Iýun
1-nji iýun, penşenbe
Bir dul aýal gelip, ikije teňňe atdy (Mar. 12:42).
Dul aýal gününi zordan görýärdi, iň zerur zatlaryny almaga-da ýagdaýy ýokdy. Ol ýaýdana-ýaýdana pul atylýan gutynyň ýanyna baryp, ikije teňňe atýar. Belki, onuň atan teňňeleriniň şaňňyrdysy hem eşidilen däldir. Emma Isa pygamber dul aýalyň atan ikije teňňesini görýär. Şol döwürde ol iň kiçi pul birligidi. Oňa iň arzan guş, ýagny serçe-de düşmeýärdi. Isa dul aýala örän haýran galýar. Ol şägirtlerine aýaly görkezip: «Şol garyp dul aýal pul atanlaryň hemmesinden köp atdy» diýýär. Soňra Isa: «Hemmeler (baýlar) özünden artanyny atdylar, emma ol mätäçlik çekýänem bolsa, barja zadyny atdy» diýýär (Mar. 12:43, 44). Dul aýal soňkuja puluny atýar, sebäbi Ýehowanyň aladasyny etjekdigine ynanýardy (Zeb. 26:3). w21.04 sah. 6, abz. 17, 18
Siz bolsa taglymatyňyz bilen bütin Iýerusalimi doldurdyňyz (Res. 5:28).
Isa pygamber hemişe yhlasly wagyz edýärdi. Ol şägirtleriniň hem şatlanyp wagyz etmegini isleýärdi (Ýah. 4:35, 36). Isa şägirtleriniň ýanyndaka, olar höwes bilen wagyz edýärdiler (Luka 10:1, 5—11, 17). Ýöne Isany tussag edip öldürenlerinden soň, olar az wagtlyk wagyz etmegini bes etdiler (Ýah. 16:32). Şonuň üçin Isa ölümden direlensoň, şägirtlerini yhlasly wagyz etmäge höweslendirdi. Şägirtler Isanyň maslahatyna ýürekden eýerdiler. Ol göge galansoň, şägirtler şeýle bir yhlasly wagyz etdiler welin, duşmanlar gaharlanyp şu günki aýatdaky sözleri aýtdylar. I asyrda Isa wagyz işine ýolbaşçylyk edýärdi. Ýehowa hem ak pata berýärdi. Meselem, b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni 3 000-e golaý adam suwa çümdürildi (Res. 2:41). Hoş habar köp ýerlerde wagyz edilýärdi, şägirtleriň sany barha artýardy (Res. 6:7). Ýöne Isa soňky günlerde bütin ýer ýüzünde wagyz ediljekdigi barada pygamberlik etdi (Ýah. 14:12; Res. 1:8). w21.05 sah. 14, abz. 1, 2
Maňa şübhelenmeýän adam bagtlydyr (Mat. 11:6).
Hudaýyň hoş habaryny ilkinji sapar eşiden günüňiz ýadyňyza düşýärmi? Siz Hudaýa iman edip, öwrenen zatlaryňyzy dogan-garyndaşlaryňyza we dost-ýarlaryňyza gürrüň berip başlansyňyz. Sebäbi siz olaryň Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna eýerip, bagtly bolmagyny we Jennetde ebedi ýaşamagyny isleýänsiňiz (Zeb. 119:105). Ýöne olaryň köpüsi siziň aýdan hoş habaryňyzy diňlän däldirler. Biz adamlara hoş habary wagyz edenimizde köpüsi diňlemeýärler, ýöne muňa geň galmaýarys. Isa pygamber Allanyň güýji bilen gudratlar görkezýärdi, emma adamlar oňa iman etmeýärdi. Meselem, ol Lazary ölümden direldýär. Şonda duşmanlary hem Isanyň görkezen gudratyna haýran galýarlar we onuň pygamberdigini inkär edip bilmeýärler. Emma ýehudy dini ýolbaşçylary Isanyň pygamberdigine iman etmeýärler. Hatda olar Isany we Lazary öldürmek isleýärler (Ýah. 11:47, 48, 53; 12:9—11). w21.05 sah. 2, abz. 1, 2
Ýygnaklardan galmagy endik edinmäliň, gaýtam... biri-birimizi has-da ruhlandyralyň (Ýew. 10:25).
Ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşyň. Şonda ýygnakda aýdylýan pikirler sizi ruhlandyrar we köp dogan-uýalar bilen tanşarsyňyz. Dogan-uýalaryň ýaşy, alan terbiýesi we medeniýeti dürli-dürli bolsa-da, olardan köp zatlary öwrenip bilersiňiz. Mukaddes Kitapda «akyldarlyk garrylarda» diýilýär (Eýp. 12:12). Garrylar hem Hudaýa wepaly ýaşlardan köp zatlary öwrenip biler. Dawut bilen Ýonatan ataly-ogul ýalydy, emma olar jana-jan dost boldular (1 Şam. 18:1). Olar köp kynçylyklary başdan geçirdiler we biri-birine Ýehowa wepaly bolmaga kömek etdiler (1 Şam. 23:16—18). Geliň, Irina uýa hakda gürrüň edeliň. Onuň maşgalasynda hiç kim Ýehowa iman etmeýär. Ol şeýle diýýär: «Ýygnakdaky dogan-uýalar meniň kakam, ejem, agam, uýam boldy. Ýehowa olar arkaly meni hemişe goldaýar». Dostlaryňyz size kömek etmek isleýär. Emma siz nähili kömegiň gerekdigini aýtmasaňyz, olar nädip goldasyn?! w21.06 sah. 10, 11, abz. 9—11
Eger siz doganyňyzy ýürekden bagyşlamasaňyz, gökdäki Atam hem sizi bagyşlamaz (Mat. 18:35).
