Jemleýji sözler
Ýehowanyň halky bilen geçiren şadyýan günleriň, ýagny ruhlandyryjy ýygnak duşuşyklary, tolgundyryjy kongresler, wagyzda bolan gyzykly waka ýa-da imandaşyň bilen eden ýakymly gürrüňdeşligiň ýadyňa düşýärmi? Sen Ýehowany unudan dälsiň; Ol hem seni unutmady. Ýehowa seniň wepaly gullugyňy söýgi bilen ýatlaýar we saňa özüne dolanmaga kömek etmek isleýär.
Ýehowa şeýle diýýär: «Goýunlarymy Özüm gözlärinem, idegem ederin. Dargan goýunlarynyň arasynda galan çopan sürüsine nähili ideg, gözleg edýän bolsa, Men-de goýunlaryma şonuň ýaly ideg ederin... Men olary ähli dargadylan ýerlerinden halas ederin» (Ezekiýel 34:11, 12).