Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

19B ÇARÇUWA

Çeşmäniň suwy barha köpelýär

Çeşmäniň suwy barha köpelýär

Hyzkyl pygamber Ýehowanyň ybadathanasyndan gudratly çeşmäniň akyp gaýdyp, suwunyň her iki kilometrden köpelýändigini görýär. Çeşmäniň iki tarapynda bol miwe berýän we melhem bolýan agaçlar bardy. Pygamberlik nädip ýerine ýetýär?

Bereket berýän çeşme

GEÇMIŞDE: Sürgünden dolanyp gelen ýehudylar ybadathanada arassa sežde edip başlanda Hudaýdan bol bereket aldy

ŞU GÜNLER: 1919-njy ýylda arassa sežde dikeldildi. Hudaýyň gullukçylary ruhy bereketleri alyp başladylar

GELEJEKDE: Armageddondan soň Ýehowa adamlary kämillige ýetirer we täze golýazmalar açylar

Ýaşaýyş berýän çeşme

GEÇMIŞDE: Gulak asýan adamlaryň sany artdygyça, Ýehowa-da köp bereket berip, ruhy taýdan aladasyny edýärdi

ŞU GÜNLER: Ruhy jennetde ýaşaýan adamlar günsaýyn köpelse-de, Ýehowanyň bereketlerini alyp, ruhy taýdan berkeýär

GELEJEKDE: Armageddonda halas bolanlar bilen millionlarça direlen adamlar Ýehowanyň egsilmez bereketlerini alar

Miweli we melhem berýän agaçlar

GEÇMIŞDE: Ýehowa ýurduna dolanyp baran ýehudylara ruhy taýdan sagalmaga, ýene arassa sežde etmäge kömek etdi

ŞU GÜNLER: Mukaddes Kitapdaky hakykatlar şu dünýäniň täsirinden, günäli işlerden goraýar we Hudaýa wepaly bolmaga kömek edýär

GELEJEKDE: Isa Mesih bilen 144 000 saýlananlar wepaly adamlary kämillige ýetirer. Şonda adamlar kesellemän, ebedi ýaşar