Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

GÜRRÜŇDEŞLIGE BAŞLAŇ

1-NJI SAPAK

Ýürekden gyzyklanyň

Ýürekden gyzyklanyň

Aýat: «Diňe öz peýdaňyzy däl-de, başgalaryň hem peýdasyny gözläň» (Flp. 2:4).

Isa pygamber näme etdi?

1. WIDEONY görüň ýa-da Ýahýa 4:6—9-njy aýatlary okaň. Soňra aşakdaky soraglar hakda oýlanyň:

  1.   a) Başda Isa pygamber nämä üns berýär?

  2.  b) Isa pygamber gürrüň açmak üçin: «Içmäge suw beräý» diýýär. Näme üçin muňa gowy usul diýse bolar?

Biziň üçin sapak

2. Biz adamlary biynjalyk edýän zatlar hakda gürrüň etsek, olar ünsli diňlär.

Isa pygamberiň göreldesine eýeriň

3. Ýagdaýa görä boluň. Diňe taýýarlan temaňyz esasynda gürrüň etjek bolmaň. Adamyň ýagdaýyna görä temany üýtgediň. Şu soraglar hakda oýlanyň:

  1.   a) Täzeliklerde we habarlarda näme aýdylýar?

  2.  b) Goňşularym, işdeşlerim we synpdaşlarym näme hakda gürrüň edýär?

4. Synlaň. Şu soraglar hakda oýlanyň:

  1.   a) Ol näme edýär? Ol näme hakda oýlanýarka?

  2.  b) Adamyň egin-eşiginden, daş keşbinden, öýünden onuň dini we medeniýeti hakda näme bilse bolar?

  3.  ç) Oňa häzir wagyz etsem gowy bolarmy ýa-da başga gün?

5. Ünsli diňläň.

  1.   a) Köp geplemäň.

  2.  b) Adamyň dilini tapjak boluň. Şonda ol biynjalyk edýän zatlaryny gürrüň berer. Belki, ýerlikli soraglary berersiňiz.