Mart
1-nji mart, çarşenbe
Doganlarymyň iň kiçilerinden birine ýagşylyk eden bolsaňyz, onda maňa ýagşylyk etdigiňiz bolar (Mat. 25:40).
Matta 25:31—36-njy aýatlardaky «goýunlar» ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýän adamlary aňladýar. Olar wagyz etmek we şägirt taýýarlamak işine gatnaşyp, saýlanan mesihçileri ýürekden goldaýarlar (Mat. 24:14; 28:19, 20). Her ýyl Ýatlama agşamyndan birnäçe hepde öň ýörite wagyz kampaniýasy geçirilýär. «Başga goýunlar» wagyz kampaniýasyna gatnaşyp, ähli adamlary şol wajyp duşuşyga çagyrýarlar. Şeýdip, olar Mesihiň doganlaryny, ýagny saýlanan mesihçileri goldaýarlar. Şu günler «başga goýunlar» Ýatlama agşamynyň ähli ýygnaklarda geçirilmeginiň aladasyny edýärler. Olar saýlanan mesihçileri goldamak bilen Isa Mesihe «ýagşylyk edýändiklerine» düşünýärler (Mat. 25:37—40). w22.01 sah. 22, abz. 11, 12
Meni gören Atany-da görendir (Ýah. 14:9).
Biz Isanyň häsiýetlerinden görelde alsak we eden işlerine eýersek, Ýehowadan hem görelde alyp Mar. 1:40, 41; 5:25—34; Ýah. 11:33—35). Hawa, Ýehowadan görelde alsak, onuň bilen ýakyndan dostlaşyp bileris. Isa pygamberiň yzyna eýersek, dünýäniň täsirine garşy durup bileris. Isa ýerdäki ömrüniň soňky gijesi: «Men dünýäni ýeňdim» diýdi (Ýah. 16:33). Isa şu dünýädäki zatlary arzuw etmedi, adamlaryň garaýşyna eýermedi we olaryň edýän işlerine goşulmady. Ýer ýüzüne näme maksat bilen gelendigini hiç haçan unutmady. Ol hemişe Hudaýyň adyny aklap, ony şöhratlandyrýardy. Şu dünýäde Ýehowa bilen dostlugymyzy bozup biljek zatlar köp. Ýöne biz Isanyň yzyna eýersek, hemişe Ýehowanyň islegini ýerine ýetireris we dünýäni «ýeňeris» (1 Ýah. 5:5). w21.04 sah. 3, 4, abz. 7, 8
bileris. Meselem, Isa heýwere keselli adama ýüregi awady, gan akma keselinden ejir çekýän aýala haýpy geldi, dogan-garyndaşlary aradan çykanlara göwünlik berdi (Hudaýyň söýgüsinden hiç zat aýra salyp bilmez (Rim. 8:39).
Pawlus resul «Hudaýyň Ogluna iman eden her bir adamyň... ebedi ýaşaýşa gowuşjakdygyna» ynanýardy (Ýah. 3:16; Rim. 6:23). Şonuň üçin Isanyň beren töleg gurbanyna iman edýärdi. Şeýle-de agyr günä eden adam toba etse, Hudaýyň ýürekden bagyşlaýandygyna düşünýärdi (Zeb. 86:5). Pawlus Hudaýyň söýýändigine hiç hili şübhelenmeýärdi. Sebäbi Ýehowa onuň üçin söwer Ogluny gurban etdi. Ol Galatýalylar 2:20-de ynam bilen şeýle diýdi: «Hudaýyň Ogly... meni söýüp, meniň üçin janyny gurban etdi». Pawlus özüni Hudaýyň söýgüsine mynasyp görmän: «Men Ýehowanyň dogan-uýalary söýýändigine ynanýaryn. Ýöne meni söýmegi akyla sygjak zat däl» diýmedi. Ol Rimdäki dogan-uýalara: «Biz entek günälikäk, Mesih biziň üçin öldi» diýip ýatlatdy (Rim. 5:8). Dogrudan-da, Ýehowa hiç kimi ala tutman, hemmeleri söýýär! Pawlus Hudaýyň söýýändigine asla şübhelenmeýärdi. Ol Ýehowanyň ysraýyl halkyna sabyrly bolandygyny, olara rehim edendigini we ýürekden bagyşlandygyny bilýärdi. w21.04 sah. 22, 23, abz. 8—10
Hudaýy söýmek tabşyryklaryny berjaý etmegi aňladýar (1 Ýah. 5:3).
