Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

GOŞMAÇA MAGLUMAT Ç

«Ebedi ýaşaň!» kitabyndan nädip sapak geçmeli?

«Ebedi ýaşaň!» kitabyndan nädip sapak geçmeli?

Biz «Ebedi ýaşaň!» kitabyny taýýarlamak üçin Ýehowa doga etdik we gözleg-barlag geçirdik. Aşakdaky maslahatlar size «Ebedi ýaşaň!» kitabyndan ökdelik bilen sapak geçmäge kömek eder

Sapakdan öň

  1. 1. Gowy taýýarlanyň. Okuw geçýän adamyň garaýşy we ýagdaýy hakda oýlanyň. Belki, käbir pikirleri has giňişleýin düşündirmeli bolar ýa-da öwrenen zadyny durmuşynda ulanmaga kömek etmeli bolar. «Köpräk biliň» bölümindäki haýsy makalanyň ýa-da wideonyň peýdaly boljakdygy hakda pikirleniň. Gerek bolsa, sapak geçeniňizde şolardan peýdalanyň.

Sapak wagty

  1. 2. Okuw geçýän adam garşy bolmasa, sapagyň başynda we soňunda doga ediň.

  2. 3. Köp geplemäň. Diňe sapakda berlen pikirler we aýatlar esasynda söhbetdeş boluň. Okuw geçýän adam pikirini arkaýyn aýdar ýaly mümkinçilik dörediň.

  3. 4. Täze bölüme geçeniňizde, başyndaky temany okaň. Soňra şol bölümdäki sapaklaryň käbirini agzap geçiň.

  4. 5. Bir bölümi doly geçip, soňra şol bölümi gaýtalamak üçin berlen soraglar esasynda söhbetdeş boluň.

  5. 6. Sapak geçeniňizde:

    1. a) Abzaslary okaň.

    2. b) «Okaň» diýlen aýatlary okaň.

    3. ç) Zerur bolsa abzasda getirilen beýleki aýatlary hem okaň.

    4. d) «Görüň» diýlen wideolary görüň (eger mümkinçiligiňiz bolsa).

    5. e) Soraglary beriň.

    6. ä) «Söhbetdeşlik» bölümindäki suratlar esasynda gürrüň ediň.

    7. f) «Maksat goýuň» diýen çarçuwany ulanyp ruhy taýdan ösmäge kömek ediň. Belki, çarçuwada agzalýan maksada ýa-da başga maksada ýetmäge kömek edersiňiz.

    8. g) «Köpräk biliň» bölümindäki haýsy makalany ýa-da wideony halandygyny soraň.

    9. h) Tutuş sapagy bir gezekde geçjek boluň.

Sapakdan soň

  1. 7. Okuw geçýän adam hakda oýlanyň. Ýehowa okuw geçýäne ruhy taýdan ösmäge kömek eder ýaly we size akyl-paýhas berer ýaly, doga-dileg ediň.