Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Maý

1-nji maý, duşenbe

Maý

Geliň... çydan adam hakda oýlanalyň (Ýew. 12:3).

Ýehowa adamlaryň Isa pygamberi gowy tanamagy üçin, Injil kitabyna dört Hoş habary ýazdyrdy. Olarda Isanyň ömri we wagzy hakda gyzykly wakalar ýazylan. Dört Hoş habarda Isa pygamberiň aýdan sözleri, eden işleri we başdan geçiren duýgulary jikme-jik beýan edilýär. Olary öwrensek, Isanyň yzyna eýerip bileris. Şol wakalary Isanyň galdyran «aýak yzlaryna» meňzetse bolar. Biz dört Hoş habary okasak, Isany has gowy tanarys we onuň yzyna gyşarnyksyz eýereris. Ýüzleý okasak, Isany gowy tanap bilmeris. Şol sebäpli okaýan wakalarymyz hakda oýlanmaly we çuňňur gözleg geçirmeli (Ýuşa 1:8-i deňeşdiriň). Hoş habardaky wakalary janlandyryp okaň. Gahrymanlary görmäge, sesini eşitmäge we duýgularyny başdan geçirmäge çalşyň. Şeýle etmäge Ýehowanyň guramasynyň gözleg geçirmek üçin çykarýan edebiýatlary kömek eder. w21.04 sah. 4, 5, abz. 11—13

Biz bolsa pürse çüýlenen Mesih hakda wagyz edýäris. Ol habara ýehudylar büdredi (1 Kor. 1:23).

Isanyň ýere gelmezinden birnäçe asyr öň, Ýehowa gelmeli pygamberiň 30 kümüş teňňä satyljakdygyny Mukaddes Kitaba ýazdyrdy (Zek. 11:12, 13). Pygamberlige görä, oňa dosty dönüklik etmelidi (Zeb. 41:9). Zekerýa pygamber: «Çopany öldür, süri dargasyn» diýip, öňünden aýdypdy (Zek. 13:7). Şol sebäpli adamlar Isanyň pygamberdigine şübhelenmeli däldiler. Olar pygamberlikleriň ýerine ýetýändigini görüp, Isa iman etmelidiler. Şu günler Isa iman edýän adamlara nähili garaýarlar? Şu günler Ýehowanyň Şaýatlarynyň käbiri hakykat ýolundan sowlup, imandan dändiler. Olar dogan-uýalary hem öz yzlaryna eýertjek bolýarlar. Şeýle-de täzelikler, habarlar we internet arkaly hakykaty ýoýup, Ýehowanyň Şaýatlary hakda ýalan-ýaşryk gürrüňleri ýaýradýarlar. Akýürekli adamlar ýalan gürrüňlere ynanmaýarlar. Olar şeýle adamlaryň boljakdygy hakda aýdylan pygamberlikleriň ýerine ýetýändigine düşünýärler (Mat. 24:24; 2 Pet. 2:18—22). w21.05 sah. 11, abz. 12; sah. 12, 13, abz. 18, 19

Dogruçyllaryň ýodasy daň şapagy kimindir, ol süýr günortana çenli barha ýagtylýar (Nak. 4:18).

Mukaddes Kitapda dogry bilimiň wagtyň geçmegi bilen artjakdygy aýdylýar (Kol. 1:9, 10). Ýehowa hakykatyny ýuwaş-ýuwaşdan açýar. Şol sebäpli biz oňa sabyrly garaşmaly. Ýolbaşçylyk maslahaty käbir taglymatlara ýalňyş düşünendigini boýun almaga çekinmeýär we şol taglymatlary täzeçe düşündirýär. Hristian dini ýolbaşçylary adamlaryň göwnünden turjak bolup we at-abraý gazanjak bolup özgerişlik edýärler. Emma Ýehowanyň Şaýatlary Hudaýy razy etmek we Isa pygamberden görelde alyp, arassa sežde etmek üçin özgerişlik edýärler (Ýak. 4:4). Biz adamlaryň garaýşynyň üýtgändigi üçin däl-de, Mukaddes Kitaba has gowy düşünýändigimiz üçin özgerişlik edýäris. Biz hakykaty söýýäris (1 Sel. 2:3, 4). w21.10 sah. 22, abz. 12

Gaýgy-aladaňyzy Hudaýyň üstüne atyň (1 Pet. 5:7).

Özüňi ýeke duýanyňda näme etmeli? Ýehowanyň goldaýandygy hakda oýlanyň (Zeb. 55:22). Şonda biz özümizi ýeke duýmarys we dogry garaýyşda bolarys. Şeýle-de Ýehowanyň özüni ýeke duýýanlara berýän goldawy hakda oýlanyň (1 Pet. 5:9, 10). Ençeme ýyldan bäri Hiroşiniň maşgala agzalary Ýehowa iman etmeýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Biziň ählimiz Ýehowa gulluk etmek üçin elimizde baryny edýäris. Şu hakda oýlananymda güýjüme güýç goşulýar». Onsoňam, Ýehowa doga ediň, Mukaddes Kitaby okaň we ýygnak duşuşyklaryna baryň. Ýehowa ýüregiňizi döküp doga-dileg ediň. Iň esasy zat bolsa, her gün Mukaddes Kitaby okaň we Ýehowanyň sizi söýýändigini subut edýän wakalar hakda oýlanyň. Dogan-uýalaryň käbiri Zebur 27:10 we Işaýa 41:10 ýaly göwünlik berýän aýatlary ýat tutýarlar. Käbirleri özüni ýeke duýanda, Mukaddes Kitabyň we ýygnakda öwrenilýän edebiýatlaryň audioýazgysyny diňleýär. w21.06 sah. 9, 10, abz. 5—8

Duýdansyz gelýän betbagtçylykdan gorkmarsyň (Nak. 3:25).