Okuw geçýäniňize Ýehowany söýmäge kömek ediň, Ýehowanyň häsiýetleri barada gürrüň beriň. Oňa Ýehowanyň bagtly Hudaýdygyny we hudaýhon adamlara ak pata berýändigini aýdyň (1 Tim. 1:11; Ýew. 11:6). Okuw geçýäne Ýehowanyň bizi söýýändigi üçin peýdaly zatlary öwredýändigini gürrüň beriň. Şeýle-de öwrenen zatlarymyz boýunça ýaşasak, bagtly boljakdygymyzy aýdyň (Işa. 48:17, 18). Ol Ýehowany ýürekden söýse, durmuşyny we häsiýetlerini üýtgetmek kyn bolmaz. Okuw geçýän adam suwa çümdürilmek üçin käbir zatlardan geçmeli bolar. Belki, ol Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna garşy gelýän işinden çykmaly bolar. Ýa-da Ýehowa iman etmeýän dostlary bilen gatnaşmagyny goýmaly bolar. Ýehowanyň Şaýatlary bilen Mukaddes Kitaby öwrenip başlansoň, dogan-garyndaşlarynyň ondan ýüz öwürmegi mümkin. Ýöne Hudaý ony sylagsyz goýmajakdygyny wada berýär. Ýehowanyň halkynyň arasynda onuň köp dostlary, doganlary we uýalary bolar (Mar. 10:29, 30). w21.06 sah. 4, 5, abz. 8, 9
Başyňyzy galdyryp, ekin meýdanyna serediň, hasyl eýýäm ýetişipdir (Ýah. 4:35).
Pawlus resul şägirt taýýarlamak işini tohum ekmek bilen deňeşdirdi we has köp tagalla etmelidigimizi aýtdy. Pawlus korinflilere ýazan hatynda: «Men tohum ekdim, Apollos suwardy... siz bolsa onuň (Hudaýyň) mellegi» diýdi (1 Kor. 3:6—9). Biz «Hudaýyň melleginde» zähmet çekýän daýhanlar ýaly tohumy ekýäris we ony suwaryp durýarys. Elbetde, biz tohum eksek-de, ösdürýän Hudaý. Hoş habary wagyz etmek we şägirt taýýarlamak, biziň üçin uly hormat! Biz adamlara Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek edip, özümizi bagtly duýýarys. Pawlus resul hem Selanikdäki köp adamlara Isa pygamberiň şägirdi bolmaga kömek etdi. Ol begenjini şeýle beýan edýär: «Halypamyz Isa gelende, umydymyz, şatlygymyz we başymyzyň täji siz dälmi näme? Hawa, siz biziň buýsanjymyz we guwanjymyz» (1 Sel. 2:19, 20; Res. 17:1—4). w21.07 sah. 3, abz. 5; sah. 7, abz. 17
Pesgöwünli adamlary kemsitmäň (Mat. 18:10).
Ýehowa siziň her biriňiz bilen dostlaşmak üçin ilkinji ädimi özi ätdi (Ýah. 6:44). Ýehowa milliardlarça adamlaryň içinden sizi saýlady. Hudaý ýüregiňiziň päkdigini we ony razy edip ýaşamak isleýändigiňizi gördi (1 Tar. 28:9). Ýehowa sizi tanaýar, ýagdaýyňyza düşünýär we ýürekden söýýär. Muny bilip, başyň göge ýetýär! Ýehowa sizi-de, dogan-uýalary-da gowy görýär. Isa pygamber Ýehowa Hudaýy çopana meňzetdi. Çopan ýüz goýundan biri ýitse näme edýär? Ol 99 goýny dagda goýup, ýiteni gözlemäge gidýär. Ony tapanda urup-sögmeýär, gaýtam ýürekden begenýär. Ýehowa hem her birimizi ýürekden söýýär. Isa pygamber: «Gökdäki Atam hem pesgöwünli adamlaryň hiç biriniň heläk bolmagyny islemeýär» diýdi (Mat. 18:12—14). w21.06 sah. 20, abz. 1, 2
Hudaýa ýakynlaşyň (Ýak. 4:8).
Ýehowanyň bize bolan söýgüsi hakda oýlansak, ýüregimiz minnetdarlykdan dolýar we Ýehowany söýüp, Onuň dosty bolmak isleýäris (Rim. 8:38, 39). Şeýle-de Isanyň göreldesine eýerýäris (1 Pet. 2:21). Ýatlama agşamyndan birnäçe gün öň Mukaddes Kitapdan Isa pygamberiň ýer ýüzünde ýaşan soňky günleri, onuň ölümi we direlişi hakdaky wakalary okaýarys. Ýatlama agşamynda bolsa, Isanyň bize bildiren beýik söýgüsi hakda nutuk diňleýäris (Efes. 5:2; 1 Ýah. 3:16). Biz Isanyň janyny aýaman eden gullugy hakda okasak we oýlansak, onuň göreldesine eýereris (1 Ýah. 2:6). Ýehowa bolan söýgimiz hiç haçan sowamaz (Ýahd. 20, 21). Biz Hudaýa gulak assak, adyny şöhratlandyrsak we ýüregini şatlandyrsak, Oňa bolan söýgimiz hiç haçan sowamaz (Nak. 27:11; Mat. 6:9; 1 Ýah. 5:3). Biz Ýatlama agşamyna gatnaşsak, Hudaýa imanymyz berkär we her gün gelýän kararlarymyz bilen Ýehowanyň ebedilik dosty bolmak isleýändigimizi subut ederis. w22.01 sah. 23, abz. 17; sah. 25, abz. 18, 19
Kime gulluk etjekdigiňizi saýlaň (Ýuşa 24:15).
