Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Oktýabr

1-nji oktýabr, ýekşenbe

Oktýabr

Maňa şübhelenmeýän adam bagtlydyr (Mat. 11:6).

Ýehowanyň Şaýatlary Mukaddes Kitabyň esasynda öwredýärler we onuň kada-kanunlaryna eýerýärler. Ýygnak jaýynda dabaraly däp-dessurlar ýa-da çäreler geçirilmeýär. Şol sebäpli adamlar biziň Hudaýa edýän seždämizi ýönekeý we içgysgynç hasaplaýarlar. Şeýle-de aýdýan habarymyz olaryň gulagyna hoş ýakmaýar. Biz Ýehowanyň Şaýatlarynyň aýdýan habaryna şübhelenmez ýaly näme etmeli? Pawlus resul Rimde ýaşaýan dogan-uýalara: «Adam sözi eşidip iman edýär. Mesih barada wagyz edilse, şonda sözi eşidýär» diýdi (Rim. 10:17). Biz dini däp-dessurlary berjaý edip däl-de, Mukaddes Kitaby okap imanymyzy berkidýäris. Iman etmek üçin Hudaý barada bilim almaly, «adam iman etmese, Hudaýy razy edip bilmez» (Ýew. 11:1, 6). Ýehowanyň Şaýatlarynyň hak Hudaýa sežde edýändigine ynanmak üçin «gökden bir alamat görmek» hökman däl. Biz Mukaddes Kitabyň hakykatlaryny öwrenmeli we imanymyzy berkitmeli. w21.05 sah. 5, abz. 11, 12

Meniň başymdan geçenler hoş habaryň ýaýramagyna ýardam etdi (Flp. 1:12).

Pawlus resul köp kynçylyklara duş geldi. Ony urdular, daşladylar we türmä basdylar (2 Kor. 11:23—25). Ol erbet pikirleri bilen hem göreşýärdi (Rim. 7:18, 19, 24). Pawlus Ýehowa ýalbaryp, bedenindäki «tikeni aýyrmagy» haýyş edýär. Ol keselden ejir çeken bolmaly (2 Kor. 12:7, 8). Ýehowa Pawlus resula kynçylyklara döz gelmäge we yhlasly wagyz etmäge güýç berdi. Pawlus Rimde öý tussaglygynda otyrdy, emma ol ýehudylaryň abraýly we wezipeli adamlaryna yhlasly wagyz etdi (Res. 28:17; Flp. 4:21, 22). Pawlus köşk garawullaryna we ýanyna gelenleriň ählisine wagyz etdi (Res. 28:30, 31; Flp. 1:13). Şeýle-de ol dogan-uýalary ruhlandyrmak üçin hatlary ýazdy. Biz hem Pawlusyň hatlaryny okap ruhlanýarys. w21.05 sah. 20, 21, abz. 4, 5

«Ýazylan zatlaryň çäginden çykmaň» diýen tabşyryga gulak assaňyz, tekepbir bolmarsyňyz (1 Kor. 4:6).

Uzyýa patyşa başarjaň adamdy. Ol köp söweşlerde ýeňiş gazandy, köp şäherleri gurdy. Uzyýa patyşa ekerançylygy hem gowy görýärdi. Onuň köp mellekleri we bag-bakjalary bardy. «Hak Hudaý ony goldaýardy» (2 Tar. 26:3—7, 10). Mukaddes Kitapda: «Uzyýanyň güýç-kuwwaty artanda, ol tekepbir bolup, heläkçilige uçrady» diýilýär. Ýehowanyň tabşyrygy boýunça ybadathanada diňe ruhanylar tütetgi ýakmalydy. Emma Uzyýa patyşa tekepbirlik edip, tütetgi ýakmak üçin ybadathana girýär. Ol men-menlik edip, berlen maslahaty kabul etmeýär. Ýehowanyň muňa gahary gelýär. Şonda Uzyýanyň maňlaýynda heýwere döreýär (2 Tar. 26:16—21). Uzyýa ýaly bizem tekepbirligiň duzagyna düşüp bilerismi? Elbetde. Eger özümiz hakda çendenaşa köp pikir etsek, şeýle duzaga düşüp bileris. Bize ukyby, zehini we ýygnakdaky borjy Ýehowanyň berýändigini unutmalyň (1 Kor. 4:7). Biz tekepbir bolsak, Ýehowanyň elinde peýdaly gural bolup bilmeris. w21.06 sah. 16, abz. 7, 8

Jynlaryň size tabyn bolýandygyna däl, atlaryňyzyň gökde ýazylandygyna begeniň (Luka 10:20).

Isa şägirtleriniň wagyzda hemişe üstünlik gazanmajakdygyny bilýärdi. Biz Isanyň 70 şägirdiniň wagyz eden adamlarynyň näçesiniň mesihçi bolandygyny bilmeýäris. Olar diňe bir adamlaryň hoş habary diňleýändigine şatlanman, yhlasly wagyz edip, Ýehowany razy edýändiklerine begenmelidiler. Biz ruhdan düşmän wagyz etsek, Ýehowa ebedi ýaşaýyş berer. Güýjümizi gaýgyrman Patyşalyk tohumyny eksek we suwarsak, «mukaddes ruha ekeris», ýagny Hudaýyň mukaddes ruhunyň durmuşymyza täsir etmegine ýol bereris. Geliň, «ýagşylyk etmekden ýadamalyň». Şonda biz hiç kime suwa çümdürilmäge kömek edip bilmesek-de, Ýehowa bizi Jennetde ebedi ýaşadar (Gal. 6:7—9). w21.10 sah. 26, abz. 8, 9

Uly märekäni görüp, ýüregi awady... Isa adamlara köp zatlary öwredip başlady (Mar. 6:34).

