Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

1A ÇARÇUWA

Sežde etmek näme?

Sežde etmek näme?

Sežde etmek Hudaýa hormat goýmagy we söýmegi aňladýar. Mukaddes Kitabyň asyl nusgasynda «sežde etmek» diýen jümle birine döreden zady üçin çuňňur hormat goýmagy ýa-da tabyn bolmagy aňladýar (Mat. 28:9). Şeýle-de ol Alla sygynmagy ýa-da uýmagy hem aňladýar (Ýah. 4:23, 24). Jümläniň haýsy manyda ulanylandygyny gürrüň edilýän temadan bilip bolýar.

Diňe Älemiň Hökümdary we Ýaradyjymyz Ýehowa ýürekden wepaly bolmagymyza mynasyp (Ylh. 4:10, 11). Biz Ýehowa sežde edýändigimiz üçin hökümdarlygyna we adyna hormat goýýarys (Zeb. 86:9; Mat. 6:9, 10). Hyzkyl kitabynda, esasan, Ýehowanyň hökümdarlygy we ady hakda aýdylýar. Kitapda «Älemiň Hökümdary Ýehowa» diýen jümle 217 gezek, «meniň Ýehowadygymy bilersiňiz» diýen sözler bolsa 55 gezek duş gelýär (Hyz. 2:4; 6:7).

Şeýle-de sežde etmek Hudaýa gulluk etmegi ýöne bir islemegi däl-de, edýän işleriň bilen görkezmegi aňladýar (Ýak. 2:26). Ömrümizi Ýehowa bagyş edenimizde Hökümdarymyza her bir ýagdaýda gulak asmagy we adyna çuňňur hormat goýmagy wada berýäris. Isanyň üçünji synagda Şeýtana beren jogabyndan Hudaýa sežde etmegi «mukaddes gulluk» hasaplandygyny görýäris (Mat. 4:10). Biz hem diňe Ýehowa sežde edip, oňa ýürekden gulluk etmek isleýäris a (5 Mus. 10:12). Şonuň üçin ruhy işlere gatnaşanymyzda we Alla iň gowy zadymyzy berenimizde, mukaddes gullugy berjaý edýäris. Muňa nämeler degişli?

Biz dürli ýollar bilen Hudaýa mukaddes gullugy berjaý edýäris. Ýehowa-da olaryň ählisiniň gadyryny bilýär. Meselem, biz adamlara wagyz edýäris, ýygnak duşuşyklarynda jogap berýäris, Ýygnak jaýlaryny arassa we aýawly saklaýarys, gurluşyk işlerine gatnaşýarys. Şeýle-de maşgala okuwyny geçirýäris, betbagtçylyga uçran imandaşlarymyzy goldaýarys, kongreslerde kömek edýäris we Beýtelde gulluk edýäris. Bularyň hemmesi mukaddes gulluga degişli (Ýew. 13:16; Ýak. 1:27). Hudaýa bütin ýüregimiz we aň-düşünjämiz bilen arassa sežde etmek islesek, «gije-gündiz mukaddes gullugy berjaý ederis». Ýehowa Hudaýa sežde etmek uly bagt! (Ylh. 7:15).

a «Sežde etmek» diýip terjime edilýän ýewreý sözüniň «gulluk etmek» diýen manysy hem bar, sebäbi Hudaýa gulluk edenimizde oňa sežde edýäris.