Ýehowa adamlary erkin edip ýaratdy. Biz nähili ýaşajakdygymyzy özümiz saýlap bilýäris. Biz Ýehowa ýürekden sežde etsek, ol örän begener (Zeb. 84:11; Nak. 27:11). Biz erkinligimizi dogry ulanyp, paýhasly kararlara gelip bileris. Biz Isa pygamberiň göreldesine eýersek, öz bähbidimize çapman, adamlaryň aladasyny ederis. Bir gün Isa bilen resullary ýadapdy. Olar dynç almak üçin çola ýere gidýärler. Adamlar Isanyň wagzyny diňlemek üçin, olary gözläp tapýarlar. Emma Isanyň märekä gahary gelmeýär. Gaýtam olara haýpy gelip, «köp zatlary öwredip başlaýar» (Mar. 6:30—34). Biz hem adamlara kömek etmek üçin wagtymyzy, güýjümizi gaýgyrmasak, Isa pygamberiň göreldesine eýereris we Ýehowa Hudaýy şöhratlandyrarys (Mat. 5:14—16). w21.08 sah. 3, abz. 7, 8
Her kes öz işini barlasyn, emma başgalaryňky bilen deňeşdirmesin. Şonda edýän işlerinden şatlyk tapar (Gal. 6:4).
Ýehowa janly tebigaty dürli reňkler bilen bezedi. Biri-birinden owadan güller, süýji-süýji ir-iýmişler, täsin haýwanlar akylyňy haýran edýär. Bäş barmagyň deň bolmaýşy ýaly, adamlar hem biri-birine meňzemeýär. Şol sebäpli Ýehowa adamlary biri-biri bilen deňeşdirmeýär. Ol adamlaryň içki dünýäsini, ýüregini görýär (1 Şam. 16:7). Ýehowa biziň güýjümizden artyk zady talap etmeýär. Ol biziň bikämildigimizi, güýjümiziň çäklidigini, medeniýetimizi, alan terbiýämizi bilýär we ýagdaýymyza düşünýär. Bizem Ýehowanyň göreldesine eýerip, özümizi hiç kim bilen deňeşdirmeli däl. Şonda «sagdyn düşünjeli bolarys» we özümize ýokary baha bermeris, kembaha-da garamarys (Rim. 12:3). Biz imany berk we ökdelik bilen wagyz edýän dogan-uýalaryň göreldesine eýerip bileris (Ýew. 13:7). Şonda bizem ökde wagyzçy bolarys (Flp. 3:17). Ýöne biriniň göreldesine eýermek bilen özüňi deňeşdirmegiň arasynda uly tapawut bar. w21.07 sah. 20, abz. 1, 2
Başyňyzy galdyryň, göklere serediň. Olary kim ýaratdy? (Işa. 40:26).
Ýaradylan zatlar hakda gözleg geçiriň. Haýwanlar, ösümlikler, ýyldyzlar hakda gözleg geçirseňiz, Allatagala ýürekden iman edersiňiz (Zeb. 19:1). Olar hakda näçe köp öwrenseňiz, şonça-da Ýehowanyň ähli zady ýaradandygyna göz ýetirersiňiz. Ýaradylan zatlar barada gözleg geçireniňizde, Beýik Biribaryň bardygyny subut edýän delilleri görjek boluň (Rim. 1:20). Meselem, Gün şöhlesi ýer ýüzünde ýaşaýşyň bolmagyna ýardam edýär. Ýöne Günden tebigata zyýanly ultramelewşe şöhleler hem çykýar. Emma azon gatlagy edil galkan ýaly, janly tebigaty zyýanly şöhlelerden goraýar. Günden ultramelewşe şöhleleri näçe köp çyksa, azon gatlagy şonça-da galňaýar. Şu zatlar aladaçyl we paýhasly Ýaradanyň bardygyny subut etmeýärmi näme?! w21.08 sah. 17, abz. 9, 10
Hudaýy söýýän adam doganyny-da söýmeli (1 Ýah. 4:21).
Biz özümizi Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilenimizden soň hem, Allany söýmeli we hormat goýmaly (1 Ýah. 4:20). Eger adamlar göwnümize degseler, bilgeşleýin edendir öýdüp, öýke-kine saklamaly däl. Gaýtam biz olara hormat goýmaly we özümizden ýokary saýmaly (Rim. 12:10; Flp. 2:3). Biz ähli adamlara ýagşylyk etmeli. Hudaýyň ogul-gyzlary bolmak üçin Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna görä ýaşamaly. Isa pygamber ähli adamlara, hatda duşmanlara hem ýagşylyk etmegi tabşyrdy (Luka 6:32—36). Şu tabşyryga eýermek aňsat bolýan däldir, ýöne biz Isa ýaly ähli adamlary söýüp, ýagşylyk edip bileris. Eger Ýehowa gulak assak we Isa pygamberiň göreldesine eýersek, Allatagalanyň ogul-gyzlary bolarys. w21.08 sah. 6, abz. 14, 15
Siziň üçin gögüň derwezelerini açmarynmy? Size bereket ýagdyraryn, zada zar bolmarsyňyz (Mel. 3:10).