Bir gün Isa pygamber resullary bilen uzakly gün wagyz edýär we örän ýadaýar. Soňra olar bir çola ýerde dynç almak isleýärler. Ýöne uly märeke olaryň ýanyna barýar. Isanyň adamlara ýüregi awaýar we «köp zatlary öwredip başlaýar». Ol adamlaryň agyr derdini duýýardy, olaryň ýagdaýyna düşünýärdi. Adamlaryň tesellä mätäçdigini görüp, olara kömek edesi gelýärdi. Şu günlerem adamlar umytsyz we bagtsyz ýaşaýarlar. Olar hiç hili aladasyz ýaly bolup görünseler-de, çopansyz goýunlar ýaly näme etjegini bilmeýärler. Pawlus resul adamlaryň hak Hudaýy tanamaýandygyny we hiç hili umydynyň ýokdugyny aýtdy (Efes. 2:12). Biz wagyz edýän adamlarymyzyň Hudaýyň goldawyna mätäçdigi barada oýlansak, olara kömek edesimiz geler. Munuň iň gowy usuly — Mukaddes Kitapdan okuw geçmegi teklip etmek. w21.07 sah. 5, abz. 8

Geliň, diňe özüni bilýän adam bolmalyň, göriplik etmäliň! (Gal. 5:26).

Özüni bilýän adam men-menlik edip, öz bähbidine çapýar. Görip adam iliň zadyna göz gyzdyrýar, hatda olary zadyndan mahrum etmek isleýär. Adam birini ýigrense göriplik edýär. Özüňi bilmeklik we göriplik häsiýetlerini uçara guýulýan hapa ýangyç bilen deňeşdirse bolar. Hapa ýangyç guýlan uçar al-asmana galsa-da, motoryna zyýan ýetip heläkçilige uçrap biler. Edil şonuň ýaly, özüni bilýän, görip adam Ýehowa gulluk etse-de, wagtyň geçmegi bilen, erbet häsiýetler onuň ýüregini eýelär we heläkçilige uçrar (Nak. 16:18). Şeýlelikde, ol Ýehowadan ýüz öwrer we özüne-de, dogan-uýalara-da zyýan ýetirer. Özüňi bilmekligiň toruna düşmez ýaly Pawlus resulyň şu maslahatyna eýermeli: «Hiç zady dawa-jenjel ýa-da ulumsylyk bilen etmäň, gaýtam pesgöwünli boluň, başgalary özüňizden ýokary saýyň» (Flp. 2:3). w21.07 sah. 15, 16, abz. 6—8

Size wagyz eden hoş habarymyz diňe bir söz arkaly däl, güýç, mukaddes ruh we berk ynam bilen gelip ýetendir (1 Sel. 1:5).

Käbir adamlar hakyky din ähli soraglara, hatda Mukaddes Kitaba esaslanmaýan soraglara hem jogap bermeli diýýärler. Olaryň aýdýany dogrumy? Pawlus imandaşlaryna «her bir zadyň dogry ýa nädogrudygyny barlaň» diýen hem bolsa, köp zada düşünmeýändigini boýun aldy (1 Sel. 5:21). Ol şeýle ýazdy: «Häzir biraz bilimimiz bar... Häzir dury görkezmeýän aýnada görýän ýalydyrys» (1 Kor. 13:9, 12). Pawlus köp zatlara düşünmeýärdi, emma ol Ýehowanyň niýeti hakda esasy taglymatlary bilýärdi. Şol sebäpli ol hakyky dini tapandygyna şübhelenmeýärdi. Ýehowanyň Şaýatlarynyň Hudaýa arassa sežde edýändigine nädip ynamly bolup bileris? Munuň üçin olaryň Isa pygamberiň arassa sežde etmek babatda galdyran göreldesine eýerýändigine göz ýetirmeli. w21.10 sah. 18, 19, abz. 2—4

50 ýaşdan soň hyzmatyny goýsun (4 Mus. 8:25).