Siz hem ajy aýralykdan ejir çekýärsiňizmi? Eger şeýle bolsa Mukaddes Kitapda ölen adamlaryň direlendigi hakdaky wakalary okaň. Şonda direlişe bolan imanyňyz berkär. Belki-de, siziň dogan-garyndaşlaryňyzdan biri ýygnak gatnaşygyndan kesilendir, onda edebiýatlarymyzdan Ýehowanyň söýgi bilen berýän temmisiniň hemişe peýdalydygy hakda okaň. Siziň duş gelýän kynçylyklaryňyz imanyňyzy gowşatmasyn, gaýtam has-da berkitsin. Ýehowa doga edip, ýürek derdiňizi we gaýgy-aladaňyzy aýdyň. Özüňizi çetde tutmaň, dogan-uýalar bilen dostlaşyň (Nak. 18:1). Elbetde, ýüregiň dertli wagty şeýle işleri etmek aňsat düşýän däldir, ýöne ýan bermäň. Şeýdip, siz gaýgy-hasrata döz gelersiňiz (Zeb. 126:5, 6). Ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli baryň, yhlasly wagyz ediň we her gün Mukaddes Kitaby okaň. Ýehowanyň Jennetde berjek bereketleri hakda oýlanyň. Onuň güýç-kuwwaty bilen dag ýaly kynçylyklara döz gelseňiz, imanyňyz has-da berkär. w21.11 sah. 23, abz. 11; sah. 24, abz. 17

Gökdäki Atam hem pesgöwünli adamlaryň hiç biriniň heläk bolmagyny islemeýär (Mat. 18:14).

Haýsy sebäbe görä, Isa iman edýän adamlara pesgöwünli diýse bolar? Şu dünýäde baý, at-abraýly we wezipeli adamlara hormat goýulýar. Emma Isa pygambere iman edýän adamlary «äsgermeýärler», olary adam sanynda görmeýärler (1 Kor. 1:26—29). Ýöne Ýehowa olary gymmatbaha dürdäne hasaplaýar. Isa pygamber näme üçin «pesgöwünli adamlar» barada gürrüň berdi? Şägirtleri Isadan: «Gökdäki Patyşalykda iň uly kim bolar?» diýip sorady (Mat. 18:1). I asyrda ýehudylar şan-şöhraty we at-abraýy hemme zatdan ýokary tutupdyrlar. Bir taryhçy şeýle diýýär: «Adamlar bütin ömrüne sylag-hormat we şan-şöhrat gazanmak üçin ýaşapdyrlar». Ýehudylar özüni adamlardan ýokary saýýardylar. Isa şeýle garaýşyň şägirtleriniň aňyna siňendigini bilýärdi. w21.06 sah. 20, abz. 2; sah. 21, abz. 6, 8, 9

Ýakymly ýag we atyr ýüregi şatlandyrýar, päk ýürekden çykan maslahat dostlugy berkidýär (Nak. 27:9).

Ýaşulular Pawlus resulyň göreldesine eýerip bilerler. Ol Selanikdäki dogan-uýalara kömek etmek üçin maslahat berýär. Pawlus maslahat bermezden öň, olary Hudaýa wepalydygy we söýgi bilen çekýän zähmeti üçin öwýär. Şeýle-de olaryň «yzarlamalarda çydamly bolup, imanda berk durýandygyna» buýsanýandygyny aýdýar (1 Sel. 1:3; 2 Sel. 1:4). Pawlus hatynda olaryň hemmelere görelde bolýandygyny ýazýar (1 Sel. 1:8, 9). Selanikdäki dogan-uýalar Pawlusyň öwgüli sözlerini eşidip, kalby şatlykdan dolandyr. Olar Pawlus resulyň söýgi we mähir bilen ýazan hatlaryny okap, beren maslahatlaryna höwes bilen eýerendirler (1 Sel. 4:1, 3—5, 11; 2 Sel. 3:11, 12). w22.02 sah. 15, abz. 6

Hudaý olaryň gözlerinden ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm... bolar (Ylh. 21:4).

Şeýtan dini ýolbaşçylar arkaly adamlaryň çekýän horluklaryna Hudaýyň günäkärdigine ynandyrýar. Käbir dini ýolbaşçylar eýjejik çagalar aradan çykanda: «Hudaý ony ýanyna aldy. Hudaýa-da gowusy gerek» diýýärler. Şeýle gep-gürrüňler Hudaýyň adyna ysnat getirýär. Ýöne biz Ýehowanyň söýgüden doly we aladaçyl Atadygyny bilýäris. Biz agyr kesellesek ýa-da ýakynlarymyzyň biri aradan çyksa, Ýehowany günäkärlemeýäris. Gaýtam Allatagalanyň tizden ölen adamlary direltjegine we keseli aýyrjagyna umyt edýäris. Şeýle-de biz Ýehowanyň söýgüden doly Hudaýdygy hakda wagyz edýäris. Şonda Ýehowa Şeýtanyň atan töhmetiniň ýalandygyny subut edip bilýär (Nak. 27:11). Ýehowa rehimdar we duýgudaş Hudaý. Ol biziň yzarlanýandygymyzy, keselçilikden ejir çekýändigimizi we bikämillik sebäpli ruhdan düşýändigimizi görüp gynanýar. Biziň dady-perýadymyzy eşidende, onuň ýüregi para-para bolýar (Zeb. 22:23, 24). Ýehowa horluklaryň soňuna çykmak isleýär. Ol tizden ähli kynçylyklary aýrar (2 Musa 3:7, 8; Işaýa 63:9-njy aýatlary deňeşdiriň). w21.07 sah. 9, 10, abz. 9, 10

Başyna şöhrat täjini geýdirdiň (Zeb. 8:5).