Ýehowa ýürekden bil baglaň. Eger biz Ýehowa bil baglasak we elimizde baryny edip wagyz etsek, Ol üstümize bereket ýagdyrjakdygyny wada berýär. Mukaddes Kitapda Ýehowa ýürekden bil baglan, jany-teni bilen gulluk eden köp adamlar hakda ýazylan. Olar gol gowşuryp oturman, Hudaýa bil baglap aýgytly ädimleri ätdiler. Ýehowa hem olaryň tagallasyna ak pata berdi. Meselem, Ybraýym pygamber «nirä barýandygyny bilmese-de», Ýehowa bil baglap dogduk mekanyndan çykyp gaýtdy. Ýehowa hem oňa bereket berdi (Ýew. 11:8). Ýakup pygamber perişde bilen göreşensoň, Ýehowanyň ak patasyny aldy (1 Mus. 32:24—30). Ysraýyllar wada edilen ýurda golaýlaşypdy. Ruhanylar joşup akýan Iordan derýasyna aýak basandan soň, Ýehowanyň gudraty bilen derýanyň akymy kesildi (Ýuşa 3:14—16). Siz Ýehowa bil baglap, uzak wagtly gulluk edýän dogan-uýalaryň hem göreldesine eýerip bilersiňiz. w21.08 sah. 29, 30, abz. 12—14
«Geçen günler şu günümden gowy eken» diýme (Nes. 7:10).
Garry dogan-uýalar, siz guramada bolýan ençeme özgerişleriň şaýady bolduňyz. Siz her gezegem özgerişligi ýürekden kabul edip, Ýehowa wepaly bolýarsyňyz. Garrylyk çagynda suwa çümdürilen dogan-uýalar hem ýaşlary ruhlandyryp bilerler. Ýaşlar siziň başdan geçiren gyzykly wakalaryňyzy we baý durmuş tejribäňizi höwes bilen diňlärler. Eger ýaşlara kömek etmäge taýyn bolsaňyz, Ýehowa hem size bol bereket berer (Luka 6:38). Garry we ýaş dogan-uýalar dostlaşsalar, biri-birini goldap bilerler (Rim. 1:12). Akyl-paýhas garrylaryň täjidir, gujur-gaýrat ýaşlaryň şöhratydyr! Eger garrylar bilen ýaşlar eginme-egin işleşseler, ýakyndan dostlaşsalar, Ýehowany şöhratlandyrarlar we tutuş ýygnagy berkiderler. w21.09 sah. 8, abz. 3; sah. 13, abz. 17, 18
Biz bolsa pürse çüýlenen Mesih hakda wagyz edýäris. Ol habara ýehudylar büdredi (1 Kor. 1:23).
Ýehudylar näme üçin Isanyň pürse çüýlenip öldürilendigine büdrediler? 5 Mus. 21:22, 23). Ýehudylar Isanyň bigünädigine ynanmadylar. Olar Isa töhmet atyp, adalatsyzlyk etdiler. Adalatly höküm çykarmaly adamlaryň özleri kanuny bozdular. Mejlisiň agzalary Isa hakda hiç hili derňew geçirmän, bir gijäniň içinde ýygnanyşyp, derrew karara geldiler (Luka 22:54; Ýah. 18:24). Olar Isa atylan töhmetiň hakmy ýa-da nähakdygyny anyklajak hem bolmadylar, gaýtam oňa ölüm jezasyny bermek üçin «ýalan şaýatlyk etjek adamlary gözlediler» (Mat. 26:59; Mar. 14:55—64). Adalatsyz kazylar munuň bilen çäklenmediler. Isa ölümden direlensoň, olar mazary garawullaýan Rim esgerlerine «köp kümüş teňňe berdiler» we Isanyň jesedini şägirtleri ogurladylar diýen ýalan gürrüňi ýaýratdylar (Mat. 28:11—15). w21.05 sah. 11, abz. 12, 13
Sebäbi günäkärleri we jenaýatçylary pürse çüýläp öldürýärdiler. Şol sebäpli ýehudylar Isanyň pygamberdigine iman etmediler (Şol güni we sagady hiç kim, gökdäki perişdeler-de, Ogul-da bilýän däldir, diňe Ata bilýändir (Mat. 24:36).
Ýehowa erbetligi ýer ýüzünden derrew aýryp bilerdi, ýöne ol adamlaryň bähbidi üçin sabyrly garaşýar. Adam ata bilen How enäniň nesli-de günäli we bikämil bolup dünýä inýär. Emma Ýehowa adamlary söýýär, olaryň aladasyny edýär we «ýer ýüzüni dargadýanlary... ýok etmegi» wada berýär (1 Ýah. 4:19). Ol adamzat neslini keselden sagaltmak we jebir-jepadan halas etmek üçin ýörite bir gün belledi. Ýehowanyň bizi söýýändigi barada oýlansak, her bir zada döz geleris we soňuna çenli çydarys. Ýehowa sabyrly we çydamly Hudaý. Isa pygamber hem Atasynyň göreldesine eýerip, synaglara çydady. Isa masgaraçylyga, sögünç sözlere we jebir pürsündäki ölüme döz geldi (Ýew. 12:2, 3). Isa Atasynyň göreldesine eýerip, soňuna çenli çydady. Bizem Ýehowanyň göreldesine eýersek, islendik kyn ýagdaýa döz gelip bileris. w21.07 sah. 12, 13, abz. 15—17
Gökdäki Ataňyzyň rehimdar bolşy ýaly, siz hem rehimdar boluň (Luka 6:36).
