Ýanwar
1-nji ýanwar, ýekşenbe
Olar kör ýolbaşçylardyr (Mat. 15:14).
Isa pygamber fariseýleriň ikiýüzlüligini batyrgaýlyk bilen paş edýärdi. Meselem, ol el ýuwmak däbini ene-ataň aladasyny etmekden hem wajyp hasaplaýan fariseýleri ýazgarýar (Mat. 15:1—11). Isa pygamber fariseýlerden gorkman hemişe hakykaty aýdýardy. Ol dini däp-dessurlaryň Hudaýa ýaramaýandygyny açyk aýtdy. Şeýle-de heläkçilige eltýän ýoluň inlidigini, ondan köp adamlaryň ýöreýändigini düşündirdi. Emma ebedi ýaşaýşa eltýän ýoluň insizdigini, ondan ýöreýänleriň azdygyny aýtdy (Mat. 7:13, 14). Isa Hudaýa göz üçin gulluk edýän adamlary ýazgaryp, şeýle diýdi: «Ýalan pygamberlerden ägä boluň. Olar goýun derisine girip gelýändir, aslynda welin ýyrtyjy möjekdir. Olary miwesinden tanarsyňyz» (Mat. 7:15—20). w21.05 sah. 9, abz. 7, 8
Şondan soň ol gamgyn bolmady (1 Şam. 1:18).
Hanna lewilerden bolan Alkananyň söýgüli aýalydy. Ýöne Alkananyň Peninna atly ýene bir aýaly bardy. Alkana Peninnany däl-de, Hannany söýýärdi. «Peninnanyň çagalary bardy, emma Hannanyň çagasy bolmaýardy». Peninna Hannanyň çagasynyň bolmaýandygyny «ýüzüne basyp, hemişe kemsidýärdi». Hanna «aglap, çöregem iýmeýärdi». Ýöne ol Peninnadan ar aljak bolmaýar, gaýtam gaýgy-aladasyny Ýehowa aýdýar we kömek etjekdigine ynanýar (1 Şam. 1:2, 6, 7, 10). Geliň, biz hem Hannanyň göreldesine eýereliň. Eger biri sizi kemsidip, üstüňizden gülse näme edersiňiz? Siz onuň bilen bäsdeşlik edip, jedelleşersiňizmi? «Ýagşylyga ýagşylyk her kişiniň işidir, ýamanlyga ýagşylyk är kişiniň işidir» diýlişi ýaly, ýagşylyk etmäge jan edeliň (Rim. 12:17—21). Siziň eden ýagşylygyňyzy bilmeseler-de, kalbyňyz rahat bolar. w21.07 sah. 17, abz. 13, 14
Hüşgär boluň, açgözlügiň her hili görnüşinden seresap boluň (Luka 12:15).
Iuda Iskariýot açgözlügiň duzagyna düşüp, Halypasyny satýar we dönüklik edýär. Ýöne ol başda erbet adam däldi (Luka 6:13, 16). Iuda ukyply, ynamdar adamdy, şonuň üçin pully gutyny göterýärdi. Isa açgözlügiň gowy zadyň üstünden eltmejegini ençeme sapar duýduran hem bolsa, Iuda gutudan pul ogurlaýardy (Mar. 7:22, 23; Luka 11:39). Soňabaka ol açgözlükden ýaňa nebsine çapyp başlaýar. Heýwere keselinden gutulan Simun Isany we resullary öýüne myhmançylyga çagyrýar. Ol ýere Marta bilen Merýem hem barýar. Merýem ýerinden turup, Isanyň başyna atyr ysly gymmatbaha ýag guýýar. Şonda resullar hüňürdeşip: «Ýagy... gymmat satyp, puluny garyplara paýlasa bolardy» diýýärler. Iudanyň bolsa niýeti düzüw däldi. Ol «ogrudy», bar aladasy torbasydy (Ýah. 12:2—6; Mat. 26:6—16; Luka 22:3—6). w21.06 sah. 18, abz. 12, 13
Men bir biçäre adam! Kim meni... halas eder? (Rim. 7:24).
Belki, siziň ýygnakda köp jogapkärçiligiňiz bardyr. Olar agyr ýük bolup, egniňizden basýandyr. Eger şeýle bolsa, Pawlus resulyň ýagdaýyna gowy düşünseňiz gerek, sebäbi ol köp «ýygnaklaryň aladasyny... egni bilen çekmeli bolýardy» (2 Kor. 11:23—28). Belki, siz agyr kesel sebäpli şatlygyňyzy ýitirensiňiz. Pawlus hem keselden ejir çeken bolmaly. Ol: «Bedenimde tiken bar» diýýär. Şondan dynmak isleýär (2 Kor. 12:7—10). Ýa-da size bikämillik sebäpli dogry işleri etmek kyn bolýandyr. Pawlus hem özüni şeýle duýýardy. Ol: «Men bir biçäre adam!» diýýär (Rim. 7:21—24). Pawlus erbet pikirlerini ýeňmek üçin hemişe göreşýärdi. Ýöne ol dürli kynçylyklara duşsa-da, käte ruhdan düşse-de, Ýehowa yhlasly gulluk edýärdi. Oňa näme kömek etdi? Ol bikämillik sebäpli ýalňyşsa-da, töleg gurbanyna iman edýärdi. w21.04 sah. 22, abz. 7, 8
Ynsan ogly... köpleriň ugrunda janyny töleg hökmünde bermek üçin geldi (Mar. 10:45).