Tizden hudaýhon adamlar Ýehowany söýüp, oňa ebedilik sežde ederler. Ýehowanyň ilkibaşda niýet edişi ýaly, adamlar bütin ýer ýüzüne eýeçilik ederler we bagtly ýaşarlar. Isa Mesih Adam ata bilen How enäniň ýetiren zyýanynyň öwezini dolar. Ýehowa millionlarça adamy ölümden direlder. Olar tut ýaly sagdyn bolar we ýer ýüzi Jennete öwrüler (Luka 23:42, 43). Hudaýyň ýer ýüzündäki perzentleri kämil bolarlar we Dawut pygamberiň aýdyşy ýaly, «başyna şöhrat täjini geýerler». Eger siz «uly märekä» degişli bolsaňyz, onda size ajaýyp gelejek garaşýar. Ýehowa sizi söýýär, perzentleri hökmünde kabul etmek isleýär. Şol sebäpli Ýehowany razy edip ýaşamak üçin eliňizde baryny ediň. Allanyň beren wadalary hakda her gün oýlanyň. Gökdäki Ataňyza sežde edip bilýändigiňize begeniň. Şonda Ýehowany ebedilik şöhratlandyryp bilersiňiz. w21.08 sah. 7, abz. 18, 19

Ýadamasak, öz wagtynda miwesini orarys (Gal. 6:9).

Ýermeýa pygamber 40 ýyldan gowrak wagyz etdi, emma adamlar ony diňlemediler, hatda garşy hem çykdylar. Adamlar ony «kemsitdiler, ýaňsyladylar» (Ýer. 20:8, 9). Şol sebäpli Ýermeýa ruhdan düşdi we wagyz etmejekdigini aýtdy. Emma pygamber ýan bermedi. Ýermeýa nädogry pikirler bilen göreşmäge we şatlyk bilen wagyz etmäge näme kömek etdi? Birinjiden, Ýermeýa Hudaýyň habarynyň adamlara «ýagty gelejege umyt» berýändigi hakda oýlandy (Ýer. 29:11). Ikinjiden, özüniň Ýehowanyň adyny göterýän pygamberdigi hakda pikirlendi (Ýer. 15:16). Şu günler bizem adamlaryň janyny halas edýän hoş habary wagyz edýäris we beýik Hudaý Ýehowanyň adyny göterýäris. Şu zatlar hakda oýlansak, adamlar hoş habara seslenmese-de, şatlyk bilen wagyz ederis. Okuw geçýänler çalt ösüş etmese, ruhdan düşmäliň. Olar ömrüni Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilýänçä, sabyrly garaşalyň (Ýak. 5:7, 8). w21.10 sah. 27, abz. 12, 13

Egnimizdäki her bir ýüki we aňsatlyk bilen çolaşdyrýan günäni taşlalyň (Ýew. 12:1).

Biz Ýehowa köp ýyldan bäri gulluk edýän hem bolsak, her gün imanymyzy berkitmeli. Sebäbi seresap bolmasak, Allatagalanyň älem-jahany ýaradandygyna şübhelenmegimiz mümkin. Iman görünmeýän zatlary ynandyryjy deliller bilen görmegi aňladýar. Biz görmeýän zadymyzy tiz ýatdan çykarmagymyz mümkin. Pawlus resul imanymyz gowşasa «aňsatlyk bilen» günä etjekdigimizi aýtdy. Biz şeýle duzaga düşmez ýaly näme edip bileris? (2 Sel. 1:3). Birinjiden, Ýehowa hemişe doga edip mukaddes ruhy soraň. Sebäbi iman mukaddes ruhuň miwesi (Gal. 5:22, 23). Mukaddes ruhuň kömegi bolmasa, biz Beýik Biribara iman edip bilmeris. Eger Ýehowadan mukaddes ruhy dilesek, ol jomartlyk bilen berer (Luka 11:13). Şeýle-de biz: «Imanymyzy berkit» diýip doga etmeli (Luka 17:5). Ikinjiden, Mukaddes Kitaby her gün okaň (Zeb. 1:2, 3). w21.08 sah. 18, 19, abz. 16—18

Agaran saçlar şöhrat täjidir (Nak. 16:31).

Garry dogan-uýalar Ýehowa üçin häzirem köp işleri edýärler. Olaryň gujur-gaýraty bolmasa-da, baý durmuş tejribesi bar. Ýehowa garry dogan-uýalary peýdaly gural edip ulanýar. Mukaddes Kitapda Ýehowa garrylyk çagynda wepaly gulluk eden ençeme adamlar hakda ýazylan. Musa 80 ýaşlaryndaka, Ýehowa ony pygamber we baştutan edip belledi. Danyýar pygamber 90 ýaşlarynda bolsa-da, Ýehowa ony wajyp gural edip ulandy. Ýahýa resul hem 90 ýaşlaryndaka, Hudaýyň mukaddes ruhy bilen Ylham kitabyny ýazdy. «Dogruçyl we hudaýhon adam» Şimgon hakda Mukaddes Kitapda köp agzalmaýar. Ýöne Ýehowa ony gowy tanaýardy. Beýik Biribaryň ýagşylygy bilen Şimgon bäbek Isany görýär we çaga hem-de ejesi hakda pygamberlik edýär (Luka 2:22, 25—35). w21.09 sah. 3, 4, abz. 5—7

Eý Ýehowa, kalbymda tekepbirlik ýok... öz bähbidime çapmadym (Zeb. 131:1).

