Ýolbaşçylyk maslahatynyň haty
«Siz... mugallym bolmalydyňyz» (Ýew. 5:12). Göz öňüne getiriň! Älemde iň ökde Mugallym Ýehowa bizi adamlara hakykaty öwretmäge höweslendirýär. Maşgalada, ýygnakda ýa-da wagyzda bolsun, tapawudy ýok, başgalara Ýehowa barada öwretmek uly hormat we jogapkärçilik. Bu babatda biz nädip üstünlik gazanyp bileris?
Pawlus resulyň Timoteosa aýdan sözlerinde jogap berilýär. Ol şeýle diýdi: «Ýygnakda okamagyňy, öwüt-ündew bermegiňi we öwretmegiňi dowam et». Soňra ol sözüni dowam edip: «Sebäbi muny etmek bilen, sen hem özüňi, hem özüňe gulak asýanlary halas edersiň» diýdi (1 Tim. 4:13, 16). Siziň halas edýän habary başgalar bilen paýlaşmaga mümkinçiligiňiz bar. Şonuň üçin gowy okamagy we mugallym bolmagy öwrenmek wajyp. Şu broşýura size kömek eder. Geliň, onuň käbir aýratynlyklaryna seredeliň.
Her sahypada bir esasy aýat bar. Ol Ýazgylardaky bir prinsip ýa-da öwrenmek üçin mysal hökmünde getirilýär.
Ýehowa Beýik «Mugallym» (Iş. 30:20). Bu broşýura size gowy okamagy we mugallym bolmagy öwretse-de, şuny unutmaň: Biziň wagyz edýän habarymyz Ýehowanyňky; adamlary özüne ýakynlaşdyrýan hem Oldur (Ýah. 6:44). Şonuň üçin Hudaýdan mukaddes ruhuny diläň. Mukaddes Ýazgylary ökdelik bilen ulanyň. Adamlaryň ünsüni özüňize däl-de, Ýehowa çekiň. Öwredýän adamlaryňyzyň Ýehowa bolan söýgüsini artdyrmak üçin eliňizde baryny ediň.
Siz adamzat taryhynda iň wajyp habary wagyz etmäge çagyryldyňyz. Biz siziň «Hudaýyň güýjüne bil baglap», bu işde üstünlik gazanjakdygyňyza doly ynanýarys (1 Pet. 4:11).
Siziň mugallym ýoldaşlaryňyz,
Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk maslahaty