Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

SAPAK 5

Gowy okamagy öwreniň

Gowy okamagy öwreniň

1 Timoteos 4:13

BELLIK: Berlen maglumaty bolşy ýaly sesli hem dogry okamaly.

NÄDIP ETMELI?

  • Gowy taýýarlanyň. Okaýan parçaňyzyň näme üçin ýazylandygy hakda oýlanyň. Sözleri aýratynlykda däl-de, sözlemi tutuşlygyna okaň. Sözleri goşmakdan, galdyryp ýa-da çalşyp okamakdan gaça duruň. Okanyňyzda dyngy belgilerine üns berip okaň.

  • Sözleri dogry aýdyň. Eger siz bir sözüň nähili aýdylýandygyny bilmeseňiz, sözlüge serediň, okajak edebiýatyňyzyň audioýazgysyny diňläň we gowy okaýan birinden kömek soraň.

  • Düşnükli gepläň. Sözleri aýdyşyňyza üns beriň. Munuň üçin gepläniňizde, başyňyzy dik tutuň we agzyňyzy giňräk açyň. Sözleriň her birini düşnükli edip aýtmaga jan ediň.