Garry dogan-uýalar, siz Ýehowa uzak wagtly gulluk etmeýän bolsaňyzam, dogan-uýalara kömek edip bilersiňiz. Nädip? Munuň üçin täze ýagdaýlara öwrenişmäge jan ediň, maksat goýuň, yzyňyza ser salyp, ah çekip oturmagyň deregine, başarýan işleriňizi yhlas bilen ediň. Dawut patyşa Ýehowa Hudaý üçin ybadathana gurmak isleýär. Emma Ýehowa ybadathanany Dawudyň däl-de, ogly Süleýmanyň gurjakdygyny aýdýar. Dawut Ýehowanyň karary bilen razylaşýar we ybadathananyň gurluşygyny ýürekden goldaýar (1 Tar. 17:4; 22:5). Ol ogluny «ýaş hem tejribesiz» görüp, gurluşyga men ýolbaşçylyk etsem gowy bolar diýmedi (1 Tar. 29:1). Ol ýaş we tejribesiz adamyň hem Ýehowanyň ak patasy bilen ybadathanany doly gurup biljegine ynanýardy. Şu günlerem garry doganlar Dawutdan görelde alýarlar we borçlary üýtgese-de, Ýehowa yhlasly gulluk edýärler. Olar öz borçlaryny ýaşlaryň ýerine ýetirýändigine begenýärler, sebäbi Ýehowanyň olara ak pata berýändigini görýärler. w21.09 sah. 9, abz. 4; sah. 10, abz. 5, 8

Ýumşaklara dogry ýoly görkezer, olara ýoluny öwreder (Zeb. 25:9).

Biz maksat goýsak, Ýehowa şatlyk bilen gulluk ederis we özümizi dogan-uýalar bilen deňeşdirmeris. «Ýorganyňa görä aýak uzat» diýlişi ýaly, biz ýetip biljek maksatlarymyzy goýmaly. Eger ýetip bilmejek maksatlary goýsak, tamamyz puja çykar we ruhdan düşeris (Luka 14:28). Ýehowa Hudaýa her dürli milletden bolan adamlar gulluk edýär. Ol her bir wepaly bendesini ýürekden söýýär. Ýehowa biziň ukyply, başarjaň bolanymyz üçin däl-de, pesgöwünli we öwrenmäge taýyndygymyz üçin özüni tanatdy. Ol biziň janymyzy aýaman gulluk edýändigimize buýsanýar. Biziň çydamlylygymyz we wepalylygymyz «päk ýürekli adamlardygymyzy» subut edýär (Luka 8:15). Geliň, Hudaýa janymyz-tenimiz bilen gulluk edeliň! Şonda biz «edýän işlerimizden şatlyk taparys» (Gal. 6:4). w21.07 sah. 24, abz. 15; sah. 25, abz. 20

Günäkäri erbet ýoldan yzyna gaýtaran adam ony ölümden halas edýändir (Ýak. 5:20).

Ýehowa adalaty dikeldýänçä sabyrly garaşmaly. Meselem, dogan-uýalaryň biri agyr günä etse, ýaşulular meseläni Ýehowanyň isleýşi ýaly adalatly çözmäge çalyşýarlar. Olar Hudaýa dileg edip, «gökden inýän akyldarlygy» soraýarlar (Ýak. 3:17). Olar «günäkäri erbet ýoldan yzyna gaýtarmak» üçin elinde baryny edýärler (Ýak. 5:19, 20). Şeýle-de ýaşulular günäkär sebäpli ejir çeken adama göwünlik bermek we tutuş ýygnagy goramak isleýärler (2 Kor. 1:3, 4). Ýaşulular meseläni derňänlerinde ähli maglumatlary ýygnaýarlar, munuň üçin wagt gerek bolýar. Olar Ýehowa doga edip görkezme soraýarlar, günäkäre Mukaddes Kitaba esaslanyp maslahat berýärler we «öte geçmän» temmi berýärler (Ýer. 30:11). Ýaşulular howlukmaç karara gelmeýärler. Olar Ýehowanyň görkezmesine eýerip karara gelseler, hemmelere peýdaly bolýar. w21.08 sah. 10, 11, abz. 12, 13

Siz nirä gitseňiz, menem yzyňyzdan giderin... Siziň halkyňyz — meniň halkym, siziň Hudaýyňyz — meniň Hudaýym bolar (Rut 1:16).

Ysraýylda güýçli açlyk bolýar, şonda Nagomy bütin maşgalasy bilen Mowap ýurduna göçýär. Ol ýerde Nagomynyň äri Alymälik aradan çykýar. Nagomy iki ogluny öýli-işikli edýär. Soňra ogullarynyň ikisi hem aradan çykýar (Rut 1:3—5). Söwer ýarynyň we eziz ogullarynyň ölümi Nagomynyň bilini bükýär. Ol gaýgy-hasratdan ýaňa saralyp solýar. Nagomy şeýle diýýär: «Gudratygüýçli maňa ajy durmuş berdi... Ýehowa maňa garşy çykdy, Gudratygüýçli betbagt etdi» (Rut 1:13, 20, 21). Ýehowa zulum-sütemiň paýhasly adamy hem akylsyz edýändigini bilýärdi (Nes. 7:7). Ýehowa Rut arkaly Nagoma wepaly söýgüsini bildirdi. Rut gaýynenesiniň mähir bilen aladasyny etdi, göwünlik berdi we Ýehowanyň ony söýýändigine düşünmäge kömek etdi. w21.11 sah. 9, abz. 9; sah. 10, abz. 10, 13

Hudaýdan diläň (Ýak. 1:5).