Isa resullaryna patyşa we hyzmatkär baradaky mysaly gürrüň berýär. Patyşa hyzmatkäriniň ummasyz bergisini geçýär. Ýöne hyzmatkär özüne ujypsyz karzy bolan adamdan bergisini bermegi talap edýär. Patyşa muny eşidip, rehimsiz hyzmatkäri türmä basýar. Hyzmatkäriň eden işi diňe özüne däl, başgalara-da zyýan ýetirdi. Birinjiden, ol karzyny üzüp bilmedik hyzmatkäri türmä basdyrýar, «bergisini berýänçä türmede sakladýar». Ikinjiden, «beýleki hyzmatkärler muny görüp, örän gynanýarlar» (Mat. 18:30, 31). Edil şonuň ýaly, biziň hem özümizi alyp barşymyz dogan-uýalara zyýan ýetirip biler. Göwnümize degen dogany ýa-da uýany bagyşlamasak näme bolar? Birinjiden, biz ýüz bermän ýörsek, ol ruhdan düşer. Ikinjiden, dogan-uýalar hem aramyzda öýke-kinäniň bardygyny görüp gynanarlar. w21.06 sah. 22, abz. 11, 12
(Ol) ýer ýüzüni dargadýanlary bolsa ýok eder (Ylh. 11:18).
Şeýtan Hudaýyň keşbinde ýaradylan ynsanlaryň gün-günden azýandygyny görüp heşelle kakýar. Ýehowa Hudaý Nuh pygamberiň günlerinde «ýer ýüzündäki adamlaryň köp erbetlik edýändigini... gördi. Şonda Ýehowa ýer ýüzünde adamlary ýaradanyna gynandy, ýüregi para-para boldy» (1 Mus. 6:5, 6, 11). Häzir dünýäniň ýagdaýy has-da erbetleşdi. Iblis ahlaksyzlygyň we haýasyz işleriň gitdigiçe köpelýändigine begenýär. Azgyn adamlar açgözlük bilen ahlaksyzlyk edýärler, aýal aýal bilen, erkek erkek bilen jynsy gatnaşyk edýär (Efes. 4:18, 19). Şeýtan, esasanam, Ýehowanyň Şaýatlarynyň biri ahlaksyzlyk etse, heşelle kakýar. Şeýtanyň golastyndaky ynsan hökümdarlygy diňe bir adamlara däl, tebigata-da, haýwanlara-da köp zyýan ýetirýär. Ýehowa bolsa adamlara olaryň aladasyny etmegi tabşyrypdy (Nes. 8:9; 1 Mus. 1:28). Alymlaryň çaklamagyna görä, birnäçe ýylyň dowamynda ösümlikleriň we janly-jandarlaryň bir milliondan gowrak görnüşi ýitip biler. w21.07 sah. 12, abz. 13, 14
Ýehowa... ony doly bagyşlar (Işa. 55:7).
Dogan-uýalaryň käbiri geçmişde eden günäleri sebäpli göwnüçökgünlige düşýärler. Sebäbi olaryň mekir ýüregi: «Sen näçe toba etseňem, Ýehowa bagyşlamaýar» diýip ynandyrjak bolýar. Eger siz hem şeýle ýagdaýa düşen bolsaňyz, Ýehowanyň wepaly söýgä baýdygy hakda oýlanyň. Onuň bagyşlamaga taýýardygyna düşünsek, şatlyk we arassa ynsap bilen gulluk ederis. Sebäbi Hudaý bizi günäden azat etmek üçin ýalňyz Ogluny gurban etdi (1 Ýah. 1:7). Eger siz eden günäleriňiz sebäpli ruhdan düşýän bolsaňyz, Ýehowanyň toba edýän adamy bagyşlamaga taýýardygy hakda oýlanyň. Dawut patyşa wepaly söýgä baý Hudaý Ýehowanyň ýürekden bagyşlaýandygyny şeýle düşündirdi: «Gögüň ýerden uzak bolşy ýaly, Allanyň hudaýhonlara wepaly söýgüsi şonça-da beýikdir. Gündogaryň günbatardan uzak bolşy ýaly, günälerimizi şonça-da daşlaşdyrýar» (Zeb. 103:11, 12). w21.11 sah. 5, 6, abz. 12, 13
Çagalary turup, alkyş aýdýar, äri hem taryplaýar (Nak. 31:28).
