Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ŞÄGIRT TAÝÝARLAŇ

11-NJI SAPAK

Sada dilde düşündiriň

Sada dilde düşündiriň

Aýat: «Düşnükli dilde geplemeseňiz, aýtjak zadyňyza kim düşünsin?» (1 Kor. 14:9).

Isa pygamber näme etdi?

1. WIDEONY görüň ýa-da Matta 6:25—27-nji aýatlary okaň. Soňra aşakdaky soraglar hakda oýlanyň:

  1.   a) Isa pygamber Ýehowanyň aladamyzy edýändigini haýsy mysal arkaly düşündirýär?

  2.  b) Isa pygamber guşlar hakda köp zatlary bilse-de, näme üçin olaryň diňe iýmitlenişi hakda gürrüň berýär? Näme üçin muňa gowy usul diýse bolar?

Biziň üçin sapak

2. Biz adamlara sada dilde düşündirsek, öwredýän zatlarymyz olaryň ýüregine güýçli täsir eder we hiç haçan ýadyndan çykmaz.

Isa pygamberiň göreldesine eýeriň

3. Köp geplemäň. Diňe sapakda getirilen maglumatlar esasynda söhbetdeş boluň. Tema bilen bagly bilýän ähli zadyňyzy aýtmalydyryn öýtmäň. Abzasyň soragyny beriň, jogap berýänçä sabyrly garaşyň. Eger ol soragyň jogabyny bilmese ýa-da Mukaddes Kitabyň taglymatlaryna garşy gelýän bir pikir aýtsa, onda goşmaça sorag berip, oýlanmaga kömek ediň. Ol esasy pikirlere doly düşünen bolsa, indiki abzasa geçip bilersiňiz.

4. Bilýän zadyny täze öwrenen zady bilen baglanyşdyryň. Aýdaly, siz direliş hakda sapak geçmekçi bolýarsyňyz. Sapaga başlamankaňyz, ölen adamlar barada öwrenen zatlaryny gysgaça gaýtalaň.

5. Ulanjak mysallaryňyzy ünsli saýlaň. Munuň üçin aşakdaky soraglar hakda oýlanyň:

  1.   a) Ulanjak mysalym ýönekeými?

  2.  b) Ol mysala derrew düşünermi?

  3.  ç) Onuň ýadynda näme galar? Esasy pikirmi ýa-da mysal?