Biz edýän gullugymyzdan hoşal bolup: «Maksat goýmasam-da bolar» diýsek dogry bolarmy? Elbetde, ýok! Biz öňümizde maksat goýup, ökde wagyzçy bolmaga we dogan-uýalara ýagşylyk etmäge jan etmeli. Biz pespäl, paýhasly bolsak we öz bähbidimize çapman, dogan-uýalaryň aladasyny etsek maksadymyza ýetip bileris (Nak. 11:2; Res. 20:35). Siz nähili maksatlary goýup bilersiňiz? Eger nähili maksat goýjakdygyňyzy bilmeýän bolsaňyz, Ýehowa doga edip görkezme soraň (Nak. 16:3). Belki, siz kömekçi pioner ýa-da pioner bolarsyňyz, Beýtelde gulluk edersiňiz, gurluşyk işlerine gatnaşarsyňyz. Ýa-da has köp adamlara wagyz etmek üçin daşary ýurt dilini öwrenmegi, hatda başga ýurda göçmegi maksat goýup bilersiňiz. w21.08 sah. 23, abz. 14, 15

(Ýehowanyň) wepaly söýgüsi ebedidir (Zeb. 136:1).

Ýehowa wepaly söýgini gowy görýär (Hoş. 6:6). Ýehowa Mikaý pygamber arkaly «wepaly söýgini söýmegi» ündeýär (Mik. 6:8, çykgyt). Wepaly söýgi nämäni aňladýar? Türkmen dilinde çykan «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesinde» «wepaly söýgi» diýen jümle çykgytlary hem hasaba alsaň 240 gezek duş gelýär. «Mukaddes Kitabyň sözlüginde» şeýle diýilýär: «Wepaly söýgi päk, wepaly, ysnyşykly, ýürekden çykýan söýgini aňladýar. Köplenç Hudaýyň adamlara söýgüsi, käte bolsa adamlaryň arasyndaky söýgi göz öňünde tutulýar». Hawa, Ýehowa wepaly söýginiň gözbaşy. Şol sebäpli Dawut pygamber şeýle diýdi: «Ýehowa, seniň söýgiň asmana. . . ýetýär. Ýa Allam, wepaly söýgiň meniň üçin gymmatlydyr!» (Zeb. 36:5, 7). Biz hem Dawut ýaly Hudaýyň wepaly söýgüsini gymmat hasaplaýarysmy? w21.11 sah. 2, abz. 1, 2; sah. 3, abz. 4

Siz şeýle doga ediň: «Eý gökdäki Atamyz» (Mat. 6:9).

Ýehowa Hudaý «ýaradylan zatlaryň ilkinjisi» Isany we sansyz-sajaksyz perişdeleri ogullary hasaplaýar. Olar gökdäki Atasyna ýürekden sežde edýär (Kol. 1:15; Zeb. 103:20). Isa ýer ýüzüne gelende, hudaýhon adamlaryň Ýehowa «Atam» diýip ýüzlenip biljekdiklerini aýtdy. Bir gezek Isa şägirtlerine: «Ol (Ýehowa) siziň hem Ataňyzdyr» diýdi (Ýah. 20:17). Özüni Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilen her bir adam, Onuň ogul-gyzy bolup, agzybir halkyna goşulýar (Mar. 10:29, 30). Ýehowa — aladaçyl Ata. Isa Ýehowanyň gödek, talapkär hojaýyn däl-de, çagalarynyň aladasyny edýän mähirli Atadygyny düşündirdi. Ol şägirtlerine doga etmegi öwredende, Ýehowa «Atamyz» diýip ýüzlendi. Isa Ýehowa «Gudratygüýçli», «Ýaradyjy», «döwürleriň Patyşasy» diýip bilerdi. Sebäbi Mukaddes Kitapda Ýehowanyň şeýle titullarynyň bardygy aýdylýar (1 Mus. 49:25; Işa. 40:28; 1 Tim. 1:17). Ýöne Isa Ýehowanyň söýgüden doly Hudaýdygyny görkezmek üçin, oňa «Atamyz» diýip ýüzlendi. w21.09 sah. 20, abz. 1, 3

Manaşa Ýehowanyň hak Hudaýdygyna göz ýetirdi (2 Tar. 33:13).

Manaşa patyşa Ýehowanyň pygamberlerini diňlemedi. «Şol sebäpli Ýehowa Assiriýa patyşasynyň goşun serkerdelerini olara (Ýahuda) garşy aýaga galdyrdy. Serkerdeler Manaşa çeňňek ildirip, iki mis gandala baglap, Wawilona äkitdiler». Manaşa ýat ýurtda zyndanda otyrka, eden zalym işlerine ökünýär. Ol «ata-babalarynyň Hudaýynyň öňünde özüni kiçeldýär». Manaşa «Ýehowa Hudaýdan rehim-şepagat dileýär». Ol Hudaýa «dyngysyz doga edýär» (2 Tar. 33:10—12). Ýehowa Manaşanyň doga-dileglerine jogap berdi. Patyşanyň ýalbaryp eden doga-dilegleri ýürekden toba edýändigini görkezýärdi. Ýehowa Manaşany bagyşlady we ol ýene-de Ýahudada höküm sürüp başlady. Manaşa gol gowşuryp oturmady. Ol ýürekden toba edýändigini ýagşy işleri bilen subut etdi. w21.10 sah. 4, abz. 10, 11

Ýeke bolanyňdan, iki bolanyň ýagşydyr, sebäbi olar çeken zähmetinden bol bereket alar (Nes. 4:9).

