Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Noýabr

1-nji noýabr, çarşenbe

Noýabr

Olaryň hemmesi Ýehowadan tälim alarlar (Ýah. 6:45).

Ýehowa bizi hemişe goldaýar. Belki, wagyzda adamlar üstüňize gygyrandyr. Şonda Ýehowa kalbyňyza rahatlyk berendir. Şeýle-de öý eýesiniň ýüregine täsir etjek aýady ýadyňyza salandyr ýa-da adamlar sizi diňlemese-de, ruhdan düşmän wagyz etmäge kömek edendir (Ýer. 20:7—9). Ýehowa bize hoş habary wagyz etmegi öwredip, goldaw berýär. Biz hepdäniň başyndaky duşuşykda gürrüňdeşlik üçin teklipleriň wideosyny görýäris. Wideodaky maslahatlar ökde wagyzçy bolmaga kömek edýär. Elbetde, başda täze usullar bilen wagyz etmek kyn bolýar. Ýöne şeýle usullar arkaly has ökdelik bilen wagyz edip bolýandygyna göz ýetirýäris. Käte ýygnaklarda we kongreslerde hoş habary täze usullar bilen wagyz etmek maslahat berilýär. Başda kyn bolsa-da, täze usullar bilen yhlasly wagyz etsek, Ýehowanyň goldawyny duýarys. w21.08 sah. 27, abz. 5, 6

Wagtyňyzy paýhasly ulanyň, sebäbi erbet günlerde ýaşaýarys (Efes. 5:16).

Pawlus Korinfdäki dogan-uýalara berk maslahat berýär. Soňra Titusy iberýär. Pawlus olaryň maslahaty ýürekden kabul edendigini eşidip begenýär (2 Kor. 7:6, 7). Ýaşulular dogan-uýalar bilen ýygy-ýygydan gürrüňdeş bolmaly. Munuň üçin olara köp wagt gerek bolmaz. Eger olar ýygnaga irräk gelseler, dogan-uýalary birki agyz söz bilenem ruhlandyryp bilerler (Rim. 1:12). Pawlusyň göreldesine eýerýän ýaşuly aýatlar arkaly dogan-uýalary ruhlandyrýar we her bir mümkinçilikden peýdalanyp öwýär. Ol maslahat berende Mukaddes Kitaba esaslanýar we nämäniň üstünde işlemelidigini açyk aýdýar, ýöne mähirli bolmagy unutmaýar (Gal. 6:1). w22.03 sah. 29, abz. 11, 12

Biz gullugymyzy öz güýjümiz bilen däl-de, Hudaýyň güýji bilen edýäris, sebäbi berlen hazynany toýun gaplarda saklaýarys (2 Kor. 4:7).

Ýehowa şu günler hem halkyna güýç berip, wepaly bolmaga kömek edýär. Ýehowa doga etsek, ol bize güýç berer. Pawlus resul «her ýagdaýda... doga-dileg» etmegi maslahat berýär (Efes. 6:18). Biz Ýehowa doga-dileg edip, ýüregimizi döksek güýç-kuwwat berer. Käte biz kynçylyklar sebäpli göwnüçökgünlige düşüp, doga-dileg edenimizde näme aýtjagymyzy bilýän däldiris. Ýehowa şonda-da biziň doga-dileg etmegimize garaşýar (Rim. 8:26, 27). Şeýle-de Ýehowa Sözi arkaly güýç berýär. Pawlus resul Mukaddes Kitaby okanda, güýjüne güýç goşulýardy we kalby rahatlyk tapýardy (Rim. 15:4). Biz hem Pawlusyň göreldesine eýermeli. Eger Mukaddes Kitaby okasak hem oýlansak, Ýehowa mukaddes ruhy arkaly aýatlara has gowy düşünmäge we durmuşda ulanmaga kömek eder (Ýew. 4:12). w21.05 sah. 22, abz. 8—10

Hudaý... ýüregiňizde isleg döredip, şony etmäge güýç hem berer (Flp. 2:13).

Biz şägirt taýýarlamagyň jogapkärli işdigine düşünýäris. Ýöne käbir sebäplere görä, Mukaddes Kitapdan okuw geçmek kyn bolup biler. Belki, ýagdaýymyz çäklidir. Biz garrylyk ýa-da ýarawsyzlyk sebäpli Mukaddes Kitapdan okuw geçirip bilýän däldiris. Ýöne biz elektron enjamlary arkaly okuw geçmegi öwrendik. Indi öýümizden çykman hem adamlar bilen Mukaddes Kitap okuwyna başlap bilýäris. Elektron enjamlary arkaly okuw geçmegiň ýene bir peýdasy bar. Käbir adamlaryň Mukaddes Kitap okuwyny geçesi gelýär, ýöne uzakly gün işleýändikleri üçin wagty bolmaýar. Olara okuw geçmek irden ýa-da agşam amatly bolýar. Siz olar bilen okuwa başlap bilersiňizmi? Isa pygamber Nikodime Hudaý barada gije gürrüň berdi, sebäbi Nikodime şol wagt amatlydy (Ýah. 3:1, 2). w21.07 sah. 5, abz. 10, 11

Halk agzy bilen maňa alkyş aýdýar, diňe dilinde maňa hormat goýýar, emma ýüregi menden uzakdadyr (Işa. 29:13).

