2A ÇARÇUWA
Hyzkylyň pygamberliklerine nähili düşünmeli?
PYGAMBERLIK NÄME?
Ýewreýçe «nawa» sözi Mukaddes Kitapda «pygamberlik» diýip terjime edilýär we köplenç Hudaýdan gelen ylhamly habary, hökümi, maslahaty, tabşyrygy aňladýar. Şeýle-de Hudaý geljekki wakalary öňünden aýtsa pygamberlik hasaplanýar. Hyzkylyň pygamberliginde şolaryň ählisi bar (Hyz. 3:10, 11; 11:4—8; 14:6, 7; 37:9, 10; 38:1—4).
PYGAMBERLIGIŇ AÝDYLYŞY
-
GÖRNÜŞLER
-
MYSALLAR
-
SAHNALAR
Hyzkyl kitabynda pygamberlik görnüşler, mysallar, wakalar we sahnalar arkaly aýdylýar.
ÝERINE ÝETIŞI
Hyzkylyň pygamberlikleri käte birnäçe sapar ýerine ýetýär. Meselem, arassa seždäniň dikelişi baradaky käbir pygamberlikler Hudaýyň halky Wada edilen ýurda gaýdyp gelende ýerine ýetipdi. Dokuzynjy bapda aýdylyşy ýaly, şol pygamberlikleriň köpüsi şu günler ýerine ýetýär, gelejekde-de ýerine ýeter.
Öň Hyzkylyň pygamberligindäki köp zatlar meňzetmeler arkaly düşündirilýärdi. Emma häzir Mukaddes Kitapda esas bolmasa, pygamberlikde agzalýan hiç bir adam, zat, ýer ýa-da waka meňzedilip düşündirilmeýär a. Şu kitapda Hyzkylyň pygamberlikleriniň uly möçberde ýerine ýetişi düşündirilýär. Şeýle-de biz Hyzkylyň habaryndan, kitapda agzalýan adamlardan, ýerlerden we wakalardan köp zatlary öwreneris.
a Pygamberlikdäki meňzetmeler barada köpräk biliň («Garawul diňi» 15 mart 2015, sah. 9—11, abz. 7—12; «Okyjylaryň sowallary» sah. 17, 18)