Ýehowa ärlere aýalyna hormat goýmagy tabşyrýar (1 Pet. 3:7). Adam birine hormat goýsa, onuň ýürekden aladasyny edýär, sylaýar. Är aýalyna hormat goýsa, onuň mertebesini peseltmez. Ol gelninden köp zada garaşmaz, beýleki aýallar bilen deňeşdirmez. Eger deňeşdirse, aýal özüne göwni ýetmän ruhdan düşer. Roza uýanyň äri Ýehowa iman etmeýärdi. Ol Rozany beýleki aýallar bilen deňeşdirip kemsidýärdi, awuly sözleri aýdyp, ýüregine ýara salýardy. Roza uýa özüni dereksiz, hiç kime gereksiz duýýardy. Ol şeýle diýýär: «Men Ýehowanyň hem söýgüsine şübhelenýärdim. Şonuň üçin Allatagalanyň meni gowy görýändigini hemişe özüme ýatladýardym». Ýehowa iman edýän ärler aýalyna hormat goýýar we ony ýürekden söýüp, Ýehowany razy edýär. Aýalyny sylaýan är ony taryplaýar, öwýär we jany-teni bilen söýýär. w21.07 sah. 22, abz. 7, 8
Sabyrly garaşaryn (Mik. 7:7).
Aýdaly, siz birine garaşýarsyňyz, emma ol wagtynda gelmeýär. Şonda siz: «Ol näme üçin gelmeýärkä?» diýip, biynjalyk bolup başlarsyňyz. Emma siz onuň näme üçin gijä galýandygyny bilseňiz kän alada etmersiňiz, gaýtam sabyrly garaşarsyňyz. Sabyrly bolmagyň peýdasy hakda Ýakup 5:7-de şeýle diýilýär: «Daýhan hem bol hasyl almak üçin güýz we ýaz ýagşyna sabyrly garaşýar». Biz mundan näme öwrenip bileris? Çekýän zähmetiň hözirini görmek üçin sabyrly bolmaly. Nakyllar 4:18-de: «Dogruçyllaryň ýodasy daň şapagy kimindir, ol süýr günortana çenli barha ýagtylýar» diýilýär. Şu aýatdan görnüşi ýaly, Ýehowa halkyna öz niýetini ýuwaş-ýuwaşdan aýan edýär. Şeýle-de adama gylyk-häsiýetini üýtgedip, Ýehowa bilen dostlaşmak üçin hem wagt gerek bolýar. w21.08 sah. 8, abz. 1, 3, 4
Men giderin! Meni iber (Işa. 6:8).
Uly betbagtçylyk ýetip gelýär! Biz akýürekli adamlary halas etmek üçin elimizde baryny etmeli (Mat. 24:14; Luka 10:2; 1 Pet. 5:2). Biz Ýehowany söýýäris we oňa janymyz-tenimiz bilen gulluk etmek isleýäris. Dogan-uýalar pioner bolmagy, Beýtelde gulluk etmegi ýa-da gurluşyk işine gatnaşmagy maksat edinýärler. Doganlaryň köpüsi hyzmatçy ýa-da ýaşuly bolup, imandaşlaryna kömek edesi gelýär (1 Tim. 3:1, 8). Ýehowa dogan-uýalaryň yhlasly gulluk edýändigini görüp, diýseň begenýändir! (Zeb. 110:3). Ýöne siz goýan maksatlaryňyza ýetip bilmän ruhdan düşýärsiňizmi? Eger şeýle bolsa, ýürek derdiňizi Ýehowa aýdyň (Zeb. 37:5—7). Şeýle-de imany berk doganlardan kömek soraň we olaryň maslahatyna ýürekden eýeriň. Şonda siz maksadyňyza ýetip bilersiňiz. w21.08 sah. 20, abz. 1; sah. 21, abz. 4
Ýehowa... wepaly gullaryny taşlamaýar (Zeb. 37:28).
84 ýaşly pygamber aýal Anna «ybadathanadan gitmän» mukaddes gullugy berjaý edýärdi. Hudaýa wepaly gulluk edýändigi üçin Anna sylaglanýar. Ol bäbek Isany görýär (Luka 2:36—38). Şu günler hem Ýehowa wepaly gulluk edýän garry dogan-uýalar ýaşlara gowy görelde görkezýärler. Olar Ýehowa şatlyk bilen gulluk eden ýyllary hakda gürrüň berip, sizi ruhlandyrarlar. Garry dogan-uýalaryň Ýehowanyň halkynyň arasynda wajyp orny bar. Olar öz durmuşynda Ýehowanyň goldawyny ençeme sapar gördüler. Şeýle-de olar Ýehowanyň öz halkyna ak pata berýändiginiň hem şaýady boldular. Garry dogan-uýalar durmuşda goýberen ýalňyşyndan sapak edindiler. Biz olaryň akyldarlygyndan we baý durmuş tejribesinden köp zatlary öwrenip bileris (Nak. 18:4). Şonuň üçin garry dogan-uýalar bilen ýakyndan tanşyň. Şonda siziň Ýehowa imanyňyz has-da berkär. w21.09 sah. 3, abz. 4; sah. 4, abz. 7, 8; sah. 5, abz. 11, 13
Az adamdan müň adam, ejizden güýçli halk dörär (Işa. 60:22).