Suwa çümdürýän Ýahýanyň şägirtleri Isanyň resullarynyň agyz beklemeýändikleri üçin ör-gökden geldiler. Isa olara özi dirikä şägirtleriniň agyz beklemejegini aýtdy (Mat. 9:14—17). Isa pygamber ýehudylaryň dini däp-dessurlaryny berjaý etmeýärdi, şol sebäpli fariseýler ony ýazgarýardy. Isa Sabat güni syrkaw adamlary sagaldanda, olar gahar-gazaba münýärdi (Mar. 3:1—6; Ýah. 9:16). Olar agzyny dolduryp: «Biz Sabat gününi mukaddes hasaplaýarys» diýýärdiler, emma ybadathanada söwda-satyk edýärdiler. Isa satyjylary we alyjylary ybadathanadan kowanda, olar gahardan ýaňa ýarylaýjak boldular (Mat. 21:12, 13, 15). Bir gün Isa Nazaret şäherindekä sinagogada wagyz edýär. Ol adamlaryň nebsine çapýandygyny we imanynyň gowşakdygyny görkezmek üçin, Mukaddes Kitapdaky wakalary gürrüň berýär. Şonda adamlar gahar-gazaba münýärler (Luka 4:16, 25—30). Isa adamlaryň tamasyny ödemändigi üçin, oňa iman etmediler (Mat. 11:16—19). w21.05 sah. 6, abz. 13, 14

Onuň her dürli ýollar bilen duzaga salýandygyny bilýäris (2 Kor. 2:11).

Ýehowa bizi tekepbirligiň we açgözlügiň duzagyndan goramak isleýär. Ol Mukaddes Kitaba şol duzaklara düşen adamlar hakda ýazdyrdy. Açgözlük hakda gürrüň edeniňde, ilki bilen Şeýtan göz öňüňe gelýär. Ol başda Hudaýyň wepaly perişdesidi, hormatly borçlary bardy. Emma Şeýtan baryna kaýyl bolmady. Ol açgözlük edip, perişdeleriň, adamlaryň Ýehowa Hudaýa däl-de, özüne sežde etmegini isledi. Şeýtan biziň hem barymyza kaýyl bolman, açgöz bolmagymyzy isleýär. Şeýtan How enäni hem açgözlügiň toruna düşüripdi. Ýehowa Adam ata bilen How enä dürli-dümen ir-iýmişleri berdi (1 Mus. 2:16). Ýöne diňe bir agajyň miwesinden iýmeli däldigini aýtdy. How ene Hudaýyň gadagan eden agajynyň miwesinden iýdi. Ol baryna kaýyl bolmady, has köp zat isledi. Şeýdip, günä etdi we aradan çykdy (1 Mus. 3:6, 19). w21.06 sah. 14, abz. 2, 3; sah. 17, abz. 9

Perzent dünýä indirip, köpeliň, ýer ýüzüni dolduryň we eýeçilik ediň (1 Mus. 1:28).

Ýehowanyň niýetine görä, Adam ata bilen How ene köpelmelidi we bütin ýer ýüzüni bagy-bossanlyga öwürmelidi. Eger Adam ata bilen How ene Allany razy edip ýaşan bolsadylar, onda hem özleri, hem çagalary Allanyň eziz balalary bolardy. Ýehowa Adam ata bilen How enäni eziz perzentleri hökmünde ýürekden söýýärdi. Dawut pygamber Ýehowanyň adamlary söýýändigi barada şeýle diýdi: «Ony perişdelerden sähelçe peseltdiň, başyna şöhrat täjini geýdirdiň» (Zeb. 8:5). Elbetde, adamlar perişdeler ýaly güýç-kuwwatly we akyl-paýhasly däl (Zeb. 103:20). Ýöne Allatagala adamlary ajaýyp häsiýetler bilen bezäp, başyna «şöhrat täjini geýdirdi». Adam ata bilen How ene gökdäki Atasyny gynandyrdylar we onuň ogul-gyzy bolmakdan mahrum boldular. Olar diňe özüne däl, bütin nesline zyýan ýetirdiler. Emma Ýehowa öz niýetinden dänmedi. Ol gulak asýan adamlary öz perzentleri hökmünde kabul etmek isleýär. w21.08 sah. 2, 3, abz. 2—4

Aýdan zatlarym goşun ýa-da ynsan güýji bilen däl-de, meniň ruhum bilen amala aşar — muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar (Zek. 4:6).

