Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

13-NJI BÖLÜM

Kimlere pioner diýilýär?

Kimlere pioner diýilýär?

Kanada

Öýden-öýe wagyz

Mukaddes Ýazgylar okuwy

Şahsy okuw

Öňde ýöreýän we başgalar üçin ýol açýan adama köplenç «pioner» diýilýär. Isa pygambere hem pioner diýse bolar, sebäbi ol adamlara gutulyş ýoluny açmak üçin ýer ýüzüne geldi we bütin ömrüni wagyz işine bagş etdi (Matta 20:28). Şu günler onuň göreldesine eýerýän mesihçiler «şägirt» taýýarlamak işine köpräk wagt sarp etmäge jan edýärler (Matta 28:19, 20). Olaryň käbiri bolsa, pioner gullugyna başlady.

Pionerler — doly wagtly gullukçylar. Ýehowanyň Şaýatlarynyň ählisi hoş habary wagyz etmek işine gatnaşýarlar. Emma olaryň käbiri pioner bolup gulluk edýärler. Olar her aý 70 sagat wagyz edip biler ýaly, ýarym gün işleýärler. Käbir wagyzçylar bolsa, ýörite pioner gullugyna bellenilýär. Olar wagyzçylaryň ýetmeýän ýerlerinde gulluk edýärler we wagyz işine her aý 130 sagat ýa-da ondan hem köpräk wagt sarp edýärler. Pionerler sada ýaşaýarlar we ýaşaýyş üçin gerekli zady Ýehowanyň üpjün etjekdigine ynanýarlar (Matta 6:31—33; 1 Timoteos 6:6—8). Emma doly wagtly gulluk edip bilmeýän wagyzçylar kömekçi pioner bolup, aýda 30 ýa-da 50 sagat wagyz edýärler.

Pionerler Hudaýa we adamlara bolan söýgüsini görkezýärler. Isa ýaly biz hem adamlaryň ruhy taýdan gözgyny ýagdaýdadygyny görýäris (Markus 6:34). Şol sebäpli biz adamlara şu günler we gelejekde bagtly ýaşamaga kömek edýän bilimi berýäris. Pionerler adamlara ruhy taýdan kömek etmek üçin wagtyny we güýjüni gaýgyrmaýarlar. Muny etmäge olary adamlara bolan söýgi höweslendirýär (Matta 22:39; 1 Selanikliler 2:8). Bu gulluk olaryň imanyny berkidýär, Hudaýa has-da ýakynlaşdyrýar we köp şatlyk tapmaga ýardam edýär (Resullaryň işleri 20:35).

  • Pioner diýip kime aýdylýar?

  • Käbir wagyzçylary doly wagtly gulluk etmäge näme höweslendirýär?