Priskilla bilen Akila başga şähere göçüp gitmeli bolýar, ýaşar ýaly jaý tapmaly bolýar, ýat illerde gün-güzeranyny görmek üçin iş tapmaly bolýar. Olar Korinf şäherine göçüp barýarlar. Pawlus resul bilen eginme-egin işleşip, dogan-uýalary ruhlandyrýarlar we yhlasly wagyz edýärler. Soňra olar wagyzçylaryň az şäherine göçýärler (Res. 18:18—21; Rim. 16:3—5). Akila bilen Priskilla Ýehowa bileje gulluk edip ýürekden şatlanýarlar. Är-aýallar Priskilla bilen Akilanyň göreldesine eýerseler, Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýup bilerler. Ýaş juwanlar heniz maşgala gurmanka, maksatlary hakda gürleşseler gowy bolar. Eger olar Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin maksat goýsalar we oňa ýetmek üçin jan etseler, Ýehowa olara bereket berer (Nes. 4:12). w21.11 sah. 17, abz. 11, 12

Her kes ene-atasyna hormat goýsun... Men Hudaýyňyz Ýehowadyryn (3 Mus. 19:3).

Şu tabşyryga eýermek şeýle bir wajypdy welin, ol «mukaddes boluň, sebäbi men — Hudaýyňyz Ýehowa mukaddesdirin» diýen sözleriň yz ýanyndan gelýärdi (3 Mus. 19:2). Her birimiz şu sorag hakda oýlanmaly: men Ýehowanyň tabşyrygyna eýerip, ene-atama ýürekden hormat goýýarynmy? Eger siz ene-ataňyzy sylaman, göwnüne degen bolsaňyz, özüňizi günäkärläp ýörmäň, geçeni geçdi biliň. Mundan beýläk ene-ataňyza çuňňur hormat goýmaga jan ediň. Olaryň ýürekden aladasyny ediň we ýygy-ýygydan baryp, halyndan habar alyň. Olaryň gerek-ýarak zatlaryny ýetirip duruň, ruhlandyryň we Ýehowa imanyny berkidiň. Şonda 3 Musa 19:3-däki maslahata eýerersiňiz. w21.12 sah. 4, 5, abz. 10—12

Adamlary ýazgarmaň (Mat. 7:1).

Dawut patyşa agyr günäleri edipdi. Ol Batşeba bilen zyna etdi, onuň ärini öldürtdi (2 Şam. 11:2—4, 14, 15, 24). Şeýlelikde, Dawut öz başyna bela satyn aldy. Ol tutuş maşgalasyny, hatda aýallaryny agyr güne saldy (2 Şam. 12:10, 11). Bir gün ol Ýehowa bil baglaman, Ysraýylda ilat ýazuwyny geçirýär. Şeýlelikde, Dawudyň eden ýalňyşy sebäpli 70 000 adam mergi keselinden gyryldy (2 Şam. 24:1—4, 10—15). Siz Dawut Ýehowanyň rehimdarlygyna mynasyp däl diýip, ony ýazgarardyňyzmy? Emma Ýehowa beýle pikir etmeýär. Ol Dawudyň ençeme ýyllap wepaly gulluk edendigini bilýärdi we onuň ýürekden toba edýändigini görýärdi. Şol sebäpli Ýehowa onuň agyr günälerini bagyşlaýar. Ýehowa Dawudyň ýüregini görýärdi. Ol Hudaýy söýýärdi we ýagşy işler etmek isleýärdi. Biz Ýehowanyň gowy häsiýetlerimizi görýändigine örän begenýäris (1 Pat. 9:4; 1 Tar. 29:10, 17). w21.12 sah. 19, abz. 11—13

Onuň şol bada gözleri açyldy we Alla alkyş aýdyp, Isanyň yzyna düşüp gitdi (Luka 18:43).

Isa pygamberiň maýyp-müjrüp adamlara rehimi inýärdi we olary sagaldýardy. Ol suwa çümdürýän Ýahýanyň şägirtlerine şeýle diýdi: «Körler görýär, agsaklar ýöreýär, heýwere keselliler tämizlenýär, kerler eşidýär, ölüler direlýär» (Luka 7:20—22). Isanyň gudratlaryny gören adamlar Hudaýy şöhratlandyrdylar. Biz hem Isa pygamberiň göreldesine eýerip, maýyp-müjrüp adamlara mähirli, sabyrly bolýarys we olara ýagşylyk edýäris. Elbetde, Ýehowa bize gudrat görkezmäge güýç bermeýär. Ýöne körlere we Şeýtanyň garaňky dünýäsinde kör kimin ýaşaýan adamlara hoş habary wagyz etmegi tabşyrýar. Tizden bütin ýer ýüzi Jennet bolar, körleriň gözi açylar we ähli adamlar Ýehowa bilen dostlaşar (Luka 4:18). Hoş habary eşiden adamlaryň ählisi Ýehowa alkyş aýdýarlar. w21.12 sah. 9, abz. 5

Siz Eýýup pygamberiň çydamlylygy we Ýehowanyň beren berekedi hakda eşidensiňiz (Ýak. 5:11).

