SAPAK 7
Dogry we ynandyryjy maglumaty getiriň
Luka 1:3
BELLIK: Diňleýjilere dogry netijä gelmäge kömek etmek üçin ygtybarly hem dogry maglumat getirmeli.
NÄDIP ETMELI?
-
Ygtybarly çeşmelere salgylanyň. Munuň üçin öwredeniňizde, Hudaýyň Sözüne salgylanyň we mümkin boldugyndan Ýazgylaryň göni özünden okaň. Eger siz ylmy barlaglardan, täzeliklerden bir maglumaty, durmuşda bolan bir wakany ýa-da başga subutnamalary getirjek bolsaňyz, olaryň dogrudygyna we könelmändigine göz ýetiriň.
-
Maglumaty ýoýmaň. Aýatlara berýän düşündirişiňiz onuň kontekstine, Mukaddes Ýazgylaryň beýleki aýatlaryna ýa-da «wepaly we paýhasly hyzmatkäriň» taýýarlaýan edebiýatlaryna garşy gelmeli däl (Mat. 24:45). Eger siz başga ýerden, meselem, täzeliklerden bir maglumaty ýa-da biriniň aýdan sözlerini ulansaňyz, ony ýoýmaň.
-
Diňleýjileri oýlanmaga höweslendiriň. Bir aýady okanyňyzdan ýa-da başga ýerden alnan sözleri we jümleleri getireniňizden soň, açyk düşündirip, diňleýjilere ýerlikli soraglary beriň we olara dogry netijä gelmäge kömek ediň.