Ene-atalar çagalaryny bir-biri bilen deňeşdirmeli däl we olardan başarmajak zadyny talap etmeli däl. Eger çagalary bir-biri bilen deňeşdirseňiz, olar ruhdan düşer, özüni dereksiz duýar (Efes. 6:4). Saçiko uýa şeýle diýýär: «Ejem meniň synaglary diňe bäşlige tabşyrmagymy isleýärdi. Ýöne bu mümkin däldi. Mekdebi tamamlanyma köp wagt geçdi, emma meniň häzirem özüme göwnüm ýetmeýär. Men elimde baryny edip wagyz edýänem bolsam, Ýehowa menden razymyka diýip oýlanýaryn». Dawut patyşa: «Elýetmez zatlara kowalaşmadym» diýýär (Zeb. 131:1). Ol kiçigöwünli we pespäl bolandygy üçin özüni başgalar bilen deňeşdirmeýär. Pespäl ene-atalar mümkinçiliginiň çäklidigine düşünýärler we çagalaryndan başarmajak zadyny talap etmeýärler. Olar çagalarynyň başarjak we başarmajak zatlaryny göz öňünde tutup, ýetip biljek maksatlaryny goýmaga kömek etmeli. w21.07 sah. 21, 22, abz. 5, 6

Her kim öz jogapkärçiligini özi çekmelidir (Gal. 6:5).

Ýehowa ähli adamlara erkinlik berýär. Ol adamlary mejburlyk bilen özüne gulluk etdirmeýär. Muny her bir adamyň özi çözýär. Käbir ene-atalar çagalaryna gowy terbiýe bermese-de, olar ulalanda Ýehowa gulluk edýärler. Käbir ene-atalar bolsa çagalaryny Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary boýunça terbiýelese-de, ulalanlarynda Ýehowadan ýüz öwürýärler. Diýmek, Ýehowa gulluk etmelimi ýa-da etmeli däldigini her kimiň özi çözýär (Ýuşa 24:15). Mähriban ene-atalar, çagalaryňyz Ýehowa gulluk etmegini bes etseler, siz özüňizi günäkärlemäň! Käte är-aýalyň biri Ýehowadan ýüz öwürýär, hatda maşgalasyny-da taşlap gidýär (Zeb. 27:10). Şeýle aýralyk çagalara agyr urgy bolýar, sebäbi olar ene-atasyny jany-teni bilen söýýär we olary dünýäde iň gowy adam hasaplaýar. Ýaşlar, belki, siziň hem kakaňyz ýa-da ejeňiz ýygnak gatnaşygyndan kesilendir. Biz siziň ýagdaýyňyza gynanýarys. Ýehowa hem siziň ýürek derdiňizi görýär. Ol sizi söýýär, biz hem sizi söýýäris. Unutmaň, ene-ataňyzyň gelen kararyna siz günäkär dälsiňiz. w21.09 sah. 27, abz. 5—7

Ýehowa söýýänini terbiýeleýär (Ýew. 12:6).

Ýygnak gatnaşygyndan kesilen mesihçini «kesel goýna» meňzetse bolar. Agyr günä eden adamyň Ýehowa bilen dostlugy bozulýar. Şonuň üçin oňa ruhy taýdan syrkaw diýse bolar (Ýak. 5:14). Syrkaw adam başgalar bilen gatnaşygyny çäklendirmese, keselini olara-da geçirip biler. Ýehowa bilen dostlugy bozulan adam hem ýygnak gatnaşygyndan kesilmese, dogan-uýalara erbet täsir edip biler. Ýehowa günäkäri ýygnak gatnaşygyndan kesip, halkynyň söýgi bilen aladasyny edýär we oňa eden ýalňyşyna düşünip, toba etmäge mümkinçilik berýär. Günä eden adam ýygnak gatnaşygyndan kesilse-de, ýygnaklara baryp bilýär, Mukaddes Kitabyň maslahatlaryny diňläp, imanyny berkidip bilýär. Şeýle-de ol okamak üçin edebiýatlary alyp bilýär, JW teleýaýlymyny görüp bilýär. Ýaşulular onuň aýgytly ädimleri ädýändigini görüp, wagtal-wagtal maslahat berýär we Ýehowa bilen dostlugyny berkitmäge kömek edýär. Eger ol berlen maslahata ýürekden eýerse, ýene-de Ýehowanyň Şaýady bolup biler. w21.10 sah. 10, abz. 9, 11

Maňa «Halypam, Halypam!» diýýän adam gökdäki Patyşalyga girmez (Mat. 7:21).

