Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

9D ÇARÇUWA

Ýesirlik we dikeldiş hakda pygamberlikler

Ýesirlik we dikeldiş hakda pygamberlikler

Wawilon ýesirligindäki ýehudylar baradaky pygamberlikleriň köpüsi mesihçiler ýygnagy Beýik Wawilonyň ýesirligine düşende uly möçberde ýerine ýetipdi. Geliň, olaryň käbirine seredeliň.

1. DUÝDURYŞLAR

2. ÝESIRLIK

3. DIKELDIŞ

ILKINJI GEZEK ÝERINE ÝETIŞI

B. e. öň 607-nji ýyldan ozal — Işaýa, Ýermeýa we Hyzkyl pygamberler Ýehowanyň halkyna duýduryş berse-de, Hudaýdan ýüz öwürýänler köpelýärdi

B. e. öň 607-nji ýyl — Iýerusalim weýran edilip, Hudaýyň halky Wawilona sürgün edilýär

B. e. öň 537-nji ýyl we soň — Wepaly ýehudylar Iýerusalime dolanýar we ybadathanany dikeldip, Hudaýa arassa sežde edip başlaýar

ULY MÖÇBERDE ÝERINE ÝETIŞI

I asyr — Isa, Pawlus we Ýahýa ýygnaga duýduryş berse-de, imandan dänýänler köpelýärdi

II asyryň başy — Mesihçiler Beýik Wawilonyň ýesirligine düşýär

1919-njy ýyl we soň — Isa Patyşalygy arkaly saýlananlary ruhy ýesirlikden azat edýär we arassa seždäni dikeldýär