SAPAK 11
Joşgunly gepläň
Rimliler 12:11
BELLIK: Diňleýjileriň ýüregine täsir etmek we hereket etmäge höweslendirmek üçin joşgunly geplemeli.
NÄDIP ETMELI?
-
Ýüregiňizi taýýarlaň. Taýýarlananyňyzda, aýtjak zatlaryňyzyň wajypdygy hakda çuňňur oýlanyň. Ýürekden çykyş edip biler ýaly, temaňyzy gowy özleşdiriň.
-
Diňleýjiler hakda oýlanyň. Okaýan ýa-da öwredýän zatlaryňyzyň başgalara nähili peýda getirjekdigi barada pikirleniň. Aýdylýan zatlara diňleýjileriň minnetdarlygy artar ýaly, maglumaty nädip aýtjakdygyňyz hakda oýlanyň.
-
Çykyşyňyzy janlandyryň. Munuň üçin joşgunly gepläň. Ýöne çykyşyňyz ýasama bolmasyn. Duýgularyňyz ýüz-gözüňizden we hereketiňizden görünsin.