Şu günler biz I asyrdaky mesihçileriň göreldesine eýerip, Hudaýa arassa sežde edýäris. Meselem, I asyrda mesihçiler ýygnagynda bolşy ýaly, şu günler hem etrap gözegçileri ýygnaklary ideýärler, ýaşulular we hyzmatçylar dogan-uýalaryň aladasyny edýärler (Flp. 1:1; Tit. 1:5). Şeýle-de I asyrdaky ýaly şu günler hem jynsy gatnaşyk, maşgala gurmak, gan goýbertmezlik we toba etmeýän günäkär bilen gatnaşmazlyk hakda Hudaýyň Sözündäki görkezmelere eýerýäris (Res. 15:28, 29; 1 Kor. 5:11—13; 6:9, 10; Ýew. 13:4). Hudaýyň Sözünde arassa sežde edýän adamlaryň ählisiniň bir imanynyň boljakdygy aýdylýar (Efes. 4:4—6). Hawa, Ýehowanyň adyny göterýän halkyň agzasy bolmak uly hormat! Geliň, hakykata mundan hem beýläk berk ýapyşalyň! w21.10 sah. 22, 23, abz. 15—17

Ýeriňizde durup, Ýehowanyň halas edişini görüň (2 Tar. 20:17).

Mowaplar, ammonlar we Segir dagynyň ilaty Ýehoşapat patyşa bilen söweşmäge gelýärler (2 Tar. 20:1, 2). Ýehoşapat maşgalasyny we bütin halkyny goramak üçin näme edýär? Ol Ýehowa doga edip kömek we güýç soraýar. Ýehoşapatyň pespällik bilen eden dogasy 2 Taryh 20:5—12-nji aýatlarda ýazylan. Hawa, Ýehoşapat gökdäki Atasy Ýehowa ýürekden bil baglady. Ýehowa lewilerden bolan Ýahazyýel arkaly Ýehoşapat patyşa şu günki aýatdaky sözleri aýtdy. Ýehoşapat Hudaýa jany-teni bilen bil baglaýardy. Şonuň üçin Onuň aýdyşy ýaly etdi. Ýehoşapat goşunyň öňki hatarlarynda batyr esgerleri däl-de, ýaragsyz aýdymçylary goýdy. Ýehowa Ýehoşapaty goldady we oňa ýeňiş gazanmaga kömek etdi (2 Tar. 20:18—23). w21.11 sah. 15, 16, abz. 6, 7

Wepaly söýgä baý Ýehowa bizi ýok etmedi, onuň rehimdarlygy çäksizdir (Agy 3:22).

Ýehowa halkyna kynçylyklar bilen göreşmäge güýç berýär we dünýäniň soňuna çenli wepaly bolmaga kömek edýär (2 Kor. 4:7—9). Ýehowanyň bizi hemişe wepaly söýgüsi bilen çoýjakdygyna ynamly bolup bileris. Sebäbi Mukaddes Kitapda: «Ýehowa hudaýhonlara, wepaly söýgüsine garaşýanlara nazar salýar» diýilýär (Zeb. 33:18—22). Biz Ýehowany tanamaýan wagtymyz hem ol bizi söýýärdi. Oňa sežde edip başlanymyzda bolsa, wepaly söýgüsi bilen çoýdy. Mähirli Atamyz Ýehowa güýçli gollary bilen bizi penasynda saklaýar. Ýehowa dostlaryny hiç haçan ýeke goýmaz we olara beren wadasyndan asla dänmez. Ýehowa biziň ebedilik dostumyz bolar (Zeb. 46:1, 2, 7). Hawa, Ýehowa bize islendik synaga döz gelmäge kömek eder we wepaly bolmaga güýç-kuwwat berer. w21.11 sah. 7, abz. 17, 18

Sabyrly bolup, bir-biriňizi ýürekden bagyşlaň (Kol. 3:13).

Belki-de, siz işdeşinden, klasdaşyndan ýa-da dogan-garyndaşlaryndan öýkeläp, hatda birnäçe ýyl gepleşmän ýören adamlary tanaýansyňyz. Mukaddes Kitapda hem şeýle adamlar hakda ýazylan. Meselem, Ýusubyň agalary ýüreginde kine saklap gezdiler, olar inisini ýigrenip gul edip satdylar (1 Mus. 37:2—8, 25—28). Birnäçe ýyldan soň Ýusup bütin Müsür iline baştutan bolýar. Emma ol agalaryndan ar aljak bolmaýar, öýke-kine saklamaýar, gaýtam olary ýürekden bagyşlaýar. 3 Musa 19:18-däki kanun Ýusubyň döwründe ýazylmadyk bolsa-da, ol şol aýatdaky tabşyryga eýerýär (1 Mus. 50:19—21). Biz Ýusubyň göreldesine eýersek, Ýehowany razy ederis, dogan-uýalardan öýke-kine saklamarys we ar almarys. Isa pygamber göwnümize degen adamy bagyşlamalydygyny aýtdy (Mat. 6:9, 12). Pawlus resul bolsa: «Eziz doganlarym, özüňiz ar almaň» diýip maslahat berdi (Rim. 12:19). w21.12 sah. 11, abz. 13, 14

Hudaýdan gorkýanlaryň arzuwyny hasyl edýändir, olaryň dady-perýadyny eşidip, halas edýändir (Zeb. 145:19).