Şu günler Hudaýyň halkyna «halklaryň dürdäneleri», ýagny akýürekli Işa. 60:5, 16, çykgyt). Ýehowa dünýäniň soňunda «milletleri sarsdyranda» adamlar ýa ynsan hökümetlerini, ýa-da Hudaýyň Patyşalygyny saýlamaly bolar. Şonda her bir adam ömrüniň dowamynda iň wajyp karara gelmeli bolar. Ýehowanyň halky döwletiň kanunlaryna gulak assa-da, bitaraplygyny saklaýarlar we syýasata goşulmaýarlar (Rim. 13:1—7). Olar adamzadyň kynçylyklaryny diňe Hudaýyň Patyşalygynyň çözüp biljekdigine ynanýarlar. Hudaýyň Patyşalygy bolsa şu dünýäden däl (Ýah. 18:36, 37). w21.09 sah. 17, 18, abz. 13, 14
adamlar goşulýar. Olaryň hersiniň öz ukyp-başarnygy bar we olar hoş habary yhlasly wagyz edýärler. Şeýle akýürekli adamlaryň kömegi bilen hoş habar 240 ýurtda wagyz edilýär. Edebiýatlarymyz 1 000-den gowrak dile terjime edilýär. Elbetde, muňa gudrat diýse bolar! Netijede, Işaýanyň pygamberlik edişi ýaly, Ýehowanyň halky «milletleriň süýdüni içýär» (Oňa ýüregiňizi döküň (Zeb. 62:8).
Eger dogan-garyndaşlaryňyzdan biri ýygnak gatnaşygyndan kesilse, siz hem özüňiziň, hem maşgala agzalaryňyzyň Ýehowa imanyny berkitmek üçin jan ediň. Eger Hudaýyň Sözüni her gün okasaňyz we ýygnaklarda ruhlandyryjy jogaplary berseňiz, Ýehowa siziň güýjüňize güýç goşar. Juananyň kakasy we gyz dogany Ýehowa gulluk etmegini bes edýär. Juana şeýle gürrüň berýär: «Men Mukaddes Kitapdan Abygaýyl, Ester, Eýýup, Ýusup we Isa pygamber hakda okanymda ýüregim giňäp gidýär. Olaryň göreldesi barada oýlananymda derdim ýeňleýär». Agyr dert egniňizden basanda, Alla ýalbaryp doga-dileg ediň. Başdan geçirýän agyr ýagdaýyňyza Hudaýyň garaýşy ýaly garap bilmek üçin, Ondan kömek soraň. Şeýle-de «düşünje bermegi, ýörejek ýoluňyzy görkezmegi» haýyş ediň (Zeb. 32:6—8). Belki-de, Ýehowa ýüregiňizi döküp doga-dileg etmek aňsat bolmaz. Ýöne Ýehowanyň ýagdaýyňyza we ýürek derdiňize düşünýändigini unutmaň. Ýehowa doga-dileg etmegiňize garaşýar (2 Mus. 34:6; Zeb. 62:7). w21.09 sah. 28, abz. 9, 10
Ine meniň söýgüli Oglum, men ondan razydyryn. Ogluma gulak asyň! (Mat. 17:5).
B. e. 32-nji ýylydy. Pasha baýramyndan soň, Petrus, Ýakup we Ýahýa Isa pygamber bilen bir beýik daga (belki-de, Hermon dagynyň gerşine) çykýarlar. Şonda şägirtler täsin görnüş görýärler. «Olaryň gözleriniň alnynda Isanyň daş keşbi üýtgeýär, ýüzi Gün ýaly şöhle saçýar, egin-eşigi bolsa göwher daşy kimin öwşün atýar» (Mat. 17:1—4). Soňra olar Hudaýyň: «Ine meniň söýgüli Oglum, men ondan razydyryn. Ogluma gulak asyň!» diýen sesini eşidýärler. Şu görnüş Petrusa, Ýakuba, Ýahýa güýçli täsir edýär we olar bütin ömrüne Hudaýyň Ogluna gulak asyp ýaşaýarlar. Biz olaryň göreldesine eýermeli. Biz Ýehowanyň «ýygnagyň... başy bolan» Isa pygamber arkaly öwüt-ündew berýändigine örän minnetdar (Efes. 5:23). Geliň, Petrus, Ýakup we Ýahýa ýaly, Hudaýyň Ogluna hemişe «gulak asmagy» ýüregimize düweliň. Şonda Ýehowa ak pata berer, gelejekde bolsa bol bereketleri eçiler. w21.12 sah. 22, abz. 1; sah. 27, abz. 19
Saňa temmi bererin, emma öte geçmerin (Ýer. 30:11).
Korinf şäherinde bir adam kakasynyň aýaly bilen ýatyp, azgynçylyk edýär. Pawlus korinflilere günä eden adamy ýygnak gatnaşygyndan kesmelidigini aýtdy. Sebäbi ol ýygnakdaky dogan-uýalara-da erbet täsir edipdi. Hatda käbirleri şeýle azgynçylyga adaty zat ýaly garaýardylar (1 Kor. 5:1, 2, 13). Birnäçe wagtdan soň, Pawlus ahlaksyz adamyň ýürekden toba edendigini eşidýär. Pawlus ýaşululara günäkäri «ýürekden bagyşlamagy we göwünlik bermegi tabşyrdy». Şonda ol gaýgydan ýaňa göwnüçökgünlige düşmezdi. Pawlus günäkäriň ýürekden toba edendigini bilip rehim etdi, sebäbi onuň özüni dereksiz duýup, hakykat ýolundan sowulmagyny islemeýärdi (2 Kor. 2:5—8, 11). Ýaşulular söýgüden doly Ýehowanyň göreldesine eýerip, rehimdarlyk bildirýärler. Olar degerli sebäp bolsa, günäkäre rehim edýärler, emma zerur bolanda, temmi hem berýärler. Eger ýaşulular çäre görmese, edilen erbet işe göz ýumduklary bolar. w21.10 sah. 11, 12, abz. 12—15
Ar alma, ildeşiňden öýke-kine saklama (3 Mus. 19:18).