Şu günler Ýehowanyň halkyny yzarlaýarlar. Wagyz işi çäklendirilen ýa-da gadagan edilen ýurtlarda dogan-uýalary tussag edýärler. Olary «hökümdarlaryň, patyşalaryň öňüne alyp barýarlar». Şonda dogan-uýalar döwlet işgärlerine hem wagyz edip bilýärler (Mat. 10:17, 18). Şeýlelikde, dogan-uýalar hoş habary arkaýyn wagyz edip bilýär. Käbir ýurtlarda Ýehowanyň Şaýatlarynyň wagyz işine rugsat edilen, emma olara dogan-garyndaşlary garşy çykyp, imandan dändirjek bolýarlar (Mat. 10:32—36). Olar Ýehowa söýgimizi sowadyp bilmejegine düşünenlerinde azar bermegini bes etdiler, hatda käbirleri Ýehowanyň Şaýady boldular. Eger sizem yzarlamalara ýa-da garşylyklara duş gelýän bolsaňyz ruhdan düşmäň. Hiç zatdan gorkmaň, mert boluň! Ýehowa siziň sag eliňizden tutup, mukaddes ruhy arkaly goldar! w22.03 sah. 16, abz. 8

Eý Ýehowany söýýänler, erbetligi ýigreniň! (Zeb. 97:10).

Ýehowa «tekepbir gözleri, ýalançy dili, bigünä gany dökýän elleri» nejis hasaplaýar (Nak. 6:16, 17). Ol «zalym we hilegär» adamlary ýigrenýär (Zeb. 5:6). Şeýle adamlary Ýehowa Nuh pygamberiň günlerinde ýok etdi. Sebäbi «olardan ýaňa ýer ýüzi zalymlykdan doldy» (1 Mus. 6:13). Ýehowa Melek pygamber arkaly ýanýoldaşyna biwepalyk edýänleri we maşgalasyny bozýanlary ýigrenýändigini aýdýar. Hudaý olaryň seždesini kabul etmeýär we olardan hasabat sorar (Mel. 2:13—16; Ýew. 13:4). Ýehowa biziň «erbetligi ýigrenmegimizi» we nejis hasaplamagymyzy isleýär (Rim. 12:9). Biz ýigrenji, nejis zady görenimizde aňrymyz bärimize gelýär. Edil şonuň ýaly, Ýehowanyň ýigrenýän zatlary hakda oýlanmagy hem nejis hasaplamaly. w22.03 sah. 5, abz. 11, 12

Hudaýa umyt edýänleriň ählisi bagtlydyr (Işa. 30:18).

Gökdäki Atamyz Ýehowa tizden Patyşalygy arkaly bol bereket berer. Ýehowa Hudaýa sabyrly garaşýan adamlar hem häzir, hem gelejekde bol bereketleri alarlar. Jennetde Hudaýyň wepaly bendeleri jebir-jepadan, gaýgy-hasratdan azat bolar we bütin ýer ýüzünde adalat dikeldiler (Ylh. 21:4). Biz: «Näme iýeris? Näme içeris?» diýip alada etmeris, sebäbi mes toprak bol hasyl getirer (Zeb. 72:16; Işa. 54:13). Gör, nähili ajaýyp durmuş! Ýehowa bizi häzirden Hudaýyň Patyşalygynyň raýaty bolmaga taýýarlaýar. Biz Hudaýyň kömegi bilen erbet endiklerimizi ýeňýäris we ýagşy häsiýetleri ösdürýäris. Geliň, ruhdan düşmäliň, Ýehowa bilen ýakyndan dostlaşalyň! Bize ýagty gelejek garaşýar, tizden ähli arzuwymyz hasyl bolar. Ýehowa Hudaýyň niýeti doly amala aşýança sabyrly garaşalyň! w21.08 sah. 13, abz. 17—19

Ýagşylyk etmegi we başgalar bilen zadyňyzy paýlaşmagy unutmaň, sebäbi Hudaý şeýle sadakalary halaýandyr (Ýew. 13:16).

Pawlusyň ýazan hatyndan köp wagt geçmänkä, Ýahudadaky mesihçiler öýüni, işini we dogan-garyndaşlaryny goýup, «daglara gaçmaly» boldular (Mat. 24:16). Olar ýat ýurtda arkalaşyp, biri-birini goldamalydylar. Dogduk mekanynda Pawlusyň maslahatyna eýeren mesihçilere ýat ýurtda hem imandaşlaryny goldamak kyn düşen däldir. Dogan-uýalaryň käbiri başgalara ýük bolmajak bolup, kömege mätäçdigini aýtmaýarlar. Goý, olar size arkaýyn ýüz tutup bilsin. Ýygnakda kömege taýyn dogan-uýalaryň bolmagy uly bereket. Biz olara islendik wagt ýüz tutýarys, sebäbi olaryň gaşyny çytman kömek etjekdigini bilýäris. Biz olaryň göreldesine eýermek isleýäris. w22.02 sah. 23, 24, abz. 13—15

Parahatlygy saklaň, mukaddes ruhuň beren agzybirligini goramaga jan ediň (Efes. 4:3).