Biz her gün ýalňyşsak-da, geçirimli Atamyz bizi bagyşlaýar (Zeb. 103:10—14). Şägirtleri köp ýalňyşsa-da, Isa pygamber olary ýürekden bagyşlaýardy. Isa biziň günälerimizi ýuwmak üçin şirin janyny gurban berdi (1 Ýah. 2:1, 2). Biz biri-birimizi «ýürekden bagyşlasak», Ýehowanyň halkynyň arasynda agzybirlik höküm sürer (Efes. 4:32). Emma ýürekden bagyşlamak käte kyn bolýar. Biz geçirimli bolmak üçin jan etmeli. Bir uýa «Garawul diňi» žurnalyndaky «Biri-biriňizi bagyşlaň» diýen makala kömek etdi. Ol şeýle ýazýar: «Men şol makalany okap, dogan-uýalary bagyşlamagyň wajypdygyna düşündim. Bagyşlamak — seniň ýüregiňe ýara salynmandygyny, adalats zlyga göz ýumup, eden işini oňlamagy aňlatmaýar. Bagyşlamak — göwnüňe degen adamdan öýkeläp oturman, geçirimli bolmagy we kalbyňda parahatlygy saklamagy aňladýar». Biz dogan-uýalary ýürekden bagyşlasak, olary söýýändigimizi we gökdäki Atamyz Ýehowanyň göreldesine eýerýändigimizi görkezeris. w21.09 sah. 23, 24, abz. 15, 16
Hudaýa... sežde edýänler... hakykatda sežde etmelidir (Ýah. 4:24).
Isa pygamber Ýehowa we onuň niýetleri hakdaky hakykatlary söýýärdi. Ol hakykat boýunça ýaşady we adamlara şol hakda wagyz etdi (Ýah. 18:37). Isanyň şägirtleri hem hakykaty söýýärdi (Ýah. 4:23). Petrus resul mesihçileriň imanyny «hakykat ýoly» diýip atlandyrdy (2 Pet. 2:2). I asyrdaky mesihçiler hakykata garşy gelýän ýalan taglymatlary, däp-dessurlary we ynsan düşünjelerini kabul etmeýärdiler (Kol. 2:8). Şu günler hem hakyky mesihçiler «hakykat ýolunda ýöreýärler» (3 Ýah. 3, 4). Olar Ýehowanyň Sözüne ýürekden iman edýärler we şoňa görä ýaşaýarlar. Ýehowanyň Şaýatlary Mukaddes Kitapdaky ähli hakykatlara doly düşünmeýändiklerini boýun alýarlar. Olar Mukaddes Kitabyň taglymatlaryny düşündirenlerinde we ýygnaklaryň işini ýola goýanlarynda käte ýalňyşýarlar. Ýöne olar ýalňyşyny düzetmäge taýyn bolýarlar. w21.10 sah. 21, 22, abz. 11, 12
Ýehowa bil baglaýanlar mährinden ganar (Zeb. 32:10).
Berk diwarly gala adamlary duşmandan goraýar. Ýehowa hem wepaly söýgüsi arkaly halkyny gorap, islendik synaga garşy durmaga kömek edýär. Şeýle-de Ýehowa wepaly söýgüsi bilen çoýup, biziň bilen dostlaşmak isleýär (Ýer. 31:3). Ýehowa halkyny goramak üçin diňe bir gala däl, eýsem pena hem bolýar. Dawut patyşa Ýehowanyň şanyna aýdym aýdyp: «Ýehowa penam... dadyma ýetişýän Hudaýym» diýdi. Ol Ýehowanyň halkyny goraýandygyny şeýle sözler bilen beýan etdi: «Ol wepaly söýgä baý Hudaý. Ol galam, penam we halasgärimdir. Meniň galkanym we gaçybatalgamdyr» (Zeb. 59:17; 144:2). Dawut näme üçin wepaly söýgä baý Hudaý Ýehowa penam diýdi? Biz dünýäniň dürli künjeginde ýaşasak-da, Ýehowa bilen dostlugymyzy hiç zat bozup bilmez. Sebäbi Ol biziň penamyzdyr. w21.11 sah. 6, abz. 14, 15
Seniň eden işleriň hakda oýlanaryn (Zeb. 77:12).
Günlerde bir gün Isa pygamber şägirtleri bilen gaýykda ýüzüp barýarka güýçli ýel turýar. Şonda Isa şägirtlerine Hudaýa ýürekden iman etmelidigini düşündirýär (Mat. 8:23—26). Deňiz barha möwç urýardy, tolkunlar gaýygy gark edip barýardy. Isa pygamber bolsa uklap ýatyrdy. Şägirtler näme etjegini bilmän, Isany oýaryp: «Halypam, bizi halas et» diýýärler. Isa olara mähir bilen: «Eý imany azlar, nämä gorkýaňyz?!» diýýär. Siz hem harasat sebäpli öýsüz-öwzarsyz galdyňyzmy? Belki-de, durmuşyňyzda apy-tupan ýaly kynçylyklar bolandyr? Meselem, agyr keselden ejir çekýänsiňiz, el-aýagyňyz ýüpsüz baglanan ýalydyr ýa-da gaýgy-gama batyp ruhdan düşýänsiňiz. Şeýle ýagdaýda Ýehowa bil baglaň, ýürekden doga ediň we Onuň geçmişde eden ýagşylyklary hakda oýlanyň. Şonda siziň imanyňyz berkär (Zeb. 77:11). Unutmaň, Ýehowa sizi hiç haçan ýeke goýmaz! w21.11 sah. 22, abz. 7, 10
Ogurlyk etmäň (3 Mus. 19:11).