Siziň göwnüňize degipdilermi? Käte ýürege salnan ýara tiz bitýär, käbiriniň bitmegi üçin bolsa köp wagt gerek bolýar. Aýdaly, biz ýiti pyçakda gök önümleri dograýarys. Birdenem barmagymyzy çalaja kesýäris. Barmagymyz şol wagt agyrsa-da, birki günden ýaramyz bitip gider. Edil şonuň ýaly, dostumyzyň oýlanman aýdan sözi bizi ynjytsa-da, känbir göwnümize almaýarys, derrew bagyşlaýarys. Käte bolsa ýiti pyçak elimize agyr ýara salyp biler. Şonda lukmana ýüz tutup, ýaramyzy daňdyrýarys ýa-da tikdirýäris. Eger biz ýaramyzy gaşap ýörsek, ol bitmez, gaýtam beterleşer. Şonuň ýaly göwnümize degen adamyň aýdan sözleri we eden işleri barada oýlanyp ýörsek, ýürek ýaramyz hiç haçan bitmez, diňe özümize zyýan ýetireris. Şonuň üçin şu günki aýatdaky maslahata eýerip, öýke-kine saklamaly däl. w21.12 sah. 12, abz. 15
Sen näme üçin doganyňy ýazgarýarsyň? (Rim. 14:10).
Aýdaly, ýaşuly wagyzçynyň özüne timar berişi we geýnişi barada maslahat bermekçi bolýar. Emma ýaşuly ilki bilen: «Onuň geýnişi Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna garşy gelýärmi?» diýip oýlanmaly. Ol öz pikirini öňe sürmez ýaly başga bir ýaşuly ýa-da Hudaýa imany berk wagyzçy bilen maslahatlaşmaly. Olar bilelikde Pawlus resulyň egin-eşik we daş keşp babatda beren maslahatyna seredip bilerler. Pawlus mesihçilere «gelşikli, salykatly egin-eşikler geýip, sagdyn düşünjeli» bolmagy maslahat berdi (1 Tim. 2:9, 10). Ol egin-eşik babatda berk düzgünleri goýup, geýmeli we geýmeli däl zatlaryň sanawyny ýazmady. Pawlus dogan-uýalaryň erkinligine hormat goýýardy. Ol mesihçileriň egin-eşik saýlamak meselesinde garaýşynyň tapawutlanyp biljegine düşünýärdi we olaryň Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryny bozman salykatly, özüne gelişýän egin-eşikleri saýlamaga hakynyň bardygyny bilýärdi. Eger mesihçi salykatly geýinmän Ýehowanyň adyna ysnat getirýän bolsa, ýaşulular oňa maslahat bermeli. Iki mesihçi bir meselede dürli karara gelip biler. Eger Mukaddes Kitabyň kada-kanuny bozulmaýan bolsa, ikisiniň hem kararyna dogry diýse bolar. Şonuň üçin biz başgalary öz pikirimize eýertjek bolmaly däl. w22.02 sah. 16, abz. 9, 10
Biri-biriňize ýagşylyk ediň, rehimdar boluň (Zek. 7:9).
Wepaly söýgini bildirmek örän wajyp. Näme üçin? Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Wepaly söýgi we dogruçyllyk hemraň bolsun... Şonda Hudaýyň we adamlaryň öňünde ýagşy adyň bolar». «Wepaly söýgini bildirýän adam haýyr tapar». «Adalatly we wepaly söýgä baý adam ýaşaýşa... eýe bolar» (Nak. 3:3, 4, çykgyt; 11:17, çykgyt; 21:21, çykgyt). Şu aýatlarda wepaly söýgini bildirmegiň üç sebäbi aýdylýar. Birinjiden, wepaly söýgini bildirsek, Ýehowanyň eý görýän perzentleri bolarys. Ikinjiden, wepaly söýgini bildirsek, özümizi bagtly duýarys, köp adamlar bilen dostlaşarys we ýürekden şatlanarys. Üçünjiden, wepaly söýgini bildirsek, biz bol bereketlere eýe bolarys we ýer ýüzünde boljak Jennetde ebedi ýaşarys. Hawa, Ýehowanyň «biri-biriňize wepaly söýgini bildiriň, rehimdar boluň» diýen maslahatyna eýersek görjegimiz gowy bolar. w21.11 sah. 8, abz. 1, 2
Imanymyzy berkit (Luka 17:5).
