GÜRRÜŇDEŞLIGE BAŞLAŇ
6-NJY SAPAK
Batyrgaý boluň
Aýat: «Hudaýyň kömegi bilen size hoş habary batyrgaý wagyz etdik» (1 Sel. 2:2).
Isa pygamber näme etdi?
1. WIDEONY görüň ýa-da Luka 19:1—7-nji aýatlary okaň. Soňra aşakdaky soraglar hakda oýlanyň:
Biziň üçin sapak
2. Hudaýyň Patyşalygy barada hemmelere wagyz etmek üçin batyrgaý bolmaly.
Isa pygamberiň göreldesine eýeriň
3. Ýehowa bil baglaň. Hudaýyň mukaddes ruhy Isa pygambere batyrgaý bolmaga kömek eden bolsa, size-de kömek eder (Mat. 10:19, 20; Luka 4:18). Eger käbir adamlara wagyz etmäge gorkýan bolsaňyz, Ýehowadan batyrgaýlyk diläň (Res. 4:29).
4. Ala tutmaň. Biz adamlaryň daş keşbine, egin-eşigine, dini garaýşyna, baý ýa-da garypdygyna seredip: «Ol-a hoş habary diňlemez» diýmegimiz mümkin. Emma biz şuny unutmaly däl:
5. Batyrgaý boluň, emma sylaşykly we seresap bolmagy unutmaň (Mat. 10:16). Dawalaşmaň. Adam sizi diňlemek islemese ýa-da gaharlanyp üstüňize gygyrsa, ýumşaklyk bilen hoşlaşyň we ýanyndan gidiň (Nak. 17:14).