Käbirleri: «Men şu tabşyryga eýerýärin, iliň zadyny almaýaryn, ogurlyk etmeýärin» diýmegi mümkin. Ýöne bu tabşyryk has köp zady öz içine alýar. Eger söwdagär kem ölçäp berse ýa-da tereziden iýse, onda ogurlyk etdigi bolýar. 3 Musa 19:13-de: «Hiç kimi aldawa salma» diýilýär. Diýmek, adamlar bilen iş salşanda, olary aldamak hem ogurlyk hasaplanýar. 3 Musa 19-njy bap bize sekizinji tabşyryga has gowy düşünmäge kömek edýär we hiç kimiň hakyny iýmän, halal, dogruçyl ýaşamagy öwredýär. Biz Ýehowanyň ogurlygy we hilegärligi ýigrenýändigini ýatdan çykarmaly däl. 3 Musa 19:11—13-nji aýatlar hakda oýlanyp, özümize şeýle soraglary bereliň: «Men öýde we işde dogruçyl bolmaga jan edýärinmi? Ýa-da käte mekir ýüregime gulak asýarynmy?» w21.12 sah. 9, 10, abz. 6—8
Ýehowanyň sizi ýürekden bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi ýürekden bagyşlamaly (Kol. 3:13).
Doga edeniňizde, günüň dowamynda eden ýalňyşyňyzy aýdyň we Ýehowadan ötünç soraň. Eger agyr günä eden bolsaňyz, onda ýaşululara ýüz tutsaňyz gowy bolar. Olar sizi mähirli diňlärler we Hudaýyň Sözi arkaly maslahat bererler. Olar siziň bilen «doga ederler» we Ýehowa ýalbaryp, töleg gurbany arkaly günäňizi bagyşlamagyny, size ýene-de aýak üstüne galmaga kömek etmegini sorarlar (Ýak. 5:14—16). Isanyň beren töleg gurbany hakda oýlanmagyň köp peýdasy bar. Belki, size Hudaýyň Oglunyň ejir çekip ölşüni göz öňüne getirmek kyndyr. Ýöne Isanyň beren töleg gurbany barada näçe köp oýlansaňyz, oňa we Atasyna bolan söýgiňiz has-da artar. Her ýyl geçirilýän Ýatlama agşamyna adamlary çagyrsak we özümiz hem gatnaşsak, Isanyň beren töleg gurbanyna minnetdarlygymyz has-da artar. Ýehowanyň Ogly hakda adamlara wagyz etmek uly hormat! w21.04 sah. 18, 19, abz. 13—16
Isa adamlara köp zatlary öwredip başlady (Mar. 6:34).
Bir gün Isa daga çykyp, uzak gije Hudaýa doga-dileg edýär. Isa dagdan düşüp düzlüge baranda, uly märekäni görüp ýüregi awaýar. Isa ýadaw bolsa-da syrkawlary sagaldýar we garyp-gasarlara göwünlik berip, hoş habary wagyz edýär. Onuň şol wagzy «Dagdaky wagyz» diýip atlandyryldy we taryhda öçmejek yz galdyrdy (Luka 6:12—20). Isa pygamber adamlar üçin wagtyny gaýgyrmaýardy. Ol suwa çümdürýän Ýahýanyň kellesiniň kesilendigini eşidýär. Mukaddes Kitapda: «Isa gaýyga münüp, bir çola ýere gitdi» diýilýär (Mat. 14:10—13). Emma Isa gaýykdan düşende uly märekäni görýär. Adamlar ol ýere Isadan öň barypdyrlar. Isa olaryň göwünlik beriji sözlere mätäçdigine düşünýär we Hudaý hakda «köp zatlary öwredip başlaýar» (Mar. 6:31—33; Luka 9:10, 11). w22.02 sah. 21, abz. 4, 6
Ähli adamlar bilen oňşup ýaşajak bolalyň (Rim. 12:18).
Eger biz kimdir biriniň göwnüne degen bolsak näme?! Onda Ýehowa doga edip, ýaraşmak üçin edýän tagallamyza ak pata bermegini diläliň. Biz niýetimizi barlamak üçin özümize şeýle soraglary bermeli: men doganym bilen ýaraşmak üçin özümi kiçeltmäge we ötünç soramaga taýynmy? Men doganym bilen ýaraşmak üçin ilkinji ädimi ätsem, Ýehowa bilen Isa begenmezmi näme?! Şu soraglar hakda oýlansak, Isa pygambere gulak asarys we ýaraşmak üçin elimizde baryny ederis. Eger biz doganymyz bilen ýaraşmak islesek özümizi kiçeldip, oňa hormat goýmaga taýyn bolmaly (Efes. 4:2, 3). Biz doganymyzyň ýanyna öýkesini ýazmak üçin barmaly. Kimiň günäkär, kimiň günäkär däldigini anyklamakdan doganyň bilen ýaraşmak has wajypdyr (1 Kor. 6:7). w21.12 sah. 26, abz. 13—16
Isa... şäheri görüp aglady (Luka 19:41).