Adam ata kämildi. Ol Hudaýa gulak asman günä etdi we ebedi ýaşaýyşdan mahrum boldy. Ol nesliniň hem süýji durmuşyna awy gatdy. Adam atanyň eden işini aklap bolmaýar, sebäbi ol bilgeşleýin günä etdi. Emma şol wagt Adam atanyň çagalary dünýä inmändi (Rim. 5:12, 14). Ýehowa Hudaý Adam atanyň neslini halas etmek üçin çäre görermi? Elbetde! Adam ata günä edenden soň, Ýehowa onuň neslini günäden we ölümden nädip halas etjekdigini ýuwaş-ýuwaşdan mälim edip başlaýar (1 Mus. 3:15). Biz bikämil bolsak-da, töleg gurbany arkaly Ýehowa bilen dostlaşyp bilýäris. Isanyň beren töleg gurbany Iblisiň niýetini puç eder (1 Ýah. 3:8). Şeýle-de Ýehowanyň ýer ýüzi babatdaky niýetini amala aşyrar. Bütin ýer ýüzi Jennet bagyna öwrüler. w21.04 sah. 14, abz. 1; sah. 19, abz. 17
Suwa çümdüriliň (Res. 2:38).
Dünýäniň dört künjeginden dürli milletden uly märeke ýygnanypdy. Şol gün Iýerusalimde täsin waka boldy. Isanyň şägirtleri gelen myhmanlaryň ene dilinde gepläp başladylar. Ýöne olaryň aýdan habary adamlary has-da geň galdyrdy. Petrus we beýleki şägirtler halas bolmak üçin, Isa pygambere iman etmelidigi hakda wagyz edýärdiler. Şägirtleriň aýdýan habary myhmanlaryň ýüregine jüňk boldy. Olar: «Indi biz näme etmeli?» diýip soradylar. Şonda Petrus: «Suwa çümdüriliň» diýip jogap berdi (Res. 2:37, 38). Şol gün şatlykly waka boldy. 3 000-e golaý adam suwa çümdürilip, Isa pygamberiň şägirdi boldy. Şeýdip, Isanyň şägirt taýýarlamak hakda tabşyran işiniň düýbi tutuldy. Şol iş XXI asyrda uly möçberde alnyp barylýar. w21.06 sah. 2, abz. 1, 2
Men tohum ekdim, Apollos suwardy, ýöne ösdürýän Hudaýdyr. Şonuň üçin tohumy ekene ýa-da suwarana däl-de, ösdürýän Hudaýa alkyş aýtmaly (1 Kor. 3:6, 7).
Belki, ýaşaýan ýerimizde Mukaddes Kitap okuwyna başlamak Mat. 5:3). Edebiýatlarymyzy okamak islemedik adamlar Mukaddes Kitap okuwyna başladylar. Dogrudan-da, Ýehowa bütin ýer ýüzüniň «hasylynyň Eýesi» (Mat. 9:38). Ol bize tohumy ekmegi we suwarmagy tabşyrýar. Ösdürmegi bolsa öz boýnuna alýar. Ýehowa biziň okuw geçýänlerimiziň sanyna görä däl-de, edýän tagallamyza görä ak pata berýär. Muňa biz örän begenýäris. w21.07 sah. 6, abz. 14
kyndyr. Adamlar biziň aýdýan hoş habarymyzy diňleýän däldir, hatda garşy çykýandyr. Şeýle ýagdaýda umydymyzy üzmezlige näme kömek eder? Aladadan we kynçylykdan doly dünýäde adamlaryň ýagdaýy göz açyp-ýumasy salymda üýtgäp durýar. Öň hoş habary diňlemedik adamlar, indi Hudaý barada bilim almagyň wajypdygyna düşünmegi mümkin (Ogullar Ýehowanyň beren mirasydyr (Zeb. 127:3).
Hudaýyň niýetine görä, adamlar çaga dünýä inderip köpelmelidi we perzentlerine Ýehowany söýüp, sežde etmegi öwretmelidi. Ýehowa perişdeleri güýç-kuwwatly edip ýaratsa-da, olar nesil öndürip bilmeýärler. Ýehowa şeýle hormaty ynsanlara ynandy. Şonuň üçin çaga terbiýesine sowuk-sala garaman, mukaddes borç hasaplaň. Çagalaryňyzy «Ýehowanyň terbiýesi we öwüt-ündewi bilen ulaldyň» (Efes. 6:4; 5 Mus. 6:5—7). Ýehowanyň guramasy ene-atalara kömek etmek üçin, Mukaddes Kitaba esaslanan edebiýatlary, wideolary, aýdym-sazlary we internet makalalary çykarýar. Ýehowa Hudaý hem, Isa Mesih hem balajyklary söýýär (Luka 18:15—17). Ene-atalar çagalaryny terbiýelemek üçin elinde baryny etmeli we Hudaýa bil baglamaly. Şonda olar gökdäki Atasyny begendirerler we çagalaryna Onuň perzentleri bolmaga kömek ederler. w21.08 sah. 5, abz. 9
Iman... görünmeýän zatlary hamala bar ýaly görüp bilmekdir (Ýew. 11:1).