Ýakup Hudaýyň Sözüne esaslanyp öwredýär. Ol Eýýup pygamber hakda gürrüň berip, Ýehowanyň wepaly adamlara bereket berýändigini düşündirýär. Ýakup aýtjak habaryny sada we düşnükli sözler bilen beýan edýär. Şeýdip, ol özüni däl-de, Ýehowany şöhratlandyrýar. Biziň üçin sapak: tälim berenimizde sada sözleri, ýönekeý sözlemleri ulanmaly we Mukaddes Kitaba esaslanmaly. Biz bilimimiz bilen adamlary haýran galdyrjak bolmaly däl, gaýtam akyldar we aladaçyl Hudaý Ýehowa hakda oýlanmaga kömek etmeli (Rim. 11:33). Munuň üçin hemişe Mukaddes Kitaba esaslanyp öwretmeli. Biz okuw geçýäne: «Seniň ýeriňe men bolan bolsam şeýle ederdim» diýmeli däl. Biz oňa Mukaddes Kitapdaky wakalar hakda oýlanmaga, Ýehowanyň halaýan we ýigrenýän zatlaryny bilmäge kömek etmeli. Şonda ol karara gelende biziň däl-de, Ýehowanyň göwnünden turjak bolar. w22.01 sah. 11, abz. 9, 10

Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý (3 Mus. 19:18).

Ýehowa biziň ähli adamlar bilen agzybir ýaşamagymyzy isleýär. Munuň üçin biz hiç kimi ýigrenmeli däl. Eger biz ýakynymyzy ýürekden söýsek, Hudaýy razy ederis. Isa hem 3 Musa 19:18-däki tabşyrygyň wajypdygyny aýtdy. Bir gün fariseý Isadan: «Töwratda iň wajyp tabşyryk haýsy?» diýip sorady. Isa pygamber oňa: «„Ýehowa Hudaýyňy bütin ýüregiň, bütin janyň we bütin aň-düşünjäň bilen söý“. Ol birinji we iň wajyp tabşyryk» diýip jogap berdi. Soňra Isa 3 Musa 19:18-e salgylanyp: «Ikinji tabşyryk hem şoňa meňzeşdir: „Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý“» diýdi (Mat. 22:35—40). Ýakynyňy söýüp, ýagşylyk etmegiň bir ýoly barada 3 Musa 19:18-de aýdylýar. Aýatda: «Ar alma. . . öýke-kine saklama» diýilýär. w21.12 sah. 10, 11, abz. 11—13

Petrus güýçli tolkunlara seredip gorkdy. Ol gark bolup başlanda: «Halypam, meni halas et!» diýip gygyrdy (Mat. 14:30).

Isa Petrus resulyň elinden tutup halas etdi. Petrus ünsüni hiç zada sowman Isa seredende, suwuň ýüzünden ýöredi. Emma ol Isa däl-de, güýçli tolkunlara seredende gorkdy we gark bolup başlady (Mat. 14:24—31). Biz Petrus resul bilen bolan wakadan wajyp sapak edinýäris. Petrus gaýykdan düşüp, suwuň ýüzünden ýöräp başlanda, güýçli tolkunlardan gorkaryn we gark bolaryn diýip pikir eden däldir. Ol suwuň ýüzünden ýöräp, Halypasynyň ýanyna barmak isleýärdi. Gynansak-da, ol maksadyna ýetip bilmedi. Şu günler biz suwuň ýüzünden ýöremesek-de, agyr synaglara duş gelýäris. Eger Ýehowa bil baglamasak, beren wadalary hakda oýlanmasak imanymyz gowşar we gaýgy-aladalardan ýaňa «gark bolarys». Durmuşymyzda nähili apy-tupan bolsa-da, Ýehowanyň aladamyzy etjekdigine we goldajakdygyna ynanmaly. w21.12 sah. 17, 18, abz. 6, 7

Men öýüňe bararyn, sebäbi meni söýýärsiň (Zeb. 5:7).

Ýehowa sežde etmek üçin doga-dileg etmeli, Mukaddes Kitaby okamaly we oýlanmaly. Biz Mukaddes Kitaby okanymyzda akyldarlygyň Gözbaşy bolan Ýehowa Hudaýy diňleýäris. Gökdäki aladaçyl Atamyza doga edenimizde bolsa, begenjimizi we gynanjymyzy onuň bilen paýlaşýarys (Nak. 2:1—5). Şeýle-de biz Allatagalanyň ajaýyp häsiýetleri we gelejekde ähli adamzat üçin etjek işleri hakda oýlanýarys. Şeýle zatlara wagt sarp edeniňe degýär. Emma Hudaýa sežde edenimizde hiç zat ünsümizi bölmez ýaly näme etmeli? Asuda ýer tapmaly. Geliň, Isa pygamber hakda gürrüň edeliň. Ol ýer ýüzünde gulluk edip başlamanka, 40 gün janly-jemendäniň ýok ýerinde, ýagny çölde bolýar (Luka 4:1, 2). Ol gökdäki Atasyna doga edýär we Onuň islegini nädip ýerine ýetirip biljekdigi hakda oýlanýar. Şeýdip, ol gelejekde boljak agyr synaglara taýýarlanýar. w22.01 sah. 27, 28, abz. 7, 8

Maslahatçy köp bolsa, maksada ýetilýär (Nak. 15:22).