Isa adamlaryň Patyşalyk baradaky hoş habary diňlemejekdigini bilip örän gynandy. Ol Iýerusalimiň ýer bilen ýegsan ediljegini we ilatynyň ýesir düşjegini bilýärdi (Luka 21:20—24). Gynansak-da, adamlar Isanyň aýdýan habaryna seslenmediler. Siziň ýaşaýan ýeriňizdäki adamlar Patyşalyk baradaky hoş habary diňleýärmi? Eger diňlemeýän bolsa, onda Isa pygamberiň göreldesine eýerip bilersiňiz. Ýehowa adamlaryň aladasyny edýär. Isanyň aglamagy Ýehowanyň adamlara bolan söýgüsiniň aýdyň subutnamasy. Allatagala «hemmeleriň toba edip, halas bolmagyny isleýär» (2 Pet. 3:9). Biz Patyşalyk baradaky hoş habary janymyzy aýaman wagyz etsek, adamlary söýýändigimizi subut ederis (Mat. 22:39). w22.01 sah. 16, 17, abz. 10—12
Saňa bagly ýüregim, sag eliň bilen meni berk tutarsyň (Zeb. 63:8).
Ýehowanyň biziň üçin we halky üçin eden ýagşylyklary hakda oýlansak imanymyz berkär. Esasy zat bolsa Ýehowany ýürekden söýeris. Eger Ýehowany söýsek, höwes bilen gulak asarys, Ony razy etmek üçin islendik zatdan geçmäge taýyn bolarys we synaglarda berk durarys (Mat. 22:37—39; 1 Kor. 13:4, 7; 1 Ýah. 5:3). Hawa, Ýehowa bilen dostlugymyz hemme zatdan wajypdyr! (Zeb. 63:1—8). Ýehowa sežde etmek üçin doga etmegiň, Mukaddes Kitaby okamagyň we oýlanmagyň wajypdygyny hiç haçan unutmalyň. Biz Isa pygamberiň göreldesine eýerip, Ýehowa doga etmek we Mukaddes Kitaby okamak üçin asuda ýer tapmaly. Hudaýa sežde edenimizde hiç zat ünsümizi bölmez ýaly we pikirimizi jemläp biler ýaly, Ýehowa doga edip kömek soramaly. Şonda gökdäki Atamyz tagallamyza ak pata berer we ebedi ýaşaýşy sowgat eder (Mar. 4:24). w22.01 sah. 31, abz. 18—20
Erbetligi ýigreniň (Rim. 12:9).
Adamyň oý-pikiri edýän işlerine täsir edýär. Isa pygamber hem erbet Mat. 5:21, 22, 28, 29). Biziň her birimiz gökdäki Atamyz Ýehowany begendirmek isleýäris. Geliň, erbet pikirleriň aňymyzy eýelemegine ýol bermäliň! Isa pygamber: «Adamyň agzyndan çykýan söz, aslynda, ýüreginden çykýar» diýdi (Mat. 15:18). Adamyň edýän gürrüňleri onuň kimdigini aýan edýär. Şu soraglar size özüňizi tanamaga kömek eder: men zyýanyma bolsa-da dogrymy aýdýarynmy? Ýanýoldaşymdan başga biri bilen näz-kereşme edýärinmi? Biri göwnüme degende gahardan ýaňa ýarylaýjak bolýarynmy? Men hapa, sögünç sözleri aýdýarynmy ýa-da edepsiz gürrüňleri edýärinmi? Eger «öňki häsiýetleri egnimizden çykarmak» islesek, göçme manydaky ilikleri açmaly, ýagny sögünç, ýalan, ahlaksyz gürrüňlerden gaçmaly. w22.03 sah. 5, abz. 12—14
pikirler bilen aňyny zäherlän adamyň agyr günä etjekdigini aýdypdy (Maslahatlaşýanlar akyldarlyk gazanýar (Nak. 13:10).
Hiç kime sala salmaýan adama garanyňda, başgalar bilen maslahatlaşýan adam hemişe Ýehowany begendirýän karara gelýär. Şol sebäpli her bir ädimde Ýehowany söýýän adamlar bilen maslahatlaşsak gowy bolar. Biz dogan-uýalardan haýsy ýagdaýlarda maslahat soramaly? Aýdaly, uýa ökdelik bilen Mukaddes Kitap okuwyny geçirmek isleýär. Ol tejribeli wagyzçyny sapagyna çagyryp, ökde mugallym bolmak üçin näme etmelidigini sorap biler. Uýa özüne eşik satyn almakçy bolýar. Ol ilki bilen aljak eşigini uly ýaşly uýa görkezip, onuň pikirini sorap biler. Dogan ilkinji gezek jemagat nutugy bilen çykyş edýär. Ol ökde nutukçylardan nutugy ünsli diňläp, soňra maslahat bermegi haýyş edip biler. Köp ýyldan bäri nutuk bilen çykyş edýän doganlar hem ökde nutukçylardan maslahat sorap, oňa eýerseler paýhasly bolar (Nak. 19:20). w22.02 sah. 13, abz. 15—17
Men ýeke däl, meni iberen Atam meniň bilendir (Ýah. 8:16).