Käbirleriniň aýtmagyna görä, Ýaradana iman etmek, Oňa köre-körlük bilen ynanmagy aňladýar. Emma Mukaddes Kitapda imanyň subutnamalara esaslanýandygy aýdylýar. Biz Ýehowany, Isany we Hudaýyň gökdäki Patyşalygyny görmesek-de, ynandyryjy deliller esasynda olaryň bardygyny bilýäris (Ýew. 11:3). Ýehowa iman edýän bir biohimik şeýle diýýär: «Ýehowanyň Şaýatlary köre-körlük bilen iman etmeýärler. Olaryň imany ylmy subutnamalara esaslanýar». Älem-jahany Ýehowanyň ýaradandygyny subut edýän ençeme deliller bar. Emma näme üçin köp adamlar Hudaýa iman etmeýärler? Sebäbi olar Ýaradyjynyň bardygyny subut edýän delilleri okamaýarlar. Ýehowanyň Şaýady Robert şeýle gürrüň berýär: «Mekdepde ýaradylyş barada hiç zat öwredilmedi. Şonuň üçin Allatagalanyň älem-jahany ýaradandygyna ynanmaýardym. Men 20 ýaşlarymda Mukaddes Kitap arkaly Hudaýyň ähli zady ýaradandygyny bildim». w21.08 sah. 15, abz. 4, 5
Ýehowany synaň, goldaw berişini görüň (Zeb. 34:8).
Mukaddes Kitaby okanymyzda, imany berk dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolanymyzda, Ýehowanyň hemmeleri goldaýandygyny bilýäris. Ýöne Ýehowanyň goldawyny duýmak üçin, Ony «synamaly». Aýdaly, siz pioner bolmak isleýärsiňiz. Munuň üçin köp çykdajy etmän, baryňa kaýyl bolup ýaşamaly. Belki, siz Isanyň: «Hudaýyň Patyşalygyny... hemişe birinji orunda goýuň, şonda gerekli zatlar üstüne goşulyp berler» diýen wadasyny bilýänsiňiz. Emma durmuşyňyzda şol wadanyň ýerine ýetişini gören dälsiňiz (Mat. 6:33). Eger Isa pygamberiň sözlerine iman etseňiz, baryňyza kaýyl bolup, ýarym günlük işde işleseňiz we köpräk wagyz etseňiz, Ýehowanyň berekedini alarsyňyz. Şonda Ýehowany synap, goldaw berişini görersiňiz. w21.08 sah. 26, abz. 2
Adamlar sagdyn taglymaty diňlemez (2 Tim. 4:3).
Şu günler Isa iman edýän adamlara nähili garaýarlar? Dini ýolbaşçylar baý, atly-abraýly, akyldar adamlary güler ýüz bilen garşy alýarlar. Ýöne şeýle adamlar Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşamaýarlar. Dini ýolbaşçylar Ýehowanyň wepaly we ahlak taýdan arassa halkyny äsgermeýärler. Sebäbi olar baryna kaýyl bolup ýaşaýarlar, baýlyga kowalaşmaýarlar. Pawlus resul: «Hudaý... äsgerilmeýän adamlary saýlady» diýdi (1 Kor. 1:26—29). Ýehowa wepaly halkyny söýýär. Biz Ýehowanyň Şaýatlarynyň aýdýan habaryna şübhelenmez ýaly näme etmeli? (Mat. 11:25, 26). Hudaýyň halkyny äsgermezlik edýän adamlaryň täsirine düşmäň. Unutmaň, Ýehowa pesgöwünli adamlardan razydyr (Zeb. 138:6). Ol dünýäniň hormat goýmaýan adamlary arkaly ägirt uly işleri edýär. w21.05 sah. 8, abz. 1; sah. 9, abz. 5, 6
Siz... zat iberdiňiz (Flp. 4:16).
Pawlus resul dogan-uýalaryň kömegini kiçigöwünlik we minnetdarlyk bilen kabul edýärdi (Flp. 2:19—22). Garry dogan-uýalar, siz ýygnagyňyzdaky gujur-gaýratly ýaşlara minnetdarlygyňyzy nädip görkezip bilersiňiz? Siz ýaşlaryň berýän kömegini höwes bilen kabul ediň. Belki-de, olar sizi ulagly ýygnaga, hassahana, bazara äkidip-getirerler ýa-da gerek-ýarak zatlaryňyzy getirip bererler. Ýehowanyň ýaşlar arkaly aladaňyzy edýändigini ýatdan çykarmaň. Ýaşlaryň berýän kömegini kabul etseňiz, olar bilen dostlaşarsyňyz. Siz ýaşlara ýygnakda köp işleri edýändigi üçin sag bolsun aýdyň we Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek ediň. Durmuşyňyzda bolan gyzykly wakalary gürrüň berip, ýaşlaryň imanyny berkidiň. Şonda siz ýygnagyňyzdaky ýaşlaryň gadyryny bilýändigiňizi we olar üçin Ýehowa minnetdardygyňyzy görkezip bilersiňiz (Kol. 3:15; Ýah. 6:44; 1 Sel. 5:18). w21.09 sah. 12, abz. 12, 13
Hudaýymyzyň... rehimdarlygy bilen säheriň ýagtysy üstümize nur saçar (Luka 1:78).
