SAPAK19
Adamlaryň ýüregine täsir ediň
Süleýmanyň tymsallary 3:1
BELLIK: Diňleýjilere öwrenen zatlarynyň gadyryny bilmäge we şol boýunça hereket etmäge kömek etmeli.
NÄDIP ETMELI?
-
Diňleýjilere ýüregini barlamaga kömek ediň. Diňleýjilere içki dünýäsini barlamaga kömek edýän oýlandyryjy sowallary beriň.
-
Dogry işleri etmäge höweslendiriň. Diňleýjileri dogry işleri näme üçin edýändiklerini anyklamaga höweslendiriň. Olara Ýehowany, imandaşlaryny söýmäge we Mukaddes Ýazgylardaky taglymatlara dogry niýet bilen eýermäge ýardam ediň. Diňleýjilere takal okamagyň deregine, Ýazgylardaky aýdylýan zatlaryň peýdalydygyny görmäge kömek ediň. Olary özlerini günäli ýa-da utançly duýar ýaly etmän, gaýtam, elinde baryny etmäge höweslendiriň.
-
Diňleýjileriň ünsüni Ýehowa gönükdiriň. Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlarynyň, prinsipleriniň we tabşyryklarynyň Hudaýyň häsiýetlerini hem-de onuň bize bolan söýgüsini nädip aýan edýändigini belläp geçiň. Diňleýjileriň Ýehowanyň duýgularyna düşünmäge we ony razy etmäge bolan islegini artdyryň.