Käte ýaşulular we imany berk dogan-uýalar ýalňyşymyzy aýdyp, gerekli maslahatlary berýärler. Biz olaryň Mukaddes Kitaba esaslanyp berýän maslahatlaryna ýürekden eýermeli. Käte dogan-uýalar, sen ýok, men ýok, bize maslahat berýär. Şonda maslahata eýermek kyn bolýar. Hatda olardan öýkeleýäris (Nes. 7:9). Elbetde, biz bikämildigimize düşünýäris, emma biri ýalňyşymyzy aýtsa agyr degýär. Biz özümizi aklap başlaýarys, maslahat beren adamyň niýetine şübhelenýäris. Maslahatyň berliş äheňini halamaýarys. Biz: «Onuň maslahat bermäge haky barmy? Özüni oňarsyn» diýip, maslahat beren adamy ýazgaryp başlaýarys. Netijede, biz onuň maslahatyny diňlemeýäris we gulagymyza hoş ýakýan maslahaty başgalardan soraýarys. w22.02 sah. 8, 9, abz. 2—4

Maňa bil baglap, howsala düşmeseňiz güýjüňiz artar (Işa. 30:15).

Täze dünýäde hem Ýehowa imanymyz synalarmy? Geliň, Müsür gulçulygyndan azat bolan ysraýyllar hakda gürrüň edeliň. Olaryň käbiri Ýehowanyň beren mannasyndan bizar bolup, Müsürde iýen zatlaryny küýsediler (4 Mus. 11:4—6; 21:5). Olaryň ýalňyşyny gaýtalamaz ýaly näme etmeli? Uly betbagtçylykdan geçen badymyza amatly şertlerde ýaşamazlygymyz mümkin, etmeli işler hem köp bolar. Sebäbi ýer ýüzüni zir-zibilden arassalap, Jennete öwürmek üçin näçe wagtyň we güýjüň gerek boljagyny bilmeýäris. Şonda biz Ýehowanyň berýän zatlaryna nägile bolup, zeýrenip başlarysmy? Ysraýyllaryň ýalňyşyny gaýtalamaz ýaly, biz Ýehowanyň berýän zatlarynyň gadyryny bilmeli. w22.02 sah. 7, abz. 18, 19

Olar ýehudynyň donundan... berk ýapyşyp, şeýle diýer: «Biz siziň bilen gitjek» (Zek. 8:23).

Zekerýa 8:23-de «ýehudy» we «siz» diýen sözler saýlanan mesihçileri aňladýar (Rim. 2:28, 29). «Ähli halklardan we dillerden on adam» bolsa «başga goýunlary» aňladýar. «On adamyň» ýehudynyň donundan berk ýapyşmagy «başga goýunlaryň» saýlanan mesihçilere wepaly boljakdygyny we olar bilen Hudaýa agzybir sežde etjekdigini görkezýär. Hyzkyl 37:15—19, 24, 25-nji aýatlarda hem Ýehowanyň «başga goýunlar» bilen saýlanan mesihçileri agzybir halk etjekdigi hakda pygamberlik edilýär. Pygamberlikde iki sany taýak hakda aýdylýar. «Ýahudanyň... taýagy» gökde ýaşamaga umyt edýän mesihçileri aňladýar, sebäbi Dawudyň neslinden bolan patyşalaryň ählisi ýahuda taýpasyndandy. «Efraýymyň... taýagy» bolsa ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýän adamlary aňladýar. Ýehowa iki taýagy birleşdirip bir taýak edýär. Şeýlelikde, saýlanan mesihçiler we «başga goýunlar» Isa Mesihiň ýolbaşçylygynda agzybir gulluk edýärler (Ýah. 10:16). w22.01 sah. 22, abz. 9, 10

Ýagşy işleri göz üçin etmäň (Mat. 6:1).

Isa pygamber özüne alkyş almak üçin garyplara sadaka berýän adamlara käýedi. Ýehowa göz üçin ýagşy işleri edýän adamlardan razy bolmaýar (Mat. 6:2—4). Biz ýagşy işleri päk niýet bilen etsek gowy adam bolup bileris. Özümize şu soraglary bereliň: men ýagşylyk edýärinmi ýa-da «ýagşylyk etmeli» diýip diňe dilde aýdýaryn? Men adamlara nähili niýet bilen ýagşylyk edýärin? Ýehowa mukaddes ruhy arkaly örän köp işleri edýär (1 Mus. 1:2). Ýehowa öz üstünde işleýän we tagalla edýän adamlara bereket berýär. Ýakup şägirt: «Iman... iş ýüzünde görkezilmese ölüdir» diýdi (Ýak. 2:26). Diýmek, mukaddes ruhuň miwesi bolan häsiýetleriň hemmesini iş ýüzünde görkezmek örän wajyp. w22.03 sah. 11, 12, abz. 14—16

Sizi çagyran Mukaddes Hudaýdan görelde alyp, ähli zatda mukaddes boluň (1 Pet. 1:15).