Ýehowa dogan-uýalary ýürekden söýýär. Emma bize dogan-uýalary söýmek we ýagşylyk etmek käte kyn bolýar. Sebäbi medeniýetimiz we alan terbiýämiz bir-birimiziňkiden tapawutlanýar. Üstesine-de, biz ýalňyşýarys we imandaşlarymyzyň göwnüne degýäris. Ýöne Ýehowanyň halkynyň arasynda söýginiň gülläp ösmegi üçin, biziň her birimiz goşant goşup bileris. Nädip? Biz gökdäki Atamyzyň göreldesine eýerip, dogan-uýalary ýürekden söýmeli (Efes. 5:1, 2; 1 Ýah. 4:19). Duýgudaş adam göwünlik bermek, kömek etmek üçin elinde baryny edýär. Isa hem Atasynyň göreldesine eýerip, adamlara hemişe kömek edýärdi (Ýah. 5:19). Bir gezek «Isa märekäni görüp, ýüregi awady, sebäbi olar çopansyz goýunlar ýaly alaçsyzdy, hor-homsy ýaşaýardy» (Mat. 9:36). Isa adamlara diňe bir haýpy gelmek bilen çäklenmän, olara elinde baryny edip kömek edýärdi. Ol syrkawlary sagaltdy, «ýadaw we agyr ýükli adamlary» ruhlandyrdy (Mat. 11:28—30; 14:14). w21.09 sah. 22, abz. 10, 11
(Hudaý) rehim etdi, heläkçilik indermän, günälerini bagyşlady (Zeb. 78:38).
Ýehowa söýgüden doly Hudaý bolandygy üçin rehimdarlyk bildirýär. Pawlus resul Ýehowa «örän rehimdar» diýdi. Pawlus Ýehowanyň bikämil adamlary gökdäki ýaşaýyş üçin saýlap, rehimdarlyk bildirendigini aýtdy (Efes. 2:4—7). Ýöne Ýehowa diňe saýlanan mesihçilere däl-de, ähli adamlara rehimdarlyk bildirýär. Dawut pygamber şeýle ýazdy: «Ýehowa ýaradanlarynyň ählisine ýagşylyk edýär, ähli işlerinde rehimdarlygy görünýär» (Zeb. 145:9). Ýehowa adamlary söýýändigi üçin her bir mümkinçilikden peýdalanyp rehimdarlyk bildirýär. Isa pygamber Ýehowanyň adamlary söýüp, rehimdarlyk bildirýändigini bilýärdi, sebäbi ol ýer ýüzüne gelmänkä, müňlerçe ýyl Atasy bilen eginme-egin işleşdi (Nak. 8:30, 31). Şonda Isa Atasynyň günäli adamlara rehimdarlyk bildirendigini ençeme sapar gördi (Zeb. 78:37—42). Şol sebäpli Isa ýer ýüzüne gelende, Atasynyň rehimdarlygy barada köp gürrüň berdi. w21.10 sah. 8, 9, abz. 4, 5
Atam, adyňy şöhratlandyr (Ýah. 12:28).
Bir gezek Isa doga edende gökden: «Men adymy... şöhratlandyraryn» diýen ses eşidildi. Isa ýer ýüzünde ýaşanda, adamlara Atasynyň adyny tanadyp, Onuň adyny şöhratlandyrdy (Ýah. 17:26). Hakyky mesihçiler hem hak Hudaýyň adyny buýsanç bilen tutýarlar we ol hakda adamlara wagyz edýärler. I asyrda mesihçiler ýygnagy döredilende, Ýehowa öz «adyny göterýän halky döretdi» (Res. 15:14). Şol döwürdäki mesihçiler Hudaýyň adyny buýsanç bilen tutýardylar we adamlara ol hakda gürrüň berýärdiler. Olar wagyz edenlerinde we ýygnaklara hat ýazanlarynda Hudaýyň adyny ulanýardylar. Şeýdip, olar Hudaýyň adyny göterýän halkdygyny subut etdiler (Res. 2:14, 21). Şu günlerem Ýehowanyň Şaýatlary Hudaýyň adyny göterýän halk hökmünde tanalýar. w21.10 sah. 20, abz. 8—10
Ýehowanyň wepaly söýgüsi hakda çuňňur oýlansyn (Zeb. 107:43).
Hudaýyň wepaly söýgüsi hiç haçan sowamaýar. Zebur 136:1-de: «Ýehowa alkyş aýdyň, sebäbi ol ýagşydyr, wepaly söýgüsi ebedidir» diýilýär. «Wepaly söýgüsi ebedidir» diýen jümle Zebur 136-njy bapda 26 gezek duş gelýär. Biz şu baby okanymyzda Ýehowanyň dürli ýollar bilen wepaly söýgüsini bildirýändigine haýran galýarys. «Wepaly söýgüsi ebedidir» diýen jümle Ýehowanyň halkyna söýgüsiniň hiç haçan sowamajakdygyny görkezýär. Hudaýyň bizi taşlamaýandygyny bilmek göwnümizi göterýär. Ol kyn ýagdaýa düşen dostlaryny ýeke goýmaýar, olaryň ýürekden aladasyny edip, elinde göterýär. Eger Ýehowanyň wepaly söýgüsi hakda oýlansak ýüregimiz şatlykdan dolar, kynçylyklar bilen göreşmäge güýjümiz bolar we Ýehowa hemişe wepaly bolarys (Zeb. 31:7). w21.11 sah. 4, abz. 9, 10
Alada etmäň... iman ediň (Ýah. 14:1).