Durmuşda bolýan kynçylyklar özüňi tanamaga, imanyň berkdigini ýa-da gowşakdygyny bilmäge kömek edýär. Eger imanyňyz gowşak bolsa ruhdan düşmäň, gaýtam imanyňyzy berkitmäge jan ediň. Ýehowa ýürekden doga-dileg ediň. Ýehowanyň dogan-garyndaşlaryňyz we imandaşlaryňyz arkaly goldaw berýändigine ynanyň. Synaga düşeniňizde Ýehowa ýürekden bil baglaň. Şonda gelejekde boljak dag ýaly agyr synaglarda hem Hudaýyň goldajagyna ynanyp bilersiňiz. Isa pygamber şägirtlerine haýsy ýagdaýlarda imanlaryny berkitmelidigini düşündirdi. Ol şägirtleriniň Ýehowanyň goldawy bilen gelejekde boljak synaglara-da döz gelip biljekdigine ynanýardy (Ýah. 14:1; 16:33). Isa pygamber uly märekäniň hem Ýehowa iman edip, uly betbagtçylykdan sag-aman geçip biljekdigini bilýärdi (Ylh. 7:9, 14). Siz halas boljak uly märekäniň arasynda bolarsyňyz. Geliň, her gün Ýehowa ýürekden iman edeliň! (Ýew. 10:39). w21.11 sah. 25, abz. 18, 19
Ýehowanyň perişdesi hudaýhonlary goraýar (Zeb. 34:7).
Ýehowa şu günler bizi gudrat bilen goramaýar. Emma Ýehowa bize agyr synaglara döz gelmäge güýç berer. Eger aradan çykaýsak-da, Ýehowa bizi gelejekde direlder. Tizden Ýehowa bolan imanymyz synalar. Mäjit ýurdundaky Äjit, ýagny «milletleriň üýşmegi» Hudaýyň halkyna hüjüm eder. Biz ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolarys. Şonda Ýehowanyň bizi halas etjekdigine ynanmaly bolarys. Milletlere Hudaýyň halkyny ýok etmek aňsat bolup görner (Hyz. 38:10—12). Sebäbi biz elimize ýarag almaýarys we söweşmegi öwrenmeýäris. Milletler bizi bir demde ýok ederis öýderler, emma olaryň tamasy puja çykar. Olar biziň daşymyzda Ýehowanyň perişdeleriniň düşelge guranyny görmezler, sebäbi olar Hudaýa iman etmeýärler. Milletleriň üstüne Ýehowanyň gökdäki goşuny hüjüm edende, olar aňk-taňk bolarlar (Ylh. 19:11, 14, 15). w22.01 sah. 6, abz. 12, 13
Bütin dünýädäki doganlary söýüň (1 Pet. 2:17).
Ýehowa biziň ählimiziň gadyrymyzy bilýär. Biz dogan-uýalaryň aladasyny etmeli we goldamaly. Käte aýdýan sözümiz we özümizi alyp barşymyz bilen dogan-uýalaryň göwnüne degip bileris. Emma biz: «Gaty görseň, gaty ýerde otur» diýip, biperwaý bolmaly däl. Gaýtam olaryň näme üçin öýkeländigine düşünjek bolmaly. Belki, olar çagalykda ene-atasynyň mährini görmän ulalandyr. Olar çagalykda kemsinip ulalansoň, sähel zada öýkeleýändir. Ýa-da olar ýaňy-ýakynda Ýehowa hakda bilim alyp başlandyr. Şonuň üçin dogan-uýalardan kämillige garaşýandyr. «Agzybire Taňry biýr» diýlişi ýaly, dogan-uýalar bilen Ýehowa agzybir sežde etmäge jan etmeli. Çalt gaharlanýan dogan-uýalar hem öz üstünde işläp, giň göwünli bolmaly. Şonda olar ýüreginde kine saklaman, dogan-uýalar bilen parahatlykda ýaşar. w21.06 sah. 21, abz. 7
Ýehowa adyny çagyrýanlaryň ählisine, Hudaýy ýürekden çagyrýanlaryň ählisine ýakyndyr (Zeb. 145:18).
Isa pygamber biziň başdan geçirýän duýgularymyza düşünýär. Agyr günde ýagdaýymyza düşünýän, dertdeş dostumyz ýanymyzda bolsa özümizi arkaýyn duýarys. Isa pygambere hem şeýle dertdeş dost diýse bolar. Ol biziň käte ejizleýändigimizi we kömege mätäç bolýandygymyzy bilýär. Şeýle-de ol biziň kemçiliklerimize düşünýär we öz wagtynda gerekli kömegi berýär (Ýew. 4:15, 16). Isa pygamber Getseman bagynda perişdäniň beren goldawyny minnetdarlyk bilen kabul edýär. Bizem Ýehowanyň edebiýatlar, wideolar, nutuklar, ýaşulular we imany berk dostlarymyz arkaly berýän kömegini kabul etmeli (Luka 22:39—44). Ýehowa kalbymyza parahatlyk berýär. Biz Hudaýa doga etsek, ol bize «ynsan düşünjesinden ýokary bolan... parahatlygy» berer (Flp. 4:6, 7). w22.01 sah. 18, 19, abz. 17—19
Olar... resullaryň... gelen kararyny aýdyp berýärdiler (Res. 16:4).
