip, Ýehowadan daşlaşan bolsaň, indi Ol seni hiç haçan bagyşlamazmy? Elbetde, bagyşlar!

«Geliň, indi düşünişeliň»

Ýehowa toba eden günäkäri terk etmeýär. Gaýtam, ol şeýle adama yzyna dolanmaga kömek edýär. Isa ýiten ogul baradaky mysaly gürrüň berende, keýpi-sapaly durmuşda ýaşamak üçin maşgalasyny terk eden ýigidiň kakasyny Ýehowa meňzedýär. Birnäçe wagtdan onuň ogly öýüne dolanmaly diýen karara gelýär. «Ol heniz uzakdaka, kakasy ony görüp, ýüregi gyýylýar we ylgap barýar-da, ony gujaklap, mähirli ogşaýar» (Luka 15:11—20). Seniň hem Ýehowa ýakynlaşmak islegiň bolup-da, özüňi «heniz (ondan) uzakda» duýýarmyň? Isanyň mysalyndaky ata ýaly Ýehowa-da saňa mähir bilen duýgudaşlyk bildirýär. Ol seniň yzyňa dolanmagyňy ýürekden isleýär.

Emma sen: «Eden günälerim gaty agyr» ýa-da «juda köp» diýip, Ýehowa seni bagyşlamaz öýdýärmiň? Onda Ýehowanyň Işaýa 1:18-de aýdan sözlerine üns ber: «Reb şeýle diýýär: „Geliň, indi düşünişeliň, günäleriňiz gyrmyzy dek bolsa-da, olar gar kimin ak bolarlar“» (Işaýa 1:18). Hawa, günälerimiz gyrmyzy reňke boýalan eşik kimin agardyp bolmaýan ýaly görünse-de, Ýehowa bizi bagyşlap, günälerimizi ýuwup bilýändir.

Ýehowa seniň günä edendigiň üçin ynsabyň ezýet berip, ejir çekip ýörmegiňi islemeýär. Onda Hudaý seni bagyşlap, ynsabyňy arassalar ýaly näme etmeli? Dawut patyşanyň eden iki ädimine seredeli. Birinjiden, ol: «Jenaýatlarymy Rebbiň ýanynda boýun alaryn» diýdi (Zebur 32:5). Ýehowa seni doga arkaly özüne ýakynlaşmaga we «düşünişmäge» eýýäm çagyrandygyny unutma. Onuň çakylygyny kabul et. Eden günäleriňi Ýehowanyň öňünde boýun alyp, oňa ýüregiňi dök. Dawut Ýehowanyň merhemetli Hudaýdygyna göz ýetirdi, şonuň üçin hem: «Meni ýazygymdan bütinleý ýuw... eý Hudaý, Sen synyk, ökünçli göwni kemsitmersiň» diýip, ynamly doga etdi (Zebur 51:2, 17).

Ikinjiden, Dawut Hudaýyň wekili bolan Natan pygamberiň kömegini kabul etdi (2 Şamuwel 12:13). Şu günler hem Ýehowa ýygnak ýaşululary arkaly toba edýän günäkärlere Özi bilen dostlugyny dikeltmäge kömek edýär. Sen ýaşulularyň ýanyna baranyňda, olar ýüregiňe teselli bermek üçin Mukaddes Ýazgylardan aýatlary okarlar we gyzgyn doga ederler. Bu saňa erbet pikirlerden az-kem ýa-da bütinleý dynmaga we ruhy taýdan sagalmaga ýardam eder (Ýakup 5:14—16).

Ýehowa seniň hem oňa päk ynsap bilen gulluk etmegiňi isleýär

«Jenaýaty bagyşlanan, günäsi örtülen adam nähili bagtly!»

Elbetde, Ýehowa Hudaýyň öňünde günäleriňi boýun almak we ýygnak ýaşulularyna ýüz tutmak aňsat bolmazlygy mümkin. Dawut hem şeýle duýgulary başdan geçiripdi. Ol birnäçe wagt günälerini aýtman, «dymyp» gezdi (Zebur 32:3). Emma soňra ol günäleriňi boýun almagyň we dogry ýola düşmegiň peýdalydygyna göz ýetirdi.

Dawut indi öňküsi ýaly ejir çekmeýärdi, gaýtam, şatlanyp ýaşaýardy. Ol: «Jenaýaty bagyşlanan, günäsi örtülen adam nähili bagtly!» diýip ýazdy (Zebur 32:1). Şeýle-de: «Ýa Reb, dodaklarymy aç, dilim Saňa sena okasyn» diýip doga etdi (Zebur 51:15). Dawut özüňi günäkärlemek duýgusyndan azat boldy we Ýehowanyň bagyşlandygy üçin minnetdar bolup, ol hakda başgalara gürrüň bermäge höwesi artdy.

Ýehowa seniň hem oňa päk ynsap bilen gulluk etmegiňi isleýär. Şeýle-de seniň Özi we niýetleri hakda adamlara günäli duýgy bilen däl-de, ak ýürekden we şatlanyp gürrüň bermegiňi isleýär (Zebur 65:1—4). Mukaddes Ýazgylardaky: «Ýehowa günäleriňizi bagyşlap, size rahatlyk berer» diýen sözleri unutma (Resullaryň işleri 3:19).

Marta uýamyz bilen hem hut şeýle boldy. Ol şeýle gürrüň berýär: «Oglum maňa „Garawul diňi“ we „Oýanyň!“ žurnallaryny yzygider iberýärdi. Men kem-kemden Ýehowa barada täzeden bilim alyp başladym. Esasan-da, maňa eden ähli günälerim üçin ötünç soramak juda kyn boldy. Ýöne şonda-da Hudaýa doga edip, ondan ötünç soradym. Geň galaýmaly, men 40 ýyl geçenden soň, Ýehowa dolandym. Hawa, ençeme ýyl geçen hem bolsa, ýene-de Hudaýa gulluk edip, onuň söýgüsini gazanyp bolýan eken. Meniň durmuşym muny aýdyň subut edýär».