B. e. 33-nji ýylynyň 14-nji nisanynda agşam çagy Isa Getseman bagyna gidýär. Ol Ýehowa ýüregini döküp, aglap doga edýär (Luka 22:39—44). Isanyň Ýehowa nädip doga edendigi hakda Ýewreýler 5:7-de şeýle diýilýär: «Mesih... Hudaýa ahy-nala we gözýaşlar bilen ýalbaryp, ýürekden dileg etdi». Isa şol gije näme barada doga edýär? Ol Atasyna wepaly bolup, islegini ýerine ýetirer ýaly güýç soraýar. Ýehowa eziz Oglunyň dilegini eşidýär we perişdesi arkaly ony ruhlandyrýar. Isa Atasynyň adyny aklamalydygyna düşünýärdi. Ýehowa Isanyň kömek sorap eden dogasyny diňleýär. Näme üçin? Sebäbi Isa Atasyna wepaly bolmak we adyny aklamak üçin janyndan geçmäge taýyndy. Bizem Isa ýaly bolsak, gökdäki Atamyz dogalarymyza jogap berer (Zeb. 145:18). w22.01 sah. 18, abz. 15—17

Gidiň-de, ähli halklardan şägirt taýýarlaň. Olary... suwa çümdüriň... tabşyryklarymy berjaý etmegi öwrediň (Mat. 28:19, 20).

Biz syýasata goşulmaýarys, bitarap ýaşaýarys. Köp adamlar bizi ýazgarýarlar. Olar biziň saýlawlara gatnaşmagymyzy isleýär. Emma biz adamy patyşa saýlasak, Ýehowadan ýüz öwürýändigimize düşünýäris (1 Şam. 8:4—7). Adamlar biziň haýyr-sahawat işlerine gatnaşyp, mekdepleri we keselhanalary gurmagymyza garaşýarlar. Olar: «Siz diňe wagyz edýärsiňiz, adamlaryň kynçylygyny çözmäge kömek etmeýärsiňiz» diýip nägile bolýarlar. Biz Ýehowanyň Şaýatlarynyň aýdýan habaryna şübhelenmez ýaly näme etmeli? (Mat. 7:21—23). Biz Isa pygamberiň tabşyran işini ýürekden ýerine ýetirmeli. Dünýäniň kynçylyklaryny çözjek bolup, syýasata goşulmaly däl. Elbetde, biz adamlary söýýäris, kyn ýagdaýa düşenlerinde goldamaga jan edýäris. Emma adamlaryň kynçylygyny diňe Hudaýyň Patyşalygynyň çözjegini bilýäris, şol sebäpli ol hakda wagyz edýäris we Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek edýäris. w21.05 sah. 7, abz. 19, 20

Soňky günlerde juda kyn döwür bolar (2 Tim. 3:1).

Şu günler patyşalar we ýolbaşçylar Allatagala iman edýäris diýseler-de, öz häkimiýetini elden gidermejek bolup jan edýärler. I asyrdaky ýaly şu günler hem ýolbaşçylar Hudaýyň halkyny yzarlap, Ýehowanyň bellän Patyşasyna garşy çykýarlar (Res. 4:25—28). Ýehowa olara nähili garaýar? Zebur 2:10—12-nji aýatlarda şeýle diýilýär: «Indi bolsa, eý patyşalar, akylyňyza aýlanyň! Eý ýer ýüzüniň kazylary, terbiýäni kabul ediň! Ýehowadan gorkuň, oňa gulluk ediň, çuňňur hormat goýuň, şatlanyň. Ogluny hormatlaň, ýogsam Alla gazaplanar, ýoluňyzda heläk bolarsyňyz. Sebäbi Allanyň gahary tiz tutaşýandyr. Hudaýy pena edinen bagtlydyr!» Söýgüden doly Ýehowa Hudaý milletlere we patyşalara halas bolmaga mümkinçilik berýär. Entek wagt barka, olar garaýşyny üýtgedip, Hudaýyň Patyşalygyna tabyn bolsalar gowy bolar. Emma wagt uçup barýar (Işa. 61:2). Şu günler dogry karara gelmegiň we aýgytly ädim ätmegiň tüýs wagty. w21.09 sah. 15, 16, abz. 8, 9

Iýjegimiz we geýjegimiz bar bolsa, şoňa kaýyl bolalyň (1 Tim. 6:8).

Pawlus baýlyga kowalaşman bar zadymyza kaýyl bolup ýaşamalydygymyzy aýtdy (Flp. 4:12). Pawlus resul baryna kaýyl bolup ýaşandygy üçin ömrüniň ahyryna çenli Ýehowa wepaly boldy. Bizem onuň göreldesine eýerip, Ýehowa bilen dostlugymyzy hemme zatdan wajyp hasaplamaly (Hab. 3:17, 18). Ysraýyllar çölde göçüp-gonup ýaşadylar. 40 ýyldan soňra Musa pygamber olara şeýle diýdi: «Ýehowa Hudaýyňyz ähli işiňizi oňuna etdi. . . Geçen 40 ýylyň içinde Ýehowa Hudaýyňyz sizi goldap, hiç zada zar etmedi» (5 Mus. 2:7). Allatagala ysraýyllary 40 ýyllap manna bilen ekledi. Hatda olaryň egin-eşikleri hem ýyrtylmady (5 Mus. 8:3, 4). Biz Ýehowanyň berýän bereketleriniň — uly bolsun, kiçi bolsun — ählisiniň gadyryny bilmeli. Eger barymyza kaýyl bolsak, Ýehowanyň her gün berýän zatlaryna şükür etsek we minnetdar bolsak gökdäki Atamyzy begendireris. w22.01 sah. 5, abz. 10, 11

Ýehowa bütin ýüregiň bilen bil bagla, düşünjäňe daýanma (Nak. 3:5).