Biz Ýehowanyň hemişe adalatly höküm çykarýandygyny bilýäris. Emma Ýehowanyň ýer ýüzündäki wekillerine ynanmak kyn bolup biler. Belki, biz: «Jogapkär doganlar karara gelende Ýehowanyň garaýşyny göz öňünde tutýarmyka ýa-da öz düşünjesine eýerýärmikä?» diýip oýlanýandyrys. Biz Ýehowanyň ýer ýüzündäki wekilleriniň çykarýan kararyna şübhelenmeli däl, sebäbi Ýehowa olara ynanýar. Şu günler Ýehowa «wepaly hem paýhasly hyzmatkär» arkaly halkyna ýolbaşçylyk edýär (Mat. 24:45). I asyrdaky ýolbaşçylyk maslahaty ýaly wepaly hyzmatkär hem bütin ýer ýüzündäki Hudaýyň halkynyň aladasyny edýär we ýygnak ýaşulularyna görkezme berýär. Ýaşulular şol görkezmelere ýürekden eýerýärler. Eger biz wepaly hyzmatkäriň we ýaşulularyň görkezmesine eýersek, Ýehowa bil baglaýandygymyzy görkezeris. w22.02 sah. 4, abz. 7, 8
Ýagşy işleri etmegi goýmalyň (Gal. 6:9).
Biz örän bagtly halk! Biz «ebedi ýaşamak isleýän» adamlara Ýehowanyň Res. 13:48). Isa pygamber şägirtleriniň üstünlikli wagyz edip gelendigini görende «örän şatlandy» (Luka 10:1, 17, 21). Şonuň ýaly bizem okuw geçýän adamlarymyzyň suwa çümdürilip, hoş habary wagyz edýändigini görenimizde, kalbymyz şatlykdan dolýar. Pawlus resul Timoteosa şeýle maslahat berdi: «Özüňi alyp barşyňa we öwredişiňe hemişe ünsli bol. Şeýle etseň, hem özüňi, hem saňa gulak asýanlary halas edersiň» (1 Tim. 4:16). Biz näme üçin özümizi alyp barşymyza ünsli bolmaly? Sebäbi biz Hudaýyň Patyşalygynyň raýatlary. Eger biz ýagşy edim-gylymly bolsak, Ýehowanyň adyna şöhrat getireris we wagyz edýän hoş habarymyza görä ýaşaýandygymyzy subut ederis (Flp. 1:27). Biz öwredişimize nädip ünsli bolup bileris? Munuň üçin her gezek wagza gitmänkäk gowy taýýarlanmaly we Ýehowa dileg edip, ak pata soramaly. Eger özümizi alyp barşymyza we öwredişimize hemişe ünsli bolsak, adamlaryň janyny halas ederis. w21.10 sah. 24, abz. 1, 2
Şaýady bolmaga kömek edenimizde, begenjimizden ýaňa guş bolup uçaýjak bolýarys (Täze häsiýetleri öwreniň (Kol. 3:10).
«Täze häsiýetleri» geýen adam Ýehowanyň göreldesine eýerýär. Ol Hudaýyň mukaddes ruhunyň miwesini ösdürýär. Mukaddes ruhuň oý-pikirine, duýgusyna we edýän işlerine täsir etmegine ýol berýär. Meselem, ol Ýehowany we onuň halkyny söýýär (Mat. 22:36—39). Kynçylyklara şatlyk bilen döz gelýär (Ýak. 1:2—4). Adamlaryň arasynda parahatlygy döredýär (Mat. 5:9). Sabyrly we mähirli bolýar (Kol. 3:13). Adamlara gowulyk etmäge taýyn bolýar (Rim. 15:14). Hudaýa ýürekden iman edýändigini iş ýüzünde görkezýär (Ýak. 2:18). Ýaňsylap üstünden gülenlerinde ýumşak jogap berýär. Synaga düşende özüne erk edýär (1 Kor. 9:25, 27; Tit. 3:2). «Täze häsiýetleri geýmek» üçin Mukaddes Kitapda agzalýan ýagşy häsiýetleriň hemmesini ösdürmeli. w22.03 sah. 8, 9, abz. 3, 4
Siz hem menden görelde alyň (1 Kor. 11:1).
Ýaşulular Pawlus resulyň göreldesine nädip eýerip bilerler? Olar diňe bir öýden-öýe däl-de, her bir mümkinçilikden peýdalanyp wagyz etmeli (Efes. 6:14, 15). Olar wagyzda imandaşlaryna we hyzmatçy doganlara hem tälim berip bilerler, hem şägirt taýýarlamaga kömek edip bilerler (1 Pet. 5:1, 2). Käte ýaşulular başagaý bolup, wagyz etmäge wagty bolmazlygy mümkin. Emma olar beýle ýagdaýa ýol bermeli däl (Mat. 28:19, 20). Eger ýaşululara goşmaça işi ýerine ýetirmegi haýyş etseler näme edip bilerler? Olar Hudaýa doga edip oýlanmaly. Eger goşmaça işi ýerine ýetirse, esasy borçlaryny, ýagny maşgala okuwyny geçirmäge, yhlasly wagyz etmäge we çagalaryna tälim bermäge wagty galmasa näme? Şeýle ýagdaýda paýhasly ýaşuly goşmaça işi ýerine ýetirip bilmejekdigini aýdar. Ýehowa ýaşulularyň ýagdaýyna düşünýär we esasy borçlaryny gowy ýerine ýetirýändigini görüp begenýär. w22.03 sah. 27, abz. 4, 7; sah. 28, abz. 8
Bedeni öldürse-de, jany öldürip bilmeýänlerden gorkmaň (Mat. 10:28).
