7B ÇARÇUWA
Hyzkyl kitabyndaky esasy jümleler
«Ynsan ogly»
AZYNDAN 90 GEZEK DUŞ GELÝÄR
Hyzkyl «Ynsan ogly» diýen jümläni azyndan 90 gezek ulanýar (Hyz. 2:1). Ýehowanyň «Ynsan ogly» diýip ýüzlenmegi, Hyzkyla uly hormat ynansa-da, ýönekeý adamdygyny ýatladýar. Dört hoş habarda-da takmynan 80 gezek Isa «Ynsan ogly» diýilýär. Diýmek, ol ýer ýüzünde adam keşbindäki perişde däl-de, ynsan bolup ýaşady (Mat. 8:20).
«Meniň Ýehowadygymy bilersiňiz»
AZYNDAN 50 GEZEK DUŞ GELÝÄR
Hyzkyl Hudaýyň: «Meniň Ýehowadygymy bilersiňiz» diýen sözlerini azyndan 50 gezek ulanýar. Şu sözler adamlaryň diňe Ýehowa arassa sežde etmelidigini görkezýär (Hyz. 6:7).
«Älemiň Hökümdary Ýehowa»
217 GEZEK DUŞ GELÝÄR
«Älemiň Hökümdary Ýehowa» diýen jümle 217 gezek duş gelip, Hudaýyň adynyň şan-şöhrata mynasypdygyny görkezýär. Şeýle-de ähli ýaradylan zatlaryň Ýehowa tabyn bolmalydygyny nygtaýar (Hyz. 2:4).