Biz her gün Ýehowa sežde edýäris we adamlara ýagşylyk edýäris. Emma Petrus resul «mukaddes boluň» diýip maslahat bermezden öň, wajyp işi ýerine ýetirmelidigimizi we «pikirimizi jemläp, dogumly bolmalydygymyzy» aýtdy (1 Pet. 1:13). Petrus resul nämäni göz öňünde tutdyka? Ol saýlanan mesihçileriň Ýehowanyň «ajaýyp häsiýetlerini ähli ýerde yglan etmelidigini» aýtdy (1 Pet. 2:9). Şu günler bütin dünýäde mesihçiler eginme-egin işleşip wagyz edýärler. Wagyz etmek iň wajyp iş! Ýehowanyň mukaddes halky bolmak we adamlara hoş habary wagyz edip, şägirt taýýarlamak uly hormat! Şol sebäpli biz güýjümizi gaýgyrman yhlasly wagyz etmeli (Mar. 13:10). Şeýle etsek Hudaýy razy ederis, ýakynymyzy söýeris we mukaddes bolmak isleýändigimizi görkezeris. w21.12 sah. 13, abz. 18

Eger siz biriniň günäsini bagyşlasaňyz, men-de bagyşlaryn (2 Kor. 2:10).

Pawlus hemişe dogan-uýalaryň ýagşy häsiýetine üns berýärdi. Pawlus olary erbet adam hasaplamaýardy. Ol dogan-uýalary janyndan eý görýärdi, ýagşy häsiýetlerini gymmat saýýardy. Dogan-uýalar ýalňyşanda, Pawlus olaryň niýetine şübhelenmeýärdi, gaýtam güýjüni gaýgyrman kömek edýärdi. Geliň, Pawlus resulyň Filipidäki ýygnakda gulluk eden iki uýa nädip kömek edendigini bileliň (Flp. 4:1—3). Ewodiýa bilen Sintihiýanyň arasynda düşünişmezlik döreýär we olar gepleşmän ýörýärler. Emma Pawlus uýalary ýazgarmaýar, gaýtam olaryň ýagşy häsiýetlerine üns berýär. Ewodiýa bilen Sintihiýa köp ýyldan bäri Ýehowa wepaly gulluk edýärdiler. Pawlus Ýehowanyň olary söýýändigini bilýärdi. Ol uýalary gowy görýärdi. Şonuň üçin olary düşünişmezligi çözüp, ýaraşmaga höweslendirdi. Şeýlelikde, Pawlus olar bilen jana-jan dost boldy we Ýehowa şatlanyp gulluk etdi. w22.03 sah. 30, abz. 16—18

Ýehowa ýüregi ýaraly adama ýakyndyr, göwnüçökgünleri halas edýär (Zeb. 34:18).

Ýehowa biziň kalbymyza rahatlyk berýär we dury pikirlenmäge kömek edýär. Luiza uýa munuň şeýledigine göz ýetirdi. Ol şeýle diýýär: «Käte özümi ýeke, ýalňyz duýýaryn. Ýehowanyň meni söýýändigine ynanyp bilmeýärin. Şonda Ýehowa ýüregimi döküp, doga edýärin. Ol maňa erbet pikirlerimi ýeňmäge güýç berýär». Hawa, Ýehowa doga-dileg etsek ýüregimiz giňär (Flp. 4:6, 7). Ýehowa bilen Isanyň bizi goldajagyna doly ynamly bolup bileris. Şeýle-de olardan görelde alyp, ýakynlaryny ýitiren dostlarymyza göwünlik bermeli. Biz Ýehowa bilen Isa ýaly duýgudaş bolmaly. Adamlaryň ýagdaýyna düşünip wagyz etmeli we şägirt taýýarlamaly. Ýehowa bilen Isa biziň ejizliklerimizi görýär we göreşmek üçin güýç berýär. Tizden Ýehowa biziň «gözlerimizden ýaşlarymyzy süpürer» (Ylh. 21:4). Geliň, şol güne sabyrsyzlyk bilen garaşalyň. w22.01 sah. 16, abz. 7; sah. 19, abz. 19, 20

Dar gapydan giriň, sebäbi heläkçilige eltýän gapy giň, ýol inli, ondan geçýänler köpdür (Mat. 7:13).

Isa pygamber dar gapydan girýänleriň insiz ýoldan, giň gapydan girýänleriň inli ýoldan ýöreýändigini aýtdy (Mat. 7:14). Biz iki ýoluň ortasynda durus, üçünji ýol ýok. Haýsy ýoldan ýörejekdigini her kimiň özi çözýär. Biz belli bir karara gelmeli, sebäbi gelejegimiz şoňa bagly. Köp adamlar inli ýoly saýlaýar. Sebäbi ondan ýöremek aňsat. Käbirleri bolsa köpçüligiň inli ýoldan ýöreýändigini görüp, olaryň yzyna düşýärler. Olar inli ýoluň Şeýtanyň ýoludygyna we onuň ölüme eltýändigine düşünmeýärler (1 Kor. 6:9, 10; 1 Ýah. 5:19). Isa pygamber insiz ýoldan az adamyň ýörejekdigini aýtdy. Ol inli we insiz ýol barada aýdansoň, şägirtlerine «ýalan pygamberlerden ägä boluň» diýdi (Mat. 7:15). w21.12 sah. 22, 23, abz. 3—5