Ýehowa bizi söýýär we hemişe aladamyzy edýär. Isa ýer ýüzünde ýaşanda Ýehowa söwer Oglunyň aladasyny edýärdi we hemişe goldaýardy (Ýah. 5:20). Ýehowa Oglunyň imanyny berkidýärdi, kyn güne düşende ruhlandyrýardy we iýjek-içjegini ýetirip durýardy. Şeýle-de Ýehowa Isany söýýändigini we ondan razydygyny aýdýardy (Mat. 3:16, 17). Isa Atasynyň hemişe ýardam berjekdigini bilýärdi we özüni ýeke duýmaýardy. Bizem Isa ýaly Ýehowa Atamyzyň her birimizi söýýändigini duýýarys. Oýlanyp göreliň, Ýehowa biziň bilen dostlaşýar we agzybir halkynyň arasyna goşýar. Ol dogan-uýalar arkaly göwnümizi göterýär we kyn güne düşenimizde ruhlandyrýar (Ýah. 6:44). Şeýle-de Mukaddes Kitaba esaslanan edebiýatlar arkaly imanymyzy berkidýär. Ol biziň aladamyzy edip, iýjegimizi, geýjegimizi ýetirip durýar (Mat. 6:31, 32). Gökdäki Atamyz Ýehowanyň bizi söýýändigi barada oýlansak, bizem ony ýürekden söýeris. w21.09 sah. 22, abz. 8, 9
Öňki häsiýetleriňizi we köne işleriňizi goýuň (Kol. 3:9).
Siz Ýehowanyň Şaýatlary bilen Mukaddes Kitap okuwyna başlamankaňyz nähili ýaşaýardyňyz? Belki, şol günleri ýatlasymyz hem gelýän däldir. Biz agy-garany saýgaryp bilmeýärdik, umytsyzdyk we Hudaýy tanamaýardyk (Efes. 2:12). Mukaddes Kitap okuwyny geçeniňizde Ýehowanyň sizi ýürekden söýýändigini bildiňiz. Siz hak Allany razy etmek we onuň halkyna goşulmak üçin garaýşyňyzy, pikiriňizi, durmuşyňyzy üýtgetmelidigine düşündiňiz. Ýehowanyň ýokary ahlak kadalary boýunça ýaşamak üçin aýgytly ädimleri ädip başladyňyz (Efes. 5:3—5). Ýehowa ähli zady ýaradan hak Hudaýdyr. Ol biziň Atamyz, biz bolsa onuň perzentleri. Şol sebäpli Ýehowanyň ýagşy-ýaman babatda kanun çykarmaga haky bar. Ol biziň suwa çümdürilmänkäk «öňki häsiýetlerimizi we köne işlerimizi egnimizden çykarmagymyzy» talap edýär. w22.03 sah. 2, abz. 1—3
Meniň... başga goýunlarym hem bar (Ýah. 10:16).
«Başga goýunlar» Ýatlama agşamyna gatnaşyp şatlanýarlar we aljak sylagy hakda oýlanýarlar. Olar Ýatlama agşamynda aýdyljak nutuga sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Nutukda Isa Mesihiň we saýlanan mesihçileriň müň ýylyň dowamynda etjek işleri hakda aýdylýar. Saýlananlar Isa Mesihiň ýolbaşçylygynda ýer ýüzüni Jennete öwrerler we Hudaýa gulak asýan adamlary kämillige ýetirerler. Ýatlama agşamyna gatnaşýan millionlarça adamlar Işaýa 35:5, 6; 65:21—23 we Ylham 21:3, 4-nji aýatlardaky pygamberlikleriň ýerine ýetjek gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Olar Jennetde dogan-garyndaşlary bilen bagtly ýaşajak günlerini göz öňüne getirýärler we Ýehowa hemişe wepaly bolmagy ýüregine düwýärler (Mat. 24:13; Gal. 6:9). w22.01 sah. 21, abz. 5—7
Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (9-njy nisanda Gün batandan soň bolan wakalar) Matta 26:6—13
Ynsan ogly... köpleriň ugrunda janyny töleg hökmünde bermek üçin geldi (Mar. 10:45).
Töleg näme? Adam atanyň ýitiren ýaşaýşyny satyn almak üçin, Isa pygamberiň tölän bahasy (1 Kor. 15:22). Biz näme üçin tölege mätäç? Ýehowanyň adalatly kanunyna görä jan ýerine jan berilmelidi (2 Mus. 21:23, 24). Adam ata günä edip, kämil ýaşaýşy ýitirdi. Hudaýyň adalatly kanunyna laýyklykda, Isa pygamber hem kämil janyny gurban berdi (Rim. 5:17). Şeýdip, ol töleg gurbanyna iman edýän adamlaryň «ebedilik atasy» boldy (Işa. 9:6; Rim. 3:23, 24). Isa pygamber Ýehowany we adamlary ýürekden söýýändigi üçin şirin janyny gurban bermäge taýyndy (Ýah. 14:31; 15:13). Ol gökdäki Atasynyň islegini hemişe ýerine ýetirmegi ýüregine düwdi we soňky demine çenli wepaly boldy. Indi tizden-tiz Ýehowanyň adamzat we ýer ýüzi babatdaky niýeti amala aşar. w21.04 sah. 14, abz. 2, 3
Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (9-njy nisanda bolan wakalar) Matta 21:1—11, 14—17