GÜRRÜŇDEŞLIGE BAŞLAŇ
3-NJI SAPAK
Mähirli boluň
Aýat: «Söýgi... mähirlidir» (1 Kor. 13:4).
Isa pygamber näme etdi?
1. WIDEONY görüň ýa-da Ýahýa 9:1—7-nji aýatlary okaň. Soňra aşakdaky soraglar hakda oýlanyň:
-
a) Isa pygamber ilki bilen näme edýär? Kör adamy sagaldýarmy ýa-da wagyz edýär? (Ýahýa 9:35—38-nji aýatlara serediň).
Biziň üçin sapak
2. Adamlar bilen mähirli gepleşsek we ýagşylyk etsek, hoş habary ünsli diňlärler.
Isa pygamberiň göreldesine eýeriň
3. Duýgudaş boluň. Adamyň derdine düşünjek boluň.
-
a) Şu soraglar hakda oýlanyň: «Ol nämäni alada edýärkä? Näme kömek gerekkä? Nädip ruhlandyryp bilerin?» Şeýle soraglar adamlara ýagşylyk etmäge höweslendirer.
-
b) Adam ýüregini dökse, gaýgy-aladasyny aýtsa, siz gürrüňi başga ýana sowmaň, ony ünsli diňläň. Şonda siziň ak ýürekden alada edýändigiňizi görer.
4. Mähirli we sylaşykly gepleşiň. Aýtjak sözleriňize we äheňiňize ünsli boluň. Göwne degiji sözleri aýtmaň, hoşamaý we mylakatly boluň. Şonda adam kömek etmek isleýändigiňizi duýar.
5. Ýagşylyk ediň. Mümkin bolsa, adama kömek ediň. Adama ýagşylyk etseň, ol höwes bilen diňlär.