Ärler, siz maşgalaňyzy eklemäge we aladasyny etmäge borçludygyňyza düşünip, arman-ýadaman zähmet çekýänsiňiz. Käte siz kynçylyk dörände, özüm baş alyp çykaryn diýýänsiňiz. Emma öz düşünjäňize daýanmaň. Ýehowa bar aladaňyzy aýdyp doga ediň, ýüregiňizi döküň. Soňra aýalyňyz bilen hem doga ediň. Ýehowanyň öwüt-ündewini diňläp, dogry karara gelmek üçin Mukaddes Kitaby okaň, edebiýatlardan gözleg geçiriň. Öwrenen zatlaryňyzy durmuşyňyzda ulanyň. Belki, käbirleri Mukaddes Kitaba esaslanyp gelýän kararlaryňyzy akmaklyk hasaplaýandyr. Olar maşgalany bagtly we aladasyny etmek üçin köp pul gazanmaly diýýändir. Ýöne Ýehoşapat patyşanyň näme edendigi hakda oýlanyň (2 Tar. 20:1—30). Ol Ýehowa jany-teni bilen bil baglap, görkezmesine doly eýerdi. Ýehowa Ýehoşapata ýeňiş gazanmaga kömek edişi ýaly, size-de kömek eder (Zeb. 37:28; Ýew. 13:5). w21.11 sah. 15, abz. 6; sah. 16, abz. 8

(Hudaý) adalatsyzlyk etmez (5 Mus. 32:4).

Ýehowa bizi öz keşbinde ýaratdy (1 Mus. 1:26). Şol sebäpli birine adalatsyzlyk edilýändigini görenimizde janymyz ýanýar. Emma biz bikämildigimizi we ähli zady bilmeýändigimizi unutmaly däl. Geliň, Ýunus pygamber hakda gürrüň edeliň. Ol Ýehowanyň Ninewiýanyň halkyna rehim edendigine nägile bolýar (Ýun. 3:10—4:1). Eýsem Ýehowa olara çykaran hökümini ýatyryp adalatsyzlyk etdimi? Ýok! Ýehowanyň rehim edendigi üçin 120 000-den gowrak adam halas boldy. Görşümiz ýaly, Ýehowa Hudaý däl-de, Ýunus pygamber ýalňyşdy. Ýehowa adamlara hasabat bermäge borçly däl. Gadymy döwürde Allatagala çykaran höküminden närazy bolan adamlary ünsli diňledi (1 Mus. 18:25; Ýun. 4:2, 3). Käte bolsa Ýehowa adamlara belli bir karara näme üçin gelendigini düşündirýärdi (Ýun. 4:10, 11). Emma älem-jahany ýaradan Ýehowa karara gelmezden öň adamlardan rugsat soramaga borçly däl (Işa. 40:13, 14; 55:9). w22.02 sah. 3, 4, abz. 5, 6

Kim uly bolsa, kiçi ýaly bolsun, kim ýolbaşçy bolsa, hyzmatkär bolsun (Luka 22:26).

Biz «başgalary özümizden ýokary saýsak» pesgöwünli bolarys (Flp. 2:3). Pesgöwünli bolsak, dogan-uýalaryň göwnüne degmeris. Biz dogan-uýalary özümizden ýokary saýmaly. Munuň üçin olaryň ençeme ýagşy häsiýetleriniň bardygyny we bizden has ökdedigini boýun almaly. Şeýle-de Pawlus resulyň korinflilere beren şu maslahatyna eýermeli: «Seniň başgalardan näme artykmaç ýeriň bar? Saňa ähli zady Hudaý bermedimi näme? Eger ähli zady Hudaý beren bolsa, onda näme üçin özüň gazanan ýaly öwünýärsiň?» (1 Kor. 4:7). Dogan-uýalaryň bizi şöhratlandyrmagyny ýa-da öwüp arşa çykarmagyny islemeýäris. Eger dogan ökde nutukçy bolsa ýa-da uýa Mukaddes Kitap okuwyny ökdelik bilen geçirýän bolsa, özüni däl-de, Ýehowany şöhratlandyrmaly. w21.06 sah. 21, 22, abz. 9, 10

Tohumyňy... sep... eliň boş durmasyn (Nes. 11:6).

Adamlaryň öýüne baryp wagyz etmek gün-günden kynlaşýar. Käbir adamlar goralýan köp gatly jaýlarda ýaşaýarlar. Şol jaýlarda ýörite garawullar hem bolýar. Olar öý eýesiniň rugsady bolmasa ýa-da çagyrmasa, nätanyş adamlary goýbermeýärler. Käbir wagyzçylar köp adamlary öýünde tapyp bilmeýärler. Käbirleri bolsa az ilatly ýerlerde wagyz edýärler. Olar uzak ýol söküp bir öýe barýarlar, ýöne öýde hiç kim bolmaýar. Eger siz hem şeýle kynçylyklara duş gelýän bolsaňyz ruhdan düşmäň. Barýan wagtyňyzy üýtgediň. Biz adamlaryň öýünde bolýan wagty barsak, köplere wagyz edip bileris. Elbetde, adamlar köçede ýatmaz, iru-giç öýüne geler. Köp dogan-uýalar öýlän ýa-da agşamara wagyz edýärler. Sebäbi adamlar işden soň öýünde özlerini rahat duýýarlar we arkaýyn diňläp bilýärler. w21.05 sah. 15, abz. 5, 7

Olar maňa biderek ýere sežde edýärler, sebäbi ynsan tabşyryklaryny Hudaýyň taglymaty hökmünde öwredýärler (Mar. 7:7).