Soňky ýyllarda käbir ýygnaklar birleşdirildi we başga etraba geçirildi. Şeýle ýagdaýda dost-ýarlarymyzy we dogan-garyndaşlarymyzy goýup başga ýygnaga geçmek aňsat düşmez. Elbetde, Ýehowa wagyzçylaryň haýsy ýygnaga geçmelidigini ýaşululara görnüş arkaly aýtmaýar. Şonuň üçin olaryň görkezmesine eýermek kyn bolup biler. Ýehowa ýaşululara ynanýar. Geliň, bizem olaryň kararyny ýürekden goldalyň. Käte ýaşulularyň gelen karary bilen ylalaşmak kyn hem bolsa, olary goldap eginme-egin işleşmeli. Şonda biz Hudaýyň halkynyň arasynda agzybirligiň bolmagyna goşant goşarys. Eger dogan-uýalar ýaşulular maslahatynyň kararyna pesgöwünlilik bilen eýerseler ýygnak gülläp öser (Ýew. 13:17). Biz ýaşululara gulak assak, Ýehowa bil baglaýandygymyzy görkezeris. Sebäbi Ýehowa olara halkynyň aladasyny etmegi tabşyrdy (Res. 20:28). w22.02 sah. 4, 5, abz. 9, 10

Ýygnakda hemişe okap, öwredip we öwüt-ündew berip dur (1 Tim. 4:13).

Siz suwa çümdürilen bolsaňyz, ökde nutukçy we mugallym bolmagy maksat edinip bilersiňiz. Siz ýygnakda makalalary gowy okasaňyz, nutuk bilen çykyş etseňiz we ökdelik bilen öwretseňiz, dogan-uýalaryň imany berkär (1 Tim. 4:13). «Gowy okamagy we mugallym bolmagy öwreniň» broşýuranyň her sapagyny özleşdiriň. Nutuk bilen çykyş etmänkäňiz broşýuranyň bir sapagyny gowy öwreniň, nutugyňyzy ençeme sapar gaýtalaň we nutuk bilen çykyş edeniňizde sapakdaky maslahatlara eýeriň. Maslahat berýän dogandan ýa-da «Hudaýyň sözüni aýdyp we öwredip, köp zähmet çekýän» ýaşululardan kömek soraň (1 Tim. 5:17). Broşýuradaky maslahatlary diňe bir öwrenmek bilen çäklenmän, dogan-uýalaryň imanyny berkitmäge we öwrenen zatlaryny durmuşynda ulanmaga höweslendirmäge jan ediň. Şonda siz hem, dogan-uýalar hem ýürekden şatlanar. w21.08 sah. 24, abz. 17

Pesgöwünli boluň, başgalary özüňizden ýokary saýyň (Flp. 2:3).

Biz ökde, ukyply dogan-uýalary özümizden ýokary saýsak, bäsdeşlik etmeris, gaýtam olara buýsanarys we guwanarys. Sebäbi olar ukyp-başarnygy bilen Ýehowany şöhratlandyrýarlar. Şeýlelikde, ýygnakda agzybirlik we parahatlyk höküm sürer. Göripligiň toruna düşmezlik üçin pespäl bolmaly. Pespäl adam mümkinçiliginiň çäklidigine düşünýär. Ol özüni dogan-uýalardan ökde, ukyply edip görkezjek bolmaýar. Gaýtam dogan-uýalary has ökde hasaplap, olardan öwrenmäge çalyşýar. Aýdaly, bir dogan nutuk bilen gowy çykyş edýär. Biz ondan nutuga nädip taýýarlanýandygyny sorap bileris. Ýa-da uýa tagamly naharlary bişirýär. Biz ondan süýji tagamlary bişirmegiň syryny sorap bileris. w21.07 sah. 16, abz. 8, 9

(Ýehowa) adalatsyzlyk etmez (5 Mus. 32:4).

4 Musa kitabyndan Sabat güni odun çöplän adama Ýehowanyň ölüm jezasyny berendigi hakda okaýarys. 2 Şamuwel kitabyndan bolsa, ahlaksyzlyk eden we bigüna gan döken Dawut patyşany Ýehowanyň bagyşlandygyny bilýäris (4 Mus. 15:32, 35; 2 Şam. 12:9, 13). Belki, biz: «Ýehowa näme üçin agyr günä eden Dawut patyşany bagyşlaýar-da, odun çöplän adamy ölüme höküm edýär?» diýip oýlanýandyrys. Mukaddes Kitapda ähli jikme-jiklikler ýazylmaýar. Meselem, biz Dawudyň toba edendigini bilýäris (Zeb. 51:2—4). Emma Sabat baradaky kanuny bozan adam eden işine ökündimi? Ol öňem Ýehowanyň kanunlaryny bozýardymy? Ol berlen duýduryşlara gulak asýardymy ýa-da äsgermezlik edýärdi? Mukaddes Kitapda bu soraglaryň jogaby aýdylmaýar. Emma biz Ýehowany gowy tanaýarys. Ol «ähli ýollarynda adalatly» Hudaý (Zeb. 145:17). w22.02 sah. 3, abz. 3, 4

Akyldarlyk bolsa pespäller bilendir (Nak. 11:2).