Belki, siz Ýehowanyň Şaýady bolmaga ýaýdanyp: «Men hiç haçan öýden-öýe wagyz etmerin» diýensiňiz. Ýa-da dogan-garyndaşlaryňyz we dost-ýarlaryňyz garşy çykar öýdüp gorkansyňyz. Eger şeýle bolsa, okuw geçýäniň ýagdaýyna has gowy düşünýänsiňiz. Isa pygamber käbir adamlarda şeýle gorkynyň boljakdygyny duýdurypdy, ýöne ol hiç zadyň Ýehowa Hudaýa gulluk etmäge päsgel bermeli däldigini aýtdy (Mat. 10:16, 17, 27). Okuw geçýäniňize wagyz etmegi öwrediň. Isa pygamber şägirtlerini wagyz etmäge iberende, olar alada edendir. Emma Isa şägirtlerine nirede we nädip wagyz etmelidigini aýtdy (Mat. 10:5—7). Isanyň göreldesine nädip eýerip bileris? Biz okuw geçýän adama kime we nädip wagyz etmelidigini öwretmeli. Meselem, oňa: «Şu aýat arkaly kime wagyz edesiň gelýär?» diýip bileris. Soňra onuň bilen taýýarlyk görüň. Aýady sada we ýönekeý sözler bilen düşündirmegi öwrediň. w21.06 sah. 6, 7, abz. 15, 16
Men ähli milletleri sarsdyraryn, ähli halklaryň dürdänelerini jemlärin (Hag. 2:7).
2015-nji ýylda Nepalda güýçli ýertitreme bolýar. Şol ýertitremede halas bolan adamlaryň biri şeýle diýýär: «Bary-ýogy birnäçe minudyň içinde dükanlar, köne jaýlar ýer bilen ýegsan boldy». Diri galanlardan ýene biri: «Ähli adamlar howsala düşdi. Ýertitreme iki minut dowam eden hem bolsa, meniň üçin iki ýyla döndi» diýýär. Şu günler hem göçme manyda ýer titreýär, ýöne ol bütin ýer ýüzüniň «milletlerini sarsdyrýar». Hagaý pygamber şeýle ýazdy: «Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Men az salymdan gögi we ýeri. . . ýene bir gezek sarsdyraryn“» (Hag. 2:6). Hagaý pygamber ähli zady ýykan-ýumran edýän ýertitreme barada aýtmady. Gaýtam onuň aýdan «sarsgyny» adamlara peýda getirýär. Ýehowa şeýle diýýär: «Men ähli milletleri sarsdyraryn, ähli halklaryň dürdänelerini jemlärin. Men öýümi şan-şöhratdan dolduraryn». w21.09 sah. 14, abz. 1—3
Kynçylyga uçranymda ýanymda bolduňyz (Luka 22:28).
Eger biri bilen dostlaşsaň, onuň bilen her gün gürrüňdeş bolup, ýüregiňi dökesiň gelýär. Ýehowa bilen dostlaşmak üçin hem doga etmeli we duýgularyňy, pikiriňi, alada goýýan zatlaryňy aýtmaly. Şonda biz Ýehowa doly bil baglarys we söýýändigine ynanýandygymyzy görkezeris (Zeb. 94:17—19; 1 Ýah. 5:14, 15). Hudaýhon adamlar bilen dostlaşyň. Ýehowa olary bize sowgat hökmünde berdi (Ýak. 1:17). Ýehowa her birimiziň aladamyzy edýär. Hudaý «elmydama söýýän» dogan-uýalar arkaly goldaýar (Nak. 17:17). Pawlus resul koloslylara ýazan hatynda özüni goldan, «köp göwünlik beren» doganlaryň adyny agzap geçýär (Kol. 4:10, 11). Hatda Isa Mesih hem dostlarynyň kömegine mätäçdi. Ol perişdäniň we adamlaryň beren kömegine minnetdar boldy (Luka 22:43). Imany berk dostuňyza biynjalyk edýän zadyňyzy aýtmak ejizlik däldir. w21.04 sah. 24, 25, abz. 14—16
Söýgi ähli zada döz gelýär, ähli zada ynanýar, ähli zada umyt edýär, ähli zada çydaýar (1 Kor. 13:7).
Dogan-uýalaryň biri göwnüňize degip, ýüregiňize ýara salsa, näme edip bilersiňiz? Onuň bilen düşünişmek üçin eliňizde baryny ediň. Ýüregiňizi döküp, Ýehowa doga ediň, göwnüňize degen adamyň ýagşy häsiýetlerini görmäge kömek etmegini soraň. Göwnüňize degen adam üçin hem Hudaýa doga-dileg ediň (Luka 6:28). Şonda-da bagyşlamak kyn bolsa, onuň bilen ikiçäk gepleşiň. Ol göwnüňize bilgeşleýin degendir öýtmäň (Mat. 5:23, 24). Ony günäkärlemän, düşünişmezligi çözjek boluň. Eger ol ýaraşmak islemese näme? Ruhdan düşmäň, «sabyrly boluň» (Kol. 3:13). Iň wajyby bolsa, öýke-kinäniň ýüregiňizde kök urmagyna ýol bermäň. Ýogsam Ýehowa bilen dostlugyňyz bozular. Goý, hiç zat sizi büdretmesin! Şonda Ýehowany ýürekden söýýändigiňizi subut edersiňiz (Zeb. 119:165). w21.06 sah. 23, abz. 15