Şu günler Isa iman edýän adamlara nähili garaýarlar? Ýehowanyň Şaýatlary doglan gün we täze ýyl ýaly baýramçylyklary bellemeýärler, şol sebäpli adamlar olary ýazgarýarlar. Käbirleriniň bolsa olaryň milli baýramçylyklara gatnaşmaýandyklary we merhumy jaýlamak bilen bagly däp-dessurlary berjaý etmeýändikleri üçin gahary gelýär. Ýehowanyň Şaýatlaryny ýazgarýanlar özlerine hudaýhon adam diýýärler. Emma olar däp-dessurlary we baýramçylyklary Mukaddes Kitapdan hem wajyp hasaplaýarlar. Hudaý şeýle adamlardan razy däldir (Mar. 7:8, 9). Biz Ýehowanyň Şaýatlarynyň aýdýan habaryna şübhelenmez ýaly näme etmeli? Ýehowany söýmeli we onuň kanunlaryny ýürekden ýerine ýetirmeli (Zeb. 119:97, 113, 163—165). Şonda Ýehowany gynandyrýan däp-dessurlary we adatlary berjaý etmeris. Geliň, Hudaýa bolan söýgimizi sowatmaga hiç zada ýol bermäliň! w21.05 sah. 6, abz. 15, 16

Ähli zatda sagdyn pikirlen, kynçylyklarda çydamly bol, hoş habary hemişe wagyz et (2 Tim. 4:5).

Pawlus resulyň beren maslahatyna eýermek üçin näme etmeli? Biz Mukaddes Kitaby her gün okamaly, şahsy we maşgala okuwyny geçirmeli, hemişe doga etmeli, Ýehowanyň tabşyran işini yhlasly ýerine ýetirmeli, şonda imanymyz berk bolar (2 Tim. 4:4). Eger imanymyz berk bolsa, ýalan gep-gürrüňleri eşidenimizde howsala düşmeris (Işa. 28:16). Ýehowany, onuň Sözüni we dogan-uýalary ýürekden söýsek, imandan dänenleriň duzagyna düşmeris. I asyrda köp adamlar Isanyň pygamberdigine şübhelense-de, oňa iman eden adamlar hem az däldi. Olaryň arasynda Mejlisiň agzasy Ýusup we «köp ruhanylar» hem bardy (Res. 6:7; Mat. 27:57—60; Mar. 15:43). Şu günler hem millionlarça adamlar Isa pygambere ýürekden iman edýärler. Olar Hudaýyň Sözüni okaýarlar we kada-kanunlaryny berjaý edýärler. Hudaýyň Sözünde: «Kanunyňy söýýänler parahatlykda ýaşaýar, olary hiç zat büdretmez» diýilýär (Zeb. 119:165). w21.05 sah. 13, abz. 20, 21

Ejizlikleriň arkaly meniň güýjüm has gowy görünýär (2 Kor. 12:9).

Pawlus resul öz güýji bilen däl-de, Hudaýyň berýän güýji bilen wagyz edýärdi. Pawlus resul köp kynçylyklary başdan geçirdi. Ony yzarladylar, türmä basdylar. Emma ol Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen gullugyny birkemsiz ýerine ýetirip bildi. Pawlusyň ýaş dosty Timoteos Hudaýyň berýän güýç-kuwwaty bilen hoş habary yhlasly wagyz edýär. Ol Pawlus resul bilen wagyz syýahatyna gidýär. Şeýle-de Pawlus Timoteosa ýygnaklary berkitmegi we ruhlandyrmagy tabşyrýar (1 Kor. 4:17). Emma Timoteos ýaşdygy sebäpli özüne göwni ýetmeýär. Pawlus resul oňa: «Hiç kim seni ýaşdygyň üçin äsgermezlik etmesin» diýip maslahat berýär (1 Tim. 4:12). Timoteos ýarawsyzlyk sebäpli hem kösenýärdi (1 Tim. 5:23). Emma Timoteos Ýehowanyň berýän güýç-kuwwaty bilen hoş habary wagyz edýär we dogan-uýalary goldaýar (2 Tim. 1:7). w21.05 sah. 21, abz. 6, 7

Janyňy aýaman goýunlaryňy bak (Nak. 27:23).

Ýaşulular Ýakup 1:19-daky: «Her bir adam diňlemäge taýyn bolmaly, geplemäge howlukmaly däl we çalt gaharlanmaly däl» diýen maslahata eýermeli. Belki, ýaşuly doganyň ýa-da uýanyň ýagdaýy hakda hemme zady bilýändirin öýdýändir, ýöne ýalňyşýan bolmagy mümkin. Nakyllar 18:13-de: «Diňlemän jogap bermek akmaklyk hem utançdyr» diýilýär. Şonuň üçin ýaşuly maslahat bermezden öň, dogandan ýa-da uýadan bolan zatlary sorasa we ünsli diňlese gowy bolar. Ýaşulular dogan-uýalaryň ýagdaýyny, näme kömek gerekdigini sorasalar gowy bolar. Olar dogan-uýalary ünsli diňläp ýagdaýyna düşünseler, olara gowy maslahat berip bilerler. Dogan-uýalara kömek etmek üçin olara diňe bir maslahat bermek ýa-da aýat okap bermek ýeterlik däl. Biz dogan-uýalaryň aladasyny etmeli, ýagdaýyna düşünmeli we janymyzy aýaman kömek etmeli. w22.02 sah. 17, abz. 14, 15