Pespäl adam özünden köp zat talap etmeýär. Şeýlelikde, ol özüni bagtly duýýar we edýän işinden hoşal bolýar. Pespäl adamy ýük maşynyň sürüjisine meňzetse bolýar. Sürüji depä galmak üçin maşynyň tizligini peseltmeli bolýar. Elbetde, ol haýal sürse-de, ýoluny dowam edip bilýär. Şonuň ýaly pespäl adam hem gerek wagty tizligini peseldýär. Şeýdip, ol şatlygyny ýitirmän, Ýehowa yhlasly gulluk edýär we dogan-uýalara höwes bilen kömek edýär (Flp. 4:5). Geliň, 80 ýaşly goja Barzylla hakda gürrüň edeliň. Günlerde bir gün Dawut patyşa ony köşgünde gulluk etmäge çagyrýar. Barzylla pespällik bilen patyşanyň teklibinden ýüz öwürýär. Barzylla köşkde patyşa hyzmat edip bilmejegini boýun alýar. Ol özüne derek ýaş ýigit Kimhamy teklip edýär (2 Şam. 19:35—37). Şu günlerem garry doganlar Barzyllanyň göreldesine eýerip, öz borjuny ýaşlara höwes bilen ynanýarlar. w21.09 sah. 10, abz. 6, 7

Ogly Atadan başga hiç kim tanaýan däldir. Atany-da Oglundan we Oglunyň tanatmak isleýän adamlaryndan başga hiç kim tanaýan däldir (Luka 10:22).

Size Ýehowa «Atam» diýip ýüzlenmek kyn bolýarmy? Belki-de, kakaňyz urup-sögüp terbiýelänsoň, atalyk mährine zar bolansyňyz. Şonuň üçinem size Ýehowany mähirli Ata hökmünde göz öňüne getirmek kyn bolýandyr. Ýöne Ýehowa biziň ýürek ýaralarymyzy görýär we duýgularymyza düşünýär. Muny bilmek bizi örän ruhlandyrýar. Ýehowa biziň bilen dostlaşmak isleýär. Mukaddes Kitapda: «Hudaýa ýakynlaşyň, ol hem size ýakynlaşar» diýilýär (Ýak. 4:8). Ýehowa bizi söýýär we biziň aladamyzy edip, mähirli Ata boljagyny söz berýär. Isa pygamber bize Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek edýär. Ol Ýehowany gowy tanaýar we onuň ähli häsiýetlerine eýerýär. Isa: «Meni gören Atany-da görendir» diýdi (Ýah. 14:9). Agasynyň jigisine öwredişi ýaly, Isa hem bize Ýehowa hormat goýmagy, tabyn bolmagy we ony gynandyrman, hemişe razy edip ýaşamagy öwredýär. Isanyň aýdan sözleri we eden işleri Ýehowanyň mähirli hem-de söýgüden doly Atadygyny görkezdi. w21.09 sah. 21, abz. 4, 5

Size ynanylan Hudaýyň sürüsini bakyň (1 Pet. 5:2).

Ýehowanyň Şaýatlary hak Hudaýa agzybir sežde edýär. Ýehowa ýaşululara uly jogapkärçilik ynandy. Eger mesihçi agyr günä etse, ýaşulular ony ýygnak gatnaşygyndan kesmelimi ýa-da kesmeli däldigini çözmeli bolýar. Munuň üçin olar günäkäriň ýürekden toba edýändigini anyklamaly. Belki, günäkär ökünýän ýaly görünýändir. Emma ol eden işini ýigrenýärmi? Günäsini gaýtalamazlygy ýüregine düwdümi? Onuň günä etmegine erbet dostlary sebäp bolan bolsa, olar bilen gatnaşmagyny goýdumy? Ýaşulular karara gelmezden öň Hudaýa doga edýärler. Olar subutnamalary, Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryny we günäkäriň garaýşyny göz öňünde tutýarlar. Soňra olar günäkäri ýygnak gatnaşygyndan kesmelimi ýa-da kesmeli däldigini çözýärler (1 Kor. 5:11—13). w22.02 sah. 5, abz. 11, 12

Täze häsiýetleri öwreniň (Kol. 3:10).