Tizden görlüp-eşidilmedik wakalar bolar. Ýalan din ýok ediler. Mäjit ýurdundaky Äjit Hudaýyň halkyna hüjüm eder. Armageddon söweşi başlanar. Belki-de, siz: «Şol döwür Hudaýa wepaly bolup bilerinmi?» diýip alada edýänsiňiz. Onda Isa pygamberiň şu günki aýatdaky sözleri siziň güýjüňize güýç goşar. Ol şägirtlerine: «Alada etmäň. Hudaýa-da, maňa-da iman ediň» diýdi. Biz Hudaýa ýürekden iman etsek, has agyr synaglarda-da berk durarys. Biz kynçylyklarda we synaglarda özümizi nähili alyp barýandygymyz hakda oýlanmaly. Her gezek synaga düşenimizde Hudaýa wepaly bolsak, imanymyz has-da berkär. Şeýlelikde, biz gelejekde boljak synaglara-da taýýarlanyp bileris. w21.11 sah. 20, abz. 1, 2
Ejiz wagtym güýçlüdirin (2 Kor. 12:10).
Pawlus resul Timoteosa Hudaýa «birkemsiz gulluk etmegi» maslahat berdi (2 Tim. 4:5). Käbir dogan-uýalar wagyz işi çäklendirilen ýa-da gadagan edilen ýurtda ýaşaýarlar. Şeýle kyn ýagdaýlarda wagyz etmek üçin olara batyrgaýlyk gerek bolýar. Emma olar hoş habary yhlasly wagyz edýärler. Ýehowanyň halky köp kynçylyklar bilen göreşmeli bolýar. Käbir dogan-uýalar maşgalasyny eklemek üçin uzakly gün işleýär. Olar hepdäniň soňunda özüni şeýle bir ýadaw duýýarlar welin, wagyz etmäge güýç-gurbaty galmaýar. Käbir dogan-uýalar garrylyk ýa-da keselçilik sebäpli öýünden çykyp bilmeýär. Olar öňküsi ýaly wagyz edip bilmeýändigi üçin ruhdan düşýär. Käbirleri bolsa özüni dereksiz, hiç kime gereksiz duýýar. Ýehowa bize islendik kynçylyga döz gelmäge we elimizde baryny edip gulluk etmäge güýç berýär. w21.05 sah. 20, abz. 1—3
Hudaýyňyzyň adyna ysnat getirmäň (3 Mus. 19:12).
Käte klasdaşlarymyz we işdeşlerimiz Mukaddes Kitapdaky kada-kanunlary bozdurjak bolmaklary mümkin. 3 Musa 19:19-da: «Iki dürli ýüplükden dokalan eşik geýme» diýilýär. Ysraýyllar şu kanuna eýerip goňşy halklardan tapawutlanýardy. Elbetde, bizden Musanyň kanunyny ýerine ýetirmek talap edilmeýär. Biz iki dürli ýüplükden dokalan egin-eşikleri geýip bilýäris. Ýöne Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary boýunça ýaşamaýanlaryň täsirine düşmeýäris. Biz dogan-garyndaşlarymyzy we dost-ýarlarymyzy gowy görýäris. Ýöne gelýän kararlarymyz bilen olardan tapawutlanýandygymyzy we Ýehowanyň halkydygymyzy subut etmeli. Şonuň üçin adamlardan tapawutlanmaga çekinmeli däl (2 Kor. 6:14—16; 1 Pet. 4:3, 4). w21.12 sah. 5, abz. 14; sah. 6, abz. 16
Ebedi ýaşaýşa eltýän gapy dar, ýol insiz (Mat. 7:14).
Ebedi ýaşaýşa eltýän ýoly tapyp bolýar. Isa pygamber: «Meniň aýdanlarymy berjaý etseňiz, hakykatdanam, şägirdim bolarsyňyz. Siz hakykaty bilersiňiz, hakykat hem sizi azat eder» diýdi (Ýah. 8:31, 32). Berekella, siz köpçüligiň yzyna düşmediňiz, ebedi ýaşaýşa eltýän ýoly tapdyňyz. Siz Hudaýyň kada-kanunlaryny öwrenmek we Isa pygambere gulak asmak üçin Mukaddes Kitaby okap başladyňyz. Ýehowany razy etmek üçin ýalan dinden çykmalydygyny, baýramçylyklary we dini däp-dessurlary bellemeli däldigini bildiňiz. Hudaýy begendirmek üçin durmuşyňyzda köp özgerişlik etdiňiz (Mat. 10:34—36). Elbetde, size şeýle özgerişlikleri etmek aňsat düşen däldir. Emma siz ýan bermediňiz. Sebäbi gökdäki Ataňyz Ýehowany söýýärsiňiz. Ýehowa size guwanýar! (Nak. 27:11). w21.12 sah. 22, abz. 3; sah. 23, abz. 5
Oglum, aýdanlarymy diňle, diýenimi et (Nak. 4:10).
