8-NJI BÖLÜM
Biz näme üçin ýygnak duşuşyklarynda salykatly geýinýäris?
Siz şu broşýuranyň suratlarynda Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnak duşuşyklaryna salykatly geýnip barýandyklaryna üns berdiňizmi? Biz näme üçin egin-eşigimize we daş keşbimize aýratyn üns berýäris?
Hudaýa hormat goýýandygymyzy görkezýär. Allatagala adamlaryň diňe bir daş keşbine däl, eýsem, ýüregine-de seredýär (1 Şamuwel 16:7). Emma biz Ýehowa sežde etmek üçin ýygnanyşanymyzda, salykatly geýnip, Hudaýa we imandaşlarymyza hormat goýýandygymyzy görkezýäris. Eger biz prezident ýa-da patyşa bilen duşuşmaly bolanymyzda, ony hormatlaýandygymyz üçin näme geýjekdigimiz barada çynlakaý oýlansak gerek. Şonuň ýaly biz salykatly geýinmek bilen «döwürleriň Patyşasy» Ýehowa Hudaýa we Oňa sežde etmek üçin ýygnanyşýan ýerimize hormat goýýandygymyzy görkezýäris (1 Timoteos 1:17).
Ýokary ahlak kadalary boýunça ýaşaýandygymyzy görkezýär. Mukaddes Ýazgylar bize «haýa we salykatlylyk bilen» geýinmegi ündeýär (1 Timoteos 2:9, 10). «Salykatlylyk bilen» geýinmeklik göze ilginç, çendenaşa açyk ýa-da özüne çekiji egin-eşiklerden gaça durmaklygy aňladýar. «Haýa» bolsa bize sölpi ýa-da nädogry duýgulary oýarýan egin-eşikleri geýmekden saklaýar. Emma bu prinsipler bize egin-eşik saýlamakda erkinlik berýär. Biziň diňe bir aýdýan sözlerimiz däl, eýsem, gelşikli we ýaraşykly egin-eşigimiz «halasgär Hudaýymyzyň taglymatyny... bezeýär» hem-de Ony şöhratlandyrýar (Titus 2:9; 1 Petrus 2:12). Biziň ýygnak duşuşyklarynda geýýän geýmimiz başga adamlara täsir edýär we Ýehowa nädip sežde etmelidigini görkezýär.
Siziň owadan we gymmat bahaly egin-eşigiňiz ýok bolsa, alada etmäň! Esasy zat egin-eşigimiz arassa we gelşikli bolmaly. Siziň ýygnak duşuşygyna geleniňize hemmeler şat bolarlar.
-
Hudaýa sežde edenimizde egin-eşigimize näme üçin üns bermeli?
-
Biz egin-eşik we daş keşp babatda haýsy prinsiplere eýermeli?