SAPAK 2
Gepleşik dili
2 Korinfliler 2:17
BELLIK: Adaty gepleşikdäki ýaly we ak ýürekden geplemeli. Gepleýşiňizden tema we diňleýjileriň ýagdaýyna düşünýändigiňiz görünmeli.
NÄDIP ETMELI?
-
Ünsli we doga edip taýýarlanyň. Diňleýjileriň ünsüni özüňize däl-de, aýdýan zatlaryňyza çekmek üçin doga ediň. Esasy pikirleri gaýtalaň. Berlen teksti ýöne bir okaman ýa-da sözme-söz aýtman, öz sözleriňiz bilen aýdyň.
-
Ýürekden gepläň. Aýtjak zatlaryňyzyň diňleýjilere näme üçin gerekdigi hakda oýlanyň. Olaryň her birine üns beriň. Şonda siziň hereketiňizden we ýüzüňizden ýürekden gepleýändigiňiz görner.
-
Diňleýjilere serediň. Eger ýerlikli bolsa, diňleýjilere seredip gepläň. Çykyş edeniňizde, olaryň hemmesine birbada däl-de, hersine aýratynlykda seretmäge çalşyň.