Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Kon­grese gatnaşýanlar üçin maglumat

Kon­grese gatnaşýanlar üçin maglumat

HYZMAT EDÝÄN DOGANLAR. Hyzmat edýän doganlar size kömek etmek üçin bellenýärler. Şonuň üçin olar bilen hyzmatdaşlyk etmegiňizi haýyş edýäris. Olar size ulagy nirede goýmalydygy, tertip-düzgüne eýermelidigi, nirede oturyp biljekdigiňiz we başga meseleler babatda görkezme bererler.

ILKINJI KÖMEK. Bu bölüm DIŇE HOWPLY ýagdaý üçindir.

MEÝLETIN KÖMEK. Eger siz kongrese kömek etmek isleseňiz, kongresiň şu bölümine ýüz tutup bilersiňiz.

OTURYLÝAN ÝERLER. Başgalara ünsli bolmagyňyzy haýyş edýäris. Ýadyňyzda bolsun, diňe maşgala agzalaryňyza, siziň bilen bir ulagda gelenlere, bile ýaşaýan ýa-da okuw geçýän adamlaryňyza ýer alyp bolýar. Başga oturgyçlarda zadyňyzy goýmazlygy haýyş edýäris.

PUL SADAKALARY. Kongresde oturylýan ýerler, sesi güýçlendirýän we wideo görkezilýän enjamlar hem-de başga hyzmatlar bolar. Bularyň bary bize kongresiň ýakymly geçmegine we Ýehowa ýakynlaşmaga kömek edýär. Siziň pul sadakalaryňyz şol çykdajylary ödemäge we bütindünýä işini goldamaga ýardam edýär. Sadakalar üçin gutular amatly we görünýän ýerlerde goýlan. Ähli sadakalar gymmat saýylýar. Ýolbaşçylyk maslahaty siziň Patyşalygyň bähbitlerini jomartlyk bilen goldaýandygyňyz üçin minnetdarlyk aýdýar.

SUWA ÇÜMDÜRILJEKLER. Suwa çümdüriljekler üçin birinji hatarda ýörite ýer bellenilip goýlar. Olar şenbe güni irden kongrese gelen wagty şol ýerlere baryp oturmaly. Hersi ýany bilen polotense we suwa çümdüriljek wagty geýer ýaly, salykatly eşik getirmeli.

TAPYLAN ZATLAR. Ähli tapylan zatlar şu bölüme getirilmeli. Eger siz bir zadyňyzy ýitirseňiz, şu bölüme ýüz tutup bilersiňiz. Ýiten çagalary hem şol ýere eltip bolýar. Emma bu bölüme çagalar üçin ýerdir öýtmäň. Haýyş edýäris, çagalaryňyza göz-gulak bolup, olary ýanyňyzdan aýyrmaň.

ÝÖRITE DUŞUŞYKLAR

HOŞ HABARÇYLAR MEKDEBI. 23—65 ýaş aralygyndaky köpräk gulluk etmek isleýän pionerler ýekşenbe güni günortan arakesme wagty Hoş habarçylar mekdebinde okajaklar üçin geçiriljek duşuşyga çagyrylýar. Duşuşygyň geçiriljek wagty we ýeri öňünden aýdylar.

Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk maslahaty tarapyndan taýýarlanylýar