Käbirimiziň suwa çümdürilenimize ençeme ýyl boldy, käbirimiz bolsa ýaňy-ýakynda suwa çümdürildik. Emma biziň ählimiz Ýehowany begendirip ýaşamak isleýäris. Munuň üçin Ýehowa ýaraýan zatlar hakda oýlanmaly. Näme üçin? Sebäbi biziň oý-pikirimiz edýän işlerimize täsir edýär. Eger aňymyz erbet pikirlerden doly bolsa, aýdýan sözlerimiz we edýän işlerimiz bilen Ýehowany gynandyrarys (Efes. 4:17—19). Eger biz ýagşy zatlar hakda oýlansak, aýdýan sözlerimiz we edýän işlerimiz bilen gökdäki Atamyz Ýehowanyň ýüregini şatlandyrarys (Gal. 5:16). Biz erbet pikirleri aňymyzdan doly aýryp bilmeýäris. Emma erbet pikirleriň guly bolman bileris. Suwa çümdürilmänkäk «öňki häsiýetleri egnimizden çykarmaly», ýagny Ýehowanyň ýigrenýän işlerini, hapa, sögünç sözleri we erbet endikleri taşlamaly. Şeýle-de Ýehowany razy etmek üçin «täze häsiýetleri geýmeli». w22.03 sah. 8, abz. 1, 2

Şu meselede hemme zady dogry etdiňiz (2 Kor. 7:11).

Agyr günä eden adamyň ýürekden toba edýändigini anyklamak ýygnak ýaşulularyna aňsat bolmaýar. Ýaşulular adamyň ýüregini we oý-pikirini bilmeýärler. Şol sebäpli olar günäkäriň eden işine utanyp, ýürekden ökünýändigini görmek isleýärler. Olar günäkäriň pikirini, garaýşyny we özüni alyp barşyny üýtgedendigine göz ýetirmeli. Günäkäre durmuşyny üýtgetmek üçin wagt gerek bolar. Ýygnak gatnaşygyndan kesilen adam ýürekden toba edýändigini nädip subut edip biler? Ol ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşmaly, ýaşulularyň maslahatyna eýermeli, Ýehowa hemişe doga etmeli, her gün Mukaddes Kitaby okamaly we eden günäsini gaýtalamaz ýaly synaga salýan ýagdaýlardan seresap bolmaly. Ol Ýehowa bilen dostlugyny dikeltmäge jan etse, Ýehowa ony bagyşlar. Ýaşulular hem ýygnak gatnaşygyndan kesilen adamy dikelder. w21.10 sah. 6, abz. 16—18

Asmandaky, ýerdäki... hiç bir zadyň butuny ýa şekilini ýasamaň. Olara tagzym etmäň (2 Mus. 20:4, 5).

Isa Ýehowany ýürekden söýýärdi. Ol gökde ýaşanda we ýer ýüzüne gelende diňe Ýehowa sežde edýärdi (Luka 4:8). Ol şägirtlerine hem diňe Ýehowa sežde etmelidigini öwretdi. Isa pygamber we şägirtleri Ýehowa doga-dileg edende, hiç hili but ulanmadylar. Ýehowa ruhdur, ony ynsan gözi gören däldir. Şol sebäpli hiç bir adam şan-şöhratly Ýehowanyň şekilini ýasap bilmez (Işa. 46:5). Onda näme üçin köp adamlar butlary ýasap, olara sežde edýärler? Ýehowanyň Musa pygambere beren on tabşyrygynyň ikinjisinde şu günki aýatdaky sözler aýdylýar. Şu kanundan görnüşi ýaly, Ýehowany razy etmek üçin hiç hili buta sežde etmeli däl. Taryhçylaryň aýtmagyna görä, I asyrdaky mesihçiler diňe Hudaýa sežde edipdirler. Şu günler Ýehowanyň Şaýatlary olaryň göreldesine eýerýärler. w21.10 sah. 19, 20, abz. 5, 6

Şonda jaýyň üçegindäki adam zatlaryny almak üçin öýüne girmesin (Mat. 24:17).

Isa I asyrda Ýahudada ýaşan mesihçilere «Iýerusalimiň gabaljakdygyny» öňünden aýdypdy (Luka 21:20—24). Şonda Ýahudadakylar ähli zadyny taşlap, «daglara gaçmalydy». Isa pygamberiň duýduryşyna gulak asan adamlar halas boldular. 1999-njy ýylyň 1-nji maýynda çykan «Garawul diňi» žurnalynda şeýle diýilýär: «Olar melleklerini, öýlerini, ähli goş-golamlaryny taşlap gitdiler. Olar Ýehowanyň goldajagyna we gorajagyna ýürekden ynanýardylar hem-de Hudaýa sežde etmegi birinji orunda goýdular. Gelejekde bize has agyr synaglar garaşýar. Şonda nämäni birinji orunda goýýandygymyz mälim bolar. Biz öýümizden, mal-mülkümizden geçip bilmän heläk bolarysmy ýa-da Ýehowa bil baglap halas bolarys? Dünýäniň soňy gelende köp kynçylyklara duşmagymyz mümkin. Şonda biz köp zatdan geçmeli bolarys». w22.01 sah. 4, abz. 7, 8

Ýa Allam, wepaly söýgiň meniň üçin gymmatlydyr! (Zeb. 36:7).