Bir gün Musa pygamber ýalňyşlyk goýberýär. Ol gaharyna erk edip bilmeýär we Ýehowany şöhratlandyrmaýar. Şol sebäpli Hudaý oňa käýäp, Wada edilen ýurda girmejekdigini aýdýar (4 Mus. 20:1—13). Şonda Musa pygamber Ýehowa ýalbaryp: «Eşretli ýurdy... görmäge rugsat ber» diýýär. Emma Ýehowa oňa: «Gaýdyp şu hakda agzama!» diýýär (5 Mus. 3:23—27). Musa pygamber gaharlanmaýar, berlen käýinje gulak asýar. Ýehowa hem oňa ýene-de halka ýolbaşçylyk etmäge rugsat berýär (5 Mus. 4:1). Musa pygamber Wada edilen ýurda girip bilmese-de, Ýehowa wepaly gulluk etdi. Biz Musa pygamberiň göreldesine eýerip maslahata gulak assak, köp kynçylygyň öňüni alyp bileris (Nak. 4:11—13). Munuň şeýledigine dogan-uýalaryň köpüsi göz ýetirdi. w22.02 sah. 11, abz. 9, 10
Şonda Isanyň gözlerinden boýur-boýur ýaş döküldi (Ýah. 11:35).
B. e. 32-nji ýylynyň gyşynda Isanyň dosty Lazar keselläp aradan çykýar (Ýah. 11:3, 14). Onuň Marta we Merýem atly uýalary bardy. Isa olary gowy görýärdi. Marta Isanyň gelýändigini eşidip, ony garşylamak üçin ylgap gidýär. Göz öňüne getiriň, Marta Isanyň ýanyna baryp: «Halypam, ýanynda bolan bolsaň, doganym ölmezdi» diýip zar-zar aglaýar (Ýah. 11:21, 32, 33). Marta bilen Merýem doganynyň aradan çykanyna gynanyp, ajy hasrat çekendir. Şu zatlar hakda oýlananda, Isanyň ýüregi gyýym-gyýym bolandyr. Siziňem maşgala agzalaryňyzdan biri aradan çykan bolsa, Ýehowa duýgularyňyza düşünýär. Isa «Hudaýyň keşbinde» ýaradyldy (Ýew. 1:3). Ol Atasynyň häsiýetlerini kämil derejede görkezdi. Isanyň gözýaş dökmegi Ýehowanyň hem gynanýandygyny görkezýär (Ýah. 14:9). Dogan-garyndaşlarymyz aradan çykanda, Ýehowa Hudaýyň hem ýüregi para-para bolýar. Allatagala biziň ýürek ýaramyzy bitirmek isleýär (Zeb. 34:18; 147:3). w22.01 sah. 15, 16, abz. 5—7
Adam sözi eşidip iman edýär (Rim. 10:17).
Ýehowa barada oýlansak we onuň bilen gürrüňdeş bolsak, birinjiden, paýhasly kararlara geleris. Mukaddes Kitapda: «Paýhasly adam bilen dost bolsaň, paýhasly bolarsyň» diýilýär (Nak. 13:20). Ikinjiden, ökde mugallym bolarys. Biz Mukaddes Kitapdan okuw geçýän adamlara Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek etmek isleýäris. Eger biz Hudaýa doga etsek we Mukaddes Kitaby okasak, gökdäki Atamyzy ýürekden söýeris. Şonda okuw geçýänler hem biziň göreldämize eýerip, Ýehowany ýürekden söýerler. Isa pygamber Atasy hakda mähir bilen gürrüň berýärdi. Şägirtler Halypasynyň berýän gürrüňlerini diňläp, Ýehowany ýürekden söýýärdiler (Ýah. 17:25, 26). Üçünjiden, Hudaýa ýürekden iman ederis. Ýehowa dogalarymyzy diňläp, bize görkezme we göwünlik berýär. Hudaýyň doga-dileglerimize jogap berýändigini her sapar görenimizde imanymyz has-da berkeýär (1 Ýah. 5:15). w22.01 sah. 30, abz. 15—17
Öňki häsiýetleriňizi we köne işleriňizi goýuň (Kol. 3:9).
Ýehowa biziň erbet endikleri we pikirleri ýüregimizden köki-damary bilen sogrup taşlamagymyza garaşýar. Sebäbi ol bizi söýýär we bagtly ýaşamagymyzy isleýär (Işa. 48:17, 18). Allatagala erbet pikirleriň guly bolan adamyň hem özüne, hem başgalara zyýan ýetirýändigini bilýär we olaryň kösenip ýaşamagyny islemeýär. Biziň dost-ýarlarymyz we dogan-garyndaşlarymyz «öňki häsiýetlerimizi egnimizden çykarjak» bolýandygymyzy görüp, üstümizden gülmekleri mümkin (1 Pet. 4:3, 4). Belki, olar: «Öz eliň — öz ýakaň. Erk-ygtyýaryň öz eliňde. Başgalaryň pikiri bilen ýöreme» diýýändirler. Emma olar Ýehowanyň kada-kanunlarynyň gulçulykdan azat edýändigine düşünmeýärler. Olar özüni erkin adam hasaplasalar-da, Şeýtanyň dünýäsiniň guludygyny bilmeýärler (Rim. 12:1, 2). Biz şularyň haýsy bolsa-da birini saýlamaly: «öňki häsiýetlerimizi egnimizden çykarman» günäniň we Şeýtanyň guly bolmaly ýa-da Ýehowanyň terbiýesini kabul edip ýagşy adam bolmaly. Elbetde, muny her kimiň özi saýlaýar (Işa. 64:8). w22.03 sah. 3, abz. 6, 7
Hudaýyň sözi diri hem güýçlüdir. Iki tarapy kesgir gylyçdan hem ýitidir... Adamyň ýüregindäki pikirlerini we niýetini bilýär (Ýew. 4:12).
Mukaddes Kitaby okamak hem oýlanmak, kyn ýagdaýlara döz gelmäge kömek edýär. Geliň, eziz ýary aradan çykan uýamyza Mukaddes Kitaby okamagyň we oýlanmagyň nädip kömek edendigini bileliň. Ýaşuly dogan oňa Eýýup kitabyny okamagy maslahat berýär. Ol kitaby okap başlanda: «Eýýup, diňe öz kynçylygyň hakda pikirlenme!» diýip, ony ýazgarýar. Soňra uýa özüniň hem şeýle edýändigine düşünýär. Ol Hudaýyň Sözüni okap hem oýlanyp, garaýşyny üýtgedýär we gaýgy-hasratyna döz gelýär. Ýehowa bizi dogan-uýalar arkaly hem ruhlandyrýar. Pawlus resul dogan-uýalar bilen söhbetdeş bolup, hem ruhlanmak, hem ruhlandyrmak isleýändigini ýazýar (Rim. 1:11, 12). w21.05 sah. 22, abz. 10, 11; sah. 24, abz. 12
Ýehowanyň saýlan ýerinde Hudaýyňyz Ýehowanyň şanyna ýedi gün baýram ediň (5 Mus. 16:15).
Ýehowa ysraýyllara şeýle tabşyryk berdi: «Ähli erkekleriňiz ýylda üç gezek... Ýehowa Hudaýyňyzyň saýlan ýerine gelsin» (5 Mus. 16:16). Ysraýyllar öýüni, mellegini goýup gitmelidiler. Ýehowa olara: «Ýehowa Hudaýyňyzyň huzuryna geleniňizde, hiç kim siziň ýurduňyza göz dikip bilmez» diýip söz berdi (2 Mus. 34:24). Ysraýyllar Allatagala doly bil baglap, her ýyl geçirilýän baýramçylyklara barýardylar. Şeýlelikde, olar bol bereketleri alýardylar, Kanuna has gowy düşünýärdiler, Hudaýyň ýagşylyklary hakda oýlanýardylar we imandaşlary bilen gürrüňdeş bolup şatlanýardylar. Bizem ýygnak duşuşyklaryna barmak üçin elimizde baryny etsek, Ýehowanyň ak patasyny alarys. Şeýle-de ýygnaga taýýarlanyp barsak, gysgajyk we manyly jogaplary bersek, Ýehowany razy ederis. w22.03 sah. 22, abz. 9
Ol... synaga düşýänlere kömek etmegi başarýar (Ýew. 2:18).
Hudaý Isany baş ruhany wezipesine taýýarlady. Ol agyr synaglarda Hudaýa gulak asmagyň gaty kyndygyna düşündi. Hatda Isa Hudaýa «ahy-nala we gözýaşlar bilen ýalbaryp» doga-dileg etdi. Şol sebäpli ol biziň ýagdaýymyza we başdan geçirýän duýgularymyza düşünýär, «synaga düşenimizde kömek etmegi başarýar». Biziň «kemçiliklerimize düşünýän» baş ruhanyny belländigi üçin Ýehowa minnetdar bolmaly dälmi näme?! (Ýew. 2:17; 4:14—16; 5:7—10). «Adam agyr synagda Hudaýa wepaly bolup bilermi?» diýen wajyp soraga jogap bermek üçin, Ýehowa Oglunyň ejir çekip ölmegine ýol berdi. Şeýtan adamlaryň diňe öz peýdasy üçin Hudaýa gulluk edýändigini we agyr synaga düşende, Ýehowa wepaly bolup bilmejekdigini aýdýar. Şeýtan hiç bir adam Hudaýy çyn ýürekden söýmeýär diýýär (Eýp. 1:9—11; 2:4, 5). Isa iň soňky demine çenli Hudaýa wepaly boldy we Şeýtanyň barypýatan ýalançydygyny subut etdi. w21.04 sah. 17, abz. 7, 8
Gidiň-de... şägirt taýýarlaň... Olara ähli tabşyryklarymy berjaý etmegi öwrediň (Mat. 28:19, 20).
Okuw geçýän adam suwa çümdürilmek üçin öwrenen zatlaryny durmuşynda ulanmaly. Şonda ol Isanyň mysalyndaky «paýhasly adama» meňzär. Sebäbi ol ýeri çuň gazyp, jaýyň düýbüni berk tutupdy (Mat. 7:24, 25; Luka 6:47, 48). Okuw geçýäniňize durmuşyny we gylyk-häsiýetini üýtgetmäge kömek ediň (Mar. 10:17—22). Isa baý ýigide mal-mülküni satmagyň aňsat bolmajakdygyny bilýärdi (Mar. 10:23). Ýöne ol şonda-da «ähli zadyňy sat» diýip maslahat berdi. Näme üçin? Isa ony gowy görýärdi. Käte biz okuw geçýän adama öwrenen zadyny durmuşynda ulanmalydygyny aýtmaga çekinýäris, sebäbi onuň göwnüne degmejek bolýarys (Kol. 3:9, 10). Biz okuw geçýäne gylyk-häsiýetini üýtgetmelidigini näçe ir aýtsak, şonça-da gowy bolar. Şeýdip, biz ony gowy görýändigimizi we aladasyny edýändigimizi görkezeris (Zeb. 141:5; Nak. 27:17). w21.06 sah. 2, abz. 3; sah. 3, abz. 5
Mesih... yzyna gyşarnyksyz eýermegiňiz üçin görelde galdyrdy (1 Pet. 2:21).
Petrus resul Isanyň kyn ýagdaýlara döz gelip, bize gowy görelde galdyrandygyny aýdýar. Emma biz başga-da köp ýagdaýlarda Isadan görelde alyp bileris (1 Pet. 2:18—25). Dogrudan-da, Isa pygamberiň bütin ömri — her bir aýdan sözi we her bir eden işi — biziň üçin gowy görelde. Biz bikämil bolsak-da, Isa pygamberiň yzyna eýerip bilerismi? Elbetde! Munuň üçin Isa pygamberden görelde alar ýaly elimizde baryny etmeli, ýagny onuň «yzyna gyşarnyksyz eýermeli». Ýahýa resul hem Isa ýaly ýaşamagy maslahat berdi (1 Ýah. 2:6). Isa pygamberiň yzyna eýersek, Ýehowa bilen dostlaşarys. Näme üçin şeýle diýse bolar? Isa bütin ömrüne Ýehowany razy edip ýaşady (Ýah. 8:29). Bizem Isanyň yzyna eýersek, Ýehowany razy ederis. Ýehowa ýakynlaşmak üçin elimizde baryny etsek, Ol hem bize ýakynlaşar (Ýak. 4:8). w21.04 sah. 3, abz. 4—6
Ýehowa halkyna guwanýar (Zeb. 149:4).
Ýehowa biziň ýagşy häsiýetlerimizi görýär, özüne wepaly boljakdygymyzy bilýär we biziň bilen dostlaşmak isleýär. Eger biz oňa tarap bir ädim ätsek, ol bize tarap on ädim äder (Ýah. 6:44). Eger biz Ýehowanyň söýýändigine we goldaýandygyna ynansak, kynçylyklara garamazdan, bütin ýüregimiz bilen gulluk ederis. Emma Allatagalanyň aladamyzy edýändigine şübhelensek, biziň «göreşmäge güýjümiz bolmaz» (Nak. 24:10). Ýehowanyň bizi söýýändigine ynanmasak we ruhdan düşsek, Şeýtanyň hüjümlerine garşy durup bilmeris (Efes. 6:16). Käbir wepaly dogan-uýalar Hudaýyň söýýändigine şübhelenýärler. Eger Ýehowanyň söýýändigine şübhe döredýän zatlar hakda oýlanyp başlasaňyz näme edip bilersiňiz? Şeýle pikirleri derrew aňyňdan aýyrmaly. Ýehowa doga etmeli we gaýgy-aladaňy aýtmaly. Şonda «Hudaýyň parahatlygy siziň ýürekleriňizi we pikirleriňizi... gorar» (Zeb. 139:23; Flp. 4:6, 7). w21.04 sah. 20, abz. 1; sah. 21, abz. 4—6
Hudaý... ýüregiňizde isleg döredip, şony etmäge güýç hem berer (Flp. 2:13).
Size Ýehowanyň Şaýady bolmaga kim kömek etdi? Belki, siz hoş habary Mar. 13:10). Soňra dogan-uýalaryň biri size Mukaddes Kitapdan sapak geçendir. Ol Ýehowanyň sizi söýýändigini düşündirmek üçin wagtyny we güýjüni sarp edendir. Siz näçe köp bilim aldygyňyzça, şonça-da Ýehowa bolan söýgiňiz artyp başlandyr. Ýehowa size özüni tanatdy. Siz Isa pygamberiň şägirdi bolduňyz we ebedi ýaşamaga umyt edýärsiňiz (Ýah. 6:44). Elbetde, siz Ýehowa alkyş aýdýansyňyz. Ol dogan-uýalar arkaly size Mukaddes Kitapdaky hakykaty açdy we ogly hem gyzy hökmünde kabul etdi. Siz Ýehowanyň Şaýady bolduňyz. Indi adamlara ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan ýöremäge kömek etmeli. Belki, siz öýden-öýe wagyz etmegi gowy görýänsiňiz, emma Mukaddes Kitap okuwyny teklip etmäge ýaýdanýansyňyz. w21.07 sah. 2, abz. 1, 2
ene-ataňyzdan, işdeşiňizden, klasdaşyňyzdan eşidensiňiz ýa-da öýüňize gelip wagyz edendirler (