ŞÄGIRT TAÝÝARLAŇ
12-NJI SAPAK
Dogumly boluň
Aýat: «Ýakymly ýag we atyr ýüregi şatlandyrýar, päk ýürekden çykan maslahat dostlugy berkidýär» (Nak. 27:9).
Isa pygamber näme etdi?
1. WIDEONY görüň ýa-da Markus 10:17—22-nji aýatlary okaň. Soňra aşakdaky soraglar hakda oýlanyň:
Biziň üçin sapak
2. Okuw geçýän adam bilen mähirli we açyk gepleşmeli, şonda ol ruhy taýdan öser.
Isa pygamberiň göreldesine eýeriň
3. Okuw geçýäne maksat goýmaga we maksadyna ýetmäge kömek ediň.
-
a) «Ebedi ýaşaň!» kitabynyň her sapagyndaky «Maksat goýuň» diýen çarçuwany ulanyň.
-
b) Okuw geçýäne kiçiräk we ulurak maksatlary goýmaga hem-de olara ýetmäge kömek ediň.
4. Okuw geçýäne nämäniň päsgel berýändigini anyklaň we ony ýeňmäge kömek ediň.
-
-
Okuw geçýäne suwa çümdürilmäge näme päsgel berýär?
-
Men nädip kömek edip bilerin?
-
-
b) Okuw geçýäne nämäniň üstünde işlemelidigini çekinmän aýtmak üçin doga ediň.
5. Ruhy taýdan ösmeýän adam bilen okuwy bes ediň.
-
a) Adamyň ruhy taýdan ösýändigini ýa-da ösmeýändigini anyklamak üçin şu soraglar hakda oýlanyň:
-
Öwrenýän zatlaryny durmuşynda ulanýarmy?
-
Ýygnak duşuşyklaryna barýarmy we adamlara wagyz edýärmi?
-
Ol köp wagtlap okuw geçýänem bolsa näme üçin Ýehowanyň Şaýady bolasy gelmeýär?
-
-
b) Okuw geçýän adam ruhy taýdan ösmeýän bolsa...
-
nämäniň päsgel berýändigini soraň.
-
sypaýyçylyk bilen okuw geçmejekdigiňizi aýdyň.
-
gelejekde ýene okuw geçmek islese, nämeleri etmelidigini aýdyň.
-