Ysraýyllaryň Müsürden azat bolanyna köp wagt geçmändi. Ýehowa Musa pygambere adyny, häsiýetlerini aýdyp, Özüni tanatdy. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Ýehowa, Ýehowa rehimdar, mähirli, giň göwünli, wepaly söýgä baý, sözünde durýan, müňlerçe adama wepaly söýgüsini bildirýän, etmişi, ýazygy we günäni bagyşlaýan Hudaýdyr» (2 Mus. 34:6, 7). Şu aýatlardan Ýehowanyň wepaly söýgüsiniň bir aýratynlygyny bilse bolýar. Mukaddes Kitapda Ýehowanyň «wepaly söýgä baýdygy» hakda ençeme sapar aýdylýar (4 Mus. 14:18; Neh. 9:17; Zeb. 86:15, çykgyt; 103:8; Ýow. 2:13; Ýun. 4:2). Ýehowadan başga hiç kim wepaly söýgä baý bolup bilmez. w21.11 sah. 2, 3, abz. 3, 4

Janyňyzy alada etmäň (Mat. 6:25).

Är-aýallar Petrus bilen aýalynyň göreldesine eýerip bilerler. Petrus balykçydy, maşgalasyny balyk tutup ekleýärdi. Onuň Isa bilen tanşanyna alty aý bolupdy. Indi ol wajyp karara gelmelidi. Isa ony adam tutýan balykçy bolmaga, ýagny hoş habary wagyz etmäge çagyrdy. Elbetde, Petrus sallah bolan bolsa, oňa karara gelmek kyn bolmazdy. Emma ol maşgalasynyň hem aladasyny etmelidi (Luka 5:1—11). Petrus Isanyň çakylygyny kabul edýär. Petrusyň aýaly onuň kararyny goldan bolmaly. Mukaddes Kitapdan bilşimiz ýaly, ol wagyz syýahatyna gidende, aýalyny hem alyp gidýär (1 Kor. 9:5). Petrusyň aýaly ýagşy edim-gylymly bolandygy üçin, ol arassa ynsap bilen är-aýallara maslahat berdi (1 Pet. 3:1—7). Hawa, Petrus bilen aýaly Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýsalar, Ýehowanyň olaryň aladasyny etjekdigine ýürekden ynanýardylar (Mat. 6:31—34). w21.11 sah. 18, abz. 14

Siz hem menden görelde alyň (1 Kor. 11:1).

Pawlus resul dogan-uýalary söýýärdi we olaryň ýürekden aladasyny edýärdi (Res. 20:31). Dogan-uýalar hem Pawlusy gowy görýärdiler. Bir gezek Efesdäki ýaşulular Pawlusy indi hiç haçan görmejegini bilenlerinde aglaşdylar (Res. 20:37). Şu günlerem Pawlus resul ýaly aladaçyl ýaşulular dogan-uýalary ýürekden söýýärler we olara kömek etmek üçin janyny gaýgyrmaýarlar (Flp. 2:16, 17). Emma käte ýaşulular borçlaryny gowy ýerine ýetirip bilmeýändikleri üçin ruhdan düşýärler. Olara Ýehowa şatlanyp gulluk etmäge näme kömek eder? Janaýamaz ýaşulular Pawlus resuldan köp zatlary öwrenip bilerler. Pawlus bikämildi, hemişe gowy işleri edip bilmeýändigini boýun alýardy (Rim. 7:18—20). Ol köp kynçylyklara duş gelýärdi, ýöne ruhdan düşmeýärdi we Ýehowa şatlanyp gulluk edýärdi. Ýaşulular hem Pawlusyň göreldesine eýerseler, kynçylyklara döz gelerler we Ýehowa begenip gulluk ederler. w22.03 sah. 26, abz. 1, 2

Sabat baradaky kanunymy berjaý ediň. Men Hudaýyňyz Ýehowadyryn (3 Mus. 19:3).

Şu günki aýatda Sabat baradaky kanuny berjaý etmek tabşyrylýar. Elbetde, biz Musanyň kanuny boýunça ýaşamaýarys. Şonuň üçin Sabat gününi bellemeýäris. Emma biz şu kanundan köp zatlary öwrenip bileris. Sabat güni ysraýyllar diňe Ýehowa sežde edip, hiç hili iş etmeli däldiler. Sabat güni Isa pygamber hem önüp-ösen şäherindäki sinagoga baryp, Hudaýyň Sözüni okaýardy (2 Mus. 31:12—15; Luka 4:16—18). Sabat baradaky kanun bizi näme etmäge höweslendirýär? Günüň dowamynda etmeli işlerimiz we aladalarymyz köp bolsa-da, Ýehowa sežde etmek üçin wagt tapmaly. Käte uzakly gün başagaý bolup, Hudaýa imanyňy berkitmek üçin wagt tapmak kyn bolýandyr. Belki, siz gün tertibiňizi üýtgedersiňiz. Ysraýyllar Sabat baradaky kanuny berjaý edip köp peýda alýardylar. Biz hem olaryň göreldesine eýersek, Ýehowa bilen ýakyndan dostlaşarys we mukaddes bolup bileris. w21.12 sah. 5, abz. 13

Men hudaýhon adamlary däl-de, günäkärleri toba etdirmäge geldim (Luka 5:32).

Isa pygamber adamlary ala tutmaýardy. Ol baý, atly-abraýly adamlaryň öýüne myhmançylyga barýardy, garyp-gasarlar bilen mähirli gepleşýärdi we olaryň aladasyny edýärdi. Şeýle-de ol «günäkär» hasaplanýan adamlara-da ýagşylyk edýärdi. Şol sebäpli ulumsy adamlar Isanyň pygamberdigine şübhelenýärdiler. Olar Isanyň şägirtlerinden: «Siz näme üçin salgytçylar we günäkärler bilen iýip içýäňiz?» diýip soradylar. Şonda Isa olara şu günki aýatdaky sözleri aýtdy (Luka 5:29—31). Isa ýer ýüzüne gelmänkä, Işaýa pygamber adamlaryň oňa iman etmejekdigi hakda aýdypdy. Ol şeýle pygamberlik etdi: «Ony ýigrendiler, ondan gaçdylar... Adamlar ondan ýüzüni sowýardy. Ony ýigrendiler, biz ony adam sanynda görmedik» (Işa. 53:3). Pygamberlige görä, Isany «ýigrenip, ondan gaçmalydylar». I asyrdaky ýehudylar adamlaryň Isa iman etmejekdiklerine düşünmelidi. w21.05 sah. 8, 9, abz. 3, 4

Ýehowa hem syrkawy aýak üstüne galdyrar (Ýak. 5:15).

I asyrda käbir mesihçiler maslahaty kabul etmeýärdi (Ýak. 1:22). Käbirleri bolsa garyplary äsgermän, baýlara hormat goýýardy (Ýak. 2:1—3). Başgalary bolsa dilini saklap bilmeýärdi (Ýak. 3:8—10). Elbetde, mesihçilere şeýle işleri etmek gelişmeýär. Emma Ýakup olara düzelmejek adam hökmünde garamaýar. Ýakup olara mähir bilen, ýöne gönümel maslahat berýär we ýygnak ýaşulularyndan kömek soramaga höweslendirýär (Ýak. 5:13, 14). Biziň üçin sapak: okuw geçýän adamyň ýalňyşyny açyk aýtmaly, emma oňa düzelmejek adam hökmünde garamaly däl. Okuw geçýänleriň köpüsine Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary boýunça ýaşamak kyn bolýar (Ýak. 4:1—4). Olara erbet endiklerini taşlap, ýagşy häsiýetleri ösdürmek üçin wagt gerek. Biz Ýehowanyň pesgöwünli adamlar bilen dostlaşýandygyna we olara durmuşyny üýtgetmäge güýç berýändigine ynanmaly (Ýak. 4:10). w22.01 sah. 11, abz. 11, 12

Garybyň perýadyna gulak asmaýanyň özüne-de kömek eden bolmaz (Nak. 21:13).

Biziň ählimiz Ýehowanyň göreldesine eýerip rehimdar bolmaly. Ýehowa rehimsiz adamlaryň dogalaryny diňlemeýär. Doňýürek bolsak, Ýehowa dileglerimize jogap bermez. Biz dogan-uýalaryň çekýän derdine biperwaý bolman, rehimdarlyk bilen kömek etmeli. Biz Mukaddes Kitapdaky şu duýduryşy ýatdan çykarmaly däl: «Kim rehim etmese, höküm çykarylanda, onuň özüne-de rehim edilmez» (Ýak. 2:13). Eger Ýehowanyň bize rehim etmegini islesek, özümiz hem dogan-uýalara rehimdar bolmaly. Biz günäsine ýürekden toba edip, ýygnaga dolanan adama has-da rehimdar bolmaly. Mukaddes Kitapdaky wakalar bize doňýürek däl-de, rehimdar bolmaga kömek edýär. w21.10 sah. 12, abz. 16, 17

Doga edip gelýänçäm, şu ýerde oturyň (Mat. 26:36).

Isa pygamber ýer ýüzündäki ömrüniň soňky gijesi Atasyna doga etmek we oýlanmak üçin Getseman bagyna barýar. Ol ýer asudady, goh-galmagal ýokdy. Isa şol ýerde şägirtlerine doga etmegiň wajypdygyny düşündirýär. Isa ýarygije şägirtleri bilen Getseman bagyna barýar we olara «oýa boluň» diýýär. Özi bolsa doga etmäge gidýär (Mat. 26:37—39). Isa Hudaýa doga edip, şägirtleriniň ýanyna gelende, olar süýji uka gidipdiler. Isa olara «oýa bolup, dyngysyz doga ediň» diýip, ýene-de maslahat berýär (Mat. 26:40, 41). Emma Isa «bedeniň ejizdigine» düşünýärdi. Ol şägirtleriniň gaýgy-aladadan we ýadawlykdan ýaňa uklap galandygyny bilýärdi. Soňra Isa ýene-de iki sapar Hudaýa doga etmäge gidýär. Emma şägirtler her saparam uklap galýarlar (Mat. 26:42—45). w22